Jun 29, 2021 11:54 Asia/Ashgabat

bölüm 900, süre şura, aýat 11-14

راهی بسوی نور(900)

Şura süresi, 11 we 12-nji aýatlar :

فَاطِرُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ جَعَلَ لَكُم مِّنْ أَنفُسِكُمْ أَزْوَاجاً وَمِنَ الْأَنْعَامِ أَزْوَاجاً يَذْرَؤُكُمْ فِيهِ لَيْسَ كَمِثْلِهِ شَيْءٌ وَهُوَ السَّمِيعُ البَصِيرُ (11) لَهُ مَقَالِيدُ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ يَبْسُطُ الرِّزْقَ لِمَن يَشَاءُ وَيَقْدِرُ إِنَّهُ بِكُلِّ شَيْءٍ عَلِيمٌ (12)

<< ol gökleri we ýeri ýaradan kimsedir . we siz üçin öz ( jynsyňyzdan ) başdaşlary goýandyr we dört aýakly ( haýwanlardan ) hem jübütleri ( ýaratdy ), ol şu hili sizi artdyrýandyr . hiç kimse onuň ýaly däldir we ol eşidiji we gürijidir // gökleriň we ýeriň açarlary onuň ýanyndadyr , her kimsä islese onuň ryzkyny artdyrar ýada ony daryşgylyga salar. dogrusy ol her bir zatdan habarlydyr. >>

Geçen gepleşikde şu muzug hakynda gürrüň edip ynsanyň hakyky dostunyň alladygyny aýtdyk . ýöne käler allanyň dostlugyny we allanyň eýeçiliginde bolmagy islemeýärler we allanyň goýan kanunlaryna eýermeýärler şonuň üçin gurhany kerim bu aýatlarda , gökleri we ýeri kimiň ýaradanlygyna yşarat edip : gökleri we ýeri alla ýaradandyr we oňa häkim bolan düzgüni hem ol berkarar edip goýandyr diýip aýdýar.

Ýer- gögüň işlerine allanyň çäre görmeginiň nyşanlarynyň birside allanyň adamlaryň öz jynsyndan bolan başdaşlary ýaratmagydyr. ynsanyň başdaşy onuň ruh we jan asudalygyny üpjün etmegiň ýanynda ynsanyň nesil dowamatyna hem sebäp bolýandyr . taňry tagala diňe bir ynsanlar däl eýsem beýleki janly zatlarda , haýwanlarda we ösümliklerde hem nesil dowamaty üçin erkek – orkaçylyk meselesini goýandyr . her bir dört aýakly haýwanyň özüne görä öz jynsyndan jübüti bardyr we şol jübüt bilen hem onuň nesli dowam tapýandyr . onda älem- jahanda alla ýaly her bir zada hütdä gelýän we her bir zady bilýän närse bolmaz. Ol, her bir erbetlikden we nogsandan päkdir nogsanlyk diýilýän zat oňa ýaraşmaz.

Gynanç bilen käler allanyň barlygyny ykrar etselerde, ýöne alla barça närseleri ýaradansoň ýaradylyşyň işlerini ynsanlara ynanmak bilen durmuşda dünýede bolup geçýän zatlarda hiç bir rola eýe däldir diýip aýdýarlar . gurhany kerim bu adamlaryň bu pikirleri bilen berk terisleşip aýdýar : alla hem ýaradyjydyr hemde älem- jahanyň işlerine çäre görijidir. ol bolup geçýän zatlaryň hemmesini görýändir we ynsanlaryň aýdýan zatlaryndan we görýän närselerinden hem doly habarlydyr .hiç bir zat allanyň ýanynda basyrgyly däldir onuň gudraty we ylmy barça zatlary gurşap durandyr şonuň üçin ol her nämäni yrada etse bolar, biriniň gün-oňşugyny gowy etjek diyse ryzkyny artdyrjak diyse ol zat bolar, birsiniň ryzkyny kemjek diyse hem bolar, elbetde alla bu zatlaryň hemmesini özüniň ylmy we hikmeti esasynda edýändir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanyň nesliniň dowamaty onuň jübütlenmegindedir erkek bilen zenan durmuş toýny tutup jübütlenen ýagdaýlarynda olardan nesil önýändir, ýöne gynanç bilen häzirki asyrda ylaýtada günbatar köpçüliginde jübütlenmek meselesi ünslerden düşüp barýandyr we ol ýurtlarda erkekleriň erkekler bilen we zenanlaryň hem zenanlar bilen toý etmekleri artyp barýandyr .

2- allanyň hiç taýy bolmaz ol ynsan ýaly ne başdaşa we nede ýoldaşa mätaçdir .

3- alla özüniň ýaradan närselerini öz erklerine goýup goýberen däldir eýsem elmydam olara esewan bolup olaryň işlerine çäre görýändir .

4- bir ynsanyň ryzkynyň artmagy ýada kemelmegi allanyň elindedir we bu mesele allanyň mähriniň ýada gahar gazabynyň alamatydyr. şonuň üçin mömin bolup garyp ýaşaýan adamlar az däldir, aýry bir tarapdan hem ýada kapyr bolup gün oňşugy gurgun bolan ynsanlar hem az däldir .

Şura süresi, 13-nji aýat :

شَرَعَ لَكُم مِّنَ الدِّينِ مَا وَصَّى بِهِ نُوحاً وَالَّذِي أَوْحَيْنَا إِلَيْكَ وَمَا وَصَّيْنَا بِهِ إِبْرَاهِيمَ وَمُوسَى وَعِيسَى أَنْ أَقِيمُوا الدِّينَ وَلَا تَتَفَرَّقُوا فِيهِ كَبُرَ عَلَى الْمُشْرِكِينَ مَا تَدْعُوهُمْ إِلَيْهِ اللَّهُ يَجْتَبِي إِلَيْهِ مَن يَشَاءُ وَيَهْدِي إِلَيْهِ مَن يُنِيبُ (13)

<< dindan nuha tabşyrlan zatlar saňa hem karar berildi we saňa wahyý eden zadymyz we ybraýym , musa we isa tabşyran we wesýet eden zatlarymyz dini dikeltmekden we dinda agzala bolmazlykdan ybaratdy . müşrüklere , çagyrýan närsäň tarap gitmeklik kyndyr . alla her kimi islese özüne tarap saýlar we her kim oňa tarap ýüzlense alla ony hidaýat eder. >>

Gurhany kerim bu aýatda pygamberleriň çakylygynyň aslynda bir zatdygyna yşarat edip aýdýar : yslam pygamberiniň gelmegi we onuň pygamberligi ozalky resullaryň pygamberliginiň dowamydyr, sebäbi bütin pygamberler ynsanlary allanyň birligine tarap çagyrandyrlar şonçada yslam pygamberi-de ozalky pygamberler ýaly ynsanlary allanyň bendeligine çagyrandyr we ynsanlary alladan gaýryň bendeliginden saklandyr.

Gurhany kerim bu aýatda din sözüni birlik şeklinde getirmek bilen bütin dinlaryň aslynda bir zatdygyny we bütin dinlaryň alla tarapyndandygyny aýtjak bolýandyr . dogrusy taryh boýunda gelen dinlaryň we şerigatlaryň hemmesi bir birleriniň dowamydyr, soň gelen şerigatlaryň özlerinden ozal gelen şerigatlary kämil edýändirler. şu hasap bilen hem bütin dinlaryň soňunda gelen yslam dini dinlaryň we şerigatlaryň iň kämilidir . elbetde dinlaryň köpüsi soňlar fyrka-fyrka bolandyrlar we olaryň içinden durly garaýyşly toparlar emele gelendir. şonuň üçin hem gurhany kerim bu aýatda dinlara eýerýän ynsanlara ýüzlenip olaryň din barada agzala bolmaklary barada duýduryş berendir. Bu aýatda üns bermeli meseleleriň ýene birsi olda pygamberleriň çakylygynyň müşrüklere agyr düşmegidir. sebäbi olar , pygamberleriň ynsanlary allanyň birligine çagyrmagyny öz düşünjelerine garşy bilip pygamberleriň çakylygyndan gaty gorkýandyrlar . gurhany kerim bu abatyň dowamynda ýene bir möhüm meselä yşarat edip eýdýar : pygamberleri ynsanlar dälde eýsem alla tagala özüniň ylmy esasynda saýlap seçýändir we olaryň üstüne uly jogapkärçiligi oklaýandyr bu uly jogapkärçilik adamlary dogry ýola çagyrmakdan ybaratdyr . şübhesiz her kim alla tarap ýykylsa alla hem ony özüniň lutfy keremine salyp dogry ýola hidaýat etjekdir.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberleriň hemmesiniň çakylygy ynsanlary allanyň dinina tarap çagyryp olary agyzalalykdan alyp galmak bolandyr.

2- deslapky kämil şerigat hezreti nuh(a.s)-a degişli bolandyr we iň soňky kämil şerigat hem yslam pygamberi hezreti muhammet (s.w)-a berlendir . yslam pygamberi iň soňky pygamber bolansaň ozalky pygamberleriň taglymaty yslam taglymatynda getirlendir. ýene bir ybaratda yslam şerigaty özünden ozalky bütin şerigatlaryň kämil görnüşidir .

3- agyzyalalyk dinlaryň äpetidir we din taglymatynyň durmuşa geçmegine böwet bolýandyr .

4- pygamberleri alla saýlaýandyr we alla bolsa iň päk we mynasyp adamlary pygamber hökmünde saýlaýandyr .

Şura süresi, 14-nji aýat :

وَمَا تَفَرَّقُوا إِلَّا مِن بَعْدِ مَا جَاءهُمُ الْعِلْمُ بَغْياً بَيْنَهُمْ وَلَوْلَا كَلِمَةٌ سَبَقَتْ مِن رَّبِّكَ إِلَى أَجَلٍ مُّسَمًّى لَّقُضِيَ بَيْنَهُمْ وَإِنَّ الَّذِينَ أُورِثُوا الْكِتَابَ مِن بَعْدِهِمْ لَفِي شَكٍّ مِّنْهُ مُرِيبٍ (14)

<< we ( dinleriň ymmatlary ) fyrka- fyrka boldular , meger ylym gelmeginden soň , arasyndaky göripçilik üçin  egerde ( kapyrlara ) belli bir zamana çenli pursat bermek baradaky perwerdigäriň berkarar edip goýan kadasy bolman bolsady olaryň arasynda ( ölüm jezasy bilen ) höküm çykarlardy we olardan soň kitaby miras alanlar, olar hakynda gaty şek- şübhä düşendirler . >>

Geçen aýatlarda gelşine görä bütin pygamberler ynsanlary agzalalykdan saklandyrlar sebäbi bütin dinlaryň usullary bir zatdyr we bir zamanda näçe diniň we şerigatyň halk arasynda ýörgün bolmagy akla sygýan däldir.

Her bir pygamber gelen soň şol zamanaň adamlary oňa eýermäge borçlydyrlar. “biz geçen pygambere ymmat” diýip olaryň täze pygambere kapyr bolmaklary dogry däldir . egerde öňki pygamberleriň ymmatlary gury täsipden daş durup täze pygamberi tanasalar täze pygamberiň hem öňki pygamberler ýaly berhakdygyna göz ýetirjekdirler . ýöne öňki pygamberlere hamana hezreti musa eýerýän jöhitleriň we hezreti isa eýerýän hristianlaryň öz dinlary barada täsip etmekleri olaryň soň gelen yslam pygamberi we yslam dinini kabul etmekden boýun gaçyrmaklaryna sebäp bolandyr . bu arada gynanmaly mesele olda jöhit we hristian Dinlaryň başlyklarynyň edýän işleridir. olar durly şiweler we arabaglanşyk serişteler bilen yslam pygamberiniň , gurhanyň we yslamyň berhaklygyna şübhe girizýändirler. olar , özleriniň bu hili işleri bilen hem hemmeleriň yslam dinine girip bir din we bir ymmat bolmagyna päsgelçilik döredýändirler .

Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda : egerde belli bir zamana çenli kapyrlara möhlet bermek barada allanyň berkarar edip goýan karary arada bolmasady alla olar hakynda höküm çykaryp kapyrlar ählini ýok edip hakyň ählini üstem ederdi diýip aýdýar. Gurhany kerim bu aýatyň soňunda , asmanlyk kitaplaryň haklygyna dogry ynanmadyk we oňa şek edýän adamlara yşarat edýär . bu adamlaryň asmanlyk kitaplara bildirýän şek şübheleri betgümanlykdan we tersleşmeklikden gözbaş alýandyr, şonuň üçin olaryň bildirýän bu şek şübheleri olary hakykata ýetmeklige itermän eýsem olary hakykatdan daş düşmeklige iterýändir .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- allanyň dini bir zatdyr. asmanlyk dinlara eýerýänleriň arasyndaky agzalalyklar , gury täsipden ýada göripçilikden gözbaş alýandyr.

2- durly dinlaryň alymlary we başlyklary asmanlyk dinlara eýerýän adamlary birleşdirjek bolup tagalla etmelidirler we olaryň arasyna agyzalalyk salmak ugurda tagalla etmeli däldir .

3- günäkär adamlara pursat bermeklik allanyň berkarar edip goýan ylahy kadasydyr. Alla günäkär adamlar belkide toba edip dogry ýola girerler diýip olara möhlet berýändir .

4- bir täze mesele hakynda ozal başda şek şübhe etmek soň oň hakykatyna ýetjek bolup barlag etmeklik bir tebigi zatdyr. ýöne her bir täze zada betgümanlyk bilen çemeleşip onuň bilen jedel etmeklik ynsany ol zadyň hakykatyna ýetmekden alyp galýandyr.

//////////////