Jan 19, 2018 13:19 Asia/Ashgabat

bölüm,759,süre Ähzap,aýat 9-12

برنامه راهی بسوی نور( (759

Ähzap süresi , 9-njy aýat:

يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا اذْكُرُوا نِعْمَةَ اللَّهِ عَلَيْكُمْ إِذْ جَاءتْكُمْ جُنُودٌ فَأَرْسَلْنَا عَلَيْهِمْ رِيحاً وَجُنُوداً لَّمْ تَرَوْهَا وَكَانَ اللَّهُ بِمَا تَعْمَلُونَ بَصِيراً (9)

<<>>

Gurhan kerimiň bu aýaty we mundan soň gelen 16 aýat, Ähzap urşy hakyndadyr . Ähzäp söweşi 5-nji hejri kamary senesinde ýüze çykandyr bu uruşda , musulmanlary ýok etmek ugurda kapyrlar , müşrikler hatda jöhitler öz ara ahdy-peýman baglaşdylar . Mekgäň kapyrlary we müşrikleri şeýlede Medinäniň jöhitleri Medine şäherini musulmanlaryň elinden basyp alyp yslam pygamberini we beýleki musulmanlary öldürmek barada peýman baglaşdylar , ýöne Allanyň islegi bilen olaryň nagşalary suwa döküldi we bu uruşda musulmanlaryň üstünlik gazanmaklary bilen duşmanlar numyt galdylar .

Ähzap urşunda resuly ekrem duşmanlaryň nagşalaryndan habarly bolany soň musulmanlary metjide ýygnap duşman bilen garşylaşmagyň ýollary barada olar bilen geňeşdi. şonda aňrysy pars ülkesinden bolan Salman Medinäň töwereginde Handak ýa şol jar gazmak barada maslahat berdi şonuň üçin Ähzap urşuna Handak urşy hem diýip aýdýarlar .

Ähzap urşy barada inen bu aýatda taňry tagala musulmanlardan duşmanyň garşysynda olary goldamak barada Allanyň gaýypdan ýetiren hemaýatlaryny ýatlamaklaryny isleýär . Gurhan kerim bu aýatda musulmanlara aýdýar : Ähzap urşunyň başynda siz ejizdiňiz duşmanyň goşuny siziň goşunňyzdan näçe essedi , şonuň üçin siz duşmanyň goşunnyň sanyndan gorkmaz ýaly Alla gaýypdan perişdeleri size kömek bermek üçin ýollady , perişdeler bolsa duşmanyň ýüreklerine gorky saldylar we duşman bilen garşylaşmakda siziň yradalaryňyzyň berkimegine sebäp boldular .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

  1. Allanyň ýolunda jyhat etmeklik dürli taraplardan ylahy kömekleriň gelip ýetmegine sebäp bolýandyr .
  2. Allanyň beren nygmatlaryny ýatlap durmaklyk ýowuz ýagdaýlarda ynsanyň kynçylyklarynyň öňünde durup bilmegine sebäp bolýandyr
  3. Alla tagala her bir zadyň üsti bilen , ýeliň , tupanyň , perişdeleriň ýada beýleki zatlaryň üsti bilen möminleri goldajak diýse goldap bilýändir .
  4. Allanyň bizi görüp biziň işlerimizden habarlydygyna iman getirmeklik bizi telekeçilikden saklap dogry ýolda bolmakmyza sebäp bolýandyr .

Ähzap süresi, 10 we 11-nji aýatlar :

إِذْ جَاؤُوكُم مِّن فَوْقِكُمْ وَمِنْ أَسْفَلَ مِنكُمْ وَإِذْ زَاغَتْ الْأَبْصَارُ وَبَلَغَتِ الْقُلُوبُ الْحَنَاجِرَ وَتَظُنُّونَ بِاللَّهِ الظُّنُونَا (10) هُنَالِكَ ابْتُلِيَ الْمُؤْمِنُونَ وَزُلْزِلُوا زِلْزَالاً شَدِيداً (11)

<<>

Gurhan kerim bu aýatlarda Ähzap söweşiniň aldym-berdimli ýagdaýyny teswire çekip aýdýar : duşmanlaryň sany şeýle bir köpdi, olar şäheri Dört tarapdan gurşap aldylar we olaryň şäherä girip musulmanlary gyrana bermekleri mümkindi şonda Medinäň ýaşaýjylary duşmanyň howpundan gaty gorka düşdiler bu gorkyny olaryň gözlerinden görmek bolýardy , şeýlede bu gorkydan olaryň bedeni lerzana düşüp janlary çykara geldi .

Hawa , Ähzap söweşinde Allanyň wadalaryna imanlary bolmadyk Adamlar gaty gorka düşüp ýowuz ýagdaýlarda musulmanlary goldamak barada Allanyň beren wadasyna bet güman boldular . dogrusy Ähzap urşunyň netijesinde musulmanlaryň gabat gelen ýowuz ýagdaýlary olar üçin bir hili ylahy synagdy bu synagda käler duşmanyň haýbatyndan gorka düşdiler käler hem duşmanyň garşysynda berk durup bu synagy abraýly başdan geçirdiler .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

  1. Duşmanlar yslam ülkesine ornap bilmezler ýaly musulmanlar elmydam taýýarlanyp durmalydyrlar .
  2. Uruş we jyhat bir hili ylahy synagdyr egerde uruşyň we jyhadyň aldym berdimli ýagdaýlarynda özümizi dogry alyp barmasak bu synagda abraý gazanmakmyz çetindir .
  3. Ýowuz ýagdaýlarda hakyky möminleri beýlekilerden saýgarsa bolýar , sebäbi kyn we ýowuz ýagdaýlaryň öňünde durmak üçin imanyň mäkämligi gerekdir we imany gowşak adamlar bu hili ýagdaýlardan baş ýokary çykyp bilýän däldirler .

Ähzap süresi, 12-nji aýat :

وَإِذْ يَقُولُ الْمُنَافِقُونَ وَالَّذِينَ فِي قُلُوبِهِم مَّرَضٌ مَّا وَعَدَنَا اللَّهُ وَرَسُولُهُ إِلَّا غُرُوراً (12)

<<

  1. >

     

    Gurhan kerim geçen aýatda , Ähzap urşunda musulmanlaryň käleriniň ýüreklerine gorky düşendiginden gürrüň gozgany soň bu aýatda bu gorkyň sebäplerine yşarat edip aýdýar : ýüreklerine gorky düşen bu musulmanlaryň bir topary munapykdylar, olar dillerinde “biz musulman” diýseler-de ýüreklerinde imanlary ýokdy. ýene bir topary imanlary bardy ýöne imanlary gowşakdy , olaryň ýürekleri heniz dünýä bilendi , dünýä bolan höwesi bolsa olary duşmanyň öňünde jyhat etmeklikden alyp galýardy , munapyklar we imanlary gowşak bolan adamlar duşmanyň öňünde durmadylar , hatda olar beýleki musulmanlaryda yza süýşmeklige şowklandyryp: pygamber duşmanyň garşysynda biziň hemaýatymyzy gazanmak maksady bilen bizi aldap ýalandan üstünligiň wadasyny beripdir diýip aýtdylar .

    Gurhan kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

    ///////////////////

     

     

    1. Iki ýüzliligiň howpy uly howpdyr oňa görä musulmanlar bu howpuň öňünde durmak üçin bu howpy tanyp onuň öňünde taýýarlyk görmelidirler .
    2. Munapyklar yslam köpçüligini içden ejizledip duşmanyň garşysynda musulmanlaryň ruhdan düşmeklerine sebäp bolýandyrlar .
    3. Pygamberleriň ýaranlarynyň we sahabalarnyň imanlary deň bolan däldir , olaryň arasynda imanlary gowşak we iki ýüzli adamlar hem bolandyr .