Dec 05, 2022 10:14 Asia/Ashgabat

bölüm 923, süre Dohan, aýat 9- 18

راهی بسوی نور(923)

Dohan süresi, 9, 10 we 11-nji aýatlar:

بَلْ هُمْ فِی شَکٍّ یَلْعَبُونَ ﴿٩﴾ فَارْتَقِبْ یَوْمَ تَأْتِی السَّمَاءُ بِدُخَانٍ مُبِینٍ ﴿١٠﴾ یَغْشَى النَّاسَ هَذَا عَذَابٌ أَلِیمٌ ﴿١١﴾

<< belkide olar öz gumanlary we şekleri bilen meşguldyrlar // onda asmanyň aýan we äşgär tüssäni getirjek gününe garaş // barçalary gurşap aljak bu ( tüssä) – güýçli azapdyr. >>

Geçen gepleşikde ynsanlary hidaýat etmek üçin pygamberleriň gelmeklerine we gurhanyň inmegine yşarat etdik we şolaryň , allanyň ynsanlara bolan nygmatlarydygyny ýatlap geçdik , gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar : ýöne adamlaryň bir topary haky düşünselerde ony kabul etmekden buýun gaçyrýarlar we hemişe haka şek we şübhe bilen garaýarlar olar hak barada özlerinde doly ynam dörütmegiň deregine özlerini hemişe şek- şübhe bilen meşgul edýärler .

Gurhany kerim özlerini şek- şübhe bilen meşgul edýän kapyrlara duýduryş berip : bir güni bolar weli gaflat perdeleri gözüňiziň öňünden aýrylar, şonda goýberen ýalňyşlygyňyza göz ýetirersiňiz we pygamberleriniň aýdýanlarynyň berhakdygyny bilersiňiz weli peýda bermez diýip aýdýar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- bir zat hakynda şek etmeklik öz özünden telek zat däldir, ýöne bir zat hakynda hemişelik şekde galyp ol barada oýlanmakdan saklanmaklyk ýalňyş işdir we ynsany uly zyýankärçilige uçratmagy mümkindir .

2- boş we bihuda sözlere meşgul bolup din taglymatyna şek- şübhe etmeklik we asmanlyk kitaplar bilen oýun etmeklik ynsany iň soňda ýowuz ýagdaýa uçradyp allanyň azabyna duçar etjakdir.

Dohan süresi, 12 – 13 we 14-nji aýatlar :

رَبَّنَا اکْشِفْ عَنَّا الْعَذَابَ إِنَّا مُؤْمِنُونَ ﴿١٢﴾ أَنَّى لَهُمُ الذِّکْرَى وَقَدْ جَاءَهُمْ رَسُولٌ مُبِینٌ ﴿١٣﴾ ثُمَّ تَوَلَّوْا عَنْهُ وَقَالُوا مُعَلَّمٌ مَجْنُونٌ ﴿١٤﴾

<< ( şonda olar ) : bar hudaýa! bu azaby biziň başymyzdan saw, elbetde biz iman getireris” diýip ( aýdarlar ) // ýöne olaryň pent almaklary nähilidir? biziň resulumyz aýdyň deliller bilen gelen mahaly. // şondada olar ondan ýüz öwrüp oňa bir däly-telbe adam taglym beridir diydiler. >>

Allany inkär edýän adamlaryň ylahy azaba gözleri düşensoň gaty gorkup allanyň dergahyna ýüzlenip : bar hudaýa! biz iman getirdik bu belany biziň başymyzdan saw” diýip ýalbaryp ýawzarmaklary bir tebigi zatdyr. emma allanyň azabyny görüp şonuň gorkusyndan getirlen imanyň allanyň ýanynda zerre bahasy ýokdur allanyň ýanynda kymmatly bolan iman , ynsanyň meýletinlikde erk ygdýary bilen getiren imanydyr.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda hem aýdýar : bu oýalyk we alla tarap dolanmaklyk kapyrlara peýda bermez, sebäbi olar haçanda pygamber aýdyň deliller bilen olary alla tarap çagyranda olar ondan ýüz ögrüp iman getirmekden saklandylar we pygamberiň aýdýan zatlaryny we taglymatyny ýene biri oňa öwredýän bolmaly” diýip pygambere mejabat ýapdylar. Şeýdipde olar pygamberiň aýdýan zatlarynyň allanyň wahyýsydygyny kabul etmediler. olar kä mahallar hem : pygamber jynlar bilen gürrüň edýänmiş we onuň aýdýan zatlaryny jynlar oňa aýdýanmyşlar’ diýip aýdýardylar .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- din taglymatyny mashara edýän adamlar , bir gün hakykata göz ýetirerler weli peýda bermez.

2- taňry tagala kapyrlaryň we münkirleriň gulagyna haky ýetirmezden olary jezalandyrmaz.

3- kapyrlar pygamberleriň aýdýan zatlaryny delil bilen ret etmegiň deregine, boş gürrüňler we mejabatlary ýapyp olary halkyň gözünden gaçyrmagyň aladasyny edýändirler.

Dohan süresi, 15 we 16-njy aýatlar :

إِنَّا کَاشِفُوا الْعَذَابِ قَلِیلا إِنَّکُمْ عَائِدُونَ ﴿١٥﴾ یَوْمَ نَبْطِشُ الْبَطْشَةَ الْکُبْرَى إِنَّا مُنْتَقِمُونَ ﴿١٦﴾

<< elbetde biz haçanda azabyň zamanyny bir az yza oklamyzda siz (ýene kapyrlyga ) dolanýarsyňyz // ( ýöne ) bir gün bolar biz güýçli ar alarys (sebäbi ) biz ar alyjydyrys. >>

Iman getirdik diýip özlerini mümin görkezjek bolýan ýokardaky kapyrlaryň jogabynda gurhany kerim bu aýatlarda aýdýar : biz olaryň üstünden azaby azaldamyzda olara pend almagyň deregine ýene özleriniň şol eden etmişlerini dowam edýärler. ýene bir ybaratda kapyrlar haçanda azaba uçranlarynda özlerini puşman görkezýän bolsalarda olaryň bu işi we bu puşmanlygy wagtlaýyndyr we haçanda azap ýüki ýeňlişende ýene özleriniň şol ýollaryny dowam berýändirler we ozalky eden etmişlerini gaýtalaýandyrlar . oňa gürä olaryň allanyň azabyny görenleri soň getirýän imanlary hiçdir we zerre bahasy ýokdur.

Egerde bu hili adamlar dünýäde allanyň azabyndan we gaharyndan gutulsalarda kyýamatda olara allanyň azaby garaşýandyr, kyýamatda olara ýetjek azap bolsa gaty güýçli boljakdyr we ondan gutulmak hem asla mümkin boljak däldir.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

  1. köp wagtlarda alla tagala şu dünýäde ynsanlara azap bermekden saklanandyr, belkide olar dogry ýola girerler diýip ýöne köp ynsanlar allanyň beren bu pursatyndan dogry haýyrlanmagyň drergine özleriniň ýalňyş ýollaryny dowam berendirler . bu hili ynsanlara kyýamatda güýçli azap garaşýandyr.
  2. Taňry tagala pygamberleriň we möminleriň himaýatçysydyr we pygamberlere we möminlere sütem eden kapyrlardan güýçli ar aljakdyr .

Dohan süresi, 17 we 18 nji aýatlar :

وَلَقَدْ فَتَنَّا قَبْلَهُمْ قَوْمَ فِرْعَوْنَ وَجَاءَهُمْ رَسُولٌ كَرِيمٌ ﴿١٧﴾أَنْ أَدُّوا إِلَيَّ عِبَادَ اللَّهِ ۖ إِنِّي لَكُمْ رَسُولٌ أَمِينٌ ﴿١٨﴾

<< dogrudanda biz olardan ozal Fyrawon kowumuny synlap gördik we keramatly pygamber olara geldi // ( ol pygamber olara ) allanyň bendelerini maňa gowşuryň dogyrdanda men sizler üçin dogryçyl pygamberdirin” diýip aýtdy. >>

 

Gurhany kerim geçen aýatlarda megkäniň müşrikleriň yslam pygamberine ýaramaz çemeleşmeklerine yşarat eden soň bu aýatlarda Fyrawun bilen hezreti musa (a.s)-yň dessanyna girişýär. aýtmak ýerli Fyrawunyň güýçli döwleti bardy we ol özüniň erkindäki gýüç-gudratdan we baýlykdan we beýleki mümkinçliklerden zülüm we günä etmek üçin haýyrlanýardy we bäni ysraýyl kowumuny ýesirlikde saklaýardy . şonuň üçin hezreti musa (a.s) Fyrawunyň we onuň kowumunyň üstüne baryp olary dogry ýola çagyrmak bilen bäni ysraýyl kowumunyň azatlygyny olardan isledi we bäni ysraýyl kowumuny we beilekileri allanyň taglymaty esasynda hidaýat eder ýaly özüne päsgelçilik dörütmekden saklanmaklaryny Fyraundan isledi .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- ynsanlary ezijileriň we zalymlaryň elinden halas etmeklik pygamberleriň baş maksatlaryndandyr . hezreti musa (a.s) hem şeýle bir maksat bilen Fyrawunyň üstüne baryp bäni ysraýyl kowumunyň azatlygyny talap edendir .

2-pygamberler halkyň ynam edýän adamlarydyrlar. olar dogruçyllykda we amanatdarlykda özlerini halka tanadan ynsanlardyrlar.

/////////////