Jun 14, 2021 14:16 Asia/Ashgabat

bölüm 892, süre fussilat, aýat 29-30

راهی بسوی نور(892)

 

Fussilät süresi , 29-njy aýat :

وَقَالَ الَّذِينَ كَفَرُوا رَبَّنَا أَرِنَا الَّذَيْنِ أَضَلَّانَا مِنَ الْجِنِّ وَالْإِنسِ نَجْعَلْهُمَا تَحْتَ أَقْدَامِنَا لِيَكُونَا مِنَ الْأَسْفَلِينَ (29)‏

<< we kapyrlar aýtdylar : bar hudaýa ! yns we jyn toparlaryndan bizi gumra eden kimseleri bize görkez ta olary aýaklarymyzyň astynda depeläli , ( şeýdipde ) olaryň iň pes kimselerdiklerini bildireli . >>

Geçen gepleşikde , halky gurhanyň aýatlaryny eşitmekden alyp galýan kapyrlar hakynda gürrüň etdik . gurhan kerim bu aýatda şol gürrüňiň dowamynda aýdýar : bu kapyrlaryň gepine aldanyp gumra bolan ynsanlar kyýamatda allanyň dergähinde arza gozgap özleriniň gumralyga uçramaklaryna sebäp bolan hilegär şeýtan sypatly adamlara dowzahyň iň ýaramaz mekanynda orun bermegi alladan dilejekdirler . şeýlede olar alladan özleriniň gumralyga uçramaklaryna sebäp bolan bu kimseleri aýak astynda goýup depelemegi dilejekdirler .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- kapyrlar kyýamatda öz eden edmişlerini we azgynçylygyny basyrjak bolup ýada olary başgalaryň üstüne oklajak bolup tagalla etjekdirler .

2- ynsanyň gumralyga uçramagyna köp zatlar sebäp bolýandyrlar. mümkin hilegär adamlar ýada şeýtanlar, ynsany gumra edip dogry ýoldan çykarsynlar .

3- dünýedäki azgyn we kapyr ýolbaşçylar özgelere agalyk etmek bilen olary gumralyga tarap çekýändirler, olaryň yzyna düşen adamlar kyýamatda olary aýak astyna alyp depelemegi arzuw etjekdirler.

Fussilät süresi, 30-njy aýat :

إِنَّ الَّذِينَ قَالُوا رَبُّنَا اللَّهُ ثُمَّ اسْتَقَامُوا تَتَنَزَّلُ عَلَيْهِمُ الْمَلَائِكَةُ أَلَّا تَخَافُوا وَلَا تَحْزَنُوا وَأَبْشِرُوا بِالْجَنَّةِ الَّتِي كُنتُمْ تُوعَدُونَ (30)

<< şübhesiz , alla biziň perwerdigärimizdir diýip şol ýolda gaýym duran kimselere perişdeler inip : gorkmaň we gam bolmaň wada berlen behişdi size buşlaýarys diýip aýdarlar . >>

Özleriniň haý höwesleriniň we lezzetleriniň yzynda bolan kapyrlaryň we gumra adamlaryň garşysynda bir topar adam bardyr weli olar diňe pygamberleriň çakylygyna lebbi diiýändirler, olar diňe alla iman getirip alladan gaýry hiç zada üns berýän däldirler. olar : bar hudaýa sen biziň perwerdigärimizsiň diýýändirler we özleriniň bu ygtykatlarynyň üstünde hem berk durýandyrlar , dünýäniň geler- geçer wadalaryna üns bermän allanyň beren wadalaryna gaýym ýabyşýandyrlar şonuň üçin hem öz dini borçlaryny ýerine ýetirmekde hiç bir zat bu adamlaryň öňüne geçip bilýän däldir .

Elbetde özlerini mömin hasaplap amalda imanlarynda tapylýan adamlar hem bardyr. olaryň imanlary gowşakdyr , gara nepisleriniň we haý höwesleriniň garşysynda durup bilýän däldirler, azajyk peýda üçin hatda imandan hem geçýändirler . bu adamlar , öz gara nepisleriniň döst- ýarlarynyň we gowum- garyndaşlarynyň ýaramaz islegleriniň garşysynda durup bilýän däldirler , elbetde bu arada gaty az adam hem duşmanyň haýbatyndan we howpundan gorkman allanyň bendeliginde dogry tapylyp bilýändir .

Her halda allanyň ber karar edip goýan kadasy, hakyky möminleri haýsydyr bir ýoldan goldamaklykdyr we hakyky möminleriň gursagyna hatyrjemlik bagyş etmeklikdir . allanyň bagyş edýän bu hatyrjemligi bilen mömin adamyň gorkysy dökülip gelejege bolan umydy ardýandyr, gam- gussa ýüreginden sowulýandyr, perişdeler hem olara behişdiň buşlugyny berýändirler . şübhesiz perişdeleriň bu buşlugy mömin adamyň ruhuna we janyna ornap ony her hili hatadan we azgynçylykdan alyp galýandyr . aslynda mömin adam özüniň gara nepsine esewan bolmak bilen öz imanyna goldaw berip özüni her hili hatadan aman saklaýandyr. alla hem ahyretde mömin adamyň dünýäde çeken zähmetiniň we horlugynyň ýerini artykmaçlygy bilen dolduryp oňa behiştden serpaý berýändir .

Guehan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- mümkinde möminleriň dostlary dünýäde az bolsun ýöne bütin perişdeler olaryň dostydyrlar we dünýäde we ahyretde olary goldajakdyrlar .

2- behişdiň lezzetleri diňe maddy we jismi lezzetlerde çäklenýän däldirler eýsem ynsana lezzet berip bilýän her bir zat ol ýerde ynsan üçin üpjün edilendir, şübhesiz behişt ähliniň naz- nygmatlaryndan aljak lezzetleri we hoşluklary ynsanyň tanaýan maddy lezzetlerinden az däldir .

3- alla tagala behişt ähline özüniň rahmaty we magfyraty esasynda çemeleşýändir, bu bolsa taňry tagalanyň behiş ähline bolan lotfy keremini görkezýändir .

//////////////