bölüm 928, süre Jasiýe, aýat 1- 8
bölüm 928, süre Jasiýe, aýat 1- 8
راهی بسوی نور(928)
Jasiýe süresi
Bu süre Megkede inendir şonuň üçin meggi sürelerden hasaplanýandyr. jasiýe süresi beýleki meggi süreleri ýaly kyýamatda ynsanlaryň ýüz be ýüz boljak zatlaryna yşarat edip gumra ynsanlara duýduryş berýändir.
Jasiýe süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlary :
حم ﴿١﴾ تَنْزِیلُ الْکِتَابِ مِنَ اللَّهِ الْعَزِیزِ الْحَکِیمِ ﴿٢﴾ إِنَّ فِی السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ لآیَاتٍ لِلْمُؤْمِنِینَ ﴿٣﴾
<< hä , mim // bu kitap gudratly hekim alla tarapyndan geldi // dogrudanda gökler we ýerde mömin ynsanlar üçin nyşanlar bardyr. >>
Bu süräniň deslapky aýaty ýönekei harplardan ybaratdyr we ýönekei haryplar bilen başlanan beýleki süreler ýaly bu süräniň hem yzyndaky aýatda gurhany kerimden gürrüň bolandyr şonuň üçin taňry tagala onlarça süräniň başynda ýönekei haryplary getirip yz ýanyndan hem gurhan hakda gürrüň etmek bilen megerde gurhan kitaby şu ýönekei haryplardan düzilen kitapdyr şondan gelende onuň mysalynda hiç kitap bolmaz diýip aýtjak bolýandyr.
Gurhany kerim bu sürede hem gurhanyň inmeginde allanyň iki sypatyna diýmek hezzet we hikmet sypatlaryna yşarat edendir. oňa görä çyn mömin adam hem her bir ýaramaz ýagdaýa gabat gelende özüniň hizzetini we baş ýokarlygyny goramalydyr we kynçylyklara hikmet esasynda çäre görmelidir soňda gurhany kerim barlykdaky allanyň azamatynyň nyşanalaryna yşarat edip gurhan kitabyny şol azamatly barlygy we älem jahany ýaradan allanyň iberendigini ýatlaýar . gurhanyň bu aýatlary esasynda, beýik mugjyza bolan gurhan kitaby bir tarapdan allanyň buýryklaryny öz içinde jemlemek bilen aýry bir tarapdan hem barlyk düzgüni bilen sazlaşykda bolan kitapdyr. şonuň üçin möminler göklere we ýere dykgat bilen ser edip olarda allanyň nyşanalaryny görmek bilen imanlaryny berkitýändirler .
gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- allanyň buýruklaryny we kanunlaryny özünde jemlän gurhan kitaby ynsanyň sagadat ýoluny belli edýändir. sebäbi gurhan kitaby allanyň tökenmez ylmy we hikmeti esasynda inen kitapdyr.
2- şerigatyň we tebigatyň kanunlary bir çeşmeden suw içýändir. şonuň üçin tebigatyň kanunlary bilen şerigatyň kanunlarynyň arasynda sazlaşyk bardyr.
3- gurhanyň aýatlary bilen tebigat kitabynyň sahypalarynda iman ähli üçin oýlanara köp zatlar we nyşanlar bardyr.
Jasiýe süresi, 4, 5 we 6-njy aýatlar :
وَفِی خَلْقِکُمْ وَمَا یَبُثُّ مِنْ دَابَّةٍ آیَاتٌ لِقَوْمٍ یُوقِنُونَ ﴿٤﴾ وَاخْتِلافِ اللَّیْلِ وَالنَّهَارِ وَمَا أَنْزَلَ اللَّهُ مِنَ السَّمَاءِ مِنْ رِزْقٍ فَأَحْیَا بِهِ الأرْضَ بَعْدَ مَوْتِهَا وَتَصْرِیفِ الرِّیَاحِ آیَاتٌ لِقَوْمٍ یَعْقِلُونَ ﴿٥﴾ تِلْکَ آیَاتُ اللَّهِ نَتْلُوهَا عَلَیْکَ بِالْحَقِّ فَبِأَیِّ حَدِیثٍ بَعْدَ اللَّهِ وَآیَاتِهِ یُؤْمِنُونَ ﴿٦﴾
<< we siziň ýaradylmagyňyzda ( ýerdäki ) jünbendelerden ýaýraýan zatlarda ýagyn ähli üçin nyşanalar bardyr // hemde gije- gündiziň gelip gitmeginde we allanyň gökden inderen ryzkynda ( we ýagynynda) we onuň bilen ölen ýere ýaňadan jan bermegi we ýeliň ösmeginde oýlanýan ynsanlar üçin nyşanlar bardyr // bular allanyň aýatlarydyr, biz ol aýatlary hak bilen saňa okap berýäris ( egerde bu aýatlara iman getirmeseler ) onda allanyň kelamyndan we aýatlaryndan soň haýsy kelama iman getirjeklermiş? >>
Gurhany kerim geçen aýatlarda allanyň dünýedäki nyşanalaryna yşarat etmekden soň bu aýatlarda ynsanlara duýduryş berip : näme üçin allanyň ynsany ýaratmakdaky işiniň azamatyny bilmek üçin ýaradylyş hakynda oýlanmaýarsyňyz ? ynsanyň allanyň birligine iman getirmegine sebäp bolup biljek zatlar hakynda şol sanda ýer şaryndaky närseleriň ýaradylyşy hakynda oýlanmaýarsyňyz ? diýip aýdýar . egerde ynsan , öz töweregindäki närseleriň şol sanda günüň doguşy we batşy , ýeliň we ýagynyň amala gelişi barada oýlansa , älem jahany ýaradan kimsäniň älem , jahany , tebigaty we dünýedäki bütin närseleri ýöne ýere ýaratmandygyna we bütin närseleriň mätäçliglerini göz öňüne alyp olary ýaradandygyna göz ýetirjekdir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- allanyň iberen wahyýsy ynsanlary barlyk we ýaradylyş hakynda oýlanmaklyga çagyrýandyr. Bu çagyryş bilen hem ynsanlaryň imanlaryny ýagyn derejesine ýetirmegiň aladasyny edendir .
2- tebigatdaky narseler şol sanda ýel , ýagyn we gar ýaly zatlar öz-özünden amala gelen zatlar däldirler eýsem olaryň amala gelmekleri belli bir maksat esasynda bolandyr. tebigatda ýaşaýyşyň dowamaty bu zatlaryň bolup durmagyna baglydyr .
3- taňry tagala asmanlyk kitaplary ibermek bilen ynsanlaryň elinden bahanany alandyr. asmanlyk kitaplaryň imeklerinden soň ynsanlardan hiç bir bahana kabul edilmez.
Jasiýe süresi, 7 we 8-nji aýatlar :
وَیْلٌ لِکُلِّ أَفَّاکٍ أَثِیمٍ ﴿٧﴾ یَسْمَعُ آیَاتِ اللَّهِ تُتْلَى عَلَیْهِ ثُمَّ یُصِرُّ مُسْتَکْبِرًا کَأَنْ لَمْ یَسْمَعْهَا فَبَشِّرْهُ بِعَذَابٍ أَلِیمٍ ﴿٨﴾
<< günäkär ýalançyň güni waýdyr // ol , allanyň aýatlary oňa okalanda eşider ýöne tekepbirlik bilen ( ýalňyş ýolunyň) üstünde aýak dirär , edil diýersiň weli eşitmedik ýaly. onda , ony güýçli azap bilen buşla. >>
Geçen aýatlarda barlykdaky allanyň nyşanalarynyň kä birisine hemde gurhanyň alla tarapyndan inmegine yşarat etdik . gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda aýdýar: hudaýa , onuň iberen kitaplaryna we pygamberlerine iman getirmeýän adamlar özleriniň haý-höwesleriniň yzyna düşüp günä işlere olaşmak bilen ýürekleri gara bolýandyr, şonuň üçin olaryň ýürekleri haky kabul etmeklige taýýar däldir, şu sebäpli hem olara her näçe gurhanyň aýatlary okalsada olar ony eşitseler eşiderler ýöne ol barada oýlanmazlar, edil eşitmedik adamlar ýaly gurhanyň aýatlary olarda täsir galdyrmaz , hakyň garşysynda tekepbirlik edip günä işlerini dowam edýän bu hili adamlaryň ahyretde güýçli azaba uçramaklary bir tebigi zatdyr we olaryň dünýede eden etmişleriniň we eden tekepbirçiliginiň netijesidir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklar :
1- hiç kimiň elinde bahana galmaz ýaly allanyň kelamyny hemmeleriň hatda günäkär adamlaryň gulagyna ýetirmelidir .
2- tekepbirçilik ýaramaz häsiýetdir, hasem ýaradan allanyň garşysynda tekepbirlik etmeklik ýaramaz işdir.