Jun 27, 2021 11:15 Asia/Ashgabat

bölüm 899, süre şura, aýat 7-10

راهی بسوی نور(899)

Şura süresi, 7-nji aýat :

وَكَذَلِكَ أَوْحَيْنَا إِلَيْكَ قُرْآناً عَرَبِيّاً لِّتُنذِرَ أُمَّ الْقُرَى وَمَنْ حَوْلَهَا وَتُنذِرَ يَوْمَ الْجَمْعِ لَا رَيْبَ فِيهِ فَرِيقٌ فِي الْجَنَّةِ وَفَرِيقٌ فِي السَّعِيرِ (7)

<< we şonça gurhany arap dilinde saňa wahyý etdik tä mekge halkyna we onuň golaýynda ýaşaýan adamalra duýduryş berer ýaly, we olary içinde hiç şek bolmadyk, kyýamatda halkyň jemlenýän gününde şeýlede bir toparyň behişte girip ýene bir toparyň dowzah odunda ýanjak gününden gorkyzar ýaly . >>

Geçen gepleşikde yslam pygamberinden ozalky pygamberlere allanyň eden wahyýsyny hakynda gürrüň etdik . dogrusy alla tagala yslam pygamberine we ondan ozalky pygamberleriň hemmesine wahyý edendir . gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip aýdýar : ozalky pygamberlere eden wahyýmyzyň dowamynda saňa hem wahyý etdik we gurhan kitabyny , ilkinji ýüzlenýänleri bolan mekke halkynyň dilinde inderdik dimek arap dilinde inderdik tä mekke halky we onuň goluýynda ýaşaýan halyklar ony düşünyp bilerler ýaly . onda sen deslapky tapgyrda mekke we onuň goluýyndaky ýerlerde ýaşaýan halyklara gurhanyň aýatlary bilen duýduryş ber we ýaramaz işleriniň ýaramaz netijesiniň boljak dygy barada olary gorkyz . şeýdipde olary ýaramaz işlerden sakla.

Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda kyýamatda hemme ynsanlaryň jemlenjek diklerini ýatlap : şol günde olaryň işlerine ýetişiklik bolar ýagşy işleri eden ynsanlar behişde girerler we telek işleri eden adamlar hem duzahyň odunda ýanarlar diýip beýan etýär.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwretýän sapaklary :

1- gurhanyň dili arapça bolsada bu kitap hiç bir kuwma ýada halka mahsus däldir eýsem bütin adamzat üçindir. Taňry tagala gurhanyň hiç bir ýerinde , eý arap halky diýip aýdan däldir eýsem onuň ýüzlenýän adamlary umum ynsanlar bolandyr .

2- dini wagyz etmekde wagzy diňleýän adamlaryň ýüriteliklerine we mätäçliklerine üns bermelidir.

3- gurhanyň artykmaç taraplarynyň birside onuň aýatlarynyň edil yslam pygamberine inşi ýaly gorulyp saklanylmagydyr dimek gurhanyň sözlerinde we aýatlarynda taryh boýunda hiç hili öýtgeleň ýüze çykan däldir . gurhanyň aýatlary adamzadyň öýtgetmelerinden aman galandyr .

4- hiç kim kyýamatyň ber haklygyny ret etmekde delil getirip bilen däldir onda kyýamatyň ber haklygyna şek şüphe etmek bilen durly pysat çylyklara we azgynçylyklara ýoly tekizlemekden saklanaýly.

Şura süresi, 8 we 9 nji aýatlar :

وَلَوْ شَاء اللَّهُ لَجَعَلَهُمْ أُمَّةً وَاحِدَةً وَلَكِن يُدْخِلُ مَن يَشَاءُ فِي رَحْمَتِهِ وَالظَّالِمُونَ مَا لَهُم مِّن وَلِيٍّ وَلَا نَصِيرٍ (8) أَمِ اتَّخَذُوا مِن دُونِهِ أَوْلِيَاء فَاللَّهُ هُوَ الْوَلِيُّ وَهُوَ يُحْيِي المَوْتَى وَهُوَ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيرٌ (9)

“ alla islese ynsanlaryň hemmesini bir ummat edip bilerdi ýöne alla her kimi hidaýata laýyk bilse ony öz rahmatyna salar we sütemkärler üçin bolsa hiç bir medetkär tapylmaz // allanyň ýerine başga birini dos tutundyňyzmy ? alla sizä hakyky dos ka , we alladyr ölileri direltýän we her bir işe hütdä gelýän”

Gurhan kerim geçen aýatyň soňunda kyýamatda ynsanlaryň iki topury bölünjekdiklerine yşarat edip olaryň bir topurynyň duzah ähli bir topurnyň hem behişt ählinden boljakdyklaryny aýtdy. Gurhan şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : dünýäde ýaşaýan ynsanlaryň hemmesi deň däldirler olaryň bir topary päk adam bolup ýaşamaga meýillidirler bir topary hem telekeçiligiň yzyndadyrlar we telek zatlara meýilleri känräkdir. şu ýerde bir sorag döreýär olda näme üçin alla hemmeler  kyýamatda behişte girerler ýaly olaryň hemmesini ýagşy meýilli we ýagşy niýetli adamlaryň hatarynda ýaratmandyr?

Gurhany kerim bu aýatda bu soragyň jogabynda aýdýar : alla islese hemmeleri pygamberleriň ýoluna girmekligä mejbur edip biler we olaryň hemmesini ýagşy işleri edýän adamlaryň hatarynda goýup biler, ýöne allanyň berkarar edip goýan ylahy kadasy ynsanlaryň erk ygtyýarlary esasynda düzülendir. dimek ynsan özüniň erk ygtyýary esasynda eden işleri barada kyýamatda jogap bermelidir . asla ynsanyň kemala tarap bolan hereketi hem onuň erk ygtyýary esasynda durmuşa geçýändir. bir ynsan yrada etse kemal derejeleriniň ýokary pellelerine ýetip biler şeýle bir zada yradasy bolmasa hem onuň ynsanlyk orny pese gaçyp haýwanlar derejesinde harlyga uçramagy mümkindir . aslynda iş ýüzünde ynsanlaryň arasynda ýüze çykýan tapawutlar olaryň , allaň bahyş eden erk ygtyýaryndan nähili peýdalanmaklaryna dolanýandyr . biri bu erk ygtyýardan dogry ýolda haýyrlanmak bilen kyýamatda behişt ählinden bolýan bolsa ýene birsi ondan telek ýollarda haýyrlanyp dowzah ählinden bolýandyr. Elbetde alla hem adyl we hekim bolansaň her bir ynsana saýlan ýoluna görä jeza berýändir hiç kime zerre sütem edýän däldir kyýamatda allanyň gahar gazabyna duçar bolýan ynsanlar aslynda özleri özlerini şeýle bir ýagdaýa giriftar edendirler olar , dünýäde özleriniň saýlan ýollary bilen özlerine sütem edendirler we kyýamatda özlerini allanyň gahar gazabyna duçar edendirler . onsoňda her kim allanyň dostlugyny gyrakda goýup allanyň ýerne başga birini dost tutunsa we alladan özgä çokunsa oňa ne dünýäde we nede ahyretde kömekçi tapylar, hakyky kömekçi alladyr we alladan gaýry ynsana hakyky kömekçi bolmaz. gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda alla tagala çokunmaklygyň delillerini açyklap : alladan gudratly güýç bolmaz ol ölen ynsanlary direldip bilýändir we bolmajak işleri boldurýandyr, onda özüňize dost tutunjak bolsaňyz ol dost alladan gaýry hiç kim bolup bilmez diýip aýdýar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlardaky erk ygtyýar we yarada allanyň olara bagyş eden zadydyr we hiç kim ynsany bu hakyndan mahrum edip bilmez.

2- kapyrlar we müşrikler allanyň dinine we pygamberlerine zülüm etmekden ozal olar özlerine sütem edýändirler sebäbi allanyň ýerine özgeleri özlerine dost tutunandyrlar .

3- hemme işiň hütdäsinden gelýän we bolmajak işleri-de bolduryp bilýän närse dostluga laýykdyr ol närse bolsa alladyr alla islese öldürer, islese direlder .

Şura süresi, 10-njy aýat :

وَمَا اخْتَلَفْتُمْ فِيهِ مِن شَيْءٍ فَحُكْمُهُ إِلَى اللَّهِ ذَلِكُمُ اللَّهُ رَبِّي عَلَيْهِ تَوَكَّلْتُ وَإِلَيْهِ أُنِيبُ (10)‏

<< we her zat hakynda dawa etseňiz onuň hikmeti allanyň ýanyndadyr , alladyr meniň perwerdigärim , diňe oňa töwekgel edýärin we oňa ýüz tutýaryn. >>

Gurhany kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatda allanyň dostlugynyň hemme zatlary gurşap alýandygyna yşarat etmek bilen : allany dost tutýan adam her bir meselede dawa etse allanyň aýdany bilen bolar, ozleriniň ýada deň- duşlarynyň, dogan- garyndaşlarynyň ýada pikirdeşleriniň aýdanlaryna üns bermez eýsem diňe allanyň aýdanyny eder diýip beýan edýär.

Gynanç bilen biziň köpümiz dawaly meselelerde hakykata oýlanmaýarys eýsem öz meiýlimiziň islänine görä amal edýäris şonuň üçin hem bir muzug hakyndaky köpçülikdäki durly pikirleriň arasyndan her gaýsy biziň şahsy bähbidimize laýyk gelse şony saýlap alýarys . emma hakyky imanyň nyşanalary beile däldir. hakyky mömin adam dawaly meselelerde özüniň şahsy bähbidini gyrakda goýup allanyň, gurhanyň we pygamberiň aýdanyny tutmalydyr.

Elbetde allanyň dininda bu hili gaýym durmaklygyň özüne görä kynçylyklary hem bolýandyr ýöne hakyky mömin adam alla töwekgel edip kynçylyklardan gorkýan däldir we kynçylyklarda alladan medet diläp onuň ýoluny mäkäm dowam edýändir.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- din , ahlaga we ätygada degişli meseleleri ara atmagyň ýanynda ynsanyň sýasy , yktysady we jemgyýatçylykly mätäçliklerine hem çäre görýändir . onda bütin meselelerde diniň taglymatyna ýüzlenmelidirs.

2- geler- geçer mady gudratlara daýanmagyň ýerine her bir işe kadyr bolan alla töwekgel edip kynçylyklarda ondan medet soramalydyrs.

//////////////