bölüm,743,süre lukman ,aýat 1-6
bölüm,743,süre lukman ,aýat 1-6
برنامه راهی بسوی نور( (743
Lukman süresi
Rum süresiniň tefsiriniň gutarmagy bilen bu gönki gepleşikde Lukman süresiniň terjimesine we tefsirine girişýäris . Lukman süresi Mekgede yslam pygamberine inen sürüleriň birsidir, şonuň üçin hem bu sürä Gurhany kerimiň Mekgi sürülerindendir we onuň 34 aýaty bardyr . Gurhany kerim bu sürede Taňry tagalanyň ýeri, gögi we olardaky barça närseleri ýokdan bara getirmekdäki gudratyna yşarat edip Lukmanyň hem perzendine beren öwüt – nesihatlarynyň bir bölegini beýan edendir şonyň üçin hem bu süräniň adyna Lukman dakylandyr.
Lukman süresi, 1 , 2 we 3-nji aýatlar :
الم (1) تِلْكَ آيَاتُ الْكِتَابِ الْحَكِيمِ (2) هُدًى وَرَحْمَةً لِّلْمُحْسِنِينَ (3)
<< älif, läm , mim // bu , içi hekmetden doly kitabyň aýatlarydyr .// ( bu aýatlar ) ýagşy ynsanlara rahmet we hydaýatdyr.>>
Gurhany kerimiň 29 süresi Mukatte’e ýa şol bölek- bölek harplar bilen başlanýandyr we Lukman süresi bolsa şol süreleriň birsidir. Bu harplar Gurhany kerimiň azamatyny we bir ylahy mugjyzadygyny bildirýändir, we Taňry tagalanyň bu harplary getirmekden bolan maksady , hiç bir ynsanyň döredip bilmejek bu Gurhan kitabynyň , halkyň ulanýan şu ýöneki harplaryndan düzülendigini duýdurmak bolandyr. bu bolsa Gurhany kerimiň ýöneki bir kitap däldigini eýsem onuň bir ylahy mugjyzadygyna subut edýändir . Gurhany kerimiň aýatlarynda haky beýan edip halky haka çagyrmakdan gaýry hiç bir bihuda süz ýokdur .
Gurhany kerim hydaýat kitaby bolsada diňä ruhlary we ýürekleri päk bolan ýagşy ynsanlar onuň aýatlaryndan täsir alyp dogry ýola girjekdirler, emma ýürekleri gara bolan betkär ynsanlar ruhlarynyň hapalygy üçin Gurhanyň aýatlaryny eşitseler-de ondan täsir aljak däldirler.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- halky, hikmet esasynda öňe sürülýän mäkäm delil bilen hydaýat etmelidir şonuň üçin hem Gurhany kerim özüni hekmet kitaby diýip tanadýandyr
2- elbetde halky dogry ýola hydaýat etmeklik , talaba laýyk täsirli bolar ýaly rahmet we muhabbet bilen hemra bolmalydyr.
Lykman süresi, 4 we 5-nji aýatlar:
الَّذِينَ يُقِيمُونَ الصَّلَاةَ وَيُؤْتُونَ الزَّكَاةَ وَهُم بِالْآخِرَةِ هُمْ يُوقِنُونَ (4) أُوْلَئِكَ عَلَى هُدًى مِّن رَّبِّهِمْ وَأُوْلَئِكَ هُمُ الْمُفْلِحُونَ (5)
<< namaz okap zekat berýän adamlar şeýlede ahyrete imanlary bolan ynsanlar // olara Taňrylary tarapyndan bolan hydaýat ýetişer we olar bagtyýar ynsanlardyrlar.>>
Gurhany kerim bu aýatda deslap , geçen aýatda ady tutulan ýagşy ynsanlary açyklap berýär we we olaryň amalda namaz okap zekat berýändiklerini we ygtykatda hem ahyrete imanlarynyň barlygyny aýdyp berýär.
Umuman dini düşünjede, ybadat edip Allanyň bendeligini berjaý kylmaklyk , halka ýagşylyk etmekden jyda däldir we bu işleriň ikiside bir- biriniň ýanynda bolmalydyr, ýöne gynansakda häzirki ýagdaýda , käler Namaz okap Ruza tutup ybadat edýärler ýöne garyp- gasar adamlaryň halyndan habar almaýarlar we ybadaty diňe Namaz we Ruza ýaly zatlarda bilýärler . emma bu toparyň garşysynda käler hem Namaz we Ruza ýaly diniň buýruklaryna zerre üns bermäni diňe garyp- gasar adamlaryň gullugynda bolýarlar we bu işi Allanyň razylygyny gazanmak üçin ýeterlik bilýärler . emma Gurhany kerim bu aýatda , hakyky bagtyýarlygy ybadatyň ýanynda garyp - gasarlara kömek bermekde bilýär we bagtyýarlyga ýetmek üçin bu iki zady bir- biriniň ýanynda gerekli bilýär .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- yslam düşünjesinde Namaz bilen Zekat bir- birinden özňe däldir oňa görä hakyky mömin adam namazyň ýanynda zekatyny hem bermelidir.
2- çyn ýagşy adam , hem ybadat bilen öz ruhuny baýydýandyr hemem garyp- gasarlaryň kynçylyklaryna ýetişiklik edýändir .
3- bagtyýarlyga ýetmeklik , Namaz okap Zekat bermek ýaly din borçlaryny ýerine ýetirmegiň ýanynda Alla we kyýamat gününe ynanmak bilen miýesser boljakdyr.
Lukman süresi, 6 nji aýat :
وَمِنَ النَّاسِ مَن يَشْتَرِي لَهْوَ الْحَدِيثِ لِيُضِلَّ عَن سَبِيلِ اللَّهِ بِغَيْرِ عِلْمٍ وَيَتَّخِذَهَا هُزُواً أُولَئِكَ لَهُمْ عَذَابٌ مُّهِينٌ (6)
<< halkyň bir topary , bilmeýän ýerlerinde ( özgeleri ) Allanyň ýolundan gümra eder ýaly we olary masgaralar ýaly, bihuda we boş gürrüňleriň hyrydarydyrlar. bu hili adamlara güýçli azap garaşýandyr.>>
Gurhany kerim bu aýatda ynsanlaryň gümralygyna sebäp bolýan sebäpkärleriň ýene birsine diýmek boş we bihuda söze yşarat edýär .
Taryhy kitaplarda gelşine görä kerwen bilen daş ýurtlara şol sanda Eýrana sapar edýän Arap täjirleriň bir topary ol ýurtlaryň Rustem we esfändyýar ýaly halyk dessanlaryny we ertekilerini öwrenip şol dessanlary Mekge ilatyna aýdyp berýärdiler. olar halky öz töwereklerine üýşürip : egerde Muhammet size Ad we Semut kowumlaryň dessanlaryny aýdyp berýän bolsa biz hem süýji- süýji dessanlary size aýdyp berýäris diýip ilaty yslam pygamberiniň ýanyna baryp Gurhanyň aýatlaryny eşitmekden alyp galjak bolýardylar. bu arada kä zenanlar yşgy aýdymlary ilata aýdyp bermek bilen olary Gurhany eşitmekden alyp galjak boldylar hatda olardan , Gurhany masgaralap ony boş gürrüň bilenler hem boldy. Gurhany kerim bu aýatda : delilsiz we mantksyz Gurhanyň aýatlaryny boş we bihuda gürrüňler bilip halky Gurhandan alyp galjak bolýan adamlara ahyretde güýçli azap garaşýandyr we dünýäde hem olar halk arasynda har we zelil boljakdyrlar diýip aýdýar .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanlary hak ýolundan alyp galýan her bir boş gürrüň we güýmenjäni din ret edýändir .
2- halkyň ylaýtada ýaşlaryň gümralygyna sebäp bolýan zatlaryň biriside ynsany Allanyň ýadyndan alyp galýan aýdym sazlara gulak asmaklykdyr
3- duşmanlar , yslamyň öňüni almak üçin dürli medeni abzallar bilen sözden we goşgydan peýdalanyp filim we aýdym saz galybynda iş alyp barýandyrlar we bu hili işler bilen hem yslamyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolýandyrlar.
////////////////////