bölüm,677,süre näml,aýat 1-5
bölüm,677,süre näml,aýat 1-5
راهی بسوی نور(677)
نمل سوره سی:
93 aýaty bolan näml süresi mekgede ineni sebäpli mäkgi sürelerden hasaplanýandyr we onuň ady bolsa bu süräniň18-nji aýatyndan alynandyr . nämlden maksat garynjalardyr .
Näml süresi, 1 we 2-nji aýatlar:
طس تِلْكَ آيَاتُ الْقُرْآنِ وَكِتَابٍ مُّبِينٍ (1) هُدًى وَبُشْرَى لِلْمُؤْمِنِينَ (2)
<<
(Bu kitap) möminlere hydaýat we buşlukdyr.>>
Kurhanyň bu süresi hem onuň beýleki 28 süresi ýaly kesik kesik harplar bilen başlalandyr we beýleki 28 sürä ýaly onda kurhanyň azamatyndan gürrüň gozgalandyr .
Kurhan kerim halkyň haýyrlanýan şu sada harplaryndan düzülendir we şu mahala çenli hiç bir adam kurhana dursyn, hata onuň ýekeje süresi ýaly süräni-de düzüp bilen däldir .
Kurhanyň aýatlary ýagty we ýagtylyk berijidir we hak bilen batyly jyda edýändir . bu kitap ynsanlary hedaýat etmek üçin inendir we ondan diňä oňa iman getirip onuň hakykatlaryny kabul eden ynsanlar haýyrlanyp biljekdirler . bu tebigatyň kanunydyr . kurhanyň bu aýatlary Allanyň kelamydyr .
Resululla inýän aýatlaryň iki ady bardyr biri kurhandyr, sebäbi resululla ol aýatlary halka okap bererdi. Ikinji ady bolsa kitapdyr, sebäbi resululla inen aýatlar, onuň tarapyndan halka okalansoň sahabalaryň kä biri tarapyndan ýazylýardy .
kurhanyň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- resulullanyň baş tutanlyk edýän hereketi bir medeni hereketdir we şonda hak bilen batyly başgalamak üçin kitap ýaly medeni abzallar we mümkinçilikler işä alynandyr.
2-kurhanyň bir artykmaç tarapy onuň kitap şeklinde bolup halky hedaýat edip bilmegidir , halka buşluk berip bilmegidir.
3- ynsanlara hakyky buşluk , olaryň hak we hakykata tarap hedaýat bolmaklary bilen baglanşykdadyr . ynsanlaryň , hak we hakykata tarap hedaýat bolmaklary üçin bir hakyky buşlukdyr .
Näml süresi, 3, 4 we 5-nji aýatlar:
الَّذِينَ يُقِيمُونَ الصَّلَاةَ وَيُؤْتُونَ الزَّكَاةَ وَهُم بِالْآخِرَةِ هُمْ يُوقِنُونَ (3) إِنَّ الَّذِينَ لَا يُؤْمِنُونَ بِالْآخِرَةِ زَيَّنَّا لَهُمْ أَعْمَالَهُمْ فَهُمْ يَعْمَهُونَ (4) أُوْلَئِكَ الَّذِينَ لَهُمْ سُوءُ الْعَذَابِ وَهُمْ فِي الْآخِرَةِ هُمُ الْأَخْسَرُونَ (5)
<
Namaz okap zekat berýänler olaryň kyýamada bolan ynamlary bütindir,// dogrudan kyýamada imanlary bolmadyklaryň amallaryny gözlerine gözel edip görkezdik şonuň üçin olar sergezdandyrlar .//olar güýçli azap görjekdirler we olar kyýamatda zyýankärleriň zyýankärrägi bolarlar.
Kuhran kerim oňky aýatlaryň dowamynda bu aýatlarda deslap möminleriň ýöriteliklerini aýdyp berýär .
Namaz okamak we zekat bermeklik möminleriň amalda we enteşede özlerinden görkezýän iki möhüm ýöritelikleridir . her bir adamda bu iki ýöriteligiň biri bolmasa onuň imanyna şek etmelidir . we bu aýatlarda
Namaz we zekatdan hem möhümräk bir meselä yşarat bolýar olda kyýamata iman getirmeklikdir .
Her kimiň kyýamata imany bolmasa ol dünýäň bendesi bolar we dünýä üçin dünýäniň baýlygy üçin hemde orun mertebe üçin kyýamatdan gapyl galar ýa kyýamady inkär eder .
kyýamaty inkär edýän adamyň ýanynda bolsa dünýädäki ýaramazlyklar gözel bolup görüner we bu hili adamlar özlerini kyýamatyň güýçli azabyna giriftar ederler .
kurhan kerimiň dürli aýatlarynda bir hakykata yşarat bolýar olda
şeýtan ýaramaz we telek işleri ynsanyň gözüne gözel edip görkezýändir , we kurhan kerim bu aýatynda we ýenä bir aýatynda ýaramaz işleriň kapyrlaryň gözünä gözel edip görkezmeklik Alla degişlidir diýlip aýdylandyr.
monuň sebäbi bardyr , sebäbi Alla-tagala ynsanyň durkunda we tebigatynda şeýle bir häsiýeti goýandyr weli ynsan her bir ýaramaz işi etse onuň täsirini ynsanyň durkunda görmek bolýar hatda bir adam bir ýaramaz işi dowam etse we ony gaýtalap dursa onuň durky hem şol işiň netijesinde üýtgeýändir netijede ol adamyň şahsyýeti üýtgeýändir .
sebäbi ýaramaz iş etmeklik şol ýaramaz işiň ýöneki we adaty bir işä öwrülmegine sebäp bolýar şeýle bir işi gaýtalaýan ynsan soň soňlar özüniň ýaramaz işini dogry iş hökmünde görkezýändir we kä wagtlar ony ýagşy iş bilmegi hem mümkindir .
şu hili ynsanlar ýagşy iş edýän diýen bolup özleriniň ýaramaz amallarynyň düýbini ýaýbaňlaşdyrýandyrlar.
Olar bu egri ýolda her näçe köpräk tagalla etseler şonçada hakdan arany açyp soňda bar baýlyklaryny elden berjekdirler netijede bu hili ynsanlar kyýamatda gaty zyýankärlerden boljakdyrlar .
Kurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- yslamyň artykmaç taraplarynyň biri , yslam dini halk bilen baglanşykda bolan ynsanyň Alla bilen baglanşykda bolup biljekdigini aýdandyr .
2- alla ynsany bir hili ýaradandyr weli ol hem ýaramaz hem ýagşy işlere endik edip bilýändir . allanyň ynsanyň durkunda goýan bu ylahy kadasyndan dogry haýyrlanylmasa bu mesele ynsany uly zyýana uçradyp biljekdir .
3- kyýamata imanymyz bar bolsa gözümize gözel bolup görünýän köp işlerden saklanarys şeýden ýagdaýmyzda ylahy taglymata eýerip ylahy bolmadyk zatlardan daş durarys . hamana ýalaňaçlyk ysrypçylyk we tajammul parazlyk medeniýetiň nyşanalaryndan däldir we bu zatlary bir medeni zatlar hökmünde kabul etmeris we hak bilen nahaky özümüziň şahsy bähbidimiz esasynda ölçegä salmaýarys.
4- kyýamaty inkär etmeklik zyýankärligiň iň ulusydyr.