bölüm 918, süre Zohrof, aýat 63- 69
bölüm 918, süre Zohrof, aýat 63- 69
راهی بسوی نور(918)
Zohrof süresi, 63 we 64-nji aýatlar:
وَلَمَّا جَاء عِيسَى بِالْبَيِّنَاتِ قَالَ قَدْ جِئْتُكُم بِالْحِكْمَةِ وَلِأُبَيِّنَ لَكُم بَعْضَ الَّذِي تَخْتَلِفُونَ فِيهِ فَاتَّقُوا اللَّهَ وَأَطِيعُونِ (63) إِنَّ اللَّهَ هُوَ رَبِّي وَرَبُّكُمْ فَاعْبُدُوهُ هَذَا صِرَاطٌ مُّسْتَقِيمٌ (64)
<< haçanda Isa aýdyň delilleri getiren soň aýtdy : dogrudanda size hikmet getirdim we siziň, üstünde dawa edýän kä meseleleriňizi açyklamak üçin (geldim), onda alladan gorkuň we maňa eýeriň // şübhesiz perwerdigär siziň we meniň terbiýeleijimizdir onda oňa bendelik ediň çunky dogry ýol budyr. >>
Geçen gepleşikde hristianlaryň hezreti Isa (a.s) hakyndaky nädogry ynam -ygtykatlaryna yşarat etdik. olar , hezreti Isany allanyň perzendi bilip oňa çokunýardylar. Gurhan kerim bu aýatlarda hezreti isa (a.s)-yň çakylygynyň içini açyklap aýdýar : isa(a.s) hem öz pygamberligini subut edip bilmegi üçin beýleki pygamberler ýaly mugjyzalar berildi ol halky hikmete çagyrýardy we çakylygy hemmelere düşnükli bolar ýaly ony mantyk we delil bilen beýan ederdi . elbetde hikmet diňe oýlanmak bilen ele gelýän zat däldir eýsem hikmete ýetmek üçin oýlanmagyň ýanynda amalyň hem bolmagy gereklidir. Hikmet ynsanyň içinden ýaramazlyklary aýryp ony fazylatlara beslemek üçin ahlagy hem öz içine alýandyr. onsuňda durly meselelerde halkyň arasyndaky düşünşmezlikleri ýok etmek üçin hikmet bir gowy tutarykdyr bu düşünşmezliklere çäre tapmak ugurda hikmet bilen höküm çykarylsa ondan arka çykyp bolar.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar: hezreti isa(a.s) özüniň käler tarapyndan allanyň ornunda goýulmagyny ret edip : şübhesiz alla tagala hem meniň hemde siziň perwerdigäridir diýip aýtdy . hezreti isa(a.s) bu ybaraty dile getirmek bilen hem özüniň alla tagala mätäç bolmakda özge adamlar bilen parh etmeýändigini we hudaýlyk etmegiň diňe allaga laýykdygyny bildirdi. hezreti isa sözüniň dowamynda hem : dogry ýol alla tagala bendelik etmegiň ýoludyr bu ýolda hiç hili gyşarnyk bolmaz diýip aýtdy.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- umum halyk pygamberleriň çakylygyny düşnerler ýaly pygamberler aýdyň delil we hikmet bilen gepläp halka düşündirendirler .
2- köpçülikdäki düşünşmezlikleri aradan aýyrmak üçin pygamberleriň getiren taglymaty gowy çeşmedir sebäbi pygamberleriň taglymaty hikmet we mantyk esasynda düzülendir.
3- hezreti isa(a.s)-yň çakylygynyň iň möhüm tarapy umum ynsanlary allanyň birligine we bendeligine tarap çagyrmagydyr sebäbi diňe älem jahanyň işlerine çäre görji kimsä çokunyp bendelik etmeklik dogrudyr ondan gaýra bendelik etmeklik gümralykdyr indi alladan gaýry kimse hatda pygamberler bolsada olara çokunmaklyk we olara bendelik etmeklik dogry däldir.
Zohrof süresi, 65-66 we 67-nji aýatlar:
فَاخْتَلَفَ الْأَحْزَابُ مِن بَيْنِهِمْ فَوَيْلٌ لِّلَّذِينَ ظَلَمُوا مِنْ عَذَابِ يَوْمٍ أَلِيمٍ (65) هَلْ يَنظُرُونَ إِلَّا السَّاعَةَ أَن تَأْتِيَهُم بَغْتَةً وَهُمْ لَا يَشْعُرُونَ (66) الْأَخِلَّاء يَوْمَئِذٍ بَعْضُهُمْ لِبَعْضٍ عَدُوٌّ إِلَّا الْمُتَّقِينَ (67)
<< ýöne olaryň arasyndan kä toparlar dawa etdiler , onda sütemkärlere ajy günüň azabyndan waylar bolsun // olar habarsyzkalar kyýamatdan aýry günüň gelmegine garaşýarlarmy? // şol günde takwa adamlardan aýry dostlar bir- birlerine ganym bolarlar. >>
Hezreti isa(a.s) bäni ysrayýl kowumundan bir topary ony ýalançy we kezzap bildiler we onuň pygamberligini inkär etdiler . aýry bir tarapdan hem käler ony gaty beýgeldip onuň ornuny allanyň derejesine ýetirdiler we ony asmandan ynsan şeklinde ýere inen hudaý bildiler. käler hem ony üçlük oknumlaryň birisi bildiler . ahyr soň hem allany üçlemek düşünjesi hristianlaryň düşünjesini eýelendi şonuň üçin hem durmuşda dünýäň hristianlarynyň köpüsi allany üçlemeklige kayýldyrlar. Hezreti isa (a.s)-yň özi özüni allanyň bendesi tanadýan mahaly käleriniň onuň ornuny allanyň derejesinde ýokary galdyrmaklary ýada käleriniň onuň allanyň ýanyndaky beýik ornuny inkär etmekleri üns bererli meseledir. Şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar : sütem edip dogry ýoldan azaşan adamlaryň halyna waýlar bolsun olar pygamberlik ornuna sütem edip kyýamatda dowzah oduna giriftar boljakdyrlar.
Olar , allanyň berhak pygamberiniň şanyna bihormatçylyk edýän hallarynda näme zada garaşýarlar ? olar birdenkä gopup başlaryna bela bolup injek kyýamatdan aýry zada garaşýarlarmy?
Ölüm we kyýamat , ynsan gapylka ony gurşap aljakdyr gurhan kerimiň bu aýatlaryndan belli bolşuna görä uly gopgun bolan kyýamatyň iki ýöriteligi bardyr birinjiden kyýamat birdenkä gopjakdyr ikinjiden hem kyýamat ynsanlaryň oňa taýýarlyklary ýokga gapyllykda olaryň üstünden injekdir.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda kyýamaty açyklap aýdýar: Kyýamat gününde ylahy bolmadyk arabaglanşyklaryň hemmesi özüljekdirler dünýäde günä işlerde birek- birege kömekçi bolan dostlar ol günde bir- birlerine duşman boljakdyrlar we her kim özüniň eden günä işlerini başga biriniň üstüne oklajak bolup tagalla etjekdir “sen günä işleri meniň gözüme ýagşy işler görkezip meni gümra etdiň” diýip dost- dosy ýazgarjakdyr . dünýäde takwa esasynda bolan ynsanlaryň dostlugy kyýamatda ynsanyň derdine ýarajakdyr we bu hili ynsanlaryň dostlugy hemişelikdir we kyýamatda hem dowam etjekdir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- kyýamat tötänlikde ýüze çykar we onuň zamanyny hatda pygamberler hem bilýän däldirler onuň zamany diňe alla üçin bellidir.
2- dünýedäki baglanşyklar ylahy ölçegler esasynda bolman ýagdaýynda ynsanlaryň dünýede edýän dostluklary kyýamatda duşmançylyga öwrüljekdir .
3- möminleriň dostlugy hemişelikdir emma başgalaryň dostlugyna ygtybar ýokdur we onuň dowam etmegine hem ynam edip bolmaz.
Zohrof süresi, 68 we 69-njy aýatlar :
يَا عِبَادِ لَا خَوْفٌ عَلَيْكُمُ الْيَوْمَ وَلَا أَنتُمْ تَحْزَنُونَ (68) الَّذِينَ آمَنُوا بِآيَاتِنَا وَكَانُوا مُسْلِمِينَ (69)
<< eý meniň bendelerim ! size bu gün ne gorky bolar we nede gam// ( biziň bendelerimiz) biziň aýatlarymyza iman getirip emre boýun bolan kimselerdirler.>>
Takwa adamlar dünýäde imanlary gaýym bolup amallarynda hem allanyň emrine boýundyrlar . olar ne allanyň aýatlarynyň berhaklygyna şek edýändirler nede öz nebislerine we meýillerine bendidirler . gurhan kerim bu aýatlarda takwa adamlara kyýamatda ýagdaýlarynyň nähili boljakdygyny aýdyp “kyýamatda size gam ýetişmez , gorkyňyz hem bolmaz geçen günleriňiziň gamyny hem imersiňiz , gelejegiňizden hem howatyrlanmarsyňyz” diýip buşluk berýär . bu buşluk ne gözel buşluk, özide alla tarapyndan takwa adamlara berlen göni buşluk. bu buşluk mömin adamlaryň ýüregine gelejek barada aramlyk we sowukluk bagyş edýän buşluk . hawa , alladan umytly bolup hemişe özüniň borjunyň yzynda bolan ynsan, wezipesini ýerine ýetirmekde şowsuzlyga uçran ýagdaýynda hem onuň köňül aramlygyna şikes ýetmez . sebäbi ol , allanyň lotfy keremine umytly bolup öz borjuny ýerine ýetirmekde elde baryny gaýgyrmadyk ynsandyr . şeýle bir ynsanyň paý padaşyny alla hergiz zaýalamaz.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsan köňül aramlygyna ýetmek üçin , gorkydan gamdan halas bolmak üçin hökman özüni alla tabşyrmalydyr , özüni alla tabşyran ynsanyň ýüreginde howsala bolmaz we ynjalyk tapar.
2- imanyň bir özi ýeterlik däldir imanyň ýanynda amal hem gerekdir mömin adam amalda hem alla tagala boýun bolup ýaşamalydyr.
//////////////