bölüm,747,süre lukman,aýat 17-19
bölüm,747,süre lukman,aýat 17-19
برنامه راهی بسوی نور( (747
Lukman süresi, 17-nji aýat :
يَا بُنَيَّ أَقِمِ الصَّلَاةَ وَأْمُرْ بِالْمَعْرُوفِ وَانْهَ عَنِ الْمُنكَرِ وَاصْبِرْ عَلَى مَا أَصَابَكَ إِنَّ ذَلِكَ مِنْ عَزْمِ الْأُمُورِ (17)
<< eý perzendim! namazyňy oka we ( halky ) ýagşy işlere çagyryp ýaman işlerden sakla, we ( kynçylyklardan ) özüňä ýetişýän zatlara we musybatlara sabyr et sebäbi bu zht, işlere berk çemeleşmek üçin gereklidir.>>
Geçen gepleşiklerde Lukman hekimiň öz perzendine beren öwüt- nesihatlaryny beýan etdik . şol gürrüňlerde Lukman hekim ynam- ygtykat barada özüniň nukdaýnazarlaryny beýan edeni soň bu aýatda , sosial we ybady meselelere girşip aýdýar : Allanyň birligini ykrar etmekden soň seniň etmeli deslapky işiň Allanyň bendeligini berjaý kylmaklykdyr, munuň üçin bolsa Namaz okamaly bolýarsyň sebäbi Namaz bende bilen Allanyň arabaglanşygyny berkarar edýän bir mäkäm köpridir. Elbetde Namazyň bir özi hem ýeterlik edýän däldir . biziň diňe öz aladamyzy edip özgeleri gözden sowmagymyz dogry däldir . özgeleri hem ýaman işlerden saklap ýagşy işlere çagyrmalydyrys . elbetde bu işiň hem özüňe görä kynçylyklary bardyr. sebäbi köpçülikdäki telek adamlaryň biz bilen tersleşip biziň alyp barýan ýolumyza daş atmaklary mümkindir . şondan gelende mömin adamlar bu hili kynçylyklara gabat gelenlerinde meýdany boşadýan däldir we netije alýançalar kynçylyklaryň öňünde berk durýandyrlar .
Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ylahy maksatlara ýetmek üçin hökman berk yradaň bolmalydyr, berk yrada bolmadyk ýerinde hiç bir iş başardýan däldir .
2- ene – atalar öz ogul - gyzlaryny Namaza çagyryp olaryň namazyna gaýym durmalydyrlar .
3- ogul- gyzlarymyzy bir hili eklemelidiris weli köpçülikde bolup geçýän ýagdaýlara biparh bolmasynlar.
Lukman süresi, 18-nji aýat :
وَلَا تُصَعِّرْ خَدَّكَ لِلنَّاسِ وَلَا تَمْشِ فِي الْأَرْضِ مَرَحاً إِنَّ اللَّهَ لَا يُحِبُّ كُلَّ مُخْتَالٍ فَخُورٍ (18)
<<Ýüzüňi halykdan öwürme we menlik bilen ýöreme, sebäbi Alla özüne magtanýan adamlaryň hiç birsini söýýän däldir .>>
Guran kerimiň bu aýatynda Lukman hekim ynsandaky kä ýaramaz gylyk- häsiýetlere yşarat edip öz perzendini olardan alyp galýar . özüňe göwniň ýetmeklikden göz baş alýan ynsandaky menliklenmek häsiýeti köpçülikdäki ýaramaz hereketleriniň bir toparnyň asly sebäpkäridir . Guran kerimiň bu aýatynda , bu hili ýaramaz häsiýetleriň ikisine yşarat bolandyr .bu häsiýetleriň birsi özgeleri özüňden kiçi saýmaklykdyr . käler özleriniň barlygyna , orun mertebesine ýada kabul eden jogapkärçiligine magtanyp şu hili ýaramaz häsiýete giriftar bolýarlar . olar soň- soňlar hem özlerini dogma başgalardan üstem ýaradylan öýdip ham hyýallary edýärler.
Lukmanyň yşarat eden meseleleriniň ýene birsi bolsa ynsanyň halkyň arasynda nähili ýöremegi barada bolandyr . gynansakda köpçülikde käler , özlerini pes päl alyp barmagyň ýerine şeýle bir menliklenip ýöreýärler weli – diýersiň Alla ony hemmelerden artykmaç edip ýaradypdyr we halkyň hemmesi oňa hormat goýmaly.
Guran kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- halka hoşamaý çemeleşmeklik Lukman hekimiň öz perzendine bolan tabşyryklaryndandyr . Taňry tagala hem Guran kerimde bu gowy häsiýeti ýatlap hemmeleri bu işe çagyrandyr .
2- ene- atalar , ogul- gyzlary ulalanlarynda menliklenmek belasyna giriftar bolmazlar ýaly olary çagalykda gowy terbiýelemelidirler.
Lukman süresi, 19-njy aýat:
وَاقْصِدْ فِي مَشْيِكَ وَاغْضُضْ مِن صَوْتِكَ إِنَّ أَنكَرَ الْأَصْوَاتِ لَصَوْتُ الْحَمِيرِ (19)
<< ýöräňde aramyýana ýörä we sesiňi etek bas sebäbi iň ýaramaz ses eşekleriň sesidir.>>
Lukman hekim geçen aýatda öz perzendini iki ýaramaz işden saklamakdan soň bu aýatda ony iki ýagşy işe çagyryp : ýaşaýyşyňda aramyýana bol hatda ýol ýöremeli bolaňda ne gaty ýöre we nede ýuwaş eýsem aramyýana ýörä , şeýlede geplär bolaňda hem edeplije bol, özgeler azara düşmezler ýaly gaty gepleme sebäbi gaty ses eşegiň sesidir we eşegiň sesi bolsa halkyň ýanynda ýokumsyz sesdir diýip aýdýar .
Guran kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- ene- atalaryň üns bermeli zatlarynyň birside ogul - gyzlary il arasynda özlerini dogry alyp bararlar ýaly olara dogry terbiýe bermekleridir.
2- Taňry tagalanyň gowy görmeýän zatlarynyň birside işlerde gowşak durmaklyk ýada hetden geçmeklikdir .
3- gygyryp geplemeklik Allanyň halamaýan işleriniň birsidir eýsem özgeler bilen geplär bolamyzda gygyrman hoşamaýlyk bilen gürrüň etmelidiris.
///////////////////