bölüm,757,süre Ähzap,aýat 1-5
bölüm,757,süre Ähzap,aýat 1-5
برنامه راهی بسوی نور( (757
Ähzap süresi:
Sežde sürüsiniň gürrüňleriniň soňlamagy bilen bu günki gepleşikde guran kerimiň ýene bir sürüsiniň diýmek Ähzap sürüsiniň gürrüňlerine girişýäris , Ähzap sürüsi Medine-de yslam pygamberine inenligi üçin Medeni sürüleriniň hatarynda ýerleşendir bu süräniň 73 aýaty bardyr we onuň 20 çemeli aýaty bolsa ähzap uruşy barada bolunsaň bu süräň ady ähzap bolup galandyr . ähzap urşunda , Medinäniň golaýundaky müşrikler şeýlede Jöhitler , Mekgäniň kapyrlary bilen arkalaşyp yslam dinini ýok etmek ugurda tagalla edendirler ýöne olaryň işi şowna bolan däldir.
Ähzap sürüsiniň 1 – 2 – 3-nji aýatlary:
يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ اتَّقِ اللَّهَ وَلَا تُطِعِ الْكَافِرِينَ وَالْمُنَافِقِينَ إِنَّ اللَّهَ كَانَ عَلِيماً حَكِيماً (1) وَاتَّبِعْ مَا يُوحَى إِلَيْكَ مِن رَّبِّكَ إِنَّ اللَّهَ كَانَ بِمَا تَعْمَلُونَ خَبِيراً (2) وَتَوَكَّلْ عَلَى اللَّهِ وَكَفَى بِاللَّهِ وَكِيلاً (3)
<< eý pygamber! Alladan gork we kapyrlara we munapyklara eýerme dogrudanda Alla bilimli we hekimdir .// we repbiň tarapyndan her ne inen bolsa şoňa eýer sebäbi Alla siziň edýän her bir işiňizden habarlydyr.// we Alla töwekgel et we Alla ( saňa ) wekil we ýeterlikdir.>>
Taryhy rowaýatlarda gelşine gürä Mekgäň müşrik başlyklarynyň kä biri şol sanda äbusofiýan yslam pygamberine : egerde butlaryň tersine gürrüň bermeseň biz hem seniň bilen işimiz bolmaz we halk arasynda öz diniňi wagyz etjek diýseň edip bilersiň diýip aýtdy .
Taňry tagala bu aýatlarda yslam pygamberne ýüzleniň : bu hili tekliplere esewan bol we olar bilen oňuşjak bolup yslam dinini ýaýratmakdan el özme , elbetde yslam dininiň duşmanlary özleriniň edýän duşmançylykly işlerinden hergiz saklanmazlar oňa görä bu ýolda Alla töwekgel edip onuň özünden haraý soramaklyk ýeterlikdir diýip aýdýar.
Guran kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- diniň duşmanlaryna eýermeklige sebäp bolup bilýän her hili oňuşmakly hereketden saklanmalydyr sebäbi bu hili hereketler Alladan gorkmaklyk bilen sazdaş däldir .
2- munapyklar , duşmanlar bilen ugurdaş hereket edýändirler oňa görä olaryň işlerine esewan bolmalydyr.
3- kapyrlaryň ynamny we razylygyny gazanmagyň ýerine diniň taglymatyna gaýym ýapyşmalydyrys , indi şol taglymatlar kapyrlaryň göwünne ýaramasa ýaramasyn.
Kapyrlaryň we munapyklaryň tersine hereket etmekligiň özüne görä kynçylyklary izine tirkemegi mümkindir . bu ýolda iň ynamly daýalga Alla tagalanyň möminlere berýän hemaýatlarydyr .
Ähzap sürei, 4-nji aýat :
مَّا جَعَلَ اللَّهُ لِرَجُلٍ مِّن قَلْبَيْنِ فِي جَوْفِهِ وَمَا جَعَلَ أَزْوَاجَكُمُ اللَّائِي تُظَاهِرُونَ مِنْهُنَّ أُمَّهَاتِكُمْ وَمَا جَعَلَ أَدْعِيَاءكُمْ أَبْنَاءكُمْ ذَلِكُمْ قَوْلُكُم بِأَفْوَاهِكُمْ وَاللَّهُ يَقُولُ الْحَقَّ وَهُوَ يَهْدِي السَّبِيلَ (4)
<< Alla hiç bir adamyň içinde iki ýüregi goýan däldir we siziň Zähar edýän başdaşlaryňyzy siziň eneňiz ( hökmünde ) goýan däldir (olar siziň eneňiz bolup bilmezler ) we ogulluk alan perzentleriňizi siziň (çyn) ogullaryňyz edip goýan däldir ( olar siziň çyn ogullaryňyz bolup bilmezler ) bu zatlar , siziň aýdýan zatlarňyzdyr emma Alla bolsa hak ýadýandyr we Alladyr sizi ( dogry ýola ) hedaýat ediji.>>
Guran kerim geçen aýatlarda yslam pygamberni we möminleri kapyrlara eýermekden alyp galany soň bu aýatda müşrikleriň şol döwürdäki kä bir azgyn hereketlerine we olaryň nädogry yrym – ygdykatlaryna yşarat edip aýdýar : Alla tagala olaryň bu hili ýalňyş işlerini tassyklaýan däldir onda olardan daş duruň sebäbi bir ýürekde iki kişiň dostlugyny (söýgisini) saklap bolmaz Alla söýgi bildirmegi kapyrlara we müşriklere söýgi bildirmek bilen bir ýerde jemläp bolmaz her kim Allany söýýän bolsa onda oňa eýersin we onuň duşmanlarynda ýüz öwürsin.
Jahylyýet we nadanlyk döwrüniň nä dogry däpleriniň birsi-de her kim aýalyndan nä-rahat we gaharda bolsa oňa : “sen mundan beýläk edil enemiň hökmündesiň” diýip oň bilen bir ýorganda ýatmaýardy . emma aslynda ynsanyň başdaşy hiç mahalda onuň enesi bolup bilmez . bu söz bir boş gürrüňdyr .
Şol döwrüň nä dogry düşünjeleriniň ýene birsi ynsanlaryň tutunýan ogullyklary hakyndady , müşrikler we kapyrlar , özleriniň tutunýan ogullyklaryny özleriniň asly ogullary hökmünde görüp öz perzentlerine her näme hak- hukuk kaýyl bolsalar oňada şony kaýyldylar. olar ölenleri soň olaryň ogullyklaryda edil beýleki perzentleri ýaly ölen atalygydan miras alýardy ýada ogullyklary ölenlerinde , olaryň atalyklary olardan miras alýardylar . yslam dini müşrikleriň bu pikirlerine garşy durup ogul bilen ogullygyň arasynda parhyň barlygyny aýtdy . onuň anyk mysaly bolsa pygamberiň ogullygy zeýt ebni harese-di. Zeýt öz başdaşyndan jydalaşmagyndan soň pygamberiň onuň başdaşy bilen baş çatyşmagy biziň bu gürrüňmize güwä geçýändir.
Dogrusy Taňry tagala , müşrikleriň arasyndaky bu nä dogry däbi ýok etmek üçin yslam pygamberine , zeýt ebni haresäň talak beren aýaly bilen durmuş gurmagyny buýrandyr.
Guran kerim bu aýatyň dowamynda , bir möhüm usula yşarat edip aýdýar : ýöne labyz we gürrüň bilen bir zadyň hakykaty üýtgeýän däldir. “Indiden soň sen meň enemiň hökmündesiň” diýmek bilen bir adamyň başdaşy onuň enesi bolup bilmez, şeýlede bir çagany ogullyk almak bilen ol çagadan ynsana hakyky perzent bolýan däldir.
Guran kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- bir ýürekde iki zadyň söýgisi jem bolmaz hem ynsan allany söýüp hemem şeýtana bendelik edip bilmez elbetde diňe munapyklar şeýdip bilerler .
2- ene- atanyň öz perzentleri bilen bolan baglanşygy hakyky baglanşykdyr oňa görä bu baglanşyk hatda taraplaryň biriniň ölmegi bilen hem özülýän däldir.
3- köpçülikde we içeri maşgala meselesinde hak bilen batyly saýgarmagyň ölçegi , wahyýdan göz baş alýan ylahy taglymatlardyr. Oňa görä bu taglymata ters gelýän düşünjeler hökman gyrakda goýulmalydyr .
Ähzap sürüsiniň 5-nji aýaty:
ادْعُوهُمْ لِآبَائِهِمْ هُوَ أَقْسَطُ عِندَ اللَّهِ فَإِن لَّمْ تَعْلَمُوا آبَاءهُمْ فَإِخْوَانُكُمْ فِي الدِّينِ وَمَوَالِيكُمْ وَلَيْسَ عَلَيْكُمْ جُنَاحٌ فِيمَا أَخْطَأْتُم بِهِ وَلَكِن مَّا تَعَمَّدَتْ قُلُوبُكُمْ وَكَانَ اللَّهُ غَفُوراً رَّحِيماً (5)
<< olar ( ogullyklaryny) olaryň atalarynyň ady bilen çagyrsynlar bu iş Allanyň ýanynda adalata ýakyndyr . egerde olaryň atalaryny tanamaýan bolsaňyz (bilip goýuň) olar siziň dini doganlaryňyz we dostuňyzdyrlar we (mundan ozal göýberen) hatalaryňyza ( we olary öz perzendiňiz bilmegiňizde ) sizde ýazyk ýokdur ýöne ýüregiňizde bilgeşleýin saklan zatlarňyz üçin (ýazyklysyňyz) we Alla ýalkawjy we mähribandyr.>>
Guran kerim öňki aýatyň dowamynda bu aýatda aýdýar : köpçülikde we içeri maşgalada ogullygyňyza çemeleşmekde ony edil öz perzendiňiz ýaly edip görkezmäň eýsem olaryň atalarynyň adyny bilýän bolsaňyz ony , çyn atasynyň ady bilen çagyryň egerde onuň çyn atasynyň adyny bilmeýän bolsaňyz ony , bir dini dogan ýada dost hökmünde tanadyň şeýdipde onuň kimligini goraň we il- gün ol siziň asly perzendiňizmikä diýip pikir etmesinler.
Guran kerim bu gürrüňiň dowamynda bir möhüm kada yşarat edip : bilmezlikden göýberilýän her bir ýalňyş işi Taňry tagala bagyşlajakdyr ýöne bilgeşleýin ýola berilýän her bir işi Alla ýalkamaz we onuň üçin hatakär ynsana jeza berer diýip yglan edýär.
Guran kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- haýsydyr bir bahana üçin bir ynsanyň , öz , ene- atasy bilen bolan baglanşygyny üzmäge hakymyz ýokdur.
2- hatda atalary belli bolmadyk adamlaryň hem kimligi hormat esasynda goralmalydyr oňa bi-hormatçylyk etmäge hiç kimiň haky ýokdur.
3- bir hata işiň göýberilmeginde ýada oňa jeza bermekde şol hatanyň näme niýet bilen göýberilendigini göz öňüne almalydyrys .
Ýene bir ybaratda hata işden bolan niýet , şol hatanyň ýüze çykmagynda ýada oňa nähili jezanyň berilmeginde täsirli bolup bilýändi.
////////////