Jan 19, 2018 13:16 Asia/Ashgabat

bölüm,758,süre Ähzap,aýat 6-8

برنامه راهی بسوی نور( (758

Ähzap sürüsi, 6-njy aýat:

النَّبِيُّ أَوْلَى بِالْمُؤْمِنِينَ مِنْ أَنفُسِهِمْ وَأَزْوَاجُهُ أُمَّهَاتُهُمْ وَأُوْلُو الْأَرْحَامِ بَعْضُهُمْ أَوْلَى بِبَعْضٍ فِي كِتَابِ اللَّهِ مِنَ الْمُؤْمِنِينَ وَالْمُهَاجِرِينَ إِلَّا أَن تَفْعَلُوا إِلَى أَوْلِيَائِكُم مَّعْرُوفاً كَانَ ذَلِكَ فِي الْكِتَابِ مَسْطُوراً (6)

 << pygamber möminlere olaryň özlerinden laýykrakdyr we onuň başdaşlary olaryň (möminleriň) eneleri hasaplanýandyrlar we Allanyň kitabynda dogan-garyndaşlar bir-birinden (miras almakda) möminlerden we Muhajyrlardan öňde durýandyrlar – meger öz dostlaryna ýagşylyk etjek diýmeseler – bu höküm kitapda ýazgylydyr.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Allanyň hökümi boýunça ogulluk tutulan çagalar we ogulluk alan adam bir-birinden miras almaga hakly däldirler we mirasy hakyky ata bilen perzent bir-birinden alyp bilýändirler . guran kerim bu ýatda aýdýar : hatda bütin musulmanlaryň dosty bolan we musulmanlara ata hökmünde bolan şeýlede onuň başdaşlary musulmanlaryň eneleri hökmünde bolan pygamber hem musulmanlardan miras alýan däldir we musulmanlar hem ondan miras alýan däldirler. aýtmak ýerli yslam pygamberi Medine şäherine hejret edeni soň ol şäherde Änsarlar bilen Muhajerleriň arasynda dostlyk – doganlyk peýmanyny baglady we bir Muhajeri ýene bir Änsaryň dogany diýip yglan etdi. Şondan gelende bu hili dogan okaşmaklyk Bilen bir adam ýene bir adamdan miras alýan däldirde eýsem biriniň ýene birinden miras almagy üçin olaryň arasynda dogan- garyndaşlyk , ata- perzentlik ýada är- aýallyk ýaly baglanşyklaryň bolmagy gereklidir . elbetde her kim özüniň galdyrýan zadyndan wesýet arkaly musulman doganyny miras berip bilýändir. guran kerimiň bu aýaty – öňki aýatyň dowamynda bolup , miras hakyndadyr ýöne bu aýatyň deslapky ybaratlary hemmeler hakyndadyr ýagny bütin işlerde pygamber hemmelerden öňde durýandyr we mömin adam işlerde pygamberiň berýän pikrine amal etmelidir. Guran kerimiň Ähzap sürüsiniň 36-njy aýaty hem bu hakykata yşarat edip haçanda Alla we onuň resuly bir höküm çykarsalar möminleriň oň bilen tersleşmäge haklary ýokdur diýip aýdýar . sebäbi pygamber bir päk ynsan we onuň ýüreginde haý - höwes ýada şahsy bähbidi aramaklyk dilen zat ýokdur.

Guran kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- pygamber bütin musulmanlaryň dostydyr oňa görä möminler , bütin işlerde pygambere eýermelidirler.

2- pygamberiň başdaşlaryna hormat goýmalydyr we olara her hili bi hormatçylygyň edilmegi dogry däldir .

3- yslam medeniýetinde içeri maşgalanyň düýbini berkitmek ugurda dogan garyndaşlyk baglanşyga ýörite ähmiýet berilendir.

Ähzap süresi, 7 we 8-nji aýatlar:

‏ وَإِذْ أَخَذْنَا مِنَ النَّبِيِّينَ مِيثَاقَهُمْ وَمِنكَ وَمِن نُّوحٍ وَإِبْرَاهِيمَ وَمُوسَى وَعِيسَى ابْنِ مَرْيَمَ وَأَخَذْنَا مِنْهُم مِّيثَاقاً غَلِيظاً (7) لِيَسْأَلَ الصَّادِقِينَ عَن صِدْقِهِمْ وَأَعَدَّ لِلْكَافِرِينَ عَذَاباً أَلِيماً (8)

<< we ( ýat et ) haçanda pygamberlerden we senden peýman aldyk şeýlede Nuhdan , Ybraýymdan , Musadan we Merýem ogly Isadan mäkäm peýman aldyk // tä ( kyýamatda Alla ) dogruçylara dogruçylyklaryndan sorag bersin we Alla kapyrlara güýçli azaby taýýarlap goýandyr.>>

Guran kerim geçen aýatda yslam pygamberiniň möminlere bolan dostlugyndan we üssemliginden gürrüň edeni soň bu aýatda yslam pygamberiniň şeýlede ozalky pygamberleriň agyr jogapkärçiliginden gürrüň gozgap aýdýar: taňry tagala pygamberlere kaýyl bolan hak- hukukynyň garşysynda olardan agyr jogapkärçiligi talap edip peýman alandyr şol sanda , wahy perişdesinden wahyny alyp halka dogry suratda ýetirmeklikde we halky dogry ýola hedaýat etmek ugurda tagalla etmeklikde olardan peýman alandyr.

Hawa , Guran kerim bu aýatda ululazm pygamberleriň bäşiniň şol sanda yslam pygamberniň Nuh , Isa , Musa we Ybraýym pygamberleriň adyny tutandyr. Guran kerim bu aýatyň dowamynda hem ilatyň pygamberiň ylahy çakylygynyň garşysynda iki topar diýmek çakylygy kabul edip hedaýat bolýan adamlar bilen çakylygy ret edip şol gümralykda galýan adamlara bölünýändiklerini aýdyp : pygamberleriň çakylygyny kabul edýän ynsanlar dogry adamlardyrlar . olaryň sözleri amallary bilen birdir ýöne pygamberleriň çakylygyny kabul etmeýän kapyrlaryň sözleri amallary  bilen parh edýändir diýip aýdýar . kyýamat gününde bolsa taňry tagala bu iki toparyň hasabyna olaryň öz sözleri , amallary we niýetleri esasynda ýetişiklik edip olara jeza ýada serpaý berjekdir. Guran kerim bu süräniň 23 we 24-nji aýatlarynda hem hakyky möminlere yşarat edip : Alla bilen baglaşan ähdi peýmanlarynda dogry tapylan ynsanlar dogruçyl adamlardyrlar we dogry bolanlyklary üçin ahyretde Alla olara serpaý berjekdir .

Elbetde bu ýerde bir üns bermeli zat bar olda Alla tagalanyň kyýamatda dogruçy adamlaryň dogrulyk derejesini seljerip görmegidir. Ýagny diňe sözde dogry bolmaklyk ýeterlik däldir eýsem amalda hem dogry bolmalydyr her kim amalda we sözde dogry bolsa we niýeti hem dogry bolsa kyýamatda Alla oňa serpaý berjekdir .

Guran kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- geçen halyklaryň we pygamberleriň taryhy bilen tanyş bolmaklyk möminleriň üns bermeli meselelerindendir .

2- taňry tagala her kime bir hak , hukuk kaýyl bolan bolsa onuň garşysynda olardan jogapkärçilik hem talap edendir  indi her kime berlen hak- hukuk ulyrak bolsa onuň paýna düşýän jogapkärçilik hem şonça uly boljakdyr .

3- mömin adam amalda we sözde dogruçyl bolmalydyr sebäbi dogruçyllyk iman üçin bir zerurlyk hasaplanýandyr . şonuň üçin hem taňry tagala bu aýatda Mömenun ybaratynyň ýerine Sadekyýn ybaratyndan haýyrlanandyr .

4- taňry tagala kyýamatda adamlaryň amallaryna ýetişiklik etmekde olaryň amallarynyň maksat myradyna hem üns berjekdir we her bir amalda niýet dogry bolsa onuň serpaýy hem ulyrak boljakdyr.

 

/////////////////