bölüm,765,süre Ähzap,aýat 35-38
bölüm,765,süre Ähzap,aýat 35-38
راهی به سوی نور (765)
Ähzap süresi, 35-nji aýat:
إِنَّ الْمُسْلِمِينَ وَالْمُسْلِمَاتِ وَالْمُؤْمِنِينَ وَالْمُؤْمِنَاتِ وَالْقَانِتِينَ وَالْقَانِتَاتِ وَالصَّادِقِينَ وَالصَّادِقَاتِ وَالصَّابِرِينَ وَالصَّابِرَاتِ وَالْخَاشِعِينَ وَالْخَاشِعَاتِ وَالْمُتَصَدِّقِينَ وَالْمُتَصَدِّقَاتِ وَالصَّائِمِينَ وَالصَّائِمَاتِ وَالْحَافِظِينَ فُرُوجَهُمْ وَالْحَافِظَاتِ وَالذَّاكِرِينَ اللَّهَ كَثِيراً وَالذَّاكِرَاتِ أَعَدَّ اللَّهُ لَهُم مَّغْفِرَةً وَأَجْراً عَظِيماً (35)
<
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly taňry tagala pygamberiň we beýleki musulman zenanlaryň ýüreklerinde teleke niýetleri bolan adamlardan özlerini goramaklary üçin birnäçe tabşyrygy berdi. Gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatda bir kämil ynsanyň –zenan ýada merdan bolsun parh edenok-bir kämil ynsanyň ýöriteliklerini beýan edýär we özüniň sanaýan her bir ýöriteligini hemä zenanlar bilen baglanşykda hemde merdanlar bilen baglanşykda beýan edýär.
Gurhan kerim bu ýöritelikleri hemä erkeklere hemde zenanlara bagly bilmek bilen hem bu ýöriteliklerde erkekler bilen aýallaryň arasynda hiç parhyň ýokdygyny mälim edýär.
Alla iman getirmek, haram iýmekden we şähwetden saklanmak, mätäçlere kömek bermek, kynçylyklarda sabyrly bolmak, allanyň we onuň resulynyň aýdanlaryny etmek, alladan dileg etmek ýaly işlerde erkek bilen zenanyň arasynda hiç parh ýokdyr.
Elbetde adamlaryň imanlary diňe namaz okap oraza tutmaklyga çäklenýän däldir eýsem bu zatlaryň ýanynda mömin adam dogruçyl hem bolmalydyr, sabyrly hem bolmalydyr we pes-päl hem bolmalydyr şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatda musulman adamyň ahlak baýlygy hasaplanýan onuň sabyrlylygyna dogruçyllygyna we pes-pälligine yşarat edendir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1.erkek bilen zenanyň arasyndaky parh jisimi parhlar diýmeseň olaryň kemala ýetirmeklerine sebäp bolýan zatlarda erkek bilen zenanyň arasynda hiç hili tapawut ýokdyr.
2. yslamyň nygtaýan ynsany, ahlaky we ygtykat taýdan ösüp ýokary derejelere ýeten ynsandyr , yslamyň nygtaýan ynsany köptaraply ynsandyr.
3.kemalyň ýokary derejelerine ýetip allanyň razylygyny gazanmakda erkek bilen zenanyň arasynda parh ýokdyr, olaryň arasynda miras almakda ýada Diýe tölemekde parh bar bolsada bu parh olaryň içeri maşgalada kabul edýän borçlaryna dolanýandyr. Dogrysy allanyň ýanynda olaryň ikisiniň-de orny deňdir.
Ähzap süresi, 36-njy aýat:
وَمَا كَانَ لِمُؤْمِنٍ وَلَا مُؤْمِنَةٍ إِذَا قَضَى اللَّهُ وَرَسُولُهُ أَمْراً أَن يَكُونَ لَهُمُ الْخِيَرَةُ مِنْ أَمْرِهِمْ وَمَن يَعْصِ اللَّهَ وَرَسُولَهُ فَقَدْ ضَلَّ ضَلَالاً مُّبِيناً (36)
<< haçanda Alla we onuň resuly bir zady belli edenlerinde hiç bir mömin zenan we mömin erkek öz ýanyndan başga bir zady belli etmäge hakly däldir, her kim Alla we onuň resulyna eýermese şübhesiz ol äşgär gümralyga uçrandyr.>>
Gurhan kerim geçen aýatda mömin adamyň ýöritelikleriniň birisini onuň allanyň emrine eýermegi bilen bolsa bu aýatda hem şol gürrüňi nygtap aýtmaz: allanyň we onuň resulynyň emri we islegi mömin adamyň isleginden öňde durýandyr we hakyky mömin adam deslapky derejede öz islegine dälde eýsem allanyň we onuň resulynyň isleýän zadyna üns berip şolaryň aýdanlaryny edýändir sebäbi ol allanyň we pygamberiniň isleýän zatlaryny gyrakda goýup öz isleginiň yzyndan gitse gümra boljakdygyny bilýär.
Dogry hakyky imanyň nyşanasy allanyň emrine doly eýermekdedir indi bir ynsan bir zadyň gowy ýada telekedigini bilmän öz ýanyndan şol zady ýagşy zat bilip etse onuň gümrä bolmagy gaty mümkindir sebäbi bu adamyň özüniň nebsine eýerip nebis bolsa ynsany gowylygyň üstünden eltýän däldir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:
1.Allanyň we onuň resulynyň emrine eýermeklik hakyky imanyň alamatlaryndandyr.
2. ynsan her bir işi etmäge hakly däldir eýsem ol diňe allanyň kanunlarynyň çygrynda hereket etmäge haklydyr we onuň azatlygy hem şol çygyrdadyr.
3. ynsanyň düzýän kanunlary allanyň düzen kanunlaryna ters gelse ol ynsanyň gümralygyna sebäp boljakdyr.
Ähzap süresi, 37-nji we 38-nji aýatlar:
وَإِذْ تَقُولُ لِلَّذِي أَنْعَمَ اللَّهُ عَلَيْهِ وَأَنْعَمْتَ عَلَيْهِ أَمْسِكْ عَلَيْكَ زَوْجَكَ وَاتَّقِ اللَّهَ وَتُخْفِي فِي نَفْسِكَ مَا اللَّهُ مُبْدِيهِ وَتَخْشَى النَّاسَ وَاللَّهُ أَحَقُّ أَن تَخْشَاهُ فَلَمَّا قَضَى زَيْدٌ مِّنْهَا وَطَراً زَوَّجْنَاكَهَا لِكَيْ لَا يَكُونَ عَلَى الْمُؤْمِنِينَ حَرَجٌ فِي أَزْوَاجِ أَدْعِيَائِهِمْ إِذَا قَضَوْا مِنْهُنَّ وَطَراً وَكَانَ أَمْرُ اللَّهِ مَفْعُولاً (37) مَّا كَانَ عَلَى النَّبِيِّ مِنْ حَرَجٍ فِيمَا فَرَضَ اللَّهُ لَهُ سُنَّةَ اللَّهِ فِي الَّذِينَ خَلَوْا مِن قَبْلُ وَكَانَ أَمْرُ اللَّهِ قَدَراً مَّقْدُوراً (38)
<< haçanda sen , Allanyň (yslam) nygmatyny beren we seniň hem (azatlyk) nygmatyny beren kimsäň: başdaşyňy sakla( we ony talak berme) we Alladan gork diýip aýdan mahalyň, içiňde bir zady bsyrýardyň- elbetde Alla ony äşgär eder- we il güniň gepinden gorkýardyň- emma aslynda Alladan gorkmaklyk ýagşyrakdyr- bes her haçanda Zeýd başdaşyny talak bereni soň biz ony başdaşyň etdik (bu iş bilen hem) möminleriň ogullyklarynyň talak beren başdaşlary bilen öýlenmeklerinde bar bolan kynçylygy aýyrdyk we Allanyň emri hökman ýerine ýetirilmelidir.// pygamber üçin Allanyň emir eden zadyny ýerine ýetirmekde saklanmak bolmaz, bu allanyň öňki pygamberleri üçin hem berkarar edip goýan kadasydyr hemişe allanyň emriniň hasaby bellidir,>>
Rowaýatlarda getirilmegine görä hezreti Hatyja (s.a)nyň Zeýd atly bir guly bardy. Ol Resulallaga durmuşa çykany soň bu gulny (Zeýdni) yslam pygamberine bagyşlady. Pygamber hem deslap ony azat etdi soň hem ony özüniň ogullygy edip aldy.
Soň yslam pygamberi Zeýde ejekesiniň gyzy Zeýnebi alyp berdi. Ýöne olar kän oňuşmadylar şonda yslam pygamberi Zeýdi öz başdaşy bilen oňuşyp ýaşamaklyga çagyrdy ýöne şondada olar uzaga gitmediler we ahyrda Zeýd, Zeýnebi talak berdi. pygamberiň ara düşmegi bilen Zeýd bilen Zeýneb toý edipdiler indi pygamber(s.a) Zeýnebiň bu ýagdaýna çäre görmek maksady bilen onuň bilen toý etmegi ýüregine düwdi. ýöne halkyň gepinden çekinýärdi bir wagt olar : “pygamber özüniň ogullygynyň talak beren başdaşyna öýlenipdir” diýip aýdarlarmyka diýýärdi. Sebäbi yslamdan ozal bu iş ýagny bir adamyň öz ogullygynyň başdaşy bilen öýlenmegi gelşiksiz hasaplanýardy. Şonuň üçin hem Taňry tagala bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenip “Araplaryň jahylyýet döwrüniň bu däbini ýok etmek üçin bu işi etmegi ondan isleýär we halkyň gepinden hem gorkma diýip” aýdýar.
Sebäbi Alla tagala taryh boýunda halk arasyndaky ýörgün nädogry däpleri aradan aýyrmak maksady bilen öz pygamberlerine şu hili buýruklary berendir.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1.är-aýalyň arasynda agzalalyk düşen badyna olaryň bir-birlerinden aýrylyşmagyň pikrinde bolmaklary dogry däldir.
2.är-aýalyň arasynda agzalalyk düşen mahaly gowusy olary takwalyga çagyrmalydyr, belkide olar Allanyň aýdanyny edip dawadan el çeksinler we ýaraşsynlar.
3. diniň aýdýan zatlaryny etmekde halkyň gepinden gorkmaly däldir eýsem diňe Allany göz öňüne almalydyr.
4. halk arasyndaky nädogry däplere garşy göreşmelidiris we bu göreşde hem onuň-munuň aýdýan boş gürrüňlerine üns bermeli däldiris.
//////////////