bölüm,746,süre lukman,aýat 14-16
bölüm,746,süre lukman,aýat 14-16
برنامه راهی بسوی نور( (746
Lukman süresi ,14 inji aýat :
وَوَصَّيْنَا الْإِنسَانَ بِوَالِدَيْهِ حَمَلَتْهُ أُمُّهُ وَهْناً عَلَى وَهْنٍ وَفِصَالُهُ فِي عَامَيْنِ أَنِ اشْكُرْ لِي وَلِوَالِدَيْكَ إِلَيَّ الْمَصِيرُ (14)
<
Geçen gepleşikde Lukman hekimiň öz perzendine beren nesihatlaryny aýdyp berdik , bu gepleşikde bolsa Lukmanyň şol nesihatlarynyň ýene bir näçesini aýdyp bereris . elbetde bu aýatda we mundan soň gelýän 15 inji aýatda Taňry tagala şol Lukmanyň nesihatlarynyň arasynda özi ynsanlara bir näçe zady tabşyrýar . Lukman hekimiň ata ornunda öz perzendine beren nesihatlarynyň bir ýerinde ol öz perzendini şirkden alyp galýar şonuň üçin hem Gurany kerim bu aýatda , ogul -gyzy , din taglymaty esasynda terbiýelemekde ene -atanyň möhüm rolunyň barlygyny ýatlaýar . Gurany kerim bu aýatda aýdýar : Alla tagala , ene- atalara , hormat we ýagşylyk etmegi perzentlerden isleýändir , sebäbi Alla tagala ynsany ene- atanyň üsti bilen ýaradandyr . elbetde çaga , enäniň göwresinde ýerleşmeginden soň ony Dokuz aýlap götermeklik, soň hem oňa Iki ýyllap süýt emdirmeklik enäniň borjudyr . ene özüniň jan damaryndan perzendini iýmitlendirip ulaltýandyr . şonuň üçin hem Gurany kerim bu aýatyň dowamynda , çaga barada enä ýedýän agyr ýüke yşarat edip enä köpräk üns bermegi perzentden isleýändir . her halda Allanyň berem nygmatlaryna şükür kylmagyň ýanynda , ene- ata nygmatynyň berilmegine hem şükür kylmalydyr .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Her bir ynsan özüniň ynsanlyk borjunda tapyljak bolsa hökman ene- atasyna hormat etmelidir . oňa görä ene-ata kapyr bolsalarda perzentleriniň olara bi-hormatçylyk etmäge haklary ýokdur .
2- Yslam medeniýetinde , yslam taglymatynda enäniň aýratyn oruny bardyr. sebäbi çagany ekläp kemala ýetimekde enäniň üstüne köpräk zähmet düşýändir .
3- Her halda Allanyň haky ene-atanyň hakyndan hem ýokarda durýandyr . ene- ata ýagşylyk etjek bolup Allanyň hakyny gözden sowmaklyk dogry däldyr .
Lukman süresi, 15-nji aýat :
وَإِن جَاهَدَاكَ عَلى أَن تُشْرِكَ بِي مَا لَيْسَ لَكَ بِهِ عِلْمٌ فَلَا تُطِعْهُمَا وَصَاحِبْهُمَا فِي الدُّنْيَا مَعْرُوفاً وَاتَّبِعْ سَبِيلَ مَنْ أَنَابَ إِلَيَّ ثُمَّ إِلَيَّ مَرْجِعُكُمْ فَأُنَبِّئُكُم بِمَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (15)
<
Gurany kerim bu aýatda şol öňki aýatyň dowamynda ene-atalaryň perzentlerine duýduryş berip : siziň öz ene-ataňyza ýagşylyk etmegiňiz sizi pikir we ynam ygtykat taýdan olara garaşly etmeli däldir. sebäbi ene-atalaryň hem küne pikirlere eýerip ogul-gyzlaryny günä işlere etmekleri mümkindir diýip aýdýar . Gurany kerim bu aýatyň dowamynda , ene- atalar müşrik bolsalarda perzentleriň olara ýagşylyk etmeklerini tabşyryp : perzent her halda hem ene-atasyna ýagşylyk etmelidir . we olar bilen gatnaşygyny özmegi dogry däldyr eýsem , ene-atalary ölýänçäler olara muhabbet edip durmalydyr . we Alla bolsa hemme zatdan habarlydyr we her kime nähili çemeleşmegi özi gowy bilýändyr diýip aýdýar .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Perzentleriň öz ene-atalaryna eýermekleri her bir ýagdaýlarda dogry däldir eýsem ene-atanyň islegi Allanyň garşysynda bolýan ýagdaýynda , perzentleriň olara eýerip hudaýyň tersine hereket etmekleri dogry däldir.
2- hatda dinine we akyla teris gelýän ýagdaýynda hem gury Täsbiň üsti bilen ata-babalaryň däp - dessurlaryna eýermeklik dogry däldir .
Lukman süresi, 16-njy aýat :
يَا بُنَيَّ إِنَّهَا إِن تَكُ مِثْقَالَ حَبَّةٍ مِّنْ خَرْدَلٍ فَتَكُن فِي صَخْرَةٍ أَوْ فِي السَّمَاوَاتِ أَوْ فِي الْأَرْضِ يَأْتِ بِهَا اللَّهُ إِنَّ اللَّهَ لَطِيفٌ خَبِيرٌ (16)
<
Ynsanlar umuman özleriniň ýagşy ýaman işlerini görüp kiçi amallaryndan gaflat edýändirler . emä şu kiçi amallar hem gaýtalanyp dury berse uly amallara şert döredýändirler , oňa görä bu kiçi işleriň täsiri ynsanyň ykbalynda şol uly işlerden azrak däldir . Gurany kerim bu aýatda ýene bir gaýtar Lukman hekimiň nesihatlaryny ýatladyp kyýamat gününde Allanyň ynsanlaryň amallaryna dykgatly ýetişiklik edýändigine yşarat edýär , Lukman hekim öz perzendine ýözlenip : eý perzendim ! seniň amallaryň hä uly bolsun hä-kiçi bolsun , hä-äşgär bolsun hä-ýaşryn, Alla üçin parhy ýokdur Alla olaryň hemmesinden habarlydyr , kyýamat gününde seniň göze görünýän amallaryňa-da ýetişiklik edip şonuň üçin saňa serpaý ýada jeza berjekdir diýip aýdýar .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Ene-atalar , öz ogul -gyzlaryny terbiýelemekde kyýamat dilen bir günüň barlygyny we şol günde ynsanlaryň amallaryna dykgat bilen ýetişikligiň edilýändigini aýdyp durmalydyrlar .
2- Alla ynsanlaryň uly kiçi amallarynyň barysyndan habarlydyr . we kyýamatda olaryň hemesini dykgat bilen hasaba aljakdyr .
3- Ynsanlaryň edýän amallarynyň täsiri aradan gitmez eýsem onuň täsiri kyýamat gopýança ynsan bilen boljakdyr .
//////////////////