Jul 10, 2021 10:58 Asia/Ashgabat

bölüm 902, süre şura, aýat 19-23

راهی بسوی نور(902)

Şura süresi, 19 we 20-nji aýatlar :

اللَّهُ لَطِيفٌ بِعِبَادِهِ يَرْزُقُ مَن يَشَاءُ وَهُوَ الْقَوِيُّ العَزِيزُ (19) مَن كَانَ يُرِيدُ حَرْثَ الْآخِرَةِ نَزِدْ لَهُ فِي حَرْثِهِ وَمَن كَانَ يُرِيدُ حَرْثَ الدُّنْيَا نُؤتِهِ مِنْهَا وَمَا لَهُ فِي الْآخِرَةِ مِن نَّصِيبٍ (20)

<< alla özüniň bendeleri üçin ýumşak we muhabbetlidir, her kime islese ( we maslahat bilse ) oňa ryzk berer we ol , güýçli we ýeňilmezdir . // her kim ahyreriň hasylyny islese oň hasylyny arytdyrarys we her kim dünýaniň hasylyny islese ondan ( bir azajygyny ) bereris we olaryň ahyretiň ( hasylyndan ) nesibeleri bolmaz. >>

Geçen gepleşikde allanyň ky

ýamatda müşrüklere we münkürlere bildirjek gahar gazabyny aýdyp berdik . gurhany kerim bu aýatlarda hem aýdýar : taňry tagala öz bendelerine mähir we muhabbet edýändir we hemmelere ryzk berýändir hatda kapyrlaryda özüniň ryzkyndan mahrum edýän däldir, elbetde allanyň berýän ryzkynda hekmet bardyr we alla özüniň hekmeti esasynda ynsanlara ryzk berýändir . allanyň berkarar edip goýan kadasy esasynda her kim özüniň ahyretini gazanmak üçin tagalla etse ol hem dünýäde çeken zähmetiniň bähresini görjekdir hemde ahyretde allanyň lutfy kereminden paýly boljakdyr, ýöne kyýamaty inkär etýän adamlar özleriniň gysga ömürleriniň boýunda her näçe tagalla etselerde maksatlaryna ýetip bilmezler şeýlede olaryň kyýamatdan hiç bähreleri bolmaz . gurhany kerim bu aýatlarda ynsanlary daýhanlara meňzedýär olaryň bir topury ahyret üçin ekin ekýän bolsalar alla olaryň hasylna bereket berip ony arytdyrýandyr ýöne dünýe üçin ekin ekýän adamlar her näçe tagalla etselerde olaryň öz hasyllaryndan elgerjek bähreleri entejik zatdyr ahyrtda hem olaryň eline hiç zat gowuşmaz . onda dünýä bir ekin ýer misalyndadyr we biziň işlerimiz bolsa ýere sepilýän tohmyň misalyndadir ýöne tohumlaryň hili paryhlydyr kä tohumlaryň mywasy köp we hemişelikdir ýöne kä tohumlaryň mywasy az ýada ajydyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- hemmeler allanyň lutfy kereminden paýly bolýandyr bu meselede allanyň lutfy keremi kapyrlara we müşrüklere hem ýedýändir.

2- ahyretiň yzynda bolan adamlaryň dünýäden hem bähreleri bardyr - her çen olaryň dünýäden bolan bähreleri az bolsun – ýöne diňe dünýäniň yzynda bolan adamlaryň ahyretden hiç bähreleri bolmaz .

3- ynsanlaryň niýetleri we maksatlary möhümdir, alla ynsanlaryň niýetlerine görä olaryň amallaryna baha berýändir .

Şura süresi, 21 we 22-nji aýatlar :

أَمْ لَهُمْ شُرَكَاء شَرَعُوا لَهُم مِّنَ الدِّينِ مَا لَمْ يَأْذَن بِهِ اللَّهُ وَلَوْلَا كَلِمَةُ الْفَصْلِ لَقُضِيَ بَيْنَهُمْ وَإِنَّ الظَّالِمِينَ لَهُمْ عَذَابٌ أَلِيمٌ (21) تَرَى الظَّالِمِينَ مُشْفِقِينَ مِمَّا كَسَبُوا وَهُوَ وَاقِعٌ بِهِمْ وَالَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ فِي رَوْضَاتِ الْجَنَّاتِ لَهُم مَّا يَشَاؤُونَ عِندَ رَبِّهِمْ ذَلِكَ هُوَ الْفَضْلُ الكَبِيرُ (22)‏

<< müşrükleriň çokunýan zatlary alladan rugsatsyz olara täze bir din getirdimi? Egerde ( allanyň kapyrlara möhlet bermek baradaky ) permany bolmasady hökman ( ölüm jezasy bilen ) olaryň arasynda höküm ederdi we zalymlara güýçli azap garaşýandyr// ( kyýamatda ) sütemkärleri görersiňiz weli olar öz eden etmişlerinden gorkydadyrlar, emma olaryň ( eden etmişleriniň jezasy olara ýetjekdir we ( emma ) iman getirip ýagşy işleri edýän kimseler , behiştiň ýap-ýaşyl baglarynda bolarlar, her ne isleseler perwerdigärleriniň ýanynda olar üçin üpjündir bu zat şol uly fazyldyr . >>

Gurhany kerim bu aýatlarda müşrüklere salgylanyp aýdýar : olaryň taňrydan aýry we öz ýanyndan kitap we şerigat iberip bilýän perwerdigäri barmy? Kanun düzmeklik diňe alla tagala mahsuska, aýry bir perwerdigäriň bolmagy bolup bilermi?

Häzirki dünýäde halykara ýurtlar derejesinde düzülýän kanunlar egerde ylahy kanunlara ters gelse olaryň hemmesi batyldyr we diniň garaýşyndan retdir . umuman dine ters kanunlaryň düzülmekleri adamzat hakynda bolan bir zülümdir. sebäbi ynsan özüniň bähbidine ýada zýanyna doly ýetik däldir, onuň üçin ynsanyň allanyň ornunda oturup adamzadyň bähbidi üçin kanun düzmegi dogry zat däldir onsoňda kanun düzýän adamlaryň umum adamzadyň dälde eýsem öz bähbidini arap kanun düzmegi mümkindir . elbetde taňry tagala ynsanlara öz ygtyýarlary bilen öz ýollaryny saýlap almaklaryna möhlet berendir . bu dünýäde her kim her ne etse ahyretde onuň hasylyny orjakdyr . her bir ynsan kapyrlyk etse ýada başgalara sütem etse ol amallar ony dowzaha düşürjekdirler, aýry bir tarapdan her kim ýagşy amallar bilen allanyň bendeliginde dogry tapylsa ahyretde behişdyň nygmatlaryndan paýly boljakdyr, allanyň möminlere bolan fazly keremi mundan hem zýadadyr we alla , mömin adam, kyýamatda her nämäni arzuw etse onuň erkinde goýjakdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- adamzadyň ýaşaýyş, kanunyň we şerigatyň bolmagyny talap edýändir, bu arada kanuny alladan aýry çeşmelerden alsak özümize we adamzada zülüm etdigimiz bolar .

2- diniň ady bilen öne sürülýän täze zatlar we betgatlar bir hili şyrkdyr .

3- allanyň jezasyndan gorkmaklyk ynsany ýaramazlyklardan alyp galmalydyr ýogsa jenaýatkär adamyň kyýamatdan gorkmagy oňa peýda bermez.

4- ynsanyň diniň buýruklaryny ýerine ýetirmek üçin diniň goýan çäkliklerine boýun bolmalydyr, alla tagala bu çäklikleriň garşysynda sabyrly bolan ynsanyň serpaýyny kyýamatda artykmaçlygy bilen berjekdir.

Şura süresi, 23-nji aýat :

ذَلِكَ الَّذِي يُبَشِّرُ اللَّهُ عِبَادَهُ الَّذِينَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ قُل لَّا أَسْأَلُكُمْ عَلَيْهِ أَجْراً إِلَّا الْمَوَدَّةَ فِي الْقُرْبَى وَمَن يَقْتَرِفْ حَسَنَةً نَّزِدْ لَهُ فِيهَا حُسْناً إِنَّ اللَّهَ غَفُورٌ شَكُورٌ (23)

<< bu zat , allanyň , iman getirip ýagşy işleri eden öz bendelerine buşluk beren (serpaýy ) dyr ( eý pygamber ! ) : “men bu zat barada sizden hiç zada garaşmaýaryn , meger ýakyn garyndaşlarmyň dostlugyny we muhabbetini ( sizden garaşýaryn ) – we her kim bir ýagşy iş etse onuň ýagşylygyny arytdyrarys, dogrudanda alla ýalkawjy we gadardandyr” diýip aýt . >>

Gurhany kerim bu aýatyň başynda : egerde möminler öz imanlaryny goramak üçin kynçylyga uçrap oňa jydansalar alla olaryň çeken kynçylyklary üçin kyýamatda olara behiştden serpaý berjekdir diýip aýdýar . gurhany kerim bu aýatyň dowamynda hem yslam pygamberden , özüniň ozalky pygamberler ýaly din ýolunda çekýän zähmetleri üçin möminlerden hiç bir serpaýa garaşmaýandygyny ýöne özüniň ýakyn garyndaşlaryna muhabbet etmekligi olardan isleýändigini aýytmaklygy talap edýär.

Gurhany kerim, beileki aýatlarynda hem yslam pygamberiniň ýakyn garyndaşlaryna we ähli beitine hormat goýmagyň ähmiýetine yşarat edip bu muhapbbeti musulmanlaryň yslam pygamberiniň din ýolunda çeken zähmetleriniň jogaby hökmünde bilýär .

Gurhany kerim bu aýatyň dowamynda hem “allanyň rahmerinden we lutfy kereminden umydygär bolan mömin adamlar hökman özgelere ýagşylyk edip ýagşylyklaryny arytdyrmalydyrlar şonda alla hem olaryň ýagşylyklaryny arytdyryp olaryň hatalaryny geçer” diýip aýdýar .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklar :

1- pygamberler maddy serpaýyň yzynda däldirler ýöne halkdan allanyň buýruklaryna hemde özleriniň salyhy orun tutarlaryna we halyfalaryna eýermekligi isleýändirler, bu eýermekligiň bähbidi hem halkyň özüne ýetjekdir .

2- ähli bit (a.s)-yň dostlugy imanyň berkimegine sebäp bolýandyr .

3- ýagşy işler edip özgeleriň hakynda ýagşylyk etmeklik ynsany allanyň rahmetine we magfyratyna duçar edýändir.

////////////