Jan 06, 2018 17:28 Asia/Ashgabat

bölüm,751,süre Sežde,aýat 1-6

برنامه راهی بسوی نور( (751

 

Sežde süresi:

Lukman sürüsiniň tefsiriniň soňlamagy bilen bu gepleşikden , Gurany kerimiň sežde süresiniň gürrüňlerine girişýäris . sežde süresi Gurany kerimiň 32-nji süresi bolup ol Mekgede yslam pygamberine inenseň , Guranyň Mekgi süreleriniň hatarynda ýerleşýändir .

 

Sežde süresi, 1- 2 we 3-nji aýatlar :

الم (1) تَنزِيلُ الْكِتَابِ لَا رَيْبَ فِيهِ مِن رَّبِّ الْعَالَمِينَ (2) أَمْ يَقُولُونَ افْتَرَاهُ بَلْ هُوَ الْحَقُّ مِن رَّبِّكَ لِتُنذِرَ قَوْماً مَّا أَتَاهُم مِّن نَّذِيرٍ مِّن قَبْلِكَ لَعَلَّهُمْ يَهْتَدُونَ (3)

 << älif , läm , mim// ( ber haklygyna) şübhe bolmadyk bu kitaby inderdik ( bu kitap ) älem- jahanyň perwerdigäri tarapyndandyr // olar ( müşrikler ) ( muhammet ) bu kitaby öz ýanyndan ýasapdyr diýip aýdýarlarmy ? ( beýle däldir ) eýsem bu kitap hakdyr we seniň Rebbiň tarapyndandyr belki , onuň üsti bilen -senden ozal duýduryş berijini görmedik halka duýduryş bere ýaly- belkide ( olar seniň duýduryşyň bilen ) hydaýat bolsynlar.>>

Gurany kerimiň 29 süresi Mukatte’e haryplar bilen başlanypdyr. şol sanda Bakara süresi we sežde süresi älif. läm. Mim-den ybarat bolan mukatte’e haryplar bilen başlanandyrlar .

Gurany kerimiň bu süresiniň ikinji aýatynyň mazmuny , bu mukatte’e harplaryň Gurany bilen baglanşykdadyklaryny mälim edýär. belkide bu süreleriň başynda gelen bu mukatte’e harplar bilen , yslam pygamberiniň hemişelik mugjyzasy bolan Gurany kerimiň şu hili bir ýöneki harplardan düzülendigini bildirjek bolýandyr . Gurany kerimiň aýatlary hakyň özünden gözbaş alandyr ýöne şondan gelende kapyrlar we müşrikler, bu aýatlary yslam pygamberi öz ýanyndan düzendir we onuň Alla bilen hiç hili baglanşygy ýokdur diýip yslam pygamberne töhmet ýapandyrlar . emma Gurany kerimiň bu aýatynyň nygtaýşy ýaly yslam pygamberi diňe duýduryş beriji pygamber bolandyr we bu aýatlar hem onuň ýasan zady dälde eýsem Allanyň iberen zatlary bolandyr.

 

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- müňkirler elmydam guranyň ber haklygyna şöphe girizjek bolup tagalla edendirler ýöne guranyň ber haklygynda hiç şek , şöphe ýokdyr sebäbi ol allnyň tarapyndan inen kitapdyr.

2- guran kerim , şerigat kitabidir we ony , barlygyň we ýaradylmyş düzgünniň eýesi allanyň özi düzendir.

3- pygamberleriň iberilmeklerniň asly maksatlarnyň birside halky erbetliklerden saklap ýaramazlyklar barada olara duýduryşyň berilmegi bolandyr.

 

Sežde süresi, 4-nji aýat:

اللَّهُ الَّذِي خَلَقَ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضَ وَمَا بَيْنَهُمَا فِي سِتَّةِ أَيَّامٍ ثُمَّ اسْتَوَى عَلَى الْعَرْشِ مَا لَكُم مِّن دُونِهِ مِن وَلِيٍّ وَلَا شَفِيعٍ أَفَلَا تَتَذَكَّرُونَ (4)

<< Alla , gökleri , ýeri we olaryň arasyndaky barça zatlary Alty günde ýaradyp soň Arşa ulaşan ( Taňry )dyr. Size ondan başga hiç bir kömekçi we şepagatçy bolmaz onda ybrat almaýarsyňyzmy? >>

Gurany kerimiň ozalky aýatlary , Guranyň Alla tarapyndan inmegi barada bolandyr . emma bu aýat bolsa ýaradylyşa yşarat edýändir. ýaradylyşda Allanyň hiç bir şärigi we kömekçisi bolan däldir. Guranyň aýatlaryny indermekde Allanyň şärikleriniň bolmaýşy ýaly ýaradylyşda hem Allanyň hiç bir şärigi bolan däldir we gökleri , ýeri we olaryň arasyndaky barça zatlary Allanyň bir özi ýokdan bara getirendir.

Gurany kerimiň aýatlarynyň 23 ýylyň boýunda yslam pygamberine ýuwaş- ýuwaşdan inşi ýaly Taňry tagala barlygy-da Alty günüň boýunda döredendir. gynansakda ynsanlaryň arasynda älem- jahanyň asly eýesi bolan Alla tagala bendelik etmegiň ýerine onuň bendelerine ýada Allanyň ýaradan bileki zatlaryna bendelik edip ýörän ynsanlar hem bardyr, belkide olaryň sany hem köpdür . bu hili ynsanlar Alladan başgalardan kömege we şepagata garaşýandyrlar . emma diňe Alla we Allanyň rugsaty bilen onuň öwliýalary ynsana kömek berip ynsanyň dadyna ýetişip bilýändirler.

 

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- barlygyň işlerine diňe ony halk eden çäre görüp biler oňa görä işleriň çäresini Alladan dilemelidiris .

2- ynsan gaflat etmez ýaly Allanyň oňa beren nygmatlaryny elmydam ýatlap durmalydyr.

 

Sežde süresi, 5 we 6-njy aýatlar :

يُدَبِّرُ الْأَمْرَ مِنَ السَّمَاءِ إِلَى الْأَرْضِ ثُمَّ يَعْرُجُ إِلَيْهِ فِي يَوْمٍ كَانَ مِقْدَارُهُ أَلْفَ سَنَةٍ مِّمَّا تَعُدُّونَ (5) ذَلِكَ عَالِمُ الْغَيْبِ وَالشَّهَادَةِ الْعَزِيزُ الرَّحِيمُ (6)

<<>>

Barlyk düzgüniniň işlerine Allanyň çäre görmegi barada bolan öňki aýatlaryň dowamynda Gurany kerim bu aýatlarda ýene bir gaýtar Allanyň barlygyň işlerine çäre görýänligini ýatlap : barlygyň bütin işleri – asmandan tut ýere çenli – Allanyň elindedir we Alla olara çäre görýändir, kyýamatda hem siziň bütin işleriňiz Alla tarap dolanjakdyr we hiç bir zat onuň gudratynyň we ylmynyň astyndan çykyp biljek däldir diýip aýdýar.

Bir güni müň ýyla barabar bolan günden maksat şol kyýamat günidir we şol günde Alla tagala ynsanlaryň dünýäde eden ýagşy – ýaman işlerine mizan - tereziniň başynda ýetişiklik etjekdir.

 

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- dünýäni ýaradan bilen onuň işlerine çäre görýän zat bir zatdyr. olda Alladyr . hakyky towhyt , bütin işleriň çäreleriniň Alla dolanýanlygyna ynanmaklykdyr.

2- Alla özüniň soňy bolmadyk ylmy bilen älem - jahanyň we ýaradylyşyň işlerine çäre görýändir.

3- Allanyň ylmynyň ýanynda äşgär ýada basyrgyly zat bolmaz. Alla hemme zatdan habarlydyr.

 

///////////////