bölüm 920, süre Zohrof, aýat 79- 84
bölüm 920, süre Zohrof, aýat 79- 84
راهی بسوی نور(920)
Zohrof süresi, 79 we 80-nji aýatlar :
أَمْ أَبْرَمُوا أَمْراً فَإِنَّا مُبْرِمُونَ (79) أَمْ يَحْسَبُونَ أَنَّا لَا نَسْمَعُ سِرَّهُمْ وَنَجْوَاهُم بَلَى وَرُسُلُنَا لَدَيْهِمْ يَكْتُبُونَ (80)
<< eýsem olar ( hak bilen garşylaşmak üçin ) berk tutumlary tutdular we biziň hem ( olar hakdaky ) yradamyz mäkämdir // olar, biz olaryň içgi sirlaryndan we edýän pyşyrdylaryndan habarsyz mykam diýip güman edýärdilermi? Hawa biziň ilçilerimiz hem häzirdirler we ( barça zatlary ) hasaba alýandyrlar. >>
Geçen gepleşigiň soňlarynda haky kabul etmekden boýun gaçyrýan kapyrlar we müşrükler hakynda gürrüň etdik . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : olar diňe bir hakdan gaçmaýarlar eýsem olar haka garşy uruşýarlar we haka duşmançilik edýärler , olar hak nuryny öçürjek bolup hilä gulluk edip tagalla edýärler . haky ýok etmekde olaryň yradasy mäkäm bolsada olaryň garşysynda allanyň yradasy gaty güýçlidir ýeňilmezdir , olar bolsa muny bilýän däldirler. hakyň duşmanlary , olaryň yradalarynyň garşysynda allanyň yradasynyň gaty güýçlidiginden bihabardyrlar . hakyň duşmanlary özleriniň edýän ýaşryn hileleri we gürrüňleri bilen haky ýok ederis diýen gümandadyrlar ýöne alla olaryň içinden we edýän ýaşryn işlerinden doly habarlydyr. şonuň üçin hem olaryň paltasy daşa degýändir. onsoňda perşdeler hem olaryň edýän işlerini we ýola berýän duşmançylykly hereketlerini hemişe hasaba alýandyrlar .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanyň yradasy her näçe berk we mäkäm bolsada alla yrada etmese öýitgejek zat bolmaz. Allasyz çöp başy gymyldamaz.
2- hak bilen duşmançylyk edýän adamlar , alla olaryň içinden bihabardyr öýddýändirler ýöne alla olaryň içinden habarlydyr we olaryň edýän her bir işiniň hasaby allanyň ýanynda bellidir .
Zohrof süresi, 81 we 82-nji aýatlar :
قُلْ إِن كَانَ لِلرَّحْمَنِ وَلَدٌ فَأَنَا أَوَّلُ الْعَابِدِينَ (81) سُبْحَانَ رَبِّ السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ رَبِّ الْعَرْشِ عَمَّا يَصِفُونَ (82)
<< ( eý pygamber! ) “egerde allanyň perzendi bolsady men birinji bolup oňa bendelik ederdim” diýip ( olara ) aýt // ( şeýlede ) arşyň we ýeriň perwerdigäri onuň hakynda aýdylýan zatlardan päkdir diýip aýt. >>
Gurhan kerim bu süräniň başky aýatlarynda müşrükleriň “perişdeler allanyň perzendidirler” diýip aýdýan gürrüňlerine girişmekden soň süräniň soňky aýatlarynda hezreti “isa (a.s) allanyň perzendidir” diýip hristianlaryň aýdýan gürrüňlerine girişdi . gurhan kerim bu aýatlarda hem hristianlaryň ýaňky ynam-ygtykadyny ret edip aýdýar : egerde allanyň perzendi bolsady oňa hem çokunmaklyk gerekli bolýar şonuň üçin hem alla bendelik etmekde birinji bolan pygamberler hezreti isa hem çokunmaly boljakdyrlar, emma aslynda alla tagala başdaşly ýada perzendli bolmakdan päkräkdir we bu zatlar alla tagala ýaraşýan däldir aslynda alla tagala bu zatlara mätäç däldir onsuňda alla tagala özüniň ýaradan zatlaryna şol sanda perişdelere ýada hezreti isa ýaly bir ynsana çokunmaklyk rugsatyny beren däldir.
Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : alla tagala ýeriň we gökleriň eýesidir ol arşyň - kürsüň hökmürowanydyr we olaryň işlerine özi çäre görýän perwerdigärdir bu zatlar asla alla tagala ýaraşýan däldir perzentli bolýan kimsäniň jisimi bolmalydyr alla tagala bolsa mekanda we zamanda ýerleşýän jisim däldir,bütin älem- jahanyň halygy we eýesi bolan alla tagala hiç bir zada şol sanda perzentli bolmaklyga mätäç däldir . alla bu zatlardan päk dir .
Gurhak kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- garşylar bilen bäsleşmekde mantyk bilen gürrüň etmelidir we garşylaryň aýdýan zatlary hamana dogry bolan ýagdaýynda hem onuň netijesiniň dogry bolup bilmejekdigini delil we mantyk bilen düşündirmelidir.
2- şübhesiz taňry tagala her hili nuksandan ýada bir zada mätäç bolmakdan päkdir bu zatlar alla ýaraşmaz . allany ynsana meňzetmeklik dogry däldir sebäbi ynsana meňzeş alla , hakykatda ýok zatdyr. bu hili alla ynsanyň nadanlygynyň netijesidir.
3- ýer- gökler , we älem- jahan gaty uly we azamatly bolsalarda olarda alla tagalanyň yradasy ýöreýändir, alla tagala olary ýaradandyr hemde olaryň işlerine özi çäre görýändir.
Zohrof süresi, 83 we 84-nji aýatlar :
فَذَرْهُمْ يَخُوضُوا وَيَلْعَبُوا حَتَّى يُلَاقُوا يَوْمَهُمُ الَّذِي يُوعَدُونَ (83) وَهُوَ الَّذِي فِي السَّمَاء إِلَهٌ وَفِي الْأَرْضِ إِلَهٌ وَهُوَ الْحَكِيمُ الْعَلِيمُ (84)
<< onda olary öz hallaryna goý tä güýmenip ( hata işlerine ) çümsinler , onsoň wada edilen güni gürsinler // we ol gökleriň allasy bolan kimsedir. ol ýeriň hem allasydyr we ol bilgiç we hekimdir. >>
Pygamberler , ynsanlaryň hidaýatyna borçlydyrlar . olar ynsanlary dogry ýola hidaýat etmekde durly şiwelerden peýdalanypdyrlar . gurhan kerim bu aýatlarda hem pygamberleriň jan ýandyryp ynsanlary dogry ýola çekmekde çekýän zähmetlerine yşarat edip aýdýar : elbetde pygamberleriň jan köýdirmekleriniň çägi bardyr we pygamberler , öz telek ýollarynyň üstünde aýak diýreýän adamlary dogry ýola saljak bolup olary mejburlaýan däldirler . pygamberler ynsanlary dogry ýola salmak ugurda zähmet çekendirler ýöne kä adamlar öz ýollarynyň ýalňyşdygyny bilen hallarynda onuň üstünde aýak direseler pygamberler hem olary öz halyna goýberýändirler “belkide kelleleri daşa degip barýan ýollarynyň ýalňyşdygyny bilerler” diýip.
Elbetde , kyýamatda gaflat ukusyndan oýanyp dünýedäki hata işleriniň netijesi bilen gabat gelýänçäler olaryň öz hata işlerini dowam etmekleri mümkindir. Gurhan kerim bu aýatlaryň dowamynda taňry tagalanyň ynsanlaryň iman getirmeklerine mätäç däldigine yşarat edip aýdýar : kapyrlar , alla ynsanlaryň imanyna mätäç mykam diýärler ýöne ynsanlaryň iman getirmän kapyrlyk etmekleri alla tagalanyň şanyna we ornuna hiç hili zýany bolmaz . alla tagala älem jahanyň perwerdigäridir şonuň üçin ynsanlar , alla tagala bendelik etmeklige mätäçdirler , alla tagala älem- jahanyň hakyky eýesidir oňa görä ynsanlar diňe allanyň bendeligini etmelidirler we alladan gaýry zatlara şol sanda , perişdelere , aýa , güne , yyldyzlara ýada beýleki närselere bendelik etmeklik dogry däldir . ol närseler perwerdigär däldirler eýsem perwerdigäriň ýaradan zatlarydyrlar. gurhan kerim bu aýatlaryň soňunda hem : alla tagala barça zatlardan habarlydyr we älem- jahan onuň tükeniksiz ylmy we hikmeti esasynda dolandyrylýandyr diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- pygamberler ynsanlary dogry ýola mejbur etmeli däldirler eýsem diňe olary dogry ýola çagyrmaklyga borçlydyrlar .
2- bir ynam- ygtykady wagyz etmekde zora daýanmaly däldir eýsem delil we hüjjet getirip şol ynam- ygtykady halka açyklap bermelidir.
3- taňry tagala ynsanlara ýada olaryň ybadatyna mätäç däldir eýsem ynsan oňa mätäçdir. taňry tagala hemişe älem- jahanyň perwerdigäri bolandyr biz ýaradylmankak hem perwerdigäri bolandyr biz ýok olmagymyzdam soň hem perwerdigäri bolup galjakdyr. alla , zaman dilen zatda çäklenýän zat däldir .
4- diňe tükeniksiz ylma we hikmete eýe bolan kimsä çokunup bolar. ol kimse bolsa diňe taňry tagaladyr.
///////////