bölüm,755,süre Sežde,aýat 20-25
bölüm,755,süre Sežde,aýat 20-25
برنامه راهی بسوی نور( (755
Sežde süresi, 20 we 21-nji aýatlar :
وَأَمَّا الَّذِينَ فَسَقُوا فَمَأْوَاهُمُ النَّارُ كُلَّمَا أَرَادُوا أَن يَخْرُجُوا مِنْهَا أُعِيدُوا فِيهَا وَقِيلَ لَهُمْ ذُوقُوا عَذَابَ النَّارِ الَّذِي كُنتُم بِهِ تُكَذِّبُونَ (20) وَلَنُذِيقَنَّهُمْ مِنَ الْعَذَابِ الْأَدْنَى دُونَ الْعَذَابِ الْأَكْبَرِ لَعَلَّهُمْ يَرْجِعُونَ (21)
<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Taňry tagala aýdýar: möminler we pasyklar meň ýanymda deň däldirler , möminler özleriniň eden ýagşy işleri üçin behiştden jaý alarlar .
Gurany kerim şol gürrüňiň dowamynda aýdýar : ýöne özlerini mömin görkezen bolup amalda Allanyň emrine boýun ekmeýän adamlar , olar Dowzaha düşerler we olaryň Dowzahdan gaçara ýerleri bolmaz .
Elbetde bu hili adamlar ybrat alyp barýan ýollaryny düzelderler ýaly olar dünýäde kä ýowuz ýagdaýlara gabat gelerler , eger şol ýagdaýlardan ybrat alyp özlerini düzeltseler we toba etseler peýdalaryna bolar ýöne toba etmän dünýäden ötseler zyýan görerler sebäbi ölümden soň tobanyň gapysy baglanýandyr .
Rowaýatlarda gelşine görä ynsanlaryň şu dünýäde çekýän kä musybatlary , kynçylyklary ýada agyr hassalamaklary , ynsanyň ybrat alyp özlerini düzeltmegi üçin bir hili ylahy azapdyr .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Günä işler şeýle bir günäkär adamy eýeleýändir weli , bu hili adamlary göreňde olar kyýamaty inkär edýändirler diýip güman edersiň .
2- Ylahy azap diňe kyýamata mahsus däldir eýsem şu dünýäde hem käleriň başyna inýändir. dogrysy bu hili azaplar , günäkär adamyň ybrat alyp özüni düzeltmegi üçin bir hili nygmatdyr .
3- Allanyň gahary , Allanyň rahmetinden göz baş alyp ynsany terbiýelemek üçin bir hili sebäpkärdir .
Sežde süresi, 22-nji aýat :
وَمَنْ أَظْلَمُ مِمَّن ذُكِّرَ بِآيَاتِ رَبِّهِ ثُمَّ أَعْرَضَ عَنْهَا إِنَّا مِنَ الْمُجْرِمِينَ مُنتَقِمُونَ (22)
<
Gurany kerimiň bu aýatlary , hakykaty bile- bile Allanyň aýatlaryndan we buýruklaryndan ýüz öwürýän ynsanlary , ylahy azaba sezewar bolan zalymlar bilýär . Guran medeniýetinde özüňe sütem edip günä işleri etmeklik özgelere sütem etmeklikden hem erbeträk işdir . sebäbi günä işler bütin zulumlaryň çeşmesi hasaplanýandyr . onuň üçin çyn mömin adam hiç mahal özgelere sütem etjek bolýan däldir , ýöne hakdan ýüz öwürip kapyrlyk ýolundan hereket edýän adamlar özgeleriniň hak hukukyny aýak aşaga salmaklygy bir zatça bilýän däldirler . we aňsatlyk bilen özgelere sütem edýändirler .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Hak bilen jedel etmeklik häsiýeti ynsanyň duýduryş görmegine sebäp bolýar . ýöne günäkär ynsan duýduryş görende hak bilen jedel etmegiň deregine özüni düzeltse gowy .
2- Günäkär adamlara çemeleşmekde deslap olara duýduryş bermelidir , duýduryş täsir etmedik ýagdaýynda olara berk çemeleşmelidir .
Sežde süresi, 23 , 24 we 25-nji aýatlar :
وَلَقَدْ آتَيْنَا مُوسَى الْكِتَابَ فَلَا تَكُن فِي مِرْيَةٍ مِّن لِّقَائِهِ وَجَعَلْنَاهُ هُدًى لِّبَنِي إِسْرَائِيلَ (23) وَجَعَلْنَا مِنْهُمْ أَئِمَّةً يَهْدُونَ بِأَمْرِنَا لَمَّا صَبَرُوا وَكَانُوا بِآيَاتِنَا يُوقِنُونَ (24) إِنَّ رَبَّكَ هُوَ يَفْصِلُ بَيْنَهُمْ يَوْمَ الْقِيَامَةِ فِيمَا كَانُوا فِيهِ يَخْتَلِفُونَ (25)
<<
Gurany kerim bu aýatlarda pygamberiň pygamberlige bellenmekleri we olara asmanlyk kitaplaryň berilmegine yşarat edip aýdýar: şübhesiz beni ysraýyl kowumuny Fyrownuň elinden azat edip olary dogry ýola hedaýat edip biler ýaly biz Musa kitap bagyş etdik şonda bu ýolda Fyrowna garşy göreşde beni ysraýyl kowumundan bir topary Musa bilen hemralyk etdiler. olar bu kyn ýolda sabyrly bolup Fyrowna garşy gaýduwsyz göreşi alyp bardylar, sebäbi olaryň, Allanyň beren wadalaryna we Towratyň aýatlaryna imanlary bütindi , we Allanyň goldaw bermegi bilen duşmany ýeňjekdiklerini bilýärdiler . dogrysy Allanyň pygamberiniň aýdanlaryny edip asmanlyk kitaplaryň buýruklaryny tudýan ynsanlar köpçülige hökmürowanlyk edip köpçülikde dini ýöredip bilýändirler . imanyň saýasynda hökümeti elgeren bu hili möminler özleriniň haý – höweslerine ýada halkyň haý – höweslerine laýyklykda hökümet edýän däldirler eýsem olar diňe Allanyň razylygy üçin Allanyň buýruklaryny ýerine ýetirýändirler we özleriniň hökmürowanlygyny ylahy kanunyň çarçuwasynda yzarlaýandyrlar .
Ýöne beni ysraýyl kowumy soňlar öz aralarynda agyzlary alaryp bölek- bölek boldular we olaryň her gaýsy özleriniň haý – höwesleriniň yzynda boldular . şonuň üçin hem Taňry tagala bu aýatlarda olara duýduryş berip : kyýamat gününde adalat esasynda olaryň arasyndaky dawany çözjekdigini aýdandyr .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Pygamberleriň pygamberlige bellenmekleri taryh boýunda hemişe bolandyr , hezreti Adamdan hezreti Hatama çenli yzy özülmän dowam edendir . oňa görä Allanyň ynsanlary hedaýat etmek üçin iberen ilçileriniň we pygamberleriniň berhaklygyna zerre şek etmeli däldir .
2- Allanyň ýoluna imanyň bolup ony berk dowam etmeklik ylahy ýolbaşçylaryň ýöriteliklerindendir .her kim bir maksada ýetjek bolsa deslap şol maksadyň barlygyna özi ynanmalydyr , soň şol maksada ýetjek bolup gaýduwsyz hereket etmelidir .
3- Din başlyklary halky hedaýat etmekde özleriniň alyp barýan ýollarynda gowşak hereket etmeli däldir. bir wagt agzalaçylyga gabat gelseler ruhdan düşmeli däldirler , sebäbi agzalaçylyk dilen zat taryh boýunda elmydam bolup gelendir .
///////////////