bölüm 890, süre fussilat, aýat 19-23
bölüm 890, süre fussilat, aýat 19-23
راهی بسوی نور(890)
Fussilät süresi, 19 we 20-nji aýatlar :
وَيَوْمَ يُحْشَرُ أَعْدَاء اللَّهِ إِلَى النَّارِ فَهُمْ يُوزَعُونَ (19) حَتَّى إِذَا مَا جَاؤُوهَا شَهِدَ عَلَيْهِمْ سَمْعُهُمْ وَأَبْصَارُهُمْ وَجُلُودُهُمْ بِمَا كَانُوا يَعْمَلُونَ (20)
<< haçanda allanyň duşmanlary üýşürilip oda tarap äkidilen mahallary olaryň öňi alynar ( tä beýlekiler hem ollara biriksinler) // haçanda oda ýetenlerinde , olaryň gulaklary , gözleri we dilleri olaryň eden etmişlerine şaýatlyk bererler . >>
Geçen gepleşikde zalymlaryň we günäkär adamlaryň çekjek jezalary hakynda gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatlarda bolsa şol gürrüňiň dowamynda ýaňky adamlaryň ahyretde görjek azaplary barada gürrüň gozgap aýdýar : asmanlyk pygamberleriň we olaryň getiren taglymatynyň garşysynda durýan adamlar aslynda allanyň duşmanlarydyrlar. oňa görä kyýamatda olara , ýazyklary subut bolup türmä tarap äkidilip barýan jenaýatkärler höhmünde Tamug oduna tarap äkidiljekdirler . elbetde şeýle bir adamyň özüni ýazyksyz görkezjek bolup bu ýagdaýdan şikaýar etmegi bir tebigy zatdyr.
Gurhan kerim bu hili adamlar hakynda ýene aýdýar : olar Dowzaha ýakyn baranlarynda olaryň beden agzalary onuň tersine şaýatlyk berjekdirler, şonda bu günäkär adamlar özlerine bildirlen ýazyklary ret edip bilmezler, sebäbi olaryň tersine şaýatlyk beren närseler , gije- gündiz olaryň amallaryna şaýat bolan beden agzalarydyr . kyýamatda ynsanyň beden agzalarynyň onuň tersine güwälik bermekleri ynsanyň amallarynyň we sözleriniň ynsanyň beden agzalarynda unudylman saklanylýandygyny subut edýändir . aslynda kyýamatda günäkär adamlar üçin uly reswalyk güni boljakdyr, ol günde ynsanyň bütin agzalaryna dil bitip onuň ýaşryn syrlarynyň üstüni açjakdyrlar, şonda günäkär adamlar gaty gorkyp alada galjakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kapyrlyk we şyrkyň özüne görä derejeleri bardyr kä mahallar kapyrlyk we şirk güýçli bolan ýagdaýynda bu zatlar ynsany alla bilen duşman bolmaklyga iterýändirler .
2-Alla bilen duşmançylyk edýän adam bolsa onuň pygamberleri we iýberen kitaplary bilen hem duşmançylyk etjekdir.
Fussilät süresi, 21 , 22 ,we 23-nji aýatlar :
وَقَالُوا لِجُلُودِهِمْ لِمَ شَهِدتُّمْ عَلَيْنَا قَالُوا أَنطَقَنَا اللَّهُ الَّذِي أَنطَقَ كُلَّ شَيْءٍ وَهُوَ خَلَقَكُمْ أَوَّلَ مَرَّةٍ وَإِلَيْهِ تُرْجَعُونَ (21) وَمَا كُنتُمْ تَسْتَتِرُونَ أَنْ يَشْهَدَ عَلَيْكُمْ سَمْعُكُمْ وَلَا أَبْصَارُكُمْ وَلَا جُلُودُكُمْ وَلَكِن ظَنَنتُمْ أَنَّ اللَّهَ لَا يَعْلَمُ كَثِيراً مِّمَّا تَعْمَلُونَ (22) وَذَلِكُمْ ظَنُّكُمُ الَّذِي ظَنَنتُم بِرَبِّكُمْ أَرْدَاكُمْ فَأَصْبَحْتُم مِّنْ الْخَاسِرِينَ (23)
<< we olar öz derilerine ( beden agzalaryna ) ýüzlenip : näme üçin biziň tersimize güwälik berýärsiňiz diýip aýdarlar . ( olar ) aýdarlar : her bir zady gepledip bilýän alla bizi gepletdi we ol ilki sapar sizi ýaratdy we soň hem oňa tarap dolanjaksyňyz" diýip .// We siz bir wagt , göz - gulaklaryňyz we derileriňiz siziň tersiňize güwälik beramasynlar diýip ( günäleriňizi ) basyrmaýardyňyz, eýsem alla siziň eden etmişiňizden bihabardyr oýdip günä işleriňizi basyrýardyňyz // we siziň alla baradaky bu nädogry gümanyňyz sizi heläk etdi we siz zyýankärlerden bolduňyz . >>
Ynsanyň beden agzalarynyň günäkär adamyň tersine şaýatlyk bermegi bilen ol adamlar ruswa boldylar netijede günäkär adamlar ruswa boldylar netijede günäkär adamlar öz beden agzalaryna gaharlanyp näme üçin meň tersime guwalyk berýärsiňiz ? siz , meniň el aýagym , gözüm , gulagym we tenim dälmi siňiz ? we men size uzak ýyllar göz- gulak bolmadymmy diýip aýtjakdyrlar şonda günäkär adamyň beden agzalry oňa berik jogap berip : biz allanyň emri bilen gepleýäris , biz sizi dünýäde ýaradyp ahyretde hem size ýaňadan jan beren allanyň islegi bilen şaýatlyk berýäris, alla her bir zady gepledip bilýär, bu gün hem bize geplemek gudratyny bagyş etdi diýip aýtjakdyrlar . ýene aýdarlar : dünýäde size allanyň barlygyndan we onuň her bir zatdan ägädiginden we allanyň ýanynda hiç bir zadyň basyrgyly däldiginden habar berildi ýöne siz ynanmadyňyz we siziň eden etmişiňizden alla habarsyzdyr oýtdiňiz şeýlede biz siziň işleriňize we amallaryňyza güwälik bereris diýip güman etmediňiz we allanyň siziň içki syrlaryňyzdan habarlydygyny we allanyň garawullarynyň siziň amallaryňyzy göz astyna alyp ýörändiklerini bilmeýärdiňiz, aslynda biz, siziň beden agzalaryňyz hasaplanýan, siziň amallaryňyza hemişe şaýatdyk, her halda siziň alla baradaky nädogry düşünjäňiz sizi heläkçilige uçratdy we bu gün siz zýankärlerden bolduňyz diýip kyýamatda ynsanyň beden agzalary aýtjakdyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň asyl maýasy we hakykaty onuň ruhydyr, jisim ýöne bir ruhyň erkinde goýlan bir abzaldyr, oňa görä kyýamatda ynsanyň beden agzalary onuň tersine güwälik berip biljekdirler.
2- kyýamatda şaýatlar şeýle bir dykkat bilen güwälik berjekdirler weli olary inkär ýada ret edip boljak däldir .
3- ynsanyň beden agzalaryndan we onuň töweregindäki zatlardan görme göze ses çykmasada alla yrada eden ýagdaýynda olar ynsanyň tersine şaýatlyk berip biljekdirler .
4- Günäkär adamlar kyýamatda öz beden agzalarynyň şaýatlyk berjekdiklerini ynanmazlar şonuň üçin hem olar günä etmeklige jürhet tapýarlar, emma ynsan özüni hemişe allanyň huzurynda gürse ol hergiz günä işe ýakynlaşmaz .
5- alla barada nädogry düşünje şeýlede allany dogry tanamazlyk, ynsanyň zyýankär bolup heläkçiligä uçramagynyň asly sebäpkäridirler.
//////////////