Dec 13, 2022 13:02 Asia/Ashgabat

bölüm 933, süre Jasiýe, aýat 33- 37

راهی بسوی نور(933)

 

Jasiýe süresi, 33-nji aýat :

 وَبَدَا لَهُمْ سَیِّئَاتُ مَا عَمِلُوا وَحَاقَ بِهِمْ مَا کَانُوا بِهِ یَسْتَهْزِئُونَ ﴿٣٣﴾

<< we işleriniň erbet taraplary olar üçin äşgär boljakdyr we masgaralaýan zatlary olary gurşap aljakdyr. >>

Geçen gepleşikde ölümden soň ýaňadan direltmek meselesini kapyrlaryň inkär etmekleri barada gürrüň etdik. olar kyýamatyň berhaklygyny masgaralap şeýle diýärdiler: biz kyýamatyň nämedigini bilmeýäris we onuň ýüze çykjakdygy barada hem hiç hili pikrimiz ýokdur.

Bu aýat olaryň jogabynda şeýle diýär: kyýamat güni gelip ýetende olaryň amal depderi olara gawşurlar, şonda olar bütin işleriniň ýazga geçirilendigini we hiç bir zady inkär edip bilmejekdiklerini görjekdirler . şol mahalda olaryň ýaramaz işleri olaryň garşysynda äşgär bolup jilwelenjekdir şonda olar öz masgaralaýan zatlarynyň ýakalaryndan ýapyşjakdygyny we olar üçin hiç hili çykalgaň ýokdygyny bilip galjakdyrlar .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- kyýamat güni ynsanyň amallarynyň äşgär we belli boljak güni şeýlede onuň işleriniň eserleriniň we tersin yzgelimleriniň äşgär boljak günidir.

2- ylahy hökümleri we taglymatlary masgaralamaly däldir şu hili çykyş soňra bir gün biziň ýakamyzdan ýapyşjakdyr.

 

Jasiýe sürei, 34-nji aýat :

وَقِیلَ الْیَوْمَ نَنْسَاکُمْ کَمَا نَسِیتُمْ لِقَاءَ یَوْمِکُمْ هَذَا وَمَأْوَاکُمُ النَّارُ وَمَا لَکُمْ مِنْ نَاصِرِینَ ﴿٣٤﴾

<< we olara aýdyljakdyr bu gün sizi unutjakdyrys siziň bu günki duşuşygy unudyşyňyz ýaly. We siziň ýerleşjek jaýňyz otdur we siz üçin hiç hili goldaw boljak däldir. >>

Gurhan medeniýetinde unutmak eger tebigi ýagdaýynda bolsa ondan sorag boljak däldir çünki ynsan tebigi suratda kä bir zatlary ýadyndan çykarýandyr mysal üçin käler namazlaryny okamagy unudýandyrlar.emma eger unutmak , allanyň hökmüne üns bermezlik manasynda bolsa ol jezalandyrylmaga laýykdyr. Çünki ol ýatdan çykarmak dälde eýsem ähmiýet bermäni ünsden düşürmeklik hasaplabýandyr. Käler hem kyýamaty inkär edip şu hili işlerine aýak direýärler . kälerem şu hili boluşy öňe sürmeýärler emma amal ýüzünde kyýamata üns bermeýärler hakykatda olar göýä kyýamaty unudyp şeýle bir gün gelmejek ýaly bolup amal edýändirler . bu iki toparyň ikisine hem akydalary we amallary boýunça jeza beriljekdir . we alla tagalanyň olary unudyp öz tükeniksiz rahmatyndan mahrum etmegi ýaly olar bilen çykyş ediljekdir. elbet mähriban we rahymly perwerdigäriň bir kişini unudyp ony bütin lutfy kereminden mahrum etmegi ynsan üçin uly azapdyr. bu aýatyň soňunda şeýle bir kişiň jaýy dowzah bolup olar üçin hiç hili dalda we hemaýatçy boljak däldir diýlip nygtalýar.

Gurhany kerimiň bu aýatyň öwredýän sapaklary :

1- her kim öz akydasynda we işlerinde kyýamaty unutsa kyýamatda olar bilen unudylan adamlar ýaly çykyş edilip alla hem olary öz hallaryna goýberjekdir.

2- kyýamat güne imanly bolmak ýeterlik däldir eýsem mömin kişi bütin ýagdaýlarynda kyýamaty ýadynda saklamalydyr.

 

Jasiýe süresi, 35-nji aýat :

ذَلِکُمْ بِأَنَّکُمُ اتَّخَذْتُمْ آیَاتِ اللَّهِ هُزُوًا وَغَرَّتْکُمُ الْحَیَاةُ الدُّنْیَا فَالْیَوْمَ لا یُخْرَجُونَ مِنْهَا وَلا هُمْ یُسْتَعْتَبُونَ ﴿٣٥﴾

<< munuň sebäbi şudur welin siz allanyň aýatyny masgaraladyňyz we dünýäniň ýaşaýyşy sizi aldady . onda bu gün ne siz dowzahdan çykaryljakdyrsaňyz nede olaryň bahanalary kabul ediljekdir. >>

Gurhany kerim geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatda dowzah ählinden bolmagyň kökini iki zatda bilýär : biri dünýä aldanmaklyk ýene birisi hem allanyň aýatlaryny masgaralamaklykda bilýär.

Hakykatda bu dünýä güýçli suratda ýürek baglamak ynsanyň , ölümi we kyýamat diwanyny inkär etmekligine sebäp bolýar we şeýle bir kişi hem aňsatlyk bilen öz gara nebsiniň islegleriniň yzynda bolýar. bu hili adamlar , kyýamat gününiň jezasyny ýatlaýanlaryň garşysynda olary masgaralap: ol dünýeden kim habar getirepdir ? siz näme sebap bilen ol dünýeden gorkuzýarsyňyz ? behişt nirede? Dowzah nirede ? bularyň hemmesi puç gürrüňdir, nagdy goýup nesgä ýapyşmakdyr diýip aýdýarlar.elbet şu hili adamlaryň bu hili pikirler bilen tobaň we ügrilmegiň gastynda däldikleri belli bir zat. olar şu hili pikir bilen hem dünýeden gaýtjakdyrlar . olar kyýamatda dowzahdan gutulmak üçin hiç bir ýollary boljak däldir şeýlede olaryň dowzah odundan gutuldyrmak üçin hiç hili kabul ederlik bahanalary boljak däldir.

Gurhany kerimiň bu aýaynyň öwredýän sapaklary:

1- ynsanyň şum agybata giriftar bolmagynyň sebäbi onuň dünýä aldanyp baýlyk , gudrat we lezzetlere giriftar bolmagydyr.

2- perwerdigär öz bendelerine hüjjetini tamamlap bütin bahanalary öňüni elinden alandyr. diýmek kyýamat gün hiç bir kimse “biz bilmeýärdik” diýipbiljek däldir.

 

Jasiýe süresi, 36 we 37-nji aýatlar:

فَلِلَّهِ الْحَمْدُ رَبِّ السَّمَاوَاتِ وَرَبِّ الأرْضِ رَبِّ الْعَالَمِینَ ﴿٣٦﴾ وَلَهُ الْکِبْرِیَاءُ فِی السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَهُوَ الْعَزِیزُ الْحَکِیمُ ﴿٣٧﴾

<< onda hämdi sena alla mahsusdyr. ol asmanlaryň perwerdigäri we ýeriň perwerdigäridir . we bütin ýaradylyş älemniň perwerdigäridir. // we asmanlarda we ýerde ululuk we azamat diňe onuň laýykdyr we ol gudratly we hekimdir. >>

Jasiýe süresiniň soňky aýatlary bolan bu aýatlar perwerdigäriň ýaradylyşdaky orun mertebesine yşara edip: azamatly asmanlarda we soňy bolmadyk gögi ýaradan we onuň işlerini dolandyryan alladyr, ýer we ýerde ýaşaýan närseleriň işlerini dolandyrmak perwerdigäriň erkindedir. Şonçada alla öziniň gutarnuksyz we güýçli gudraty bilen berk ylym we hikmeti bilen ýaradylyşy dolandyrýandyr şu sebäpli hem biz ynsanlaryň borjy allany dogry tanap onuň ýaradylyş älemindäki orun mertebesine we ruluna oýlanmaklykdyr. we tebigi suratda şeýle bir magryfat oňa hämdi sena aýtmaklyga baryp çatjakdyr. üçnki her hili haýyr we bereket onuň päk durkundan gözbaş alýandyr we bütin senälar hem oňa ögrülýändir.

Gurhany kerim bu süräniň soňky aýatynda hem allanyň azamatyna yşara edýär . dogrudanda perwerdigäriň ululugy bütin dünýede äşgär we bellidir we asmanlardaky azamat we ululuk hem diňe oňa mahsusdyr.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- bütin barlyk diňe bir hudaýyň yradasy astynda dolandyrylýandyr we bu meselede , ýer we asmanyň ýada beýleki gopgunlaryň arasynda hiç parh ýokdur.

2- hzzet we gudrat diňe ylym we hikmet saýasynda degerlidir.

3- allany ybadat etmek ony dogry tanamaklyga we magryfat gazanmaklyga baglydyr diňe perwerdigär ululuga we hämdi sena aýdylmaklyga laýykdyr.

 

Jasiýe süresiniň soňy