Nov 11, 2017 18:13 Asia/Ashgabat

bölüm,678,süre näml,aýat 6-11

برنامه راهی بسوی نور 678

Näml süresi, 6-njy aýat:

وَإِنَّكَ لَتُلَقَّى الْقُرْآنَ مِن لَّدُنْ حَكِيمٍ عَلِيمٍ (6)

<<(eý pygamber!) şübhesiz sen , Gurhany, hekim (Alla) tarapyndan alýansyň.>>

Näml süresi Gurhany kerimiň azamatyny we möminleriň hedaýatynda we bagtyýarlygynda onuň rolny beýan etmek bilen başlandy soň bu sürä möminleriň ýöriteliklerini we kyýamata imanlary bolmadyk adamlaryň ykballaryny aýdyp berdi Gurhany kerim şol aýatlaryň dowamynda pygamberleriň dessanlaryna girişmezden ozal bu altynjy aýatda Gurhanyň magaryflary ylahy ylymdan we hekmetden göz baş alandyr diýip aýdýar.

Elbetde bu ýerdäki ylahy hekmetden we ylymdan maksat adamzadyň salasyny we maslahatyny doly bilmeklik we ynsany arzyly maksadyna ýetirip biljek kanunlary belli etmeklikdir . bu iş bolsa diňe Allanyň elinden gelýändir , bu bolsa Allanyň hekimliginiň alamatydyr .

Gurhany kerimiň bu aýatnyň öwredýän sapaklary :

1- Gurhany kerim Allanyň hekmetniň jilwe tapan ýeridir . Alla tagala lädünni ylym bolan şol hekmetden pygamberlere hem paý berendir.

2- diniň buýruklary ylahy ylymdan göz baş alýandyr oňa görä diniň buýruklarynyň her birinde hekmet ýatandyr . indi mümkinde biz onuň delilni we hekmetni duýmadyk şonda-da onuň içindä ylahy hekmetiň barlygyna şek edip bolmaz.

Näml süresi, 7, 8, 9-njy aýatlar

إِذْ قَالَ مُوسَى لِأَهْلِهِ إِنِّي آنَسْتُ نَاراً سَآتِيكُم مِّنْهَا بِخَبَرٍ أَوْ آتِيكُم بِشِهَابٍ قَبَسٍ لَّعَلَّكُمْ تَصْطَلُونَ (7) فَلَمَّا جَاءهَا نُودِيَ أَن بُورِكَ مَن فِي النَّارِ وَمَنْ حَوْلَهَا وَسُبْحَانَ اللَّهِ رَبِّ الْعَالَمِينَ (8) يَا مُوسَى إِنَّهُ أَنَا اللَّهُ الْعَزِيزُ الْحَكِيمُ (9)

<< haçanda Musa içeri maşgalasyna (ýüzlenip) “men daşdan ot görýärin (syz bäride duruň ) men basym ondan syzä habar getireýin ýa-da ondan ot getireýin belkide oňa çoýunarsyňyz” diýdi// (haçanda Musa) şol oduň ýanyna baranda oňa (asmandan) ses geldi “oduň içindäkilere we daşyndakylara bereket berildi” diýlip – we älem jahanyň perwerdigäri (bolan Alla her bir zatdan) päk we arassadyr.// eý Musa! takyk men gudratly we hekim Alladyryn.>>

Bu süre-de bäş sany ylahy pygamberiň  ykbaly barada gürrüň bolýar , deslap hezreti Musa (a.s)-yň nähili pygamber bolşuna yşarat bolýar . rowaýatlarda gelşinä görä hezreti Musa özüniň içeri maşgalasy bilen birlikde hezreti Şuaýyp pygamberniň ýanynda müsür ýurduna tarap barýan mahaly ýoluny ýitirýär, şonda hawa hem gaýlaýar, şol mahal gije ekeni , şonda hezreti Musa (a.s) içeri maşgalasyna bir serpena gözleýär , ol daşdan ot görýär hezreti Musa “megerde ol ody ýakanlar bardyr olaryň ýanyna baryp olardan kömek soraýyn has bolmanda olar maňa ýol görkezerler” diýip oýlanýar , elbetde ol , özüniň içeri maşgalasyny hem özi bilen alyp gitmekden gorkýar, sebäbi ogry , galtaman bolmaklary mümkindi şunuň üçin hezreti Musa olara ýüzlenip  “siz şu ýerde duruň men ol ýerden habar alyp geleýin has bolmanda ol ýerden siziň çoýunmagyňyz üçin ot alyp getireýin” diýdi .

Hezreti Musa oduň ýanyna baranda ol ýerde hiç kimi görmedi , ol bu ýagdaýdan geň galdy , ot al ýaşyl öwsüp duran gök agaçlaryň arasyndan çar tarapa   şüle saçyp durdy şonda bir şüle hem Musa tarap geldi,  ol gorkdy we yza çekildi, şonda asmandan ses geldi “eý Musa gorkma , men gudratly we hekim Alla, seni pygamber edip belleýärin , bu görýän oduň bolsa meň gudratymyň bir jilwesidir, ol ne seni we nede ol gök agajy ýakar we her kim şu töwerek-de bolsa ol aman esendir.”

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- pygamberler hem bileki ynsanlar ýaly ýaşapdyrlar , hezreti Musa özüniň içeri maşgalasynyň aladasyny edip çäräň gözleginde bolýar şonda Alla oňa pygamberlik derejesini berýär .

2- Alla islese ot hem ýakmaýar , hezreti ybraýym (a.s) hem duşmanlar tarapyndan oda oklananda ot oňa gülüstan bolup ony ýakmady.

Näml süresi, 10 we 11-nji aýatlar:

وَأَلْقِ عَصَاكَ فَلَمَّا رَآهَا تَهْتَزُّ كَأَنَّهَا جَانٌّ وَلَّى مُدْبِراً وَلَمْ يُعَقِّبْ يَا مُوسَى لَا تَخَفْ إِنِّي لَا يَخَافُ لَدَيَّ الْمُرْسَلُونَ (10) إِلَّا مَن ظَلَمَ ثُمَّ بَدَّلَ حُسْناً بَعْدَ سُوءٍ فَإِنِّي غَفُورٌ رَّحِيمٌ (11)

<<(eý musa!)  hasaňy okla – (ol şeýtdi, şonda Musa, hasaň ýylan ýaly towlanyp durşuny gördi, (gorkdy) dolanyp gaçdy we yzyna ser etmedi oňa “eý Musa gorkma, pygamberler meniň ýanymda gorkmazlar// meger sütem eden bolsa soň telek işniň ýerini ýagşy iş bilen dolduran bolsun (şonda menden gorkmaga hajat ýok) sebäbi men ýalkawçy we mähribandyryn diýdi>>

 hezreti Musa asmandan eşidilýän sesi we ýakmaýan ody görende ýüreginä şek girdi we “meniň bu görýän zadym ýa-da eşidýän sözüm mümkinde Alla tarapyndan bolmasyn” diýip aýtdy şonda Alla oňa “hasaňy ýere okla” diýip buýurdy, ol hem şeýtdi , şonda onuň hasasy bir kiçi ýylana öwrülip oňa tarap geldi , Musa gorkup gaçdy sebäbi bu ýagdaý onuň üçin bir geň zatdy şonda asmandan ýene ses geldi “eý Musa! bu seniň pygamberligiň nyşany , indi sen pygamber bolduň we bu gören zatlaryň bolsa saňa ynam bermek üçin görkezlen mugjyzadyr, eşidýän sesiň bolsa Allanyň sesidir we şeýtan tarapyndan däldir şeýlede sen bu mugjyzany halka görkezmek bilen özüň jadygöý däldigiňi eýsem Alla tarapyndan iberlen pygamberdigiňi subut edip bilersiň”.

Eý Musa! biziň dergähimiz amanlygyň we asudalygyň ýeridir we bu ýerde gorkmaklyga hajat ýokdur. Bu ýerde bir kişi gorkmalydyr weli ol halka zulum eden bolsun , elbetde ol hem toba edip eden-etmişlerinden ýüz öwürse ol hem Alla tarapyndan ýalkanjakdyr diýip Taňry tagala hezreti Musa neda berdi .

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1-Allanyň islegi bilen mugjyza durmuşa geçýändir bu arada pygamberler mugjyzanyň durmuşa geçmegi üçin bir sebäpkärdirler, şonuň üçin hem mugjyza ýüzä çykanda pygamberler hem ol işiň adatdan daşgarydygyna göz ýetirip haýranlar galýandyrlar, oňa görä bu adatdan daşgary işleriň ilatdan ozal pygamberlere mugjyzadyklary subut we aýan bolýandyr .

2-ylahy garaýyşda zalym adam esen amanlykda ýaşamaly däldir eýsem elmydam gorkyda bolmalydyr.

3-günäkär adam ýagşy işler bilen özüniň ozalky eden etmişleriniň ýerini dolduran soň Allanyň ýalkawyna gabat geljekdir .