bölüm 907, süre şura, aýat 44-47
bölüm 907, süre şura, aýat 44-47
راهی بسوی نور(907)
Şura süresi , 44-nji aýat :
وَمَن يُضْلِلِ اللَّهُ فَمَا لَهُ مِن وَلِيٍّ مِّن بَعْدِهِ وَتَرَى الظَّالِمِينَ لَمَّا رَأَوُا الْعَذَابَ يَقُولُونَ هَلْ إِلَى مَرَدٍّ مِّن سَبِيلٍ (44)
<< we alla her kimi ( eden etmişi üçin ) gümra etse ondan soň ony goldan bolmaz we sütemgärleri görersiň weli allanyň azabyny görünlerinde : ( dünýä ) dolanmaga hiç bir ýol ýokmy? Diýip aýdarlar. >>
Allanyň ber karar edip goýan kadalarynyň birside ynsanlar eden etmişleri üçin bahana getirmezler ýaly wahyý we aklyň üsti bilen olara dogry bilen egri ýollary tanatmagydyr.
Ýöne hidaýat bolup soň tersine hereket eden adamlar aslynda öz erk ygtyýarlary bilen dogry ýoldan çykyp gümralyk ýoluny saýlap alandyrlar . elbetde ne hidaýat mejburlyk bilen bolýandyr nede gümralyk şeýiledir . eýsem hidaýat we gümralyk ynsanlaryň amallarynyň netijesidir her kim ýagşy niýetde bolup ýagşy işleri etse ahyrda hidaýatyň nury bilen gümralykdan arany açjakdyr emma telek niýetde bolup telek işleri edýän adamlar özlerini hidaýatyň nurundan mahrum edýändirler aslynda bu hili adamlar özleriniň bu hili eden etmişleri bilen özleriniň gümralyk ýolyna düşmeklerine şert döredýändirler . elbetde kýamatda hakykat beýan boljakdyr we ynsanlar özleriniň göýbern hata işlerine göz ýetirjekdirler olar şonda pyşman bolarlar weli pyşmanlyk peýda bermez we olaryň dünýä dolanmak barada bildirýän islegleri hem ýer tutmaz sebäbi kýamatda ynsanlaryň dünýä dolanmaklary üçin hiç çäre ýokdur . garran adamyň çagalyk döwre dolanyp bilmeýşi ýaly ol dünýä giden ynsan hem bu dünýä dolunyp bilmez .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- alla tagala awwal başda hiç kimi gümra edýän däldir eýsem ynsanlar özleriniň eden etmişleri netijesinde gümralyga uçrandyrlar olar öz eden etmişleri bilen hakykatdan arany açyp gümralyk belasyna uçraýandyrlar .
2- zalymlar we gümra ynsanlar , allanyň yradasynyň garşysynda hiç kimiň durup bilmejek digini bilmelidirler oňa gürä hiç kim we hiç bir gudrat olary halas edip bilmez onda ynsan diňä alla tuwekel edip oňa bil baglamaly däldir.
Şura süresi , 45 we 46-njy aýatlar :
وَتَرَاهُمْ يُعْرَضُونَ عَلَيْهَا خَاشِعِينَ مِنَ الذُّلِّ يَنظُرُونَ مِن طَرْفٍ خَفِيٍّ وَقَالَ الَّذِينَ آمَنُوا إِنَّ الْخَاسِرِينَ الَّذِينَ خَسِرُوا أَنفُسَهُمْ وَأَهْلِيهِمْ يَوْمَ الْقِيَامَةِ أَلَا إِنَّ الظَّالِمِينَ فِي عَذَابٍ مُّقِيمٍ (45) وَمَا كَانَ لَهُم مِّنْ أَوْلِيَاء يَنصُرُونَهُم مِّن دُونِ اللَّهِ وَمَن يُضْلِلِ اللَّهُ فَمَا لَهُ مِن سَبِيلٍ (46)
<< we olary görýärsiň weli oda tarap alnyp barylýandyrlar şonda olar gaty harlanyp ( ryswalylykdan ) başlary aşakdyr we gözleriniň gyýagy bilen ser edýändirler şonda mömin adamlar : çyn zýankär adamlar öz kýamatyny we handanynyň kýamatyny gazanyp bilmedik adamlardyr diýip aýdarlar . bilip goýuň sütemkärler hemişelik azapdadyrlar // we olary allanyň garşysynda gorap biljek dostlary bolmaz we her kimi alla ( eden etmişi üçin ) gümra etse ony mundan halas edip biljek ýol bolmaz .>>
Bu aýatlar zalymlaryň kýamatdan nä derejede korkýandyklaryny görkezýändir . dünýäde öz maksadyna ýetmek üçin özgelere zor aýdyp özgeleri özünden gorkyzan adamlar kýamatda har we zelil boljakdyrlar we gorkydan başlary aşak boljakdyr . şu hili ýaramaz ýagdaýda olar dowzaha tarap äkidiljekdirler şonda olar gaty gorykýan ýagdaýlarynda dowzahyň odyna ser etjekdirler ýöne olary gaty alada saljak zat möminler tarapyndan
olara bolýan käýinçleriň ötgirligi hata dowzahyň odyndan hem göişli räk boljakdyr . şol ýerde möminler olara ýüzlenip : siz dünýäde öz baýlygyňyza we zoryňyza magtanýardyňyz bu gün bolsa olaryň hiç birinden sizä zerre peýda ýokdur diňä bir öziňiz däl eýsem siziň yzyňyza düşen adamlar hem bu gün zýankär bolandyrlar siziň yzyňyza düşen adamlar siz olary gorap bilersiňiz diýen gumandadylar ýöne bu gün siz hatta özüňizi hem gorap bilmän dursyňyz diýip aýdarlar .
gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : bu şum ykbal olaryň dünýede eden etmişleriniň netijesidir şol işler olary gümra we bu gün bolsa dowzahyň odyna gyryptar edendir olar dowzahda hemişelik azapda bolarlar we olary bu azapdan halas eder ýaly hiç hemaýatçysy bolmaz sebäbi olar dünýäde eden işleri bilen özleriniň pygamberler we uwlyýalar bilen bolan baglanşyklaryny üzendirler oňa gürä bu gün kýamatda olar allanyň azabynyň garşysynda hemaýatçysyz galandyrlar .
gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hakyky hizzet we hakyky zellet kýamatda özüni görkezýändir şu hasap bilen bu dünýäde eziz bolup kýanatda har we zelil boljak ynsanlar az däldirler şonçada bu dünýäde görmegüze har bolup kýanatda baş ýokar we eziz boljak adamlar az däldirler .
2- ynsan üçin iň uly zýankärlik öz eziz ömrüni kýamatyny gazanmakdan aýry zatlara saryp etmegidir .
3- iman ynsanyň dünýäde we ahyratda baş ýokar bolmagyna we ahyrat azabyndan gutulmagyna sebäp bolýandyr.
Şura süresi , 47-nji aýat :
اسْتَجِيبُوا لِرَبِّكُم مِّن قَبْلِ أَن يَأْتِيَ يَوْمٌ لَّا مَرَدَّ لَهُ مِنَ اللَّهِ مَا لَكُم مِّن مَّلْجَأٍ يَوْمَئِذٍ وَمَا لَكُم مِّن نَّكِيرٍ (47)
<< perwerdigäriňizi , oňa tarap dolanmak ýollary kesilmeginden ozal ejabat ediň (dolanmak ýollary keselen ) gününde siz üçin hiç penägä bolmaz we şonda inkär etmäge hem güýjüňiz bolmaz. >>
Pygamberler taryh boýunda hemişe ynsanlary allanyň bendeligine tarap çagyrandyrlar olar ynsanlary özlerine tarap dälde eýsem alla tarap çagyrandyrlar . gurhany kerim bu aýatda kapyrlara zalymlara we günäkär adamlara ýüzlenip aýdýar : dünýeden gaýtmazdan ozal we dünýä dolanmak barada alla ýalbarmakdan ozal öz ýolyňyzy düzüldiň we allanyň görkezen ýolune tarap dolanyň sebäbi kýamatda siz allaň jogabyny bermeli bolarsyňyz we şol günde allaň yradasy her ne bolsa şol bolar şeýilede şol gün siz eden etmişleriňizi hem basyryp bilmersiňiz hiç kim öz amallaryny alladan basyryp bilmez we hiç kim allanyň azabynyň garşysynda sizä pena berip bilmez .
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- bizi hemişelik zýankärlikden halas etjek zat olda allanyň boýruklaryny dogry ýerine ýetirmeklikdir .
2- dünýedäki pursatlarymyzy we mümkin çiliklerimizi elden bermezden ozal ömrümiziň gutaryp barýanlygyna we ahyrat saparyna oýlanmalydyrys sebäbi bu sapara giden adamy dolanmaklyk ýokdur.
//////////