Nov 13, 2017 16:40 Asia/Ashgabat

bölüm,679,süre näml,aýat 12-16

 

برنامه راهی بسوی نور(679)       

Näml süresi, 12-nji aýat:

وَأَدْخِلْ يَدَكَ فِي جَيْبِكَ تَخْرُجْ بَيْضَاء مِنْ غَيْرِ سُوءٍ فِي تِسْعِ آيَاتٍ إِلَى فِرْعَوْنَ وَقَوْمِهِ إِنَّهُمْ كَانُوا قَوْماً فَاسِقِينَ (12)

<< (eý Musa!) eliňi goltuguňa sal ta aýypdan (arassalanyp) ýalpyldap çyksyn (bu) dokuz nyşana we aýat bilen Fyrown we onuň kowumunyň  üstüne  bar (sebäbi) olar pasyk kowumdyrlar.>>

Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly  hezreti  Musa (a.s), özüniň içeri maşgalasy bilen birlikde  Müsür ýurduna  tarap barýan mahaly Alla tarapyndan pygamberlige  bellendi we Alla tagala oňa mugjyza berip  “hasaňy  taşla” diýdi. Musa hasasyny taşlady we hasa ýylana öwrüldi , musa gorkdy.

Emma Gurhany kerim  şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda hezreti Musanyň 2-nji  mugjyzasyna yşarat edip aýdýar: Alla tagala Musa ýüzlenip “eliňi goltuguňa  salda çykar şonda görersiň  weli eliň çymmak bolup ýalpyldar” diýip aýdýar.

Taňry tagala bu aýadyň dowamynda aýdýar: eý Musa! seniň mugjyzalaryň bu  iki zat däldir eýsem 7 mugjyzaň bardyr we sen olardan Beni Ysraýyl kowumuny  we Fyrowny öz diniňe tarap çagyran mahalyň haýyrlanyp bilersiň , sen bu Mugjyzalar bilen garşyňda  duran  adamlaryň elinden her hilli bahanany alyp bilersiň , Nil derýasynyň böwsülmegi,  12 çeşmäň dagy ýaryp çykmagy şol mugjyzalaryňsanyndandyr. Ýeri gelende aýdar bolsak hezreti  Musa (a.s) öz kowumy bilen birlikde Fyrownyň elinden gaçyp barýan mahaly Nil derýasyna baryp ýetende ondan geçmek üçin hasasyny Nil derýasyna urdy netijede Nil derýasy  böwsüldi we hezreti Musa (a.s) Beni Ysraýyl kowumy bilen birlikde  esen-aman Nilden geçip gitdi.                                                           Hezreti Musa (a.s) ýene bir ýerde hem öz hasasyny daga uran mahaly dagdan 12 çeşme peýda boldy.

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1-    Tebigaty Alla tagala ýaradandyr we tebigata häkim bolan düzgün bolsa Allanyň eradasyna boýundyr  we Alla islese adatdan daşgary ýagdaýlary tebigatda ýüzä çykaryp bilýändir we ol ýagdaýlara   bolsa  mugjyza diýilýändir.

2-    Kä kowumlar we adamlar özleriniň barýan batyl ýollarynyň üstünde aýak direýändirler oňa görä olary dogry ýola getirmek üçin bir mugjyzaň görkezilmegi  ýeterlik edýän däldir eýsem olary ynandyrmak üçin köp mugjyzaň görkezilmegi gerekli bolýandyr.

 

Näml süresi, 13 we 14-nji aýatlar:

فَلَمَّا جَاءتْهُمْ آيَاتُنَا مُبْصِرَةً قَالُوا هَذَا سِحْرٌ مُّبِينٌ (13)‏ وَجَحَدُوا بِهَا وَاسْتَيْقَنَتْهَا أَنفُسُهُمْ ظُلْماً وَعُلُوّاً فَانظُرْ كَيْفَ كَانَ عَاقِبَةُ الْمُفْسِدِينَ (14)

 

 

<>

 

Hezreti Musa (a.s) özüne berilen borjy ýerine ýetirmek üçin fyrownyňüstüne bardy we fyrown we onuň hanadanyny Allanyň birligine çagyrdy ýönä Fyrown we onuň hanadany hezreti Musanyň mugjyzalaryny görenleri soň ony tassyklamagyň deregine , hezreti Musany jadygöýlikde aýypladylar. Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda aýdýar: Fyrown we onuň hanadany hezreti Musanyň ber-haklygyna göz ýetiripdiler ýönä olar hezreti Musany (a.s) özlerinden pes bilýärdiler , şonuň üçin oňa eýermekligi özlerine ar bilýärdiler. Şonuň üçin hem Fyrown, hezreti Musany (a.s) jadygöýlikde aýyplap uly süteme baş goşdy. Elbetde görme gözä Fyrown hezreti Musa we onuň dinine sütem edipdi emma aslynda ol özüne sütem edipdi sebäbi ol hezreti Musanyň ber haklygyny inkär etmek bilen ahyr soňda Nil derýasynda gark boldy.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň  öwredýän sapaklary:

1-    Iman , ylymdan ýokarda durýandyr , şonuň üçin hem bir zadyň ber  haklygyny bile-bile ony inkär edýän adamlar az däldirler. Bu adamlar ýüreklerinde iman bolmadyk adamlardyrlar.

2-    Tekepbirlik ynsany haka boýun bolmakdan alyp galýandyr. Tekepbir adam özgeleri  özünden kiçi görýändir we olaryň sözlerine hem iňňäň  üji  ýalyda baha berýän däldir.

Näml süresi,15 we 16-njy aýatlar:

وَلَقَدْ آتَيْنَا دَاوُودَ وَسُلَيْمَانَ عِلْماً وَقَالَا الْحَمْدُ لِلَّهِ الَّذِي فَضَّلَنَا عَلَى كَثِيرٍ مِّنْ عِبَادِهِ الْمُؤْمِنِينَ (15) وَوَرِثَ سُلَيْمَانُ دَاوُودَ وَقَالَ يَا أَيُّهَا النَّاسُ عُلِّمْنَا مَنطِقَ الطَّيْرِ وَأُوتِينَا مِن كُلِّ شَيْءٍ إِنَّ هَذَا لَهُوَ الْفَضْلُ الْمُبِينُ (16)

 

 

<>

gurhany kerim geçen aýatlarda hezreti Musa (a.s)-yň dessany beýan edeni soň , bu aýatlarda Beni Ysraýyl kowumunyň pygamberlerinden bolan hezreti Dawut we hezreti Suleýmanyň ýaşaýyşlaryna yşarat edýär. Olaryň ykballary  beýleki pygamberlere görä parhly bolandyr, olaryň parhly taraplarynyň biride, ýurdy dolandyrmak üçin hökümet gurmaklarydyr. Beýleki pygamberler umuman kapyrlar tarapyndan ýa-da ezijiler tarapyndan elmydama basyş astynda bolup horlanypdyrlar. Ýönä bu iki pygamber , gaty güýçli bolupdyrlar, olar diňe bir ynsanlara däl eýsem jinlere hem hökümet edipdirler.

Gurhany kerim bu aýatlarda hezreti Suleýmanyň güýçli bolmaklarynyň syryny , olara Alla tarapyndan bagyş bolan ýörite ylymda bilýär we olar bu ylymdan haýyrlanyp güýçli döwletiň düýbini tutupdyrlar. Hezreti Dawut bilen hezreti Suleýman  hem Allanyň bu beren ylmynyň gadyryny bilipdirler we onuň üçin Taňry tagala hämdi senalar aýdypdyrlar.

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda, hezreti Suleýmana berilen ylahy ylymyň birisine yşarat edip “şol ylmyň netijesinde Suleýman guşlaryň dilini düşünýärdi we olar bilen gepleşýärdi” diýip aýdýar.

Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:

1-    Pygamberleriň ylymy , ylahy ylymdyr we Alla tarapyndan olara bagyş bolýandyr.

2-    Din syýasatdan özňe däldir, hezreti Dawut bilen hezreti Suleýman pygamber bolup hökümet guran bolsalar onda mömenleriň syýasata goşulup dini hökümet gurmaklary ýa-da ezijilere garşy göreşmek üçin döwlet gurmaklary gowy işdir.

3-    Ýurdy ylym we bilim esasynda dolandyrmalydyr. palan adamyň ýa-da palan toparyň islegleri esasynda ýurdy dolandyrmak dogry däldir.

4-    Elimizdäki ylym – bilimler ýa-da baýlyklary Allanyň lutfy  kereminden bilmelidiris. “Meniň öz zähmetim bilen ýeten zatlarym” diýmek dogry däldir oňa görä bu nygmatlar üçin menlik belasyna giriftar bolmaz ýaly , elmydama Allanyň şükrüni ber-jaý kylmalydyrys.