Jan 01, 2018 12:18 Asia/Ashgabat

bölüm,749,süre lukman,aýat 25-28

برنامه راهی بسوی نور( (749

 

Lukman süresi, 25 we 26-njy aýatlar :

 وَلَئِن سَأَلْتَهُم مَّنْ خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ لَيَقُولُنَّ اللَّهُ قُلِ الْحَمْدُ لِلَّهِ بَلْ أَكْثَرُهُمْ لَا يَعْلَمُونَ (25) لِلَّهِ مَا فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ إِنَّ اللَّهَ هُوَ الْغَنِيُّ الْحَمِيدُ (26)

<< we egerde olardan sorasaňyz kim asmanlary we ýeri ýaratdy diýip? hökman , Hudaý diýip aýdarlar . aýt : hämdü sena Alla üçindir ýöne olaryň köpüsi bilmeýärler// göklerde we ýerdäki barça zatlar Alla üçindir şübhesiz Alla baý we synaga laýykdyr .>>

Gurany kerim bu aýatlarda , hemmeleriň hatda müşrikleriň hem kabul edýän bir usulna yşarat edip aýdýar : egerde ynsanlardan , älem-jahany kim ýaratdy diýip sorasaňyz olar : Alla ýaratdy diýip aýdarlar hatda butparazlar hem älem- jahany butlar ýaratdylar diýmezler eýsem olar dünýäni dolandyrmakda butlary Allanyň şärigi bilýändirler we butlaryň ýaradyjy däldiklerini ykrar edýändirler .

Gurany kerim bu aýatlaryň dowamynda müşrikleriň älem- jahany Allanyň ýaradanlygyny ykrar etmeklerine yşarat edip : egerde älem- jahany Alla ýaradan bolsa onuň hakyky eýesi hem onuň özüdir onda başgalara ýada başga eşýalara dälde eýsem Alla hämdü senalar aýdyp oňa bendelik etmelidir diýip beýan edýär.

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- müşrikler ýaradylyşyň hakyky eýesiniň Alladygyny inkär etmeýärdiler ýöne şondan gelende olar butlara çokunup butlardan şepagat dileýärdiler .

2- Allanyň barlygyny ykrar etmeklik ynsanyň hatda müşrikleriň durkunda goýlandyr we müşrikler hem barça zatlary Allanyň ýaradandygyny ykrar edýändirler .

3- azgynçylyklaryň köpüsi nadanlykdan göz baş alýandyr , pygamberleriň we ylahy öwliýalaryň hereketleriniň asly maksady halky gümralykdan we azgynçylykdan alyp galmaklykdyr.

Lukman süresi, 27-nji aýat:

 وَلَوْ أَنَّمَا فِي الْأَرْضِ مِن شَجَرَةٍ أَقْلَامٌ وَالْبَحْرُ يَمُدُّهُ مِن بَعْدِهِ سَبْعَةُ أَبْحُرٍ مَّا نَفِدَتْ كَلِمَاتُ اللَّهِ إِنَّ اللَّهَ عَزِيزٌ حَكِيمٌ (27)

<< we egerde ýer ýüzündäki agaçlardan şol durşuna galam bejerilse we deňiz dewata öwrülse soň ýene Ýedi deňiz olaryň kömegine gelip ( dewata öwrülseler) Allanyň kelamyny ýazyp tüketmek başartmaz dogrudanam Alla gudratly we hekimdir.>>

Gurany kerimiň bu aýaty barlygyň we ondaky barça zatlaryň azamatyna yşarat edip ynsanyň barlyk baradaky bilimi gaty çäklidir sebäbi egerde deňizler dewata öwrülseler we agaçlar galama öwrülseler olara Allanyň ýaradan zatlarynyň adyny ýazyp tüketmek başartmaz diýip aýdýar. Biz ynsanlaryň ýanynda kelemeler , bir matlaby beýan etmek üçin işe alynýandyrlar we ynsanlar bir matlaby beýan etmekde kelemelerden haýyrlanýandyrlar ýöne bu aýatda beýan bolan ylahy kelemelerden maksat Allanyň soňy bolmadyk ylmyny we gudratyny bildirýän barlykdaky närselerdir . alymlar bir zady ýazmak üçin umuman galam bilen kagyzdan peýdalanýandyrlar ýöne Allanyň ylmynyň çägi ýokdur we ýer ýüzündäki bütin agaçlar galama öwrülseler ýada deňizleriň suwlary dewata öwrülseler şondada olar , Allanyň ylmyny kagyzyň ýüzüne ýazyp tüketmeklige ýeterlik däldir we bu galamlar we dewatlar bilen Allanyň beren nygmatlaryny sanap tükedip bolmaz.

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- barlyk onuň syrlaryna göz ýetirerden gaty olydyr. onda älem- jahany öz kiçi gözümiziň gözeneginden gözläp onuň hakynda pikir bermekden saklanalyň sebäbi şeýtsek gaty ýalňyşmagymyz mümkindir .

2- barlykdaky gopgunlaryň hemmesi älem- jahanyň ýekeje ýaradyjysynyň barlygyna şaýatlyk berýändir.

 

Lukman süresi, 28-nji aýat :

مَّا خَلْقُكُمْ وَلَا بَعْثُكُمْ إِلَّا كَنَفْسٍ وَاحِدَةٍ إِنَّ اللَّهَ سَمِيعٌ بَصِيرٌ (28)‏

<< siziň baryňyzy ýaratmaklyk ( şeýlede ) ölümden soň diretmeklik (Allanyň ýanynda siziň biriňizi ýaradyp ölümden soň diretmek) mysalyndadyr we şübhesiz Alla görgiç we eşitgirdir.>>

Gurany kerim geçen aýatda barlygyň we Allanyň ýaradan zatlarynyň azamatyny beýan etmekden soň bu aýatda Allanyň tükeniksiz gudratyna yşarat edip : Allanyň ýanynda bir ynsany ýaratmaklyk bütin ynsanlary ýaratmaklyk bilen parh edýän däldir we onuň gudratynyň ýanynda kynçylygyň we aňsatlygyň şeýlede azlygyň we köplügiň manasy ýokdur.

Ynsanlaryň dünýäde ýaradylmaklary dälde eýsem olaryň ölmeklerinden soň kyýamatda ýaňadan dirildilmekleri hem Allanyň ýanynda kyn zat däldir we Allanyň gudratynyň ýanynda bu zatlaryň kynçylygy bolmaz hatda bu zatlaryň köplügi hem Allanyň ýanynda kynçylyk däldir we Alla her bir zady yrada etse şony edip biler.

Gurany kerim bu aýatyň dowamynda : Alla ynsanlary gaýtadan direltmegiň ýany bilen barça zatlary görýändir we eşidýändir we kyýamatda hem öz bendeleriniň işlerine doly ägälik bilen ýetişiklik etjekdir we her kimse amallaryna laýyklykda jeza ýada serpaý berjekdir diýip aýdýar .

Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary:

1- zaman we mekan ýaly zatlar ynsanlara çäklik döredip bilýändirler ýöne bu zatlaryň Allanyň gudratynyň we ylmynyň ýanynda hiç täsiri ýokdur . Allanyň ýanynda bir ynsany ýada bir Milýart ynsany ýaratmaklygyň hiç tapawuty ýokdur . ikiside birdir.

2- egerde Alla biziň bütin amallarymyzy görýär we bütin sözlerimizi eşidýär diýen ynanja ýetsek, öz amalmyza köpräk habardar bolup azgynçylyk belasyndan özümizi gorap biljekdiris .

 

/////////////