Jan 06, 2018 17:37 Asia/Ashgabat

bölüm,753,süre Sežde,aýat 10-14

برنامه راهی بسوی نور( (753

Sežde süresi, 10 we 11-nji aýatlar :

وَقَالُوا أَئِذَا ضَلَلْنَا فِي الْأَرْضِ أَئِنَّا لَفِي خَلْقٍ جَدِيدٍ بَلْ هُم بِلِقَاء رَبِّهِمْ كَافِرُونَ (10) قُلْ يَتَوَفَّاكُم مَّلَكُ الْمَوْتِ الَّذِي وُكِّلَ بِكُمْ ثُمَّ إِلَى رَبِّكُمْ تُرْجَعُونَ (11)‏

<<>>

Geçen gepleşikde ynsanyň nähili ýaradylyşyndan aýtdyk , Gurany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda ynsanyň ölümine yşarat edip : kyýamaty inkär edýän adamlar: ynsan ölüp topraga garylany soň kyýamatda jogap berer ýaly ýaňadan direlmez diýip aýdýandyrlar diýýär. Taňry tagala bu aýatlarda olaryň jogabynda : topraga garylyp ýok olýan zat ynsanyň ruhy dälde jisimidir biz bolsa kyýamatda  bu ruh üçin şol dargap giden jisimiň mysalyny ýaradyp bilýändiris diýip aýdýar . şeýlelik bilen ruhy ýok olmadyk ynsan täze jisimiň içinde täze ýaşaýyşy tapyp Mähşär meýdanynda häzir boljakdyr .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Kapyrlaryň inkär etmeklerine garamazdan kyýamatda ynsanyň ýaňadan ýaşaýyş tapmagy ruhy däldir eýsem ruhy we jisimidir .

2-    Ynsanyň hakykaty onuň jisimi däldirde eýsem ruhydyr , şonuň üçin hem bir ynsanyň bir eli ýada bir aýagy we ýada bir gözi ýok bolany bilen-de onuň ynsanlyk ornuna zere şikes ýetýän däldir .

Sežde süresi, 12-nji aýat :

 وَلَوْ تَرَى إِذِ الْمُجْرِمُونَ نَاكِسُو رُؤُوسِهِمْ عِندَ رَبِّهِمْ رَبَّنَا أَبْصَرْنَا وَسَمِعْنَا فَارْجِعْنَا نَعْمَلْ صَالِحاً إِنَّا مُوقِنُونَ (12)

<< (Kyýamatda) günäkär adamlary görersiňiz weli perwerdigärleriniň ýanynda başlaryny etek salyp : bar Hudaýa (wäde eden zatlaryňy) gördük we eşitdik onda ýagşy işleri eder ýaly bizi (dünýä) gaýtar , sebäbi indi biz hakykata göz ýetirdik diýip aýdarlar.>>

Geçenki aýatlar kapyrlaryň kyýamaty inkär etmeklerine degişlidi, Gurany kerim bu aýatda pygambere we möminlere ýüzlenip aýtýar : käşki kyýamatda başlary etek bolup dünýä dolanmagy Alladan haýyş edýän günäkärleri görsediňiz emä olaryň bu islegi Alla tarapyndan kanagatlandyrylmaz . şondada olar bu islegi dile getirýändirler , olar Behişti we dowzahy görüp Dowzah ähliniň ahy- perýadyny eşidenleri soň : bar Hudaýa indi kyýamaty inkär etmeris sebäbi ony öz gözümiz bilen gördük we onuň ber-haklygyna göz ýetirdik diýip aýtýarlar. ýöne olaryň kyýamaty ykrar etmekleri şonda peýda bermez sebäbi olar dünýäde pygamberleriň sözlerini eşitmändilermi? Olaryň mugjyzalaryny görmändirlermi? ýöne eşitseler-de eşitmedik ýaly boldular , görseler-de görmedik ýaly boldular we delilsiz pygamberleriň sözlerini eret edip özleriniň haý – höwesleriniň yzyna düşdiler .

Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

1-    Kyýamat güni günäkärleriň şerimsar bolup başlaryny egjek günleridir . olar dünýäde möminleri nadan diýip olara gülýärdiler .

2-    Möminler aňrydan görýändirler şonuň üçin hem olar şu dünýäde kyýamatyň be-haklygyna iman getirýändirler, Dowzahyň we Behiştiň ber-haklygyny ykrar edýändirler , emä kapyrlaryň gözleriniň we gulaklarynyň öňünden gaflat perdeleri kyýamatda sowulyp şol günde olar hakykat bilen ýüz-be -ýüz boljakdyrlar .

3-    Kyýamatda ynsanyň dadyna ýetjek zat ynsanyň şu dünýäde bitiren sogaply işleridir .

Sežde süresi, 13 we 14-nji aýatlar :

 وَلَوْ شِئْنَا لَآتَيْنَا كُلَّ نَفْسٍ هُدَاهَا وَلَكِنْ حَقَّ الْقَوْلُ مِنِّي لَأَمْلَأَنَّ جَهَنَّمَ مِنَ الْجِنَّةِ وَالنَّاسِ أَجْمَعِينَ (13) فَذُوقُوا بِمَا نَسِيتُمْ لِقَاء يَوْمِكُمْ هَذَا إِنَّا نَسِينَاكُمْ وَذُوقُوا عَذَابَ الْخُلْدِ بِمَا كُنتُمْ تَعْمَلُونَ (14)

<<>>

Gurany kerim bu aýatlarda ynsanyň hedaýatynyň meýletinlik bilen bolýandygyny we onda mejburlygyň ýokdygyny nygtap aýdýar : Taňry tagala  hedaýat esbabyny şol sanda asmanlyk kitaplary , pygamberleri we akyl paýhasy ynsanyň erkinde goýandyr . galany ynsanyň özüne baglydyr , her kim bu esbaplardan we sebäpkärlerden peýdalanyp hedaýat boljak diýse hedaýat bolup biler we her kim bu sebäpkärlerden ýüz öwürip gümra galjak diýse gümra galyp biler, elbetde her kim gümralyk ýolundan hereket etse onuň soňy Dowzah bolar.

Her halda pygamberler bir medresäniň mugallymlary ýalydyrlar , olar öz sapaklaryny berýändirler ýöne okuwçylary sapak okamaklyga mejburlaýan däldirler . elbetde bu arada käler hem : rahman we rahym bolan Alla öz bendeleriniň Dowzah oduna düşmeklerine razy bolmaz we olary Dowzah oduna oklamaz diýip aýdýarlar . Gurany kerim bu aýatlarda bu adamlaryň bu pikirleriniň ýalňyşdygyny beýan edip aýdýar: bende Allanyň rahmatyna gabat geljek bolup tagalla eden ýagdaýynda Alla hem rahym we rahmandyr we toba eden bendeleriniň günälerini ýalkajakdyr ýöne günä edip günäsinden ýuwulmak üçin toba etmeýän bende Allanyň ýalkawyna we rahmetine gabat gelmez we onuň jaýy jähennem bolar .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

1-    Ylahy hedaýatda mejburlyk ýokdur , her kim meýletinlikde ylahy hedaýatdan peýda görüp biler şeýlede her kim meýletinlikde özüni bu hedaýatdan mahrum edip biler .

2-    Allanyň rahmeti giň bolsada bu rahmet onuň kapyrlara zalymlara we günäkär adamlara gazap etmegine böwet bolýan däldir .

3-    Alla özüniň hakykaty bendesini hiç mahal unudýan däldir emä bende Alladan ýüz öwüren ýagdaýynda Alla hem ondan ýüz öwürjekdir .

4-    Kyýamaty unutmaklyk köp günäleriň sebäpkäridir we ynsanyň uly azaba giriftar bolmagyna sebäp bolýandyr.

 

/////////////