bölüm,756,süre Sežde,aýat 26-30
bölüm,756,süre Sežde,aýat 26-30
برنامه راهی بسوی نور( (756
Sežde süresi, 26-njy aýat :
أَوَلَمْ يَهْدِ لَهُمْ كَمْ أَهْلَكْنَا مِن قَبْلِهِم مِّنَ الْقُرُونِ يَمْشُونَ فِي مَسَاكِنِهِمْ إِنَّ فِي ذَلِكَ لَآيَاتٍ أَفَلَا يَسْمَعُونَ (26)
<<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Taňry tagala zalymlardan mazlumlaryň aryny almak barada söz berendir . Gurany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda zalymlara ýüzlenip : bu hakykat siziň dogry ýola girmegiňiz barada ýeterlik dälmi? sizden ozal köp kowumlar eden etmişleri we sütemleri üçin ýok oldular we siz bolsa olaryň ýaşap geçen jaýlarynyň harabalyklaryny görýänsiňiz diýip aýdýar .
Ad we Semut kowumlaryň ýaşap geçen şäherleriniň harabalyklary Mekge bilen Şam ülkeleriniň aralygynda ýerleşipdi we şol ugurdan gatnaýan kerwenler şol kowumlardan galan harabalyklary gözleri bilen görýärdiler .
Ol jaýlarda we şäherlerde bir wagtlar güýçli we baý kowumlar ýaşaýardylar . ýöne olar özleriniň eden etmişleri we günä işleri sebäpli Allanyň gazabyna giriftar bolup ýok oldular we olaryň şäherleri hem weýranlyga örüldi . indi şol weýranlyklar edil Şol kowumlardan geçýän ynsanlara zolum sütem we günäkärçiligiň ahyr – soňunyň ýoklugyny sessiz duýdurýardylar..
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1 – ozalky medeniýetleriň we çomorlyklaryň arheologiýa ýadygärlikleri geçen halyklaryň ykballaryndan sapak almak üçin bir gowy sebäpkärdir .
2 – geçmiş geljege bir çyradyr . ýöne ybrat gözi bilen geçmişe ser salynan ýagdaýynda ol bir çyra hökmünde ynsana ýol görkezip biljekdir .
3 – gulak eşitjek bolsa harabalyklaryň arasyndan hem köp zatlary eşidip ynsanyň ybrat almagyna sebäpkär bolup biljekdir .
4 – geçen kowumlaryň we halyklaryň ýadygärliklerinden ybrat almak üçin olary goramalydyrys .
Sežde süresi, 27-nji aýat :
أَوَلَمْ يَرَوْا أَنَّا نَسُوقُ الْمَاء إِلَى الْأَرْضِ الْجُرُزِ فَنُخْرِجُ بِهِ زَرْعاً تَأْكُلُ مِنْهُ أَنْعَامُهُمْ وَأَنفُسُهُمْ أَفَلَا يُبْصِرُونَ (27)
<
Gurany kerim geçen aýatda Taňry tagalanyň günäkär adamlara gahar gazap etjekdigini beýan edeni soň bu aýatda Allanyň öz ýaradan mahluklaryna bolan mähir – muhabbetine yşarat edip görmeýärsiňizmi? Alla , gurap ýatan çöl ýerlerde ynsana we haýwana peýdaly bolan dürli ösümlikleri gögerdýär ? diýip aýdýar .
Dogrusy ýer şarynyň üstünde beýiklikleriň we daglaryň bolmagy zerarly ol ýerlere emeli suratda suw ýetirmek işi gaty kyndyr . onsoňda ýer şaryndaky suwlaryň köpüsi deňizlerdedir . we ynsanyň içmegi üçin ýada ýerleri suwarmagy üçin mynasyp däldir . Taňry tagala bu kynçylygy aradan aýyrmak üçin güneşiň şöhlesi bilen deňizlerdäki we ummanlardaky suwlaryň bir bölegini bug şeklinde şol daglaryň beýiklikleriň şeýlede gurap ýatan çöl ýerleriň üstünden inderýär , şeýdipde ol ýerlerde ýaşaýyşyň dowam etmegine şert döredýär . bu bolsa uly nygmatdyr we ony hemmeler öz gözleri bilen synlap durandyrlar , ýöne şondada köpler bu işiň ululygyna we azamatyna üns berýän däldirler .
Gurany kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :
1- Tebigatyň al-ýaşyl öwüsmegi we ynsan we haýwanlaryň ýaşaýan ýerleri Allany tanamak üçin bir gowy sapak klasydyr . elbetde okujylaryň hem bu klasda sapak almak üçin muşdak bolmaklary gereklidir. ýogsa tebigat öz özünden ynsanyň göz ýetimini we dünýä garaýyşyny ýokary galdyryp bilýän däldir .
2- Bulutlaryň deňizleriň we ummanlaryň üstünden göterlüp daş ýerlerde ýagyş bolup ýagmaklary tötänlikde bolýan iş däldir eýsem bu işiň yzynda bir ylahy yrada ýatandyr .
3- Ýagyşyň ýagmagy we ösümlikleriň ýagyşyň suwy bilen gögermekleri bir ylahy nyşanadyr . we onuň gapdalyndan aňsatlyk bilen geçmeli däldir .
Sežde süresi, 28 , 29 we 30-njy aýatlar :
وَيَقُولُونَ مَتَى هَذَا الْفَتْحُ إِن كُنتُمْ صَادِقِينَ (28) قُلْ يَوْمَ الْفَتْحِ لَا يَنفَعُ الَّذِينَ كَفَرُوا إِيمَانُهُمْ وَلَا هُمْ يُنظَرُونَ (29) فَأَعْرِضْ عَنْهُمْ وَانتَظِرْ إِنَّهُم مُّنتَظِرُونَ (30)
<
Sežde süresiniň soňky aýatlary hasaplanýan bu aýatlarda Gurany kerim aýdýar: kapyrlar we müşrikler hemişe pygamberiň dilinden, hak ähiniň zalymlara üstün çykajakdyklaryny we muny Allanyň möminlere wada berendigini eşitýärdiler . şonuň üçin hem olar pygamberi we möminleri masgaralap “siziň berýän bu wadaňyz haçan durmuşa geçer, siziň aýdýan azapyňyz şu dünýäde biziň başymyza injekmi? ýada başga bir zamanda biziň ýakamyzdan ýapyşjakmy ?” diýip aýdýardylar .
Taňry tagala olaryň bu soraglarynyň jogabynda bu aýatlarda : ol günüň geljekligine hiç şek etmäň ýöne şol gün geleni soň siziň dolanyp iman getirmegiňize rugsat beriler öýtmäň diýip aýdýar .
Alla tagala bu süräniň soňky aýatynda hem möminlere ýüzlenip bu hili hak bilen jedel edýän kapyrlardan we müşriklerden ýüz öwüriň we olara “biziň aramyzda hakyň kim bilendigini we kim bilen däldigini belli eder ýaly şol günüň gelerine garaşyň biz hem şol güne garaşyp durys diýip aýdyň diýýär .
Gurany kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :
1- Kä wagtlar hakykaty bilmek üçin däl eýsem birini masgaralamak üçin sorag edilýär .
2- Gyssagly ýagdaýda bolan imandan ynsana peýda ýetmez , ynsana peýda ýetirjek iman , ygtyýar bilen bolan imandyr .
3- Azgyn ynsanlary ýola getirmekde wagyz we nesihat peýdaly bolmasa olardan ýüz öwürmeklik söýerli işdir .
/////////////