Jan 06, 2018 17:42 Asia/Ashgabat

bölüm,754,süre Sežde,aýat 15-19

برنامه راهی بسوی نور( (754

 

Sežde süresi, 15-nji aýat :

إِنَّمَا يُؤْمِنُ بِآيَاتِنَا الَّذِينَ إِذَا ذُكِّرُوا بِهَا خَرُّوا سُجَّداً وَسَبَّحُوا بِحَمْدِ رَبِّهِمْ وَهُمْ لَا يَسْتَكْبِرُونَ (15) (س)

 

<< diňe biziň aýatlarymyza iman getiren adamlar, haçanda biziň aýatlarymyz olara okalanda ýüzin seždä tarap giderler we perwerdigärleriniň senasyny aýtmak bilen ony her hili aýypdan we nogsandan päklärler we olar tekepbirçilik hem etmezler.>>

Gepleri amallary bilen okamaýan şondada özlerini mömin saýýan adamlar az däldirler. olaryň amallary Guranyň aýtýanlary bilen okaýan däldir. olar ne Allanyň öňünde seždä gidip ony ybadat edýändirler we nede halkyň garşysynda özlerini pes päl alyp barýandyrlar. olar hemde Allanyň emrini tutýan däldirler hemem özlerini halykdan üssem saýýandyrlar.

Gurany kerimiň bu aýaty ( innämä ) sözi bilen başlanandyr we bu söz bolsa Arap dilinde Häsir sözidir ýagny “diňe şoldur we şondan başga zat däldir” diýen ybaraty aňladýandyr . bu ýerde bolsa maksat möminlerdir we Gurany kerim bu aýatyň başynda bu sözi getirmek bilen hakyky möminleri özlerini imanly saýýan kezzaplardan başgalandyr . dogrusy hakyky mömin adam Allanyň emrine boýun egip onuň hämdi senasyny aýdýandyr şeýlede hakyky mömin ynsanlar, Guranyň aýatlary esasynda özlerine berilýän duýduryşlary gep - gürrüňsiz kabul edýändirler we tekepbirlik etmekden saklanýandyrlar .

Olar bir tarapdan Allanyň beren nygmatlarynyň şükürni berjaý kylýandyrlar aýry bir tarapdan hem ýaşaýyşyň kynçylyklarynda Allany ýazykly bilýän däldirler eýsem Allany her hili nogsanlykdan päkleýändirler.

Gurany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-    Allanyň garşysynda boýun egip onuň hämdi senasyny aýtmaklyk hakyky möminiň nyşanalaryndandyr.

2-    Iň gowy zykyr , seždä gidip tesbih aýtmak bilen sübhänä rapbiýäl agla diýmeklikdir.

3-    Sežde men- menligiň we tekepbirçiligiň bolmadyk ýerinde gymmatly zatdyr.

Sežde süresi, 16 We 17-nji aýatlar:

تَتَجَافَى جُنُوبُهُمْ عَنِ الْمَضَاجِعِ يَدْعُونَ رَبَّهُمْ خَوْفاً وَطَمَعاً وَمِمَّا رَزَقْنَاهُمْ يُنفِقُونَ (16) فَلَا تَعْلَمُ نَفْسٌ مَّا أُخْفِيَ لَهُم مِّن قُرَّةِ أَعْيُنٍ جَزَاء بِمَا كَانُوا يَعْمَلُونَ (17)

<< olar ( möminler ) ýanlary ( gijäň ýarynda ) düşekden özülip howp we rejada öz raplaryny çagyrýandyrlar ( şeýlede ) olar biziň beren ryzykymyzdan ynfak edýändirler .// onda , gözleriň ýagtylygynyň nämededigini hiç kim bilmez, olaryň ýanynda basyrgylydyr – eden amallarynyň serpaýlary.>>

Gurany kerim geçen aýatda Allany garşysynda boýun egmegiň ähmiýetine yşarat edeni soň bu aýatlarda möminleriň ýene bir näçe ýöriteligini açyklap aýdýar: olar parz bolan namazlary okamagyň ýany bilen hemmeler süýji uka giden mahallary gijäň ýarynda oýanyp Alla bilen raz aýdyşýandyrlar. sebäbi gijäň ýarynda ynsan dünýäň gowgasyndan üzülýändir we ýüregini ybadata berip yhlas bilen zykyr aýdyp bilýändir. Oňa görä , ynsanyň öz eden etmişleri sebäpli toba edip Alladan ýalkaw soramagy üçin gijäň ýary gowy pursatdyr .

Gijäň ýarynda turup Allanyň zykryny aýdýan ynsan köpçülikde hem halyk bilen gowy gatnaşyklary açyp ilatyň kynçylyklaryna jogapkärçilikli çemeleşýändir we Allanyň beren zatlaryndan garyp gasarlara ynfak edýändir. Gurany kerim bu aýatlaryň dowamynda , bu hili ynsanlara Allanyň berjek serpaýna yşarat edip aýdýar : riýa etmän yhlas bilen Allany ybadat edip halkyň kynçylyklaryna hem ýetişiklik edýän ynsanlara Allanyň berjek serpaýy hiç kimiň aňyna sygmaz aslynda kyýamatda bu hili möminlere beriljek serpaýyň ululygyny Alladan gaýry hiç kim bilmez .

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-     Hakyky mömin ynsan , ne özüni Allanyň gazabyndan amanda görýändir we nede Allanyň rahmetinden nä umytdyr. Olar hemişe howp we Rejada ýaşap ne menliklenýändir we nede nä umyt bolýandir.

2-    Gijäň ýarynda ýada daňdan turup Allanyň zykryny aýtmaklyk , Guran okamaklyk şeýlede Alla bilen raz aýdyşmaklyk hakyky möminiň nyşanalaryndandyr.

3-    Alla tarapyndan berilýän hasapsyz paý-padaşlardan paý aljak bolsak hökman daňdanyň süýji ukysyndan üzülmegi hem başarmalydyrys. Bu paý-padaşlar daň säherlerine gaflat ukysynda ýatan adamlara berilýän däldir.

Sežde süresi, 18 we 19-njy aýatlar:

أَفَمَن كَانَ مُؤْمِناً كَمَن كَانَ فَاسِقاً لَّا يَسْتَوُونَ (18) أَمَّا الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ فَلَهُمْ جَنَّاتُ الْمَأْوَى نُزُلاً بِمَا كَانُوا يَعْمَلُونَ (19)

<< imanly adam, emre boýun bolmadyk adam ýalymydyr? ( olar hergiz ) deň däldirler.// ýöne iman getirip ýagşy işleri edýän adamlary ( kyýamatda ) garşylamak üçin Jennetden mekanlar taýýar edilendir ( dünýäde eden ýagşy ) işleri üçin.>>

Gurany kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda hakyky möminler bilen özlerini mömin saýýan adamlary deňişdirip aýdýar: bu iki toparyň akybytyna bir ser salyň , Allanyň emrini tutup ýagşy işleri eden ynsanlaryň soňnuň nähili bolandygyny  we özlerini mömin görkezip amalda telek işleri eden adamlaryň akybatynyň nähili bolandygyny synlap görüň . howa bu iki toparyň orunlary Allanyň ýanynda hergiz deň däldir.

Gurany kerim bu aýatlaryň dowamynda , kyýamatda , mömin we salyhy ynsanlaryň Behiştde garşy alynjakdyklaryny we olar üçin Behiştde gözel jaýlaryň taýýar edilendigini aýdýar.

Gurany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- halky imana çagyrmak üçin hakyky möminler bilen pasyklaryň we günäkärleriň ýaşaýyşlaryny deňeşdirip olaryň haýsy biriniň ýaşaýyşynyň söýerlidigini we haýsy biriniň ýaşaýyşynyň söýerli däldigini ilata bildirmelidirs.

2- iman amaldan özňe däldir we Behişt , özüni mömin saýýan adamlara dälde eýsem mömin bolup ýagşy işleri edýän ynsanlara berilýändir.

 

////////////////