bölüm 885, süre Gafer, aýat 77-81
راهی بسوی نور(885)Gafer süresi
, 77-nji aýat
:فَاصْبِرْ إِنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ فَإِمَّا نُرِيَنَّكَ بَعْضَ الَّذِي نَعِدُهُمْ أَوْ نَتَوَفَّيَنَّكَ فَإِلَيْنَا يُرْجَعُونَ (77)
<< onda ( eý pygamber ! bularyň berýän azarlaryna ) sabyrly bol , çünki alla hakdyr onda egered olara beren wadamyzyň bir çetini saňa görkezsek ýada seni şondan öň dünýäden alyp gitsek , ( paryh etmez , her halda ) olar biziň ýanymyza dolanjakdyrlar ( we öz jezalaryny görjekdirler .>>
Gurhan kerim bu aýatda yslam pygamberini we ol hezretiň ymmatyny duşmanlaryň azarlarynyň garşysynda iş pozarlyk etmekleri sizi alyp barýan ýoluňyzda numyt etmeli däldir eýsem olaryň edýän tersleşikleri her näçe artsa şonçada siziň yradaňyz güýjürgäp ahyrda olary ýeňip bilmelisiňiz diýip aýdýar . allanyň beren wadasy esasynda haka müňkür bolan ynsanlar şu dünýäde hem özleriniň eden etmişleriniň jezasyny çekjekdirler, ýöne olar biziň diriligimizde bu jezany görerler diýien ynamamyz bolmaly däldir belkide mümkin biz ölemezden soň kapyrlardyr müňkürler alla tarapyndan jeza görsünler, emma uly we asly jeza we azap kyýamata mahsusdyr we kyýamatda her kim özüniň eden etmişiniň jezasyny doly suratda görjekdir .Gurhan kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :1- ynsan , özüniň dini üçin görýän kynçylyklaryna sabyrly bolmalydyr. bu zat dindarlygyň nyşanalaryndandyr. onda dindarlygyň netijesinde ynsana ýüze çykmagy mümkin bolan kynçylyklardan gorkyp din taglymatyndan ýüz öwürmeli däldir .2- günäkärleriň jezalandyrylmaklarynyň yza oklanylmagynyň aňyrsynda belkide allanyň hikmeti bardyr. günäkärleri näme üçin alla şu dünýäde jezalandyrmaýar diýip allanyň bu barada beren wadasyna şek etmeli däldir .Gafer süresi, 78-nji aýat
: وَلَقَدْ أَرْسَلْنَا رُسُلاً مِّن قَبْلِكَ مِنْهُم مَّن قَصَصْنَا عَلَيْكَ وَمِنْهُم مَّن لَّمْ نَقْصُصْ عَلَيْكَ وَمَا كَانَ لِرَسُولٍ أَنْ يَأْتِيَ بِآيَةٍ إِلَّا بِإِذْنِ اللَّهِ فَإِذَا جَاء أَمْرُ اللَّهِ قُضِيَ بِالْحَقِّ وَخَسِرَ هُنَالِكَ الْمُبْطِلُونَ (78)
<< şübhesiz senden ozal köp pygamberleri iberdik. olaryň bir toparynyň ykbalyny saňa aýdyp berdik we käbiriniň ykbalyny bolsa saňa aýdyp bermedik . allanyň emri bolmasa hiç bir pygambere mugjyza getirip bilmeklik başartmaz . onda ( kapyrlar barada ) allanyň emri gelende hak esasynda höküm et we şol mahal batyl ähli ( we kapyrlar ) zyýankär boljakdyrlar .>>
Gurhan kerim geçen aýatyň dowamynda bu aýatda yslam pygamberini duşmanlaryň garşysynda sabyrlylyga çagyryp aýdýar : senden ozal hem kapyrlar we müňkürler tarapyndan azara düşen pygamberler bolandyr şondan gelende olar özleriniň alyp barýan dogry ýollaryndan dolanan däldirler eýsem gaýduwsyzlyk bilen ýollaryny dowam edendirler . olaryň käbiriniň ykbalyny saňa aýdyp berdik käbiriniň ykbalyny hem aýdyp bermedik hak bilen batylyň arasyndaky uruş taryh boýunda hemişe bolandyr we häzirki zamana mahsus däldir, hakyň garşysynda durýan müňkür adamlar hemişe bolandyrlar olar kä mahallar hem haka eýerýän adamlara azar berip olary sürgün edendirler ýada olary öldürendirler . aslynda olar haka boýun egmejek bolup her günde bir zady bahana edýändirler ozalky pygamberleriň wagtynda hem olar pygamberlerden mugjyza soradylar , mugjyza getirmegi islediler , ýöne mugjyza pygamberleriň elinde däldir allanyň elindedir . pygamberler jadygöýler ýaly halkyň gözüni baglap islän mahallary mugjyza görkezip bilýän däldirler eýsem alla rugsat beren ýagdaýynda allanyň gudraty bilen mugjyza görkezip bilýändirler .Onsuňda mugjyza diýleni jadygöýlik ýaly oýun däldir eýsem berhak zatdyr we pygamberleriň berhaklygyny subut etmek üçin allanyň islegi bilen ýüze çykýandyr . gurhan kerim bu aýatyň dowamynda ýene bir meselä yşarat edip : haçanda wagty bolar şonda kapyrlar we müşrükler özleriniň eden etmişleriniň jezasyny görerler şol günde olar özleriniň dürli jähetlerden zyýankär bolandyklaryny bilip galarlar diýip aýdýar.Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :1- gurhan kerim hak ýolundaky göreşiň kynçylyklaryny bildirmek üçin geçen kowumlaryň taryhyny we geçen pygamberleriň ykballaryny öwreniň diýip tabşyrandyr .2- pygamberleriň görkezýän mugjyzalary ilatyň bildirýän isleglerini ganagatlandyrmak üçin däldir eýsem allanyň yradasy esasynda ýüze çykýandyr.3- hakyky zyýankärlik dünýäde dälde kyýamatda özüni görkezjekdir. onda haka müňkür bolan ynsanlar we dünýäniň yzynda bolan adamlar özleriniň bu dünýedäki mal - mülklerine we geler - geçer lezzetlerine allanmasynlar , olar ahyretde eden etmişleriniň jezasyny hökman görjekdirler .Gafer süresi, 79, 80 we 81-nji aýatlar
:اللَّهُ الَّذِي جَعَلَ لَكُمُ الْأَنْعَامَ لِتَرْكَبُوا مِنْهَا وَمِنْهَا تَأْكُلُونَ (79) وَلَكُمْ فِيهَا مَنَافِعُ وَلِتَبْلُغُوا عَلَيْهَا حَاجَةً فِي صُدُورِكُمْ وَعَلَيْهَا وَعَلَى الْفُلْكِ تُحْمَلُونَ (80) وَيُرِيكُمْ آيَاتِهِ فَأَيَّ آيَاتِ اللَّهِ تُنكِرُونَ (81)
<< Alla sizler üçin dört aýakly haýwanlary ýaradan kimsedir , tä olaryň kä birsine münüp kä birsiniň ( etinden ) iýer ýaly .// we sizler üçin olararda peýdalar bardyr tä olara ( münüp ) göwün islän zadyňyza ýeter ýaly . siz olaryň hemde gämileriň kömegi bilen maksada aşýansyňyz // we alla size öz nyşanalaryny ( hemişe ) görkezýändir . onda allanyň haýsy bir nyşanasyny inkär edýärsiňiz ? >>
Gurhan kerim bu sürede umuman allanyň ynsanlara bagyş eden nygmatlaryny ýatlap ynsanlary şirkden we kapyrlykdan alyp galmak bilen olary allanyň birligine we bendeligine çagyrandyr . gurhan kerim bu aýatlarda hem ýaňky gürrüňiň dowamynda aýdýar : alla siz ynsanlara haýwanlary ýaradandyr we olaryň kä birsine münmegi kä birisini hem iýmekligi siz ynsanlara rugsat edendir . bu zatlardan başga bahanalar bilen ynsanlaryň haýwanlary öldürmegi dogry däldir .Gadym eýýamlarda maşynlaryň , uçarlaryň we otlularyň ýoklugynda ynsany bir mekandan ýene bir mekana gitmek üçin ýada ýüklerini maksada aşyrmak üçin dört aýakly ulaglardan şol sanda düýeden we atdan peýdalanandyr ýada deňizlerde gämilerden peýdalanandyr . bu arada çöl ýerlerde düýeler we daglyk ýerlerde bolsa gatyrlar deňizlerde hem gämiler köpräk ynsanyň işine ýarandyrlar. elbetde haýwanlar başga ýerliklerde hem ynsanyň işine ýarandyrlar, hamana ynsanlar haýwanlaryň hamyndan we ýüňünden peýdalanyp özlerine egin- eşik edinendirler .Gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem allanyň nyşanalarynyň we gudratynyň hemişe ynsanyň gözüniň alyndadygyny ýatladyp : allanyň aýatlary we nyşanalary görnüp dursada näme üçin käler ony inkär edýärler ? olar özleriniň bu işleri bilen özleriniň gadyrdan däldiklerini görkezýärler, şonuň üçin hem dürli bahanalar bilen allanyň nyşanalaryny inkär edýärler diýip beýan edýär .Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :1- ýer şary we ondaky närseler ynsan üçin ýaradylandyrlar we alla bu zatlardan dogry peýdalanmaklygy ynsanlara berendir .2- haýwanlaryň güýç - kuwwatlary ynsanlardan köpräk bolsada alla ynsanlara merhemet edip olary ynsanlar üçin ekde edip goýandyr .3- ynsanlar umuman gadyrdan däldirler şonuň üçin hem olar allanyň beren nygmatlaryndan peýdalanyp dursalarda şol nygmatlar üçin allanyň şükrüni kylýan däldirler we bu nygmatlaryň hatyryna allanyň bendeliginde tapylýan däldirler .///////////