Jan 01, 2018 11:59 Asia/Ashgabat

bölüm,745,süre lukman ,aýat 12-13

برنامه راهی بسوی نور( (745

Lukman süresi, 12-nji aýat:

‏ وَلَقَدْ آتَيْنَا لُقْمَانَ الْحِكْمَةَ أَنِ اشْكُرْ لِلَّهِ وَمَن يَشْكُرْ فَإِنَّمَا يَشْكُرُ لِنَفْسِهِ وَمَن كَفَرَ فَإِنَّ اللَّهَ غَنِيٌّ حَمِيدٌ (12)

<<>>

Gurany kerimiň bu aýaty we mundan soň getirlen bir näçe aýat. Lukmanyň öz perzendine beren öwüt – nesihatlaryny beýan edýändir .

Guranyň aýatlaryndan şeýlede dini rowaýatlardan belli bolşuna görä Lukman pygamber bolmandyr ýöne gaty akylly we ýagşy adam bolupdyr. şonuň üçin hem Alla oňa hekmet baýlygyny beripdir . hekmet diýmekden maksat akylly paýhaslylyk bilen öňden görjilik bilen hereket etmeklikdir . hekmet baýlygyndan paýly bolan ynsanlar her bir işiň soňuna garap dillerine we garynlaryna we şähwetlerine habardardyrlar, bihuda sözläp bihuda işleri edýän däldir , pes päldirler , amanata hyýanat edýän däldirler . şeýlede her hili telek we ýaramaz işlerden saklanýandyrlar , bu zatlar bolsa ynsanda hekmetiň ýüze çykmagyna sebäp bolýandyr .

Elbetde hekmet derejesini elgermeklik diňe Lukman hekime mahsus däldir we her kim we her bir mömin ynsan özüniň amalynda we sözünde dogy bolup yhlas görkezse ol Alla tarapyndan şeýle bir nygmata eýe bolmandyr . Lukmanyň öz perzendine beren öwüt – nesihatlaryny Taňry tagala Guranda göni tärde hem beýan etjek diýse edip bilerdi . ýöne Alla bu sözleri Lukmanyň dilinden beýan etmek bilen birinjiden, hekmetiň nämedigini aýdyp berýär. Ikinjiden bolsa hekim adamyň köpçülikde näme borjunyň bardygyny ýatlap geçýär . Lukman hekimiň öz ogluna tabşyran zatlarynyň Iki möhüm tarapy bar .

Onuň birinji möhüm tarapy ynsanyň köpçülikde akylly paýhasly gepläp bilmegidir , Ikinji möhüm tarapy bolsa ynsanyň öz ýaşaýyşynda Allanyň buýruklaryna amal etmegidir . bu Iki zat bir ýerde jemlenende şoňa hekmet diýilýändir . bu Iki zada amal edýän ynsana bolsa Hekim adam diýilýändir. elbetde şeýle bir baýlyga ýetmek üçin Allanyň beren zatlaryna şükür etmelidir . şükür etmeklik ynsanyň nygmatyny artdyrýandyr we onuň peýdasy ilki bada ynsanyň özüne ýetýändir . şeýlede bir ynsanyň  Allanyň beren nygmatlaryndan dogry haýyrlanmazlygy  na-şükürlik etmeklik manysynda bolup onuň zyýany bolsa ilki bada na-şükürlik edýän ynsanyň özüne ýetişjekdir .

Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

1-    Her bir ynsan ýaşaýyşynda dogry bolup dogry hereket etse Allanyň rahmetine  gabat gelip  oňa hekmet baýlygy beriljekdir  .

2-    Ynsanyň edýän ýagşy ýaman işleriniň netijesi onuň özüne ýetişjekdir . şeýlede ynsan şükür etse ýada na-şükürlik etse onuň netijeleri şol ynsanyň özüne dolanjakdyr .

Lukman süresi, 13-nji aýat:

 وَإِذْ قَالَ لُقْمَانُ لِابْنِهِ وَهُوَ يَعِظُهُ يَا بُنَيَّ لَا تُشْرِكْ بِاللَّهِ إِنَّ الشِّرْكَ لَظُلْمٌ عَظِيمٌ (13)

<<>>

Lukman hekim öz perzendine beren nesihatynyň deslapkysy şirkden daş durmaklyk bolandyr . şirkiň taryh boýunda dürli görnüşleri bolandyr . kä şirkler Buta , daga , daşa , derýa , aýa , güne we ýyldyza sygynmak bolan bolsa , kä şirkler hem kä haýwanlara  sygynmak bolandyr. Ynsanlaryň köpüsi nadanlyk ýüzünden bu janly – jansyz zatlary öz ykballarynda täsirli bilip olara sygynypdyrlar. we olary Allanyň ornunda goýup olara ybarat edipdirler .

Elbetde dindar adamlaryň içinde hem amalda şirk hasaplanýan işleri edýänler bar . olar görme - göze  Alladan gaýry hiç bir zada sežde etmeýärler we Alladan özgäni ybadat etmeýärler ýöne amalda synlap görseň weli baýlygyň we orun mertebäň ýada gudratyň bendesidirler  we olar baýlyga orun - mertebä ýada beýleki maddy zatlara ýetmek üçin her bir işi etmäge taýyndyrlar , bu bolsa  şirkiň bir görnüşidir , sebäbi olar bu zatlary öz ykballarynda täsirli bilip şolara ýetmek üçin bu işleri edýändirler , her bir şirkiň soňundan habarly bolan Lukman hekimi bolsa öz perzendine öwüt – nesihat berende , deslap ony her hil şirkden alyp galýar we şirki uly sütemkärlik bilýär , elbetde bu sütemkärligiň zyýany ilki bada müşrük ynsanyň özüne soň bolsa pygamberlere we Allanyň dinine ýetişýändir .

Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

1-    Ynsanyň hemmesi öwüt – nesihata mätäçdirler , şonuň üçin hem hezreti Aly öz ýaranlaryna : maňa öwüt beriň sebäbi öwütde bir täsir bar weli ol täsir ylymda-da ýokdur diýip aýdýanmyş .

2-    Ogul – gyzy terbiýelemegiň ýoluny beýiklerden we hekim ynsanlardan öwrenmelidiris , şolardan öwrensek hata etmeris .

3-    Ogul – gyzlarymyzdan gaflat etmäli , ogul – gyzlar , ene – atanyň nesihatyna mätäçdirler . ogul – gyzy terbiýelemegiň ýollarynyň birisi-de olara hormat goýup olar bilen muhabbetli gürleşmeklikdir .

 

///////////////////