Apr 18, 2018 18:57 Asia/Ashgabat

bölüm 764,süre Ähzap, aýat 32-34

راهی بسوی نور (764)

Ähzap sürüsi, 32-nji aýat :

يَا نِسَاء النَّبِيِّ لَسْتُنَّ كَأَحَدٍ مِّنَ النِّسَاء إِنِ اتَّقَيْتُنَّ فَلَا تَخْضَعْنَ بِالْقَوْلِ فَيَطْمَعَ الَّذِي فِي قَلْبِهِ مَرَضٌ وَقُلْنَ قَوْلاً مَّعْرُوفاً (32)

<< eý pygamberiň başdaşlary! siz başga zenanlar ýaly dälsiňiz . ( onda ) takwaly boluň. kereşme edip sözlemäň bir wagt içi gara adamlar telek hyýallary etmesinler onda ýagşy suratda gepleşiň >>

geçen gepleşikde yslam pygamberiniň zenanlarynyň köpçülikdäki möhüm we täsirli orunlaryna yşarat etdik gurhany kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda ýene bu möhüme yşarat edip aýdýar : pygamberiň zenanlary onuň başdaşlary bolanlyklary üçin olaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýändir we olary beýleki zenanlar bilen deňeşdirmek dogry däldir sebäbi isleseler islemeseler köpçülik olardan ülňi alýandyrlar we pygamberiň zenanlaryny özlerine görelde edýändirler.gurhany kerim bu aýatda zenanlaryň köpçülikde özlerini nähili alyp baryşlaryndan bir mysal getirip aýdýar : zenanlaryň takwalygynyň nyşanalarynyň birsi-de olaryň kesekiler bilen gepleşenlerinde näz we kereşme bilen gepleşmekden saklanmaklarydyr sebäbi zenanyň özüni bu hili alyp barmaklary netijesinde ýüregi we içi gara kä ynsanlaryň olar hakynda telek gumanlary etmekleri mümkindir şonuň üçin zenanlar kesekiler we nämährem adamlar bilen gepleşmeli bolanlarynda agraslyk bilen gepleşmelidirler .

Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- her kimň orun – mertebesi onuň köpçülikdäki jogapkärçiligini hem belli edýändir her kimiň orny ýokarrak bolsa onuň jogapkärçiligi-de şonça güýçli bolýandyr .

2- musulman zenan özüniň geýýän zadyna üns bermegiň ýanynda hökman il arasynda edip gepleýşine-de üns bermelidir we takwalyk bilen geýinmegiň ýanynda takwalyk bilen hem geplemelidir .

3- her bir köpçülikde içi gara adamlar bolýandyr oňa görä zenanlar özlerini bu hili adamlardan goramak üçin il arasynda özlerini dogry we agras alyp barmalydyrlar .

Ähzap süresi, 33 we 34-nji aýatlar :

وَقَرْنَ فِي بُيُوتِكُنَّ وَلَا تَبَرَّجْنَ تَبَرُّجَ الْجَاهِلِيَّةِ الْأُولَى وَأَقِمْنَ الصَّلَاةَ وَآتِينَ الزَّكَاةَ وَأَطِعْنَ اللَّهَ وَرَسُولَهُ إِنَّمَا يُرِيدُ اللَّهُ لِيُذْهِبَ عَنكُمُ الرِّجْسَ أَهْلَ الْبَيْتِ وَيُطَهِّرَكُمْ تَطْهِيراً (33) وَاذْكُرْنَ مَا يُتْلَى فِي بُيُوتِكُنَّ مِنْ آيَاتِ اللَّهِ وَالْحِكْمَةِ إِنَّ اللَّهَ كَانَ لَطِيفاً خَبِيراً (34)

<< we öz öýleriňizde ýaşaň we jahylyýat (nadanlyk) döwründe bolşy ýaly özüňizi bezäp çykmaň we namaz okap zekat beriň we Allanyň we onuň Resulunyň diýenlerini ediň dogrudanda Alla siz ähli beýtden hapalyklary daş edip sizi päk we arassa etmekçidir // we hikmetden we Allanyň aýatlaryndan öýleriňizde talawat bolýan zatlary öwreniň dogrudan Alla merhemet ediji we her bir zatdan habarlydyr .>>

Gurhany kerim öňki aýatlaryň dowamynda ýene pygamberiň zenanlaryna ýüzlenip : “yslamdan ozalky döwürde zenanlar bezenip daranyp il arasyna çykýardylar we erkekleriň ünsini özlerine çekjek bolup ýeňil-ýelfi geýinýärdiler , ýöne siz mömin we imanly zenanlar hajat bolmasa öýden çykmaň , çykan ýagdaýňyzda hem gowy geýnip , bezeg  şaýlaryňyzy we bedenleriňizi halka görkezmän çykyň” diýip aýdýar.

Gurhany kerim bu aýatda ol jahylyýat döwri diýip aýdýar . gurhany kerim bu ybaratdan peýdalanmak bilen hem megerde ýene bir jahylyýat döwrüň gelejekde ýüze çykjakdygyny bildirjek bolandyr . häzirki düwürde hem günbataryň muderin jahylyýatynda zenanlar bezenip daranyp il arasyna çykýarlar şeýdipde zenanyň hakyky ornuna ysnat ýetirýärler . aýry bir tarapdan hem günbataryň kompaniýalary özleriniň ykdysady maksatlary ugrunda we özleriniň öndürýän harytlaryny satmak ugurda zenanlardan bir abzal hökmünde haýyrlanyp durandyrlar .

Gurhany kerim bu aýatlaryň dowamynda diniň namazdyr zekat ýaly dini borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetine yşarat edýär we bir mömin zenanyň özüni köpçülikde dogry alyp barmagyň ýanynda diniň Allanyň we onuň Resuluniň aýdýan zatlaryna hem üns berip ol zatlary yhlas bilen ýerine ýetirmelidigini nygtaýar .

Gurhany kerim bu süräniň 34-nji aýatynda hem bütin zenanlara ýüzlenip : “zenanlaryň öýlerde galyp öýüň işine ýetişiklik etmekleri olaryň tebigatyna jebis gelýändir ýöne şondan gelende zenanlaryň öýde galmaklary olaryň magnewi jähetden ösmeklerine böwet bolmaz ýaly gurhan okap gurhanyň taglymatyndan peýdalanmaklary gereklidir” diýip nygtaýar .

Gurhany kerim bu aýatlarda görme-göze pygamberiň zenanlaryna ýüzlenip bu sözleri aýdandyr ýöne gurhanyň asly maksady , diňe bir pygamberiň zenanlary däldir eýsem bütin zenanlardyr .

Gurhany kerim bu aýatlarynyň bir ýerinde ( innemä ) ybaratyndan haýyrlanypdyr bu ybaratdan belli bolýar weli pygamberiň ähli beýti bir hili Ysmat mazalygyndan paýlydyrlar olar şonuň üçin hem beýleki musulmanlara gowy ülňidirler .

Elbetde yslam pygamberiniň äli beýtiniň Ysmatdan paýly bolmaklary olaryň hata ýada günä işleri edip bilmezlikleri manasynda däldir eýsem olar Allanyň lutfy keremi bilen we özleriniň takwalygy bilen günä işleriň başyna barýan däldirler we Allanyň lutfy ynaýaty bilen özlerini her hili günä işlerden päk we arassa saklaýandyrlar .

Gurhany kerimiň bu aýatynynyň öwredýän sapaklary:

  1. zenanlaryň köpçülikde bezenip çykmaklary medeniýetliligiň nyşanalaryndan däldir eýsem gurhanyň aýdyşyça bu zat bir hili nadanlygyň we jahylyýatyň nyşanalaryndandyr .
  2. öz mal- mülküňden we baýlygyňdan zekat tölemeklik diňe erkeklere mahsus däldir eýsem zenanlar hem baý we baranda bolsalar öz baýlyklaryndan zekat tölemelidirler .
  3. köpçülige baştutanlyk edýän din başlyklaryň maşgalalary özlerini her hili telekeçilikden daşda saklamalydyrlar .
  4. daşarda işlemeýän içeri maşgalanyň işlerine ýetişiklik edýän zenanlar hem özlerini ylmy taýdan ösdürmelidirler.

 

///////////////