bölüm,681,süre näml,aýat 23-28
bölüm,681,süre näml,aýat 23-28
برنامه راهی بسوی نور (681)
Näml süresi, 23 we 24-nji aýatlar:
إِنِّي وَجَدتُّ امْرَأَةً تَمْلِكُهُمْ وَأُوتِيَتْ مِن كُلِّ شَيْءٍ وَلَهَا عَرْشٌ عَظِيمٌ (23) وَجَدتُّهَا وَقَوْمَهَا يَسْجُدُونَ لِلشَّمْسِ مِن دُونِ اللَّهِ وَزَيَّنَ لَهُمُ الشَّيْطَانُ أَعْمَالَهُمْ فَصَدَّهُمْ عَنِ السَّبِيلِ فَهُمْ لَا يَهْتَدُونَ (24)
<< hut hut (molla guş) aýtdy : saba ülkesinde bir zenan gördüm , ol halka hökmürowanlyk edýär we oňa her bir zatdan nygmat berlipdir we onuň şalyk tagty diýseň uly.// gördüm weli , ol (belgis) we onuň kowumy Allanyň ýerine Güne sežde edýärler we şeýtan olaryň amallaryny (olaryň gözlerine) gözel edip görkezip olary (dogry) ýoldan çykarypdyr . şol sebäpden olar (hergiz) hedaýat bolmazlar .>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly hut-hut hezreti suleýmanyň gözünden ýetirim bolýar we ol özüniň ýetirim bolmagyna delil getrende : men saba ülkesine gidipdim we ol ýerden möhüm habarlary getirdim diýdi .hezreti suleýman hut-hudyň dilinden bu sözi eşiden soň ony geň gördi . hut-hut bolsa özüniň getiren habarnyň möhüm tarapyna yşarat edip : bu arada üns bermeli zat olda bu zenanyň täji tagtynyň bolmagy däldir eýsem onuň kowumunyň güne çokunup oňa bendelik etmekleridir olar dürli günä işlere baş goşýarlar oňa görä sen Allanyň resuly hökmünde bu meselä üns bermelisiň sebäbi şeýtan olaryň edýän ýaramaz we günä işlerini olaryň gözlerine gözel edip görkezýär şonuň üçin Saba halkynyň dogry ýola gitmekleri gaty çetindir diýip beýan etdi .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ylahy nygmatlardan paýly bolmaklyk adamlaryň ýagşylygyna ýada ýamanlygyna güwä geçýän däldir . belgis bilen hezreti suleýmanyň ikiside köp nygmatdan paýlydylar we olaryň köp baýlyklary bardy ýöne olaryň biri kapyrdy ýene birsi bolsa pygamberdi .
2- ynam – ygtykat taýdan umuman halk , öz häkimlerine eýerýändirler häkim kapyr bolsa halkyň köpüsi hem kapyr bolýandyrlar . şeýlede , ilatyň haýsy ynam ygtykady bolmaklarynda hökümetleriň möhüm roly bardyr .
Näml süresi, 25 we 26-njy aýatlar :
أَلَّا يَسْجُدُوا لِلَّهِ الَّذِي يُخْرِجُ الْخَبْءَ فِي السَّمَاوَاتِ وَالْأَرْضِ وَيَعْلَمُ مَا تُخْفُونَ وَمَا تُعْلِنُونَ (25) اللَّهُ لَا إِلَهَ إِلَّا هُوَ رَبُّ الْعَرْشِ الْعَظِيمِ (26) (س)
<<( şeýtan olary şeýle bir azdyrypdyr weli ) olar gökleriň we ýeriň içinden habar berýän we siziň basyrýan ýa-da basyrmaýan zatlaryňyzy bilýän Alla sežde etmeýärler.// ol Alla, özünden başga Alla bolmadyk we beýik arşyň repbi bolan Alladyr>>
Hut-hut , Saba halkynyň güne çokunýandyklarynyň habarny bereni soň olaryň bu işini geňgirgäp “olar ne sebäpden , ýer gögüň ýaşryn taraplaryny aýan edip adamlaryň içinden we daşyndan habarly bolan Allanyň ýerine güne çokunýarlar” diýip aýtdy .gögüň we ýeriň ýaşryn taraplaryny we basyrgyly taraplaryny aýan we äşgär etmekden maksat asmandan ýagyşyň ýagmagy we ýerden ösümlikleriň gögerip çykmaklarydyr . hemmämiz bilýäris, ozal başda bugdaýyň hoşasy onuň dänesiniň içindedir , ýa-da onuň dänesiniň içinde basyrgylydyr , haçanda Alla yrada edende onuň gudraty bilen däne gögerip bugdaý bolýar bugdaýdan bolsa hoşa amala gelýär .
Hut-hudyň garaýşynda Allanyň resuly we beýik soltan bolan suleýman hem başgalaryň çokunmaly adamsy däldir we diňe Alla çokunup bolýandyr we başga hiç bir adama ýa-da hiç bir zada çokunup bolýan däldir . sebäbi suleýmanyň hem ylym-bilimi çäklidir we ol hem Saba ülkesinde näme zatlaryň bolup geçýändigini bilýän däldir we diňe Alla hemme zatdan we barlygyň şeýlede adamlaryň içinden we daşyndan habarlydyr we haçanda islese olaryň içindäki hakykatlary hemmelere görkezip bilýändir.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ynsanlaryň gaýnamlarynda we zatynda çokunmaklyk häsiýeti bardyr we olar bir zada çokunup ony mukaddes bilipdirler .
2- ösümlikleriň gögermeklerinde we beýleki janlylaryň diriliginde gün ýaly tebigi zatlaryň aýgytly roly bardyr ýöne şondan gelende olar özlerini ýa-da özlerindäki häsiýetleri ýaradan däldirler isem olaryň hem bir ýaradany bardyr olary ýaradan bolsa Alladyr oňa görä , günüň özüne däl eýsem ony ýaradan Alla sežde etmelidir .
3- şeýtanyň, erbetlikleri adamlaryň gözine gözel görkezmekden bolan maksady ynsanlary Allanyň bendeliginden daşlaşdyrmakdyr we ynsanlary Alla sežde etmekden alyp galmakdyr .
4- älem-jahan Allanyň gözüniň alyndadyr we hiç kim we hiç bir zat Allanyň ýanynda basyrgyly däldir .
Nämi süresi, 27 we 28-nji aýatlar :
قَالَ سَنَنظُرُ أَصَدَقْتَ أَمْ كُنتَ مِنَ الْكَاذِبِينَ (27) اذْهَب بِّكِتَابِي هَذَا فَأَلْقِهْ إِلَيْهِمْ ثُمَّ تَوَلَّ عَنْهُمْ فَانظُرْ مَاذَا يَرْجِعُونَ (28)
<< suleýman aýtdy :bakyp göreli dogry aýdýarsyňmy ýa-da sen kyzzaplardanmuň?// Meniň bu hatymy alda olaryň (üstünden) okla , soň bir tarapa çekil we gör bak näme jogap berýärler.>>
hezreti suleýman hut-hudyň habarny eşidip onuň ýitirim bolmagynyň sebäbine göz ýetireni soň oňa käýemedi, emma hut-hudyň getiren habary üns bererli-di şonuň üçin hezreti suleýman ol habar barada pikir bermekden saklanyp hakykatyň derňelmegini makul bildi şonuň üçin ol Belgise bir hat ýazyp hut-hutdan ol haty oňa ýetirip oň jogabyny getirmegini isledi . elbetde ylahy pygamberler Allanyň dinni dürli halklaryň arasynda rowaç bermekde hatdan bir abzal hökmünde haýyrlanypdyrlar , taryhda hem gelşine görä yslam pygamberi hezreti muhammet (s.a.w) Rum we Eýran şalaryny yslama çagyrmakda olara hat ýazypdyrlar .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Halky Allanyň ýoluna çagyrmak üçin ýagdaýa görä we döwrüň talabyna görä amal edip döwrüň mümkinçiliklerinden haýyrlanmalydyr gerek bolsa çykyş etmelidir gerek bolsa hat ýollap adamlary ägä etmelidir.
2- biriniň sözüne gidip hakykaty derňemekden gapyl galmaly däldir . birinden bir habary eşiden badyňa oň anygyna ýetmän ony kabul etmeli däldir . hut-hut hem bir habar bilen hezreti suleýmanyň ýanyna geldi emma hezreti suleýman ol habary şol bada kabul etmedi eýsem onuň dogrulygynyň seljerilmegine buýruk berdi .
3- garşylar hakynda belli bir karara gelmezden ozal olary dogry ýola çagyrmalydyr kabul etmeseler olaryň garşysynda mynasyp çäre görmelidir .
///////////