Jan 01, 2018 12:29 Asia/Ashgabat

bölüm,750,süre lukman,aýat 29-34

برنامه راهی بسوی نور( (750

Lukman sürüsi, 29 we 30-njy aýatlar :

أَلَمْ تَرَ أَنَّ اللَّهَ يُولِجُ اللَّيْلَ فِي النَّهَارِ وَيُولِجُ النَّهَارَ فِي اللَّيْلِ وَسَخَّرَ الشَّمْسَ وَالْقَمَرَ كُلٌّ يَجْرِي إِلَى أَجَلٍ مُّسَمًّى وَأَنَّ اللَّهَ بِمَا تَعْمَلُونَ خَبِيرٌ (29) ذَلِكَ بِأَنَّ اللَّهَ هُوَ الْحَقُّ وَأَنَّ مَا يَدْعُونَ مِن دُونِهِ الْبَاطِلُ وَأَنَّ اللَّهَ هُوَ الْعَلِيُّ الْكَبِيرُ (30)

<< görmediňmi ? Allanyň gijäni gündize we gündizi bolsa gijä goşýanyny – we güni aýy eýelendi, olaryň her gaýsy belli wagta deň hereketdedirler. dogrudanda Alla siziň her bir işiňizden habarlydyr.// bu bolsa Allanyň ber-haklygyny we ondan gaýry çagyrylýan zatlaryň batyldygyny subut edýändir we takyk Alla uly we beýikdir.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Allanyň ylmy we gudraty , barlygy gurşap alandyr bu bolsa Allanyň kyýamatda ynsanlary gaýtadan direldip bilmegine gowy delildir . Gurany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda Allanyň gudratynyň ýene bir tarapyna yşarat edip müminlere we yslam pygamberine ýüzlenmek bilen : gije- gündiziň uzalyp gysgalmagy we ýylyň boýunda Dört paslyň amala gelmekleri bu zatlar öz özünden bolýan däldir eýsem onuň yzynda ylmyna we gudratyna ýetip bolmajak bir güýçliň barlygyny mälim edýändir diýip beýan edýär. guran kerim bu aýatlaryň dowamynda aýtýar : diňä bir ýer dälde isem aý we gün hem allanyň yradasyndan çykyp bilýän däldirler we ýer ýüzündäki ýaşaýşyň dowamatynda aýgytly roly bolan bu şarlar ynsana we barça janly zatlara gowy ýaşaýyş şertlerini döredip bilerler ýaly hereket etýändirler we bu şarlaryň allanyň yradasy bilen hereket etmekleri hem belli bir zat we ahyr zaman bolanda bu şarlaryň hereketleri nyzamdan duşup kyýamat gopjakdyr.

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- Allany tanamagyň ýollarynyň birisi-de Guranyň nygtaýşy ýaly älem- jahanyň syrlaryna içgin ser etmeklikdir .

2- älem- jahanyň düzgüni we asmanlyk şarlaryň hereket edişleri öňden belli edilendir.

3- Taňry tagala üýtgemez hemişelik hakykatdyr we älem- jahan öz barlygyny ondan alandir we Allanyň bolmadyk ýerinde hiç zat hem bolup bilmez.

Lukman süresi, 31 we 32-nji aýatlar:

أَلَمْ تَرَ أَنَّ الْفُلْكَ تَجْرِي فِي الْبَحْرِ بِنِعْمَتِ اللَّهِ لِيُرِيَكُم مِّنْ آيَاتِهِ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ لِّكُلِّ صَبَّارٍ شَكُورٍ (31) وَإِذَا غَشِيَهُم مَّوْجٌ كَالظُّلَلِ دَعَوُا اللَّهَ مُخْلِصِينَ لَهُ الدِّينَ فَلَمَّا نَجَّاهُمْ إِلَى الْبَرِّ فَمِنْهُم مُّقْتَصِدٌ وَمَا يَجْحَدُ بِآيَاتِنَا إِلَّا كُلُّ خَتَّارٍ كَفُورٍ (32)

<< görmeýärmiň? Gämiler Allanyň nygmatlarynyň saýasynda deňizlerde hereket edýändirler ( belki Alla onuň üsti bilen ) özüniň gudratynyň bir bölegini size görkezjek bolýandyr? Şübhesiz bu zatda sabyrly şükürli adamlar üçin nyşanalar bardyr.// we haçanda kölege salyp duran bulutlar ýaly bir güýçli tolkun olaryň üstüne gelende olar dinlerinde yhlas görkezip Allany ýatlaýandyrlar we haçanda kenara çykyp ( gaýdan ) gutulanlarynda olaryň käleri orta miýana ýoldan hereket ederler ( we käleri bolsa azarlar ) we ähdinde tapylmaýan nä-şükür adamlardan aýry hiç kim biziň nyşanalarymyzy inkär etmez.>>

Gurany kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda ynsan we jahan bilen baglanşykda Allanyň ýene Iki nyşanasyna yşarat edip aýdýar : gämileriň deňizleriň ýüzünde ýüzüp ynsanlary we ýükleri bir mekandan ýene bir mekana ýetirmekleri Allanyň gudratynyň nyşanalaryndandyr. häzirki dünýäde hem ynsanlaryň ýolagçylyga gitmekleri üçin ýada öz ýüklerini bir ýerden ýene bir ýere äkitmekleri üçin gyr we howa ýollar ýaly täze- täze ugurlaryň bolmagyna garamazdan ynsanlar deňiz ýollaryň arzanlygy üçin heniz hem bu ýoldan ýaýbaň suratda haýyrlanyp durandyrlar .

Gurany kerim deňiz ýollary ynsanlar üçin bir nygmat bilmek bilen bu aýatlarda ynsanlaryň deňizlerde gabat gelýän ýagdaýlarynyň birsine yşarat edip : ynsanlar haçanda deňizlerde oly bir gaýa ýada tupana gabat gelenlerinde yhlas bilen Allany ýatlap ondan kömek soraýandyrlar diýip aýdýar .elbetde näşükür ynsanlar haçanda bu ýagdaýdan sag- aman galanlary soň olary bu ýagdaýdan halas eden Allany unutýandyrlar hatda kä wagtlar hem ony inkär edýändirler şondan gelende şeýle bir ýagdaýa uçran ynsanlaryň bu hadysadan aman galmaklarynda soň alla bolan imanlarynyň güýçlenýänleri hem az däldir bu ynsanlar mümin ynsanlardyrlar .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-    Allanyň ýaradan zatlaryna dykgat bilen ser etmelidiris -deňizler , derýalar we ummanlar - olara dykgat bilen ser edilen ýagdaýynda ynsanlaryň Allany tanamaklaryna şert döredip biljekdirler.

2-    Ynsanlaryň Alla bolan ymtylmalary ýaradylyşda olaryň durkunda goýlan zatdyr , bu arada kä wakalar we hadysalar ynsanlardaky bu ymtylyşy güýçlendirip ýada oýandyryp bilýändir.

3-    Kä ynsanlaryň Alla bolan imanlary hemişelikdir we käleriň imanlary hem wagtlaýyndyr.

Lukman süresi, 33 we 34-nji aýatlar:

يَا أَيُّهَا النَّاسُ اتَّقُوا رَبَّكُمْ وَاخْشَوْا يَوْماً لَّا يَجْزِي وَالِدٌ عَن وَلَدِهِ وَلَا مَوْلُودٌ هُوَ جَازٍ عَن وَالِدِهِ شَيْئاً إِنَّ وَعْدَ اللَّهِ حَقٌّ فَلَا تَغُرَّنَّكُمُ الْحَيَاةُ الدُّنْيَا وَلَا يَغُرَّنَّكُم بِاللَّهِ الْغَرُورُ (33) إِنَّ اللَّهَ عِندَهُ عِلْمُ السَّاعَةِ وَيُنَزِّلُ الْغَيْثَ وَيَعْلَمُ مَا فِي الْأَرْحَامِ وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ مَّاذَا تَكْسِبُ غَداً وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ بِأَيِّ أَرْضٍ تَمُوتُ إِنَّ اللَّهَ عَلِيمٌ خَبِيرٌ (34)

<< eý adamlar ! Alladan gorkyň we hiç bir ataň oglunyň dadyna we hiç bir ogluň bolsa ataň dadyna ýetmejek günlerinden gorkyň . şübhesiz Allanyň beren wadasy hakdyr . onda dünýäň ýaşaýyşy sizi aldawa salmasyn we hilegär ( Şeýtan) sizi Allanyň ( ýalkawyna) aldamasyn // şübhesiz kyýamat gününiň zamanyny diňä Alla bilýändir we oldyr ýagyşy ýagdyrýan ol ( eneleriň ) garynlarynda göterýän zatlaryndan habarlydyr we hiç kim erti näme gazanç etjekdigini bilmez we haýsy ýerde ölüp galjakdygyny bilmez . şübhesiz Alla bilimli we ägädir .>>

Lukman sürüsiniň iň soňky aýatlary bolan bu aýatlarda Gurany kerim bütin ynsanlary takwaly bolmaklyga we Alladan gorkmaklyga çagyryp : dünýäde bir içeri-maşgaladaki adamlar gerek bolan ýerinde bir- birlerine kömek berip bilýändirler ýöne kyýamatda ýagdaý başgaçadyr we hiç kim hiç kimiň dadyna ýetişip bilmez ene- ata , ogul- gyzynyň dadyny ýetişip bilmezler we ogul- gyz hem ene- atasynyň dadyna ýetişip bilmezler, şol günde her kim öz başy bilen gaý bolar onda men palan kesiň ogul- gyzy diýip öz ene- atamyza buýsanmaklykdan kyýamatda peýda ýokdur . kyýamatda diňe ýagşy amal ynsanyň golundan tutjakdyr . Alla bolsa hemme zatdan habarlydyr, biziň eden etmişimizi özi ýagşy bilýändir, kyýamatyň haçan gopjakdygyny hem bilýändir şeýlede ynsanyň nirede ölüp galjakdygyny we bir zenanyň göwresinde göterýän çagasynyň ýagdaýyndan doly habarlydyr onda hiç bir ynsan “Alla meniň ýaşryn işlerimden habarly däldir” diýen gümanda bolmaly däldir.

 

 Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-    Kyýamat gününde guda- garyndaşdan ynsana hiç peýda ýetmez hatda ene- ata hem öz perzentleriniň dadyna ýetişip bilmezler.

2-    Kyýamatyň gopjak zamanyny bilmesek-de onuň hakdygyna hiç şek şübhe ýokdur. Diňe Alla onuň zamanyny bilýändir.

3-    Dünýä hilegärdir we ynsanyň kyýamatda gapyl galmagyna sebäp bolýandyr.

///////////////