Jan 06, 2018 17:33 Asia/Ashgabat

bölüm,752,süre Sežde,aýat 7-9

برنامه راهی بسوی نور( (752

 

Sežde süresi, 7 we 8-nji aýatlar

 الَّذِي أَحْسَنَ كُلَّ شَيْءٍ خَلَقَهُ وَبَدَأَ خَلْقَ الْإِنسَانِ مِن طِينٍ (7) ثُمَّ جَعَلَ نَسْلَهُ مِن سُلَالَةٍ مِّن مَّاء مَّهِينٍ (8)

<<

  1.  

    Geçen gepleşikde Gurany kerimiň aýatlary  ýer gögüň ýaradylşy we  olaruň işlerine Allanyň nähili çäre görüşi barada maglumat berdi  , ýöne Guranyň bu aýatlary Iki nokata yşarat edýär : birinji nokat , Alla haýwanlardan , ynsandan , ösümliklerden we jematlardan her ne ýaradan bolsa olary iň gözel suratda ýaradandyr we olaryň ýaradylyşynda hiç hil nogsanlyk ýokdur .

    Ikinji nokat bolsa , Gurany kerim bu aýatlarda dünýädäki bütin närseleriň arasyndan ynsanyň adyny öz başyna tutýar , sebäbi Alla tagala adamy toprak bilen suwdan ýaradandyr soň onuň nesiliniň dowamatyny zenanyň  göwresinde amala gelýän nütfede goýandyr  .

    Ýeri gelende aýdar bolsak ynsanyň nütfesi görme göze bir porsy suwdan amala gelýändir , ýöne şol porsy suwda bir selluluň gerek bolan bütin mätäçlikleri bardir we nütfäniň şol porsy suwdan edip amala gelşi Allanyň ylymynyň we gudratynyň azamatyny görkezýändir .

    Bu ýerde üns bermeli zatlaryň birisi Darwynyň garaýşynyň tersine ynsanyň nesiliniň bir hili Şampanzadan dälde eýsem adamdan we adamyň özüniň bolsa göni toprak bilen suwdan amala gelşidir. şu jähetden adam bilen onuň nesiliniň döreýşiniň arasynda tapawut bardyr.  adam göni suratda toprakdan amala gelendir , ýöne beýleki ynsanlar nütfeden amala gelendirler emma Darwynyň garaýşynda ilki ynsanlaryň hem ata – eneleri bolandyr we olaryň ata – eneleri bolsa şol Şampanzalar bolupdyrlar .

    Elbetde Gurany kerim başga ýerlerde hem şol sanda , Aly-emran süresiniň 59-nji aýatynda ,hezreti adam (a.s)-yň ýaradylşyny toprakdan bilip hezreti Isa (a.s)-yň hem  ýaradylşyny şol hezreti adamyň ýaradylşyna meňzeş bilendir we hezreti adamyň ata – enesiniň bolmaýşy ýaly hezreti Isanyň hem atasynyň bolmandygyny aýdandyr .

    Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

    1-    Barlyk düzgüni bir kämil düzgündir sebäbi ony, hikmetiň we ylmyň çeşmesi bolan Allanyň özi ýaradandyr .

    2-    Hakyky sungatçy Allanyň özüdir , sebäbi ol , bir damja porsy suwdan ynsan ýaly çylşyrymly närsäni ýaratmagy başarandyr .

    3-    Bir damja porsy suwdan ýaradylan ynsan , özüniň nähili ýaradylşyna üns berse , menliklener ýaly haly ýokdur .

    Sežde süresi, 9-njy aýat :

    ثُمَّ سَوَّاهُ وَنَفَخَ فِيهِ مِن رُّوحِهِ وَجَعَلَ لَكُمُ السَّمْعَ وَالْأَبْصَارَ وَالْأَفْئِدَةَ قَلِيلاً مَّا تَشْكُرُونَ (9)

    << Soň (Alla onuň 12 süňňüni) jaýma jaý ýaratdy we özüniň ruhundan oňa ruh bagyş etdy we size göz- gulaklar we ýürekler garar berdi . (ýöne) şondada siziň sanlyjaňyzdan başgaňyz şükür edýän dälsiňiz.>>

    Gurany kerim bu aýatda adamyň we onuň nesiliniň ýaradylşynyň tapgyrlaryna yşarat edip aýdýar : Alla , ynsanyň 12 endamyny ýer be ýer ýaratdy we oňa mäkäm jisim berdi soň oňa öz ruhundan ruh bagyş edip ony beýleki janly jandarlardan artykmaç etdi . ilki başda adamyň jisimi toprak bilen suwdan bejerildi , soň Allanyň yradasy bilen adamyň palçykdan ýasalan heýkeline jan berildi we onuň nesli hem nütfeden amala gelmeli boldy . bu ýerde üns bermeli zatlaryň biriside ynsana berlen ruhuň Allanyň özüne degişli bolmagydyr . bu sözden maksat Alla tagala ynsana beýleki janlylardan paryhly bolan ýaşaýyşy we ruhy bagyş edendir we şol ruh bilen hem Alla ynsanyň ornuny beýleki janly- jandarlardan artykmaç edendir.

    Beýleki janly-jandarlaryň we haýwanlaryň hem gözleri – gulaklary bardyr , ýöne Allanyň ynsanyň durkunda goýan ruhy onuň beýleki haýwanlardan artykmaç bolmagyna sebäp bolandyr . O näme şol ruhuň netijesinde , ynsan , ýokary akyl paýhasa eýe bolup her bir zady akyl – paýhas ölçegine salmak bilen egri- dogryny saýgarmagy başarandyr . hatda ynsan şol akyl paýhasyň üsti bilen tebigata häkim bolan kanunlary öwrenip tebigaty özüne boýun etmegi başarandyr. Şonuň üçin hem ynsanyň ýaşaýyşy ýylma ýyl özgerip barýandyr. Ýöne beýleki haýwanlaryň ýaşaýyşy müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilende hiç hili üýtgän däldir. Gurany kerim bu aýatda hakykaty öwrenmegiň abzallaryndan bolan göz-gulak ýaly nygmatlar uly nygmatlardyr we olar üçin her bir bende öz Taňrysyny Şükür etmäge borçlydyr ýöne gynanç bilen bu hili nygmatlar üçin öz Taňrysyna şukur edýän bendeleriň sany gaty azdyr.

    Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

    1-    Ynsanyň şerafatynyň we keramatynyň nyşanalarynyň birisi-de oňa Alla tarapyndan bir ylahy ruhuň bagyş edilmegidir.

    2-    Allanyň şükrüni berjaý kylmak üçin deslap özümizi we Taňrymyzy tanamalydyrys. Özüni tanamadyk Taňrysyny tanamaz we Taňrysyny tanamadyk kişi bolsa onuň şükrüni hem berjaý kylmaz.

    3-    Ynsan Iki taraply närsedir ynsanyň bir tarapy onuň jisimi bolsa onuň Ikinji tarapy ruhudyr. Ruh bolsa gaty möhümdir we ynsanyň magnewi tarapyna şekil berýändir. Şonuň üçin hem fazylatly adamlar özleriniň jisimi we maddy taraplaryndan haýyrlanyp özleriniň ruhy we magnewi taraplaryny ösdürýändirler. Ýöne fazylatsyz ynsanlar özleriniň magnewi taraplaryny unudyp diňe maddy mätäçliklerine ýetmek üçin tagalla edýändirler. Ş

     

    ///////////////