bölüm,748,süre lukman,aýat 20-24
bölüm,748,süre lukman,aýat 20-24
برنامه راهی بسوی نور( (748
Lukman süresi, 20-ji aýat:
أَلَمْ تَرَوْا أَنَّ اللَّهَ سَخَّرَ لَكُم مَّا فِي السَّمَاوَاتِ وَمَا فِي الْأَرْضِ وَأَسْبَغَ عَلَيْكُمْ نِعَمَهُ ظَاهِرَةً وَبَاطِنَةً وَمِنَ النَّاسِ مَن يُجَادِلُ فِي اللَّهِ بِغَيْرِ عِلْمٍ وَلَا هُدًى وَلَا كِتَابٍ مُّنِيرٍ (20)
<< görmediňizmi? Alla göklerdäki we ýerdäki barça zatlary size eýeletdi we özüniň äşgär we pynhan nygmatlaryny size kämil etdi ( şonda-da ) aýdyň kitaplary bolmadyk , hedaýatsyz we bilimsiz kä adamlar Alla hakynda jedel edýärler.>>
Geçen gepleşikde lukman hekimiň , jemgyýatçylyk , ahlak we ynam ygtykat ýerlikde öz perzendine beren öwüt -nesihatlaryny beýan edip berdik .
Gurany kerim bu aýatda Lukman hekimiň öwüt -nesihatlaryndan ozal bu sürede beýan bolan mowzugy diýmek Allany tanamak meselesine dolanyp aýdýar : Allatagala gögi we ýeri siz ynsanlaryň gullugynda bolmak üçin ýaradandyr . görýän tebigy gopgunlaryňyz , Aý Günüň aýlanyp durmaklary ýer şarynyň öz töweregineşeýlede Günüň töweregine aýlanmagy hemde ýer şaryndaky baýlyklar , deňizdäki janlylar , çöllerdäki ösümlikler şeýlede dürli haýwanlar , bu zatlaryň barysy siziň üçin ýaradylandyr .
Ynsanlaryň mady mätäçliklerini üpjün edýän bu nygmatlaryň ýany bilen Taňrytagala pygamberleri ibermek bilen ynsanlaryň magnewi mätäçlikleriniň hem aladasyny edendir . ýöne gynanç bilen taryh boýunda köp ynsanlar Allanyň beren bu nygmatlarynyň şükürni berjaýkylmagyň ýerine Allanyň iberen dini bilen tersleşendirler.
Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- Ynsan , barlygyň miwesidir gökler we ýer we olardaky barça zatlar ynsanyň haýyrlanmagy üçin ýaradylandyrlar .
2- Allanyň ynsanlara bagyş eden nygmatlary şeýle bir köpdir weli ynsan islese-de onuň şükrünidolyberjaý kylyp bilmez şondan gelende Allanyň beren bu nygmatlarynyň garşysynda nä şükürlik edýänler hem azdäldir.
3- Bir zat hakynda bäs etmeklik akyl we mantyk esasynda bolsa gowy netijeleri çykaryp biler .
Lukman süresi, 21-nji aýat:
وَإِذَا قِيلَ لَهُمُ اتَّبِعُوا مَا أَنزَلَ اللَّهُ قَالُوا بَلْ نَتَّبِعُ مَا وَجَدْنَا عَلَيْهِ آبَاءنَا أَوَلَوْ كَانَ الشَّيْطَانُ يَدْعُوهُمْ إِلَى عَذَابِ السَّعِيرِ (21)
<< haçanda olara , Allanyň iberen zadyna eýeriň dilip aýdylsa: ýok biz diňe ata- babalarymyzdan gören zatlarmyza eýereris diýip aýdýarlar . olar ýanyp duran azaba çagyrýan Şeýtanyň aýdýanlaryna eýerýärlermi?>>
Gurany kerim geçen aýatda Alla barada şek edýänleriň dogry mantyklarynyň ýoklugyny aýdany soň bu aýatda aýdýar : olaryň Alla hakynda şek etmekleriniň delilleriniň birsi olaryň öz ata-babalarynyňýoluna eýermekleridir olar öz ata-babalarynyň ýoluna eýermek bilen hem Allanyň ber haklygyny ykrar etmegiň ýerine Şeýtanyň ýolundan gidip gümra bolýandyrlar we olaryň barjak jaýy hem şol ata-babalary ýaly Dowzahdan aýry ýer däldir.
Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- ata-babalaryň nädogry ynam- ygtykatlaryna eýerip onuň täsibini çekmeklik ynsanyň gümralygyna sebäp bolýandyr .
2- ata-babalaryň ynam ygtykatlaryna hormat goýmaklyk ýada milli däp dessurlary goramaklyk bir wagt gymmatlyzatdyr weli bu zat din taglymatlaryna garşy bolmasynlar .
3-şeýtan izgiderli ynsany nädogry we egri ýollara çagyrýandyr.
Lukman süresi, 22- 23 we 24-nji aýatlar:
وَمَن يُسْلِمْ وَجْهَهُ إِلَى اللَّهِ وَهُوَ مُحْسِنٌ فَقَدِ اسْتَمْسَكَ بِالْعُرْوَةِ الْوُثْقَى وَإِلَى اللَّهِ عَاقِبَةُ الْأُمُورِ (22) وَمَن كَفَرَ فَلَا يَحْزُنكَ كُفْرُهُ إِلَيْنَا مَرْجِعُهُمْ فَنُنَبِّئُهُم بِمَا عَمِلُوا إِنَّ اللَّهَ عَلِيمٌ بِذَاتِ الصُّدُورِ (23) نُمَتِّعُهُمْ قَلِيلاً ثُمَّ نَضْطَرُّهُمْ إِلَى عَذَابٍ غَلِيظٍ (24)
<< we her kim ýagşylyk edýän halynda Allatarap ýüzlense şübhesiz , ol bir mäkäm tutaryga ýapyşandyr we bütin işleriň soňy Alla tarap dolanýandyr .// we her kim kapyrlyk etse onuň edýän kapyrlygy seni tukat etmesin . olaryň dolanjak ýeri hem bize tarapdyr. Bes biz olary eden etmişlerinden habarly ederis Alla olaryň içinden hökman habarlydyr .// olara azyjyk nygmat bereris soň olary güýçli azaba giriftar ederis.>>
Gurany kerimiň bu aýatlary halky Allanyň çakylygynyň garşysynda iki topara bölýär .
Olaryň bir topary doly yhlas bilen Allanyň emrine eýerýänler bolsa ýene bir topary Allanyň garşysynda durup kapyrlyk ýolundan hereket edýänlerdir . deslapky topar , ylahy hedaýatyň tanabyna ýapyşyp halka ýagşylyk edýärler we il Güne yhsan edýärler şeýdipde hedaýat bolup ahyretde hakyky bagtyýarlygaýedýärler.
Emma ilkinji topar ýaşaýyşlarynda kä wagtlar nygmatlardan paýly bolsalarda olaryň akybaty gowy bolmaýar mümkinde dünýäde bolmasada ahyretdeazaba giriftar bolýarlar . elbetde yslam pygamberi bu hili kapyrlardan ezýet çekenem bolsa kapyrlyk sebäpli olaryňazap çekmeklerinden begenmeýär eýsem olara jan ýandyryp mümin bolmaklaryny netijede hakyky bagtyýarlyga uçramaklaryny arzuwedýär . ýöne ne peýda , olar kapyrlyk ýoluny saýlap alypdylar we pygamber hem olary iman getirmeklige mejbur edip bilmeýärdi.
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- egerde barlyk şol durşuna Allanyň emrine eýerýän bolsa Alla hem ony şol durşuny biz ynsanlaryň gullugynda goýandyr . bes onda näme üçin ynsanlar bu nygmatyň şükrüni berjaý kylyp Allanyň emrine eýermeýärler .
2- ynsanlar dünýäde baýlyga ýada orun mertebä ýetmek üçin güýçli arkaň gözleginde bolýandyrlar ýöne hakyky mümin adamyň sarsmaz arkasy Alladyr.müminler Allanyň tanabyna ýapşyp ýagşy işleri etmek bilen gümralykdan özlerini halas edýändirler .
3-ömrümiziň soňunda puşman bolmaz ýaly ýolumyzy gelejege oýlanyp saýlamalydyrys.
////////////