bölüm 880, süre Gafer, aýat 53-56
راهی بسوی نور(880)Gafer süresi,
53 we 54-nji aýatlar
:وَلَقَدْ آتَيْنَا مُوسَى الْهُدَى وَأَوْرَثْنَا بَنِي إِسْرَائِيلَ الْكِتَابَ (53) هُدًى وَذِكْرَى لِأُولِي الْأَلْبَابِ (54)
<< dogrudanda musa hedaýat bagyş etdik we bäni Ysrayýla ( turat ) kitabyny miras berdik // belki parasatly ynsanlar üçin hedaýat we duýduryş bolsun diýip .>>
Geçsn gepleşikde taňgry tagala pygamberleri we olara eýerýän ynsanlary özüniň goldajakdygy barada söz berdi gurhan kerim bu aýatlarda hem şol gürrüňiň dowamynda allanyň goldowyndan bir mysal getirip aýüýar : musany pygamberligä bellämizde Fyrowny we bäni ysrayýl kowumyny dogry ýola çagyrmakda musanyň öz borjunda tapylyp bilmeginde ony goldadyk we oňa dogry ýoly görkezdik şeýlede turat kitabyny musa bagyş etdik tä onuň ölüminden soň hem bäni ysrayýl kowumynyň öz borçlarynda tapylmaklary üçin olaryň arasynda miras galsyn diýip, asmanlyk kitaplar akyl eýeleri üçin we parasatly ynsanlar üçin hedaýatyň çeşmesidir ýöne jedelkeş we nadan ynsanlar bu hedaýat çeşmesinden özlerini mahrum edýändirler aslynda , işleri akyl we mantyk esasynda bolan ynsanlar asmanlyk kitaplardan bähre alyp bilýändirler, ynsanlaryň hemmesinde akyl dilen zat bardyr ýöne käler öz erklerini gara nefsiniň erkinde goýup haý höwesleriniň ýada haram bäbitleriniň yzyndadyrlar . bu adamlar bu hili ýaşamak bilen hem ylahy hedaýatdan daş düşýändirler.Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- hemmeler hatda pygamberler ylahy hedaýata mätäçdirler ýöne pygamberler göni suratda alla tarapyndan hedaýat bolýandyrlar we beýleki ynsanlar bolsa pygamberleriň ýada asmanlyk kitaplaryň üsti bilen bu ylahy hedaýatdan peýdalanyp bilýändirler.2- pygamberlerden ýädigär galýan miras baglar ýada köşkler däldir eýsem olardan galýan iň möhüm miras asmanlyk kitapdyr .3- ynsanlar bütin ýagdaýlarda duýduryşa mätäçdirler hedaýatyň ýanynda hem duyduryş bolmasa ynsanyň gaflat edip azaşmagy mümkindir .4- ynsandaky akyl ony wahyýa tarap hedaýat edýändir we akyl bilen wahyý ynsany hakyky bagtyýarlyga we kemala tarap hedaýat edýändirler .Gafer süresi, 55-nji aýat
:فَاصْبِرْ إِنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ وَاسْتَغْفِرْ لِذَنبِكَ وَسَبِّحْ بِحَمْدِ رَبِّكَ بِالْعَشِيِّ وَالْإِبْكَارِ (55)
<< onda sabyrly bol , sebäbi allanyň wadasy hakdyr we ýazyklaryň üçin ýalkaw dile. we ertirlerine we agşamlaryna perwerdigäri päkläp onuň hämdini äýt.>>
Bu aýatyň ýüzlenýän tarapy pygamberiň özidir, şondan gelende aýatyň buýruklary hemmelere mahsusdyr bu aýatda bir näçe möhüm meselä yşarat bolandyr . birinjiden : allanyň ozalky pygamberleri goldamak we hedaýat etmek baradaky wadasynyň berhak boluşy ýaly bu wada siziň hakyňyzda hem berhakdyr we alla duşmanlaryň garşysynda sizi hem goldajakdyr onda ruhdan düşmän gaýdowsuzlyk bilen kynçylyklaryň garşysynda dur, sabyrly we gaýdowsuz bolan ýagdaýyňda alla hem sizi goldar we maksada ýetmek üçin ýoluňyzy tekizlär.Indi bir mömin adamyň allanyň wadasyna şu hili baha bermegi hökman onuň kynçylyklaryň garşysynda sabyrly bolmagyna sebäp boljakdyr .Ikinjiden : egerde bu ýolda hereket etmekde bir wagt kemçilik goýberen bolsaň alladan ýalkaw diläp ýüregiňi hapalyklardan arassalamalydyr.Elbetde taňry tagala pygamberleri günä işlerden goraýandyr ýöne beýleki ynsanlar beýle däldir, her bir ynsanyň öz ýaşaýyşynda günä etmegi mümkindir . gurhan kerim bu aýatda yslam pygamberinden günäkärçilik babatly alladan ýalkaw dilemegi isleýär. bu ýerde günäkärçilikden maksat yslam pygamberiniň ýada beýleki pygamberleriň günä etmekleri manasynda däldir sebäbi allaň özi pygamberleri günäkärçilikden goraýandyr. Bu ýerde getirlen günäkärçilikden maksat pygamberleriň öz borçlarynda allanyň islän derejesinde tapylyp bilmezligi manasynda bolup biler , hamala bir merhemetli beýik ynsan bir öýe myhman bolýar, myhmany kabul eden adam ony özünden razy etjek bolup aýak üstünde durup elde baryny gaýgyrmaýar ýöne şondan-da ol merhemetli ynsan gitmek üçin jaý eýesinden ruhsat dilände ol adam , dogry gulluk edip bilmändigi üçin myhmandan ötünç soraýar . pygamberleriň ýazyklaryda şu hilidir. olar allanyň bendeliginde dogry tapyljak bolup şeýile bir azara galsalarda ahyr soňda özlerini ýazykly bilýändirler, allanyň islän borçlarynda dogry tapylmadym diýip özlerini günäkär bilýändirler .Bu aýatda üns berilmeli soňky mesele olda mömin adamyň öz imanyny berkitmek üçin her günüň başynda we soňunda perwerdigäriň hämidi senasyny aýtmagydyr, şübhesiz allany nuksanlyklardan päk bilip onuň hämidi senasyny aýtmaklyk ynsanyň ýüreginiň arassalanyp imanynyň pugtalanmagyna sebäp bolýandyr.Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklar:1- allanyň beren wadalaryna imanymyz bolsa paýmyza düşýän dini borçlarymyzda dogry tapylmalydyrys we kynçylyklara garamazdan gaýduwsyzlyk bilen ýolumyzy dowam etmelidirs .2- hemmeler şol sanda pygamberler allanyň dergähinde toba etmelidirler, pygamberler hem ýarawlarynyň we mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy sebäpli allanyň boýruklaryny perwerdigäriň isleýän derejesinde ýerne ýetirip bilýän däldirler .3- ynsan kemala tarap hereket edip imanyny berkitmek üçin hemişe alla tagalany her hili nuksanlykdan päkläp onuň zikrini aýtmalydyr.4- beren nygmatlary üçin alladan gadyrdanlyk etmek üçin hem ony her hili nuksanlykdan päklemek üçin hämdi sena aýtmagyň ýanynda hemişe tesbih hem aýtmalydyr .Gafer süresi, 56-njy aýat :
إِنَّ الَّذِينَ يُجَادِلُونَ فِي آيَاتِ اللَّهِ بِغَيْرِ سُلْطَانٍ أَتَاهُمْ إِن فِي صُدُورِهِمْ إِلَّا كِبْرٌ مَّا هُم بِبَالِغِيهِ فَاسْتَعِذْ بِاللَّهِ إِنَّهُ هُوَ السَّمِيعُ الْبَصِيرُ (56)
<< delil gelmezden allanyň aýatlary barada jedel edýän adamlaryň ýürüklerinde tekepbirlikden başga zat ýokdur . olar hergiz ( ýürüklerine düwen arzularyna ) ýetmezler . onda eşidiji we göreji güýçli alla pena getir .>>
Gurhan kerimiň bu aýaty käleriň din bilen terisleşmekleriniň sebäplerine yşarat edip aýdýar : delilsiz gurhanyň aýatlary we pygamberleriň mugjyzalary bilen terisleşýän adamlar we jedel edip başgalary allanyň dinindan alyp galjak bolýan adamlar tekepbir adamlardyrlar we olaryň bu işlerden tekepbirçilikden aýry neiýetleri ýokdur . olar özlerini uly bilmek bilen möminleri kiçi adamlar bilýändirler şonuň üçin hem olar pygamberleriň çakylygyny kabul etmekligi özlerine ar bilýändirler we özgeleride pygamberleriň ýolundan alyp galjak bolýandyrlar, ýöne taňry tagala bu adamlary özleriniň şum maksadlaryna ýetmekden alyp galmak barada möminlere wada berendir .Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- kapyrçylygyň köki , tekepbirlige dolanýandyr haky inkär edip tekepbirlik edýän adamlar kapyrçylyga ýolukýandyrlar .2- tekepbirli adamlar özlerini özgelerden üstem bilip özgeleri özlerine bakna etmegiň yzyndadyrlar .3- bütin ýagdaýlarda alla pena getirmelidir, ylaýtada duşmanlaryň durly hileleri bilen ýüz be ýüz bolamyzda alla bizä uly penagärdir.///////////