bölüm,762,süre Ähzap,aýat 22-25
bölüm,762,süre Ähzap,aýat 22-25
برنامه راهی بسوی نور( (762
Ähzap süresi, 22-nji aýat :
وَلَمَّا رَأَى الْمُؤْمِنُونَ الْأَحْزَابَ قَالُوا هَذَا مَا وَعَدَنَا اللَّهُ وَرَسُولُهُ وَصَدَقَ اللَّهُ وَرَسُولُهُ وَمَا زَادَهُمْ إِلَّا إِيمَاناً وَتَسْلِيماً (22)
<< haçanda möminler , duşmanlaryň bir toparlaryny görenlerinde : bu zat , Alla we onuň resulunyň bizä wada beren zadydyr we Alla we onuň resuly dogry aýdýarlar diýip aýtdylar. We ( duşmanyň goşunyny görmekligiň ) olaryň Alla bolan imanlarynyň we yslamynyň artmagyndan aýry hiç netijesi bolan däldir .>>
Geçen gepleşikde munapyklaryň Ähzap söweşindäki boluşlaryny beýan etdik , Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda aýdýar : Alla we onuň resulyna imanlary bolan çyn möminler haçanda duşmanyň leşgeri bilen ýüz be ýüz bolanlarynda : bu wakanyň habaryny mundan ozal Alla tagala Gurhanyň aýatlarynda beýan edip berendir we biz özümiziň geçen ymmatlary ýaly ýowuz ýagdaýlara we duşmanlaryň hüjümne gabat geljekdigimizi bilýärdik diýip aýtdylar .
Yslam pygamberi hem , Araplaryň durly tire-taýpalarynyň musulmanlary ýok etmek maksady bilen birleşjekdikleriniň habarny beripdi şonuň üçin hem musulmanlar kapyrlaryň duşmanlaryň musulmanlary aradan aýyrmak maksady bilen olaryň Medine şäherine hüjüm etmeklerini görenlerinde bu ýagdaýy geň görmediler eýsem Alla we onuň resuluna eýerip duşmanlaryň garşysynda berk durdylar.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- möminler , duşmanlaryň olary öz erkine goýjak däldiklerini gowy bilýändirler şonuň üçin hem hemişe duşmana garşy taýyndyrlar.
2- kapyrlar öz aralarynda dawalaryny gyrakda goýup birleşýändirler .
3- möminler san taýdan az bolsalarda duşmanyň köplüginden gorkman olaryň garşysynda berk durýandyrlar.
Ähzap süresi, 23-nji aýat :
مِنَ الْمُؤْمِنِينَ رِجَالٌ صَدَقُوا مَا عَاهَدُوا اللَّهَ عَلَيْهِ فَمِنْهُم مَّن قَضَى نَحْبَهُ وَمِنْهُم مَّن يَنتَظِرُ وَمَا بَدَّلُوا تَبْدِيلاً (23)
<< möminleriň arasynda , Alla bilen baglaşan peýmanlarynda yhlas bilen tapylýan ynsanlar bardyr . olaryň bir näçesi peýmanlarynda tapylyp (şehit bolandyrlar ) we käleri hem ( şehitlige ) garaşýandyrlar we öz ähtlerini hiç mahal üýtgeden däldirler.>>
Gurhan kerim geçen aýatda hakyky möminleriň ýowuz ýagdaýlarda duşmanlaryň öňünde berk durýandyklaryny beýan etmekden soň bu aýatda aýdýar : möminler , Allanyň dinini gorkmakda elde baryny gaýgyrmajakdyklary barada Allanyň özi bilen peýman baglaşandyrlar olaryň bir topary hem Bädir we Ohot söweşlerinde bu ähtlerinde tapylyp şehitlik derejesine ýetendirler we olaryň bir topary hem öz ähtlerinde tapylyp Allanyň ýolunda janlaryny bermek üçin taýyndyrlar. bu mömin adamlaryň garşysynda imanlary gowşak bolan adamlary görmek bolýar olar uruşda bedenlerine ýara duşman sag – aman galmaklaryndan hoşaldyrlar we egerde ýene bir uruş ýüze çyksa olar urşa gatnaşmaga taýyn däldirler .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- musulmanlar iman taýdan bir derejede däldirler olaryň bir toparynyň imanlary şeýle bir çuňdyr weli gerek bolan ýerinde Allanyň ýolunda janlaryny hem berýändirler, ýöne ýene bir topar bardyr weli olar diniň ýolunda aýaklaryna tikeniň sançmagyna hem razy däldirler .
2- diniň ýolunda barça zadyňdan geçmäge taýyn bolmaklyk imanyň dogrylygyndan we çuňlugyndan nyşandyr.
3- çyn möminler dost – ýaryň şehit bolmaklaryny görenlerinde meýdandan gaçyp gidýän däldirler eýsem şol şehit bolan adamlaryň ýoluny dowam edip özleri hem şehit bolmak arzuwy bilen jyhat edýändirler.
Ähzap süresi, 24 we 25-nji aýatlar :
لِيَجْزِيَ اللَّهُ الصَّادِقِينَ بِصِدْقِهِمْ وَيُعَذِّبَ الْمُنَافِقِينَ إِن شَاء أَوْ يَتُوبَ عَلَيْهِمْ إِنَّ اللَّهَ كَانَ غَفُوراً رَّحِيماً (24) وَرَدَّ اللَّهُ الَّذِينَ كَفَرُوا بِغَيْظِهِمْ لَمْ يَنَالُوا خَيْراً وَكَفَى اللَّهُ الْمُؤْمِنِينَ الْقِتَالَ وَكَانَ اللَّهُ قَوِيّاً عَزِيزاً (25)
<< tä Alla sadyk we yhlasly adamlara görkezen yhlaslary üçin serpaý bersin we islese munapyklara azap bersin, ýada ( olar toba eden ýerlerinde ) özüniň lutfy keremini olaryň üstünden indersin , sebäbi Alla ýalkawjy we mähribandyr // we Alla kapyrlyk edýän ynsanlary gahar gazap bilen dolar we olar elleri boş dolanarlar we Alla möminleri uruşa mätäç etmedi ( we olara üstünlik bagyş etdi) we Alla güýçli we ýeňilmezdir.>>
Gurhan kerim bu aýatlarda Ähzap urşuny şu hili açyklap aýdýar : çyn möminler duşman bilen uruşmak üçin demir donlaryny geýdiler we olar Allanyň resulunyň ýanynda uruşmak üçin taýýardylar,şonuň üçin Alla olara serpaý berdi. uruş ýüze çykmady we hiç kimiň burnundan gan dammady şondan gelende Alla özüniň lutfy keremi bilen çyn möminlere uly serpaý berdi ýöne aýry bir tarapdan munapyklar uruşdan gorkdylar we başgalarda uruşdan alyp galjak bolup tagalla etdiler şonuň üçin olar Allanyň gaharyna sezewardyrlar - meger Alla özüniň lotfy keremi bilen olaryň ýazygyny ýalkamasa .
Hawa , Ähzap urşunda , yslamyň kökini gurdyp bileris diýen guman-da bolan müşrikler we kapyrlar bu uruşdan hiç hili netije almazdan Medinäň töwereginden yza çekilmeli boldylar Ähzap söweşinde Taňry tagala duşmandan gorkmazlygyň sapagyny musulmanlara berdi we duşmanlaryň hilelerine Allanyň çäre görýändigini ýatlatdy.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- yhlas we dogruçylyk diňe sözde däldir eýsem amalda hem bolmalydyr oňa görä mömin adam , Allanyň dinini goramak barada Taňry tagala bilen baglaşan ähdi peýmanynda tapylmalydyr.
2- Allanyň lotfy keremi hemmelere ýedýändir hatda munapyklar hem toba edip pällerinden gaýtsalar Taňry tagalanyň ýalkawyna gabat geljekdirler .
3- ýaşaýyşyň durly tapgyrlarynda diňe maddy sebäpkärlere daýanman Allanyň özüne töwekgel etmelidiris, Alla töwekgel edilen ýerinde ýowuz ýagdaýlarda ol özüniň bendelerini ýalňyz galdyrjak däldir.
/////////////