bölüm,744,süre lukman ,aýat 7-11
bölüm,744,süre lukman ,aýat 7-11
برنامه راهی بسوی نور( (744
Lukman süresi, 7-nji aýat:
وَإِذَا تُتْلَى عَلَيْهِ آيَاتُنَا وَلَّى مُسْتَكْبِراً كَأَن لَّمْ يَسْمَعْهَا كَأَنَّ فِي أُذُنَيْهِ وَقْراً فَبَشِّرْهُ بِعَذَابٍ أَلِيمٍ (7)
<< haçanda biziň aýatlarymyz oňa okalanda , tekepbirlik bilen ýüz öwürýär – diýersiň eşitmeýän ýalydyr – ( ýada ) gulaklary agyr diýersiň onda , ony güýçli azap bilen buşla.>>
Geçen gepleşigiň soňky aýatynda Gurhany kerim : käler , adamlary hakdan alyp galmak üçin olaryň arasynda boş we bihuda gürrüňleri ýaýradýarlar diýip aýdýar. Gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar: bu hili ynsanlar Gurhanyň aýatlaryny eşitmäge-de meýilli däldirler - indi ol hakda oýlanyp oňa iman getirmekleri bäride dursyn – elbetde olaryň şo hili hakdan ýüz öwürmekleriniň sebäbi olardaky tekepbirlik häsiýetidir. bu häsiýet olary hakdan alyp galýandyr. olar , tekepbir bolanlyklary üçin hem özlerini pygamberden we beýleki möminlerden artykmaç bilip olaryň geplerini eşitmäge taýyn däldirler .
indi şu hili pikre eýermeklik ynsany betbagt edip ony ýere orýandyr we Allanyň azabyna giriftar edýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- tekepbirlik ynsany hakdan alyp galmak bilen onuň gümralygyna sebäp bolýandyr.
2- boş we bihuda gürrüňlere gulak bermeklik ynsany haka gulak bermekden alyp galýandyr.
Lukman süresi, 8 we 9-njy aýatlar:
إِنَّ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ لَهُمْ جَنَّاتُ النَّعِيمِ (8) خَالِدِينَ فِيهَا وَعْدَ اللَّهِ حَقّاً وَهُوَ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (9)
<< dogrudan , iman getirip ýagşy işleri eden ynsanlar üçin ( behiştde ) nazy- nygmatly baglar bardyr. // olar ol ýerde hemişelik galarlar we Allanyň beren wadasy hakdyr we Alla gudratly we hekimdir.>>
Käler hakyň yzynda bolmagyň ýerine batylyň yzyndadyrlar bu hili adamlar kapyrçylygy ýaýradýandyrlar we soňda Allanyň azabyna giriftar boljakdyrlar ýöne olaryň garşysynda ahyretde we Alla iman getirip ýagşy etmişleri edýän ynsanlara ahyretde uly serpaý beriljekdir .
Olar Gurhanyň aýatlaryny dykgat bilen okap şoňa gulak asýandyrlar we Gurhanyň aýatlary barada oýlanýandyrlar we düşünip hem oňa iman getirýändirler . olar Allanyň garşysynda tekepbirlik etmegiň ýerine onuň buýruklaryna boýundyrlar we Allanyň bendelerine hem ýagşylyk edýändir Alla şu hili ynsanlara baky behiştiň wadasyny berendir we Allanyň wadasy hökmanydyr, sebäbi ol gudratly we hekimdir we beren wadalaryna amal edip bilýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- diňe iman bilen ýada bir ýagşy amal bilen behişte girip bolýan däldir eýsem behişte girmek bilen iman bilen ýagşy amalyň ikiside bolmalydyr .
2- Behişt , maddy we mägnewi nygmatlarynyň mekanydyr . ol ýerde ne gam bar , ne gussa we nede hassalyk bar .
3- Allanyň wadalaryna we serpaýlaryna imanymyz bolsun we ony ýalandyr öýtmäli we Alla beren wadalaryna amal edip bilmez diýip güman etmäliň .
Lukman süresi, 10 we 11-nji aýatlar:
خَلَقَ السَّمَاوَاتِ بِغَيْرِ عَمَدٍ تَرَوْنَهَا وَأَلْقَى فِي الْأَرْضِ رَوَاسِيَ أَن تَمِيدَ بِكُمْ وَبَثَّ فِيهَا مِن كُلِّ دَابَّةٍ وَأَنزَلْنَا مِنَ السَّمَاءِ مَاءً فَأَنبَتْنَا فِيهَا مِن كُلِّ زَوْجٍ كَرِيمٍ (10) هَذَا خَلْقُ اللَّهِ فَأَرُونِي مَاذَا خَلَقَ الَّذِينَ مِن دُونِهِ بَلِ الظَّالِمُونَ فِي ضَلَالٍ مُّبِينٍ (11)
<< ol ( Alla ) asmanlary sütünsiz galdyrýandyr we şol sütünleri göz bilen görüp bolmaz we ýer syzy yrap bilmez ýaly ýeriň ýüzünde mäkäm daglary dikeltdi we ( ýeriň ýüzünde ) dürli jümbendeleri ýaýratdy we asmandan suw iberip şonuň bilen peýdaly ösümlikleriň her hilinden gögertdik // bu , Allanyň ýaradylşydyr. Onda maňa ( Alladan ) gaýrylaryň ýaradan zatlaryny görkeziň ? belkide sütemkärler äşgär gümradyrlar .>>
Gurany kerim bu aýatlarda , ýaradylyşdaky Allanyň gudratynyň bäş görnüşne yşarat edip aýdýar : göze görilýän sütünleriň hilinden bolmadyk sütünleriň üstündä şu azamatly asmanyň dikeldilmegi , ýer şarynyň yranmazlygyna sebäpkär bolan daglaryň ýaradylmagy, gökde , ýerde we deňizde durly haýwanlaryň we jümbendeleriň ýaradylmaklary – ýagyşyň ýagmagy – we ösümlikleriň gögermekleri bu zatlaryň barysy barlygy ýaradan Allanyň güýç – kuwwatynyň çeni çagynyň ýoklugyny Gurany kerim bu aýatlarda göze görünmeýän sütünlere yşarat edendir. bu sütünler , gögiň we asmanlyk jisimleriň we şarlaryň belli bir mekanlarda orun tapyp hereket etmeklerine sebäp bolýandyr . şeýlede Gurany kerim bu aýatlarda ýeri yranmakdan alyp galmakda daglaryň möhüm ruluny yşarat edýär .
bu zatlar bolsa Gurhany kerimiň ylmy mugjyzalaryndandyr. sebäbi Gurany kerimiň inen zamany ynsanlar bu zatlardan bihabar bolupdyrlar . Gurany kerim , ýaradylyşdaky Allanyň şu hili gudratynyň barlygyny beýan etse-de käler , nadanlykdan başga zatlary öz ykballarynda täsirli bilip şol zatlara eýerýändirler şonuň üçin hem Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar : siziň Alla şärik tutunýan zatlarňyzyň haýsy birsi , tebigy gopgunlaryň haýsy birsini ýaratmakda Alla kömekçi bolupdyrlar? ýer - gök bäride dursun , asla olar bir siňegi ýada çybyny ýaradyp bilýärlermi? Onda ynsan näme üçin Allanyň ýaradan zatlaryna eýerip Alla ybadat we bendelik etmegiň ýerine onuň ýaradan zatlaryny ybadat etmeli?
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- asmanda milýardlarça şarlaryň we ýyldyzlaryň bir- birlerine çakyşman belli – belli mekanlarda ýerleşmekleri Allanyň gudratyndan bir nyşandyr hemde Gurhany kerimiň bir mugjyza kitapdygyny bildirýändir. durmuşda bu zada ýer şarynyň özüne çekiji güýji diýip aýdylýandyr .
2- suw, toprak, ösümlik we tebigat , bu zatlaryň barysy gymmatly zatlardyr. oňa görä ynsan hem bu zatlaryň gadyryny bilip bir ylahy amanat hökmünde olary goramalydyr.
3- Allany tanamagyň ýollarynyň biriside onuň gudraty bilen özgeleriň gudratyny seljermekdedir . bu seljeriş bilen Allany tanap bolar .
4- Alladan özgä eýerýän we bendelik edýän adamlar iň soňda zulum - süteme giriftar bolup gümra boljakdyrlar.
//////////////