bölüm,763,süre,Ähzap,aýat 26-31
bölüm,763,süre,Ähzap,aýat 26-31
راهی بسوی نور (763)
Ähzap süresi, 26 we 27 nji aýatlar :
وَأَنزَلَ الَّذِينَ ظَاهَرُوهُم مِّنْ أَهْلِ الْكِتَابِ مِن صَيَاصِيهِمْ وَقَذَفَ فِي قُلُوبِهِمُ الرُّعْبَ فَرِيقاً تَقْتُلُونَ وَتَأْسِرُونَ فَرِيقاً (26) وَأَوْرَثَكُمْ أَرْضَهُمْ وَدِيَارَهُمْ وَأَمْوَالَهُمْ وَأَرْضاً لَّمْ تَطَؤُوهَا وَكَانَ اللَّهُ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ قَدِيراً (27)
<< Alla , müşriklerden arka çykýan we kitap ählinden bolan ( jöhitleri ) gaýym galalaryndan etek çekdi ( galalaryny syndardy ) we olaryň ýüreklerine gorky duşurdy , olaryň bir toparyny öldürip bir toparyny ýesir aldyňyz // we siziň gadam basmadyk olaryň ýer- ýurtlaryny, öýlerini we mal - mülklerini siziň erkiňizde goýdy we Alla bu işe kadyrdyr.>>
Taryhy rowaýatlarda gelşine görä Medine-de jöhitlerden Üç taýpa ýaşaýardy bu taýpalar , bäni Gynogak , bäni Näzir we bäni Güräýze taypalaryndan ybaratdylar .
Olar , musulmanlar bilen parahatçylykda ýaşamak barada peýman baglaşypdylar. Bu Üç taýpaň ikisi diýmek bäni Gynugak bilen bäni Näzir taýpalary hejri senesiniň Ikinji we Dördünji ýyllarynda özleriniň musulmanlar bilen baglaşan peýmanlaryny döwdiler netijede musulmanlar olary Medine-den kowup çykardylar emma Üçnji taýpa diýmek bäni Güräýze taýpasy Medinede galdy we 5-nji hejri senesinde bu taýpa hem Ähzap urşuna gatnaşyp musulmanlaryň tersine Mekgäniň müşriklerinden arka çykdylar . bu uruşda bäni Güräzäniň peýmandaşlary bolan müşrikler ýeňildiler netijede bäni Güäýze jöhitleri musulmanlaryň gorkysyndan öz galalaryna pena getirdiler .şonda yslam pygamberne bäni Güräýzäniň eden dönükligine jogap bermek barada Alla tarapyndan emir boldy . musulmanlar , bäni Güräýzäniň pena getiren galasyny gurşadylar olaryň bir topary musulmanlara gaýtawul berip heläk boldular . ýöne olaryň köpisi musulmanlara boýun bolup ýaraglaryny taşladylar bu urşuň netijesinde bäni Güräýze taýpasy Medine şäherinden çykarlyp olaryň öýleri we mal- mülkleri musulmanlaryň eline duşdy . eline düşen bu zatlary we oljalary yslam pygamberi musulmanlaryň arasynda paýlady.
gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1- yslam dini musulmanlaryň özgeler bilen parahat we asuda ýaşamaklaryny nygtaýandyr ýöne yslam , özgeleriň musulmanlaryň tersine hile aramaklaryny halaýan däldir .
2- musulman adam duşmanlaryň döwrebap ýaraglarynyň we enjamlarynyň garşysynda ruhdan düşmeli däldir sebäbi Alla , duşmanlaryň ýüreklerine gurky salyp musulmanlary goldaýandir .
3- yslam köpçüliginiň işlerine çäre görmekde maddy mümkinçilikleriň ýanynda ylahy hemaýatlary hem göz öňüne almalydyrys.
Ähzap süresi, 28 we 29-njy aýatlar:
يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ قُل لِّأَزْوَاجِكَ إِن كُنتُنَّ تُرِدْنَ الْحَيَاةَ الدُّنْيَا وَزِينَتَهَا فَتَعَالَيْنَ أُمَتِّعْكُنَّ وَأُسَرِّحْكُنَّ سَرَاحاً جَمِيلاً (28) وَإِن كُنتُنَّ تُرِدْنَ اللَّهَ وَرَسُولَهُ وَالدَّارَ الْآخِرَةَ فَإِنَّ اللَّهَ أَعَدَّ لِلْمُحْسِنَاتِ مِنكُنَّ أَجْراً عَظِيماً (29)
<< eý pygamber öz başdaşlaryňa : “eger dünýäň ýaşaýşyny we zinatlary isleýän bolsaňyz geliň sizi , ( galyňyzy töläp şol ýaşaýyşdan ) paýly edeýin we abraýly suratda sizi kowup göýbereýin” diýip aýt .// we egerde Allany we onuň Resuluny we ahyret saraýyny isleýän bolsaňyz Alla siziň ýagşyragyňyza Uly serpaýy taýýarlap goýandyr.>>
Ähzap urşunyň gürrüňleriniň soňlamagy bilen gurhany kerim bu aýatlarda ýene , bu süräniň başynda gozgalan meselä dolanyp yslam pygamberniň zenanlaryna ýüzlenmek bilen : siz, pygamberiň başdaşlary edil pygamberiň özi ýaly beýleki zenanlara we gyzlara gowy ülňi boluň şalaryň we soltanlaryň zenanlary ýaly dünýäniň ýaşaýşynyň we zinatynyň yzynda bolmaň” diýip aýdýar.
Her halda , Taňry tagalanyň bütin möminlere ülňi edip goýany yslam pygamberniň şan-şöhratyny goramakda yslam pygamberniň başdaşlarynyň üstüne jogapkärçilik düşýärdi oňa görä yslam pygamberi olara , özüniň şa ýada soltan däldigini we şalaryň we soltanlaryň zenanlarynyň ýaşaýyşy ýaly ýaşaýyşa garaşmaly däldiklerini we egerde şeýle bir ýaşaýyşa garaşýan bolsalar şu mahaldan abraý bilen jyda bolmaklarynyň gelşiklidigini aýtmalydy şeýlede bu aýatlar esasynda yslam pygamberi öz başdaşlaryna : “egerde Allanyň razylygy üçin dünýäniň kynçylyklaryna tap getirseňiz we gerek ýerinde ýagşy işleri etseňiz Alla tagala kyýamatda onuň serpaýny artykmaçlygy bilen berer” diýip aýtmalydy.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- musulman ýurtlaryň başlyklarynyň maşgalalary edil ilatyň biri ýaly ýaşamalydyrlar we olaryň ilatdan artykmaç ýaşamaklary dogry däldir .
2- musulman köpçüliginiň başlyklary , özleriniň orun-mertebelerini gözden sowmaly däldirler we etýän işleri bir musulman köpçüliginiň başlygynyň şan- şöhratyna laýyklykda bolmalydyr we bu meselede olaryň öz ogul-gyzlarynyň ýada başdaşlarynyň mantyksyz isleglerinden täsir almaklary hem dogry däldir .
3- yslam medeniýetinde başdaşlaryň bir-birlerine bildirýän islegleri diniň taglymatyna garşy bolmalydyr garşy bolan ýagdaýynda ol islegleri ýerine ýetirmek dogry däldir .
Ähzap süresi, 30 we 31-nji aýatlar :
يَا نِسَاء النَّبِيِّ مَن يَأْتِ مِنكُنَّ بِفَاحِشَةٍ مُّبَيِّنَةٍ يُضَاعَفْ لَهَا الْعَذَابُ ضِعْفَيْنِ وَكَانَ ذَلِكَ عَلَى اللَّهِ يَسِيراً (30) وَمَن يَقْنُتْ مِنكُنَّ لِلَّهِ وَرَسُولِهِ وَتَعْمَلْ صَالِحاً نُّؤْتِهَا أَجْرَهَا مَرَّتَيْنِ وَأَعْتَدْنَا لَهَا رِزْقاً كَرِيماً (31)
<< eý pygamberiň başdaşlary! sizden her gaýsyňyz belli suratda ýaramaz işe baş goşsa onuň azaby iki esse bolar we bu ( iş ) Alla üçin aňsatdyr .// we sizden her gaýsyňyz Allanyň we onuň Resulunyň garşysynda boýun egse we ýagşy işleri etse onuň serpaýny ( iki esse edip ) berjekdiris we oňa uly ryzk taýýarlap goýandyrys.>>
Öňki aýatlaryň dowamynda gurhany kerim bu aýatlarda yslam pygamberiniň başdaşlaryna ýüzlenip : “sizziň ýagşy we ýaman işleriňizi hemmeler ylaýtada musulman zenanlar synlap durandyrlar oňa görä siziň amallaryňyz köpçülikde ýagşylygyň ýada ýamanlygyň ýaýramagynda gaty täsirli bolup bilýändir şonuň üçin hem siziň edýän amallaryňyzyň jezasy ýada serpaýy özgeleriňki ýaly däldir” diýip beýan edýär .
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- Allanyň berjek serpaýynda ýada jezasynda , adamlaryň orunlary ýada olaryň bilim derejesi täsirlidir .
2- ylahy düzgünde bir ynsanyň hamana pygamber bilen dogan garyndaş bolmagy oňa bir zatdan paýly bolmaklyga hak döredýän däldir eýsem bu hili ynsanlar işlerinde hata eden ýagdaýynda olaryň hatasyna iki esse azap beriljekdir.
3-uly we beýik adamlaryň günäleri ýöneki adamlaryň günälerinden parh edýändir ýene bir ybaratda köpçüligiň başlyklarynyň kiçi gönä işleri beýleki ynsanlaryň uly gönä işlerinden beter göze ilýändir şonçada olaryň eden etmişleriniň azaby güýçliräk boljakdyr.
/////////////