Jan 19, 2018 13:31 Asia/Ashgabat

bölüm,761,süre Ähzap,aýat 18-21

برنامه راهی بسوی نور( (761

Ähzap süresi, 18 we 19-njy aýatlar:

قَدْ يَعْلَمُ اللَّهُ الْمُعَوِّقِينَ مِنكُمْ وَالْقَائِلِينَ لِإِخْوَانِهِمْ هَلُمَّ إِلَيْنَا وَلَا يَأْتُونَ الْبَأْسَ إِلَّا قَلِيلاً (18) أَشِحَّةً عَلَيْكُمْ فَإِذَا جَاء الْخَوْفُ رَأَيْتَهُمْ يَنظُرُونَ إِلَيْكَ تَدُورُ أَعْيُنُهُمْ كَالَّذِي يُغْشَى عَلَيْهِ مِنَ الْمَوْتِ فَإِذَا ذَهَبَ الْخَوْفُ سَلَقُوكُم بِأَلْسِنَةٍ حِدَادٍ أَشِحَّةً عَلَى الْخَيْرِ أُوْلَئِكَ لَمْ يُؤْمِنُوا فَأَحْبَطَ اللَّهُ أَعْمَالَهُمْ وَكَانَ ذَلِكَ عَلَى اللَّهِ يَسِيراً (19)

<< şübhesiz Alla , sizlerden bolan we halky ( jyhatdan ) alyp galýan we öz doganlaryna hem “bize tarap geliň we ( urşa tarap gitmäň )” diýip aýdýan adamlary gowy tanaýandyr we olardan sanlyjasyndan gaýry urşa gitmezler.// Olar size bahylçylyk edýändirler we haçanda ( uruş ) howpuna gabat gelenlerinde olary görýärsiňiz weli ölüm halyna düşen adam ýaly gözleri gözüň hanasyndan çykara gelen ýagdaýynda saňa ser edýändirler. ( emma ) haçanda howp başlaryndan sowlanda kesgir dilleri bilen saňa azar berýändirler we ýagşylyk etmekde bahyldyrlar . olar iman getiren däldirler we Alla olaryň amallaryny ýok eder we bu iş Alla üçin aňsatdyr.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Gurhan kerim öňki aýatlarda Ähzap urşunda musulmanlary ruhdan düşürmekde Medinäniň munapyklarynyň oýnan rollaryna yşarat etmekden soň bu aýatlarda aýdýar : munapyklaryň bir topary halky duşman bilen garşylaşmakdan alyp galýardylar we halka: “biziň uruşdan gyraga çekilşimiz ýaly siz hem uruşdan gyraga çekiliň” diýip aýdýardylar. olar uruş meýdanlarynda huzurly bolmakdan göwre çekişleri ýaly ynfak etmekden we mallaryndan bagyşlamakdan hem göwre çekýärdiler.olaryň Alla bolan imanlary gowşakdy  we howp hatarlarda şeýle bir gorkýardylar weli edil janlary çykjak ýalydy. ýöne haçanda musulmanlar üstünlik gazananlarynda olar hem özlerini bu üstünlikde şärik bilip hemmelerden ozal olja tarap ylgardylar hatda olar pygambere awylykly sözleri aýdyp bileki musulmanlardan artykmaçrak paý aljak bolup tagalla edýärdiler.elbetde gurhan kerimiň pygamberiň zamanyndaky munapyklaryň boluşyndan aýdýan sözleri diňe şol zamana mahsus däldir eýsem bu hili boluşy häzirki zamanda hem munapyklarda görmek bolýandyr.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1- duşman bilen garşylaşmaly bolanda öz aramyzdaky imany gowşak adamlara esewan bolmalydyrys . sebäbi olar özleri uruş meýdanyndan gaçmakdan aýry beýlekileride ruhdan düşürýändirler ýada sowuk sözleri bilen halky uruşdan alyp galýandyrlar .

2- munapyklar howp hatarlarda kömek ýetirmegiň ýerine zyýanlaryny ýetirýändirler emma howp hatar sowulyp paý almaly bolanda hemmelerden öňde paýa garaşýandyrlar.

3- ýowuz ýagdaýlarda duşmandan gorkup parahatçylykda beýlekilerden algyly ýaly bolup geplemeklik , monapyklaryň nyşanalaryndandyr.

Ähzap süresi, 20-nji aýat:

يَحْسَبُونَ الْأَحْزَابَ لَمْ يَذْهَبُوا وَإِن يَأْتِ الْأَحْزَابُ يَوَدُّوا لَوْ أَنَّهُم بَادُونَ فِي الْأَعْرَابِ يَسْأَلُونَ عَنْ أَنبَائِكُمْ وَلَوْ كَانُوا فِيكُم مَّا قَاتَلُوا إِلَّا قَلِيلاً (20)

<< olar ( monapyklar ) “Ähzap toparlary heniz ( Medinäniň töwereginden) dolanan däldirler” diýip güman etdiler. egerde duşmanlaryň toparlary ( Medinä tarap ) dolansalar , ( munapyklar): käşki çarwa araplaryň arasynda bolup ( şol ýerden ) siziň habarlarňyzy alsadyk diýip arzuw ederler, we egerde olar siziň araňyzda bolsalar sanlyjasyndan başga hiç birisi uruşmazdylar.>>

Gurhan kerim bu aýatda munapyklaryň gorkusyna yşarat edip aýdýar : duşmanyň goşuny Medinäniň töwereginden yza çekildi we medine şäheri duşmanyň howpundan halas boldy şondan gelende munapyklar “duşmanlar heniz Medinäň töwereginden gidendirler” diýip güman etdiler olar şol güman bilen hem , her bir atyň we düýäň aýagynyň sesini eşidenlerinde “duşman geldi” diýip janlary howp astyndady .olar şeýle bir gorkýardylar weli “käşki şu mahal çarwadar Araplaryň arasynda ýaşap şol ýerden şäheriň habaryny alyp dursadyk” diýip aýdýardylar .

Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda möminlere ýüzlenip : elbetde olar şäherde galsalar-da olardan size kömek ýetmez onda olaryň ne gitmeklerinden gynanyň we nede galmagallaryndan begeniň diýip aýdýar.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- munapyklar we imanlary gowşak bolan admlar , duşmany musulmanlardan güýçli görýändirler we çaknyşyklarda üstünlik hökman kapyrlar bilen bolar diýip güman edýändirler şonuň üçin hem olar duşmanlar bilen çaknyşmakdan ýüz öwürýändirler .

2- duşmandan gorkmaklyk ynsanyň duşmandan gaçmaklygyna sebäp bolýandyr emma akyl we şerigat , musulman adamdan duşmanyň garşysynda berk durmaklaryny isleýändir .

Ähzap süresi, 21-nji aýat :

لَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ لِّمَن كَانَ يَرْجُو اللَّهَ وَالْيَوْمَ الْآخِرَ وَذَكَرَ اللَّهَ كَثِيراً (21)

<< siz üçin Allanyň resuly gowy ülňi we nusgadyr, bu zat Alla we kyýamat günine umytly bolan we Allany köp ýatlaýan adam üçin gowyrakdyr.>>

Gurhan kerim geçen aýatlarda munapyklaryň we imanlary gowşak bolan ynsanlaryň häsiýetlerini beýan etmekden soň bu aýatda aýdýar :Emma mömin adamlar , munapyklaryň boluşlaryna we agyzlaryna bakmagyň deregine pygamberiň boluşyna we sözlerine üns berýändirler. olar , edil Allanyň resuly ýaly duşmanyň garşysynda berk durup beýleki musulmanlary we Medine şäherini duşmanyň howpundan goraýandyrlar – rowaýatlarda gelşine görä yslam pygamberi Medine şäherini duşmanyň howpundan goramak üçin şäheriň töwereginde , duşmanyň girip biläýjek ýerlerinde – jar gazdyrdy. jar gazmakda hem özi eline pil we küleň alyň beýleki musulmanlar ýaly işledi. pygamber, Medinäň töwereginde jar gazdyrmagyň ýanynda Allany zikir etmegi musulmanlardan isleýärdi şeýlede Alla tarapdan musulmanlara üstünligiň wadasyny berýärdi.

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- uruşlarda we jyhatda yslam pygamberi gyrakda durmaýardy eýsem özi hem uruş lybasyny geýip goşuna baştutanlyk edýärdi sebäbi yslam pygamberniň getiren dini hökümetden özňe däldi we yslam dini ynsanlaryň ahyretde bagtyýar bolmaklaryny islemegiň ýanynda olaryň şu dünýäde hem bagtyýar bolmaklaryny we asudalykda ýaşamaklaryny isleýändir .

2- yslam pygamberi özüni başgalardan artykmaç saýýan däldir eýsem edil beýleki ynsanlaryň birsi hökmünde ýaşandyr şonuň üçin hem yslam pygamberi ynsanlara gowy ülňidir.

3- egerde musulmanlar yslam pygamberinden nusga alyp ol hezreti özlerine ülňi edinen bolsalardy häzirki ýagdaýda duşmanlaryň garşysynda şu hili har we zelil bolmazdylar we şu hili duşmanlaryň agalyk etmeklerine ýol bermezdiler.

 

/////////////////