Jan 19, 2018 13:25 Asia/Ashgabat

bölüm,760,süre Ähzap,aýat 13-17

برنامه راهی بسوی نور( (760

Ähzap süresi, 13-nji aýat :

وَإِذْ قَالَت طَّائِفَةٌ مِّنْهُمْ يَا أَهْلَ يَثْرِبَ لَا مُقَامَ لَكُمْ فَارْجِعُوا وَيَسْتَأْذِنُ فَرِيقٌ مِّنْهُمُ النَّبِيَّ يَقُولُونَ إِنَّ بُيُوتَنَا عَوْرَةٌ وَمَا هِيَ بِعَوْرَةٍ إِن يُرِيدُونَ إِلَّا فِرَاراً (13)

<<>>

Geçen gepleşikde Ähzap urşy hakynda inen aýatlar barada gürriňe girişdik , şol aýatlaryň gürrüňlerinde hem aýdyşymyz ýaly munapyklar ýada ýüreklerinde iman güýji ejiz bolan adamlar : pygamber bize üstünlik wadasyny berdi ýöne onuň wadasy ýalandyr we biz üstünlik gazanmarys diýip aýtdylar .

Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda hem aýtýar: Ýaňky munapyklaryň bir topary , duşman bilen uruşmak üçin şäherden çykan musulmanlara ýüzlenip : bu ýer siziň durmaly ýeriňiz däl , duşmanyň öňünde siziň eliňizden hiç bir iş gelmez, gowusy öz öýleriňize dolanyň we oglan uşagyňyzy duşmanyň howpundan goraň diýip aýtdylar , imanlary ejiz bolan adamlaryň bir topary hem bu sözlere aldanyp öýlerini bahanasy bilen şähere dolanmak barada pygamberden rugsat soradylar . dogrysy olar bu bahana bilen diňe uruşdan gaçjak bolýardylar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň berýän sapaklary :

  1. ilatyň yradasyny gowşatmak maksady bilen olaryň arasynda myş-myş ýaýratmaklyk munapyklaryň işidir , oňa görä möminler bu hilli gara ýürek adamlaryň işlerine esewan bolmalydyrlar .
  2. Yslam pygamberi, uruşlarda özi göni tärde goşuna serkerdelik edendir we ýowuz ýagdaýlarda ilatyň ýanynda durup howplara garşy çykandyr .

!hzap süresi, 14 we 15-nji aýatlar :

 وَلَوْ دُخِلَتْ عَلَيْهِم مِّنْ أَقْطَارِهَا ثُمَّ سُئِلُوا الْفِتْنَةَ لَآتَوْهَا وَمَا تَلَبَّثُوا بِهَا إِلَّا يَسِيراً (14) وَلَقَدْ كَانُوا عَاهَدُوا اللَّهَ مِن قَبْلُ لَا يُوَلُّونَ الْأَدْبَارَ وَكَانَ عَهْدُ اللَّهِ مَسْؤُولاً (15)‏

<<>>

Gurhan kerim öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : duşmanyň garşysynda durup howp bilen ýüz be ýüz bolmakdan gaçýan bu adamlar aslynda olar , imanlarynyň gowşanlygy zerarly duşmanyň öňünden gaçýandyrlar , sebäbi egerde duşman Medine şäherine girip olardan dinden dolanmagy isleseler olar hökman dinden el üzerler. elbetde olar pygamber bilen peýman baglaşanlarynda , duşmanyň garşysynda ony goldamak barada söz beripdiler , ýöne bu gün olar bu ähtlerinde tapylmanlyklary sebäpli olary soraga çekjekdir .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

  1. imanlary gowşak bolan adamlar ýowuz ýagdaýlarda duşmanyň öňünden gaçjakdyrlarwe olar bu işleri bilen hem duşmanyň yslamy köpçülige häkim bolmaklygyna şert döretjekdirler .
  2. Musulman adamyň ýüregindäki iman , onuň Alla bilen baglaşan peýmany hasaplanýandyr we mömin adam bu imanyny goramak ugurda duşmanyň öňünde mäkäm durmalydyr .

Ähzap süresi, 16 we 17-nji aýatlar :

 قُل لَّن يَنفَعَكُمُ الْفِرَارُ إِن فَرَرْتُم مِّنَ الْمَوْتِ أَوِ الْقَتْلِ وَإِذاً لَّا تُمَتَّعُونَ إِلَّا قَلِيلاً (16) قُلْ مَن ذَا الَّذِي يَعْصِمُكُم مِّنَ اللَّهِ إِنْ أَرَادَ بِكُمْ سُوءاً أَوْ أَرَادَ بِكُمْ رَحْمَةً وَلَا يَجِدُونَ لَهُم مِّن دُونِ اللَّهِ وَلِيّاً وَلَا نَصِيراً (17)

<<>>

 

Gurhan kerim bu aýatlarda duşmanyň howpundan gorkyp gaçýan adamlara ýüzlenip: ölüm howpundan gorkyp uruşdan gaçmak bilen janyňyzy gorarys mukam diýýän bolsaňyz gaty ýalňyşýansyňyz  , bu iş size peýda bermez sebäbi bu iş bilen mümkin dünýäde bir näçe gün artykmaç ýaşadyňyz, ýöne bu işiňiz bilen özüňizi dowzahyň hemişelik azabyna giriftar etjeksiňiz diýip aýdýar .

Onsoň ölüm diňe uruşda ynsanyň ýakasyndan ýapyşýan däldir . uruşlarda bolup uzak ýaşaýan adamlar az däldir . şonçada uruşdan gaçyp haýsydyr bir tebigy hadysalar bilen janlaryny elden berýän adamlar hem az däldir .

Allanyň yradasy kimiň haçan we haýsy ýagdaýda öljekdigini belli edýändir we Allanyň yradasynyň garşysynda hem hiç bir gudrat durup bilýän däldir . oňa görä bir hakyky mömin adam özüniň Alla bilen baglaşan peýmanynda tapylyp dini goldamakda duşmanyň garşysynda berk durmalydyr , egerde bu ýolda şehit bolsa onuň uly bagta ýetdigidir . sebäbi hemmeleriň dolanjak ýeri Alla tagalanyň huzurydyr .

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň berýän sapaklary :

  1. Ölüm hemme zadyň soňy däldir , ölümden gutulmak ýokdur , irde-giçde hemmeler öljekdirler , onda bu ölümiň Allanyň ýolunda bolmagy uly bagt dälmidir ?
  2. Dünýäniň geler – geçer haý-höweslerine gyzygyp hakyky bagtyýarlykdan gapyl galmajak bolmalydyrys .
  3. Barlygyň eýesi Alladyr we ondaky barça işlerde Allanyň özi çäre görýändir , onda barlykda bolup geçýän ajy-süýji barça zatlar Allanyň hikmeti bilen ýüze çykýandyrlar , bu arada ynsanyň bagtyýarlygy onuň Allanyň belli edip goýan ýolunda hereket etmegindedir .

///////////////