Apr 19, 2018 19:15 Asia/Ashgabat

bölüm,766,süre Ähzap,aýat 39-42

برنامه راهی بسوی نور( 766)

Ähzap süresi, 39-njy aýat :

الَّذِينَ يُبَلِّغُونَ رِسَالَاتِ اللَّهِ وَيَخْشَوْنَهُ وَلَا يَخْشَوْنَ أَحَداً إِلَّا اللَّهَ وَكَفَى بِاللَّهِ حَسِيباً (39)

<< Allanyň sargydyny ýetirýän kimseler ( bardyr ), olar Alladan gorkýandyrlar we Alladan gaýry hiç kimden gorkýan däldirler we hasaplaşmak üçin Allanyň ( bir özi ) ýeterlikdir.>>

Geçen gepleşikde yslam pygamberiniň , öz ogullygy Zeýdiň talak beren başdaşy bilen toý etmegine yşarat etdik we şol gürrüňde Allanyň yslam pygamberine ýüzlenip : “pygamberler halkyň gepinden çekinip öz paýlaryna düşen ylahy buýruklary ýerine ýetirmekden saklanmaly däldirler” diýip aýdanlygyny beýan etdik . şol gürrüňiň dowamynda gurhan kerim bu aýatda Allanyň iberen resullarynyň borçlaryna yşarat edip : “ylahy pygamberleriň paýna düşýän esasy burç , hiç kimden gorkman Allanyň iberen wahyýsyny doly suratda halkyň gulagyna ýetirmeklikdir , olar diňe Alladan gorkýandyrlar we Alladan gaýry hiç kimden gorkýan däldirler” diýip beýan edýär . elbetde halkyň nädogry ynam-ygtykatlarynyň we däp- dessurlarynyň garşysynda durmaklyk ynsany uly kynçylyklara hatda howplara uçradyp bilýändir şonuň hem halkyň ynam- ygtykatlarynyň we däp- dessurlarynyň nädogrydygyny bile- bile şolar bilen tersleşmän ýaşap ýörän adamlar az däldir . emma pygamberler , öwliýalar we çyn mömin adamlar halykdan ýada olaryň gepinden däl eýsem diňe Alladan gorkyp gerek bolan ýerinde halkyň arasyndaky nädogry däp- dessurlaryň we ýalňyş ynam- ygtykatlaryň öňündä durýandyrlar sebäbi olar üçin diňe bir Allanyň özi ýeterlikdir .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :

1- dini wagyz etmek üçin , takwalyk , töwekgelçilik , batyrlyk we gaýduwsyzlyk gerekdir, her kimde şu häsiýetler bolmasa ol , dini wagyz edip bilmez .

2- iman ähliniň dini wagyz edip ony goramakda çekýän zähmetleriniň we kynçylyklarynyň hasabyny Allanyň özi bilýändir.

Ähzap süresi, 40-njy aýat :

مَّا كَانَ مُحَمَّدٌ أَبَا أَحَدٍ مِّن رِّجَالِكُمْ وَلَكِن رَّسُولَ اللَّهِ وَخَاتَمَ النَّبِيِّينَ وَكَانَ اللَّهُ بِكُلِّ شَيْءٍ عَلِيماً (40)

 << Muhammet (s.w) siziň merdanlaryňyzyň hiç birisiniň atasy däldir, eýsem ol , Allanyň resuly we iberen pygamberleriniň iň soňkysydyr we Alla her bir zatdan habarlydyr.>>

Gurhan kerimiň öňki aýatlaryň dowamynda bu aýatda jahylyýet döwrüň däp- dessurlaryny ret etmek bilen: “hezreti Muhammet (s.w) Zeýdiň çyn atasy däldir eýsem Zeýt onuň ogullygydy we şerigatda , hezreti Muhammediň öz ogullygynyň talak beren başdaşy bilen toý etmegi hata iş däldir , her çen bu iş , jahylyýet döwrüň däplerine görä gelşiksiz hasaplansa-da” diýip aýdýar.

Gurhan kerim bu aýatyň dowamynda yslam pygamberniň ylahy pygamberleriň iň soňkysy hasaplanýandygyna yşarat edip aýdýar: ylahy pygamberleriň arasynda hezreti Muhammet (s.w)iň orun-mertebesi başgaçadyr ol hem Allanyň resulydyr hemde pygamberleriň soňkysydyr Alla bolsa ony pygamberleriň iň soňkysy karar berdi we hezreti Muhammet (s.w) bolsa öz ymmaty üçin iň kämil dini Alla tarapyndan sowgat getirdi .

Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary:

1- yslam dini ylahy dinleriň soňkysy we gurhan bolsa asmanlyk kitaplaryň iň soňkysy hasaplanýandyrlar .

2- Alla tagala özüniň ylmy bilen hezreti Muhammet (s.w)den soň ynsanyň täze pygambere mätäçliginiň ýoklygyny bilenseň ony pygamberleriň iň soňkysy karar berendir .

Ähzap süresi, 41 we 42-nji aýatlar:

يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا اذْكُرُوا اللَّهَ ذِكْراً كَثِيراً (41) وَسَبِّحُوهُ بُكْرَةً وَأَصِيلاً (42)

<< eý iman getiren adamlar Allany köpden köp ýatlaň // we her ertirlerine we agşamlaryna onuň tesbihni (senasyny) aýdyň.>>

Gurhan kerim bu aýatlarda mömin adamlara bütin ýagdaýlarda Allanyň zykryny aýdyp durmagy tabşyrýar sebäbi Allanyň zykryny aýtmaklyk ynsanyň , öz gara nepsinden , Şeýtanyň waswasalaryndan pasyk adamlaryň belasyndan aman galmagyna sebäp bolýar . gije-gündiziň boýunda Bäş wagt namazy ýerine ýetirmeklik mömin adamyň Allany ýatlap durmaklygyna sebäp bolýandyr . ynsan , gije-gündiziň boýunda her bir işde deslap Allanyň razylygyny göz öňüne almalydyr, egerde şol işden Alla razy bolsa ony etmelidir egerde razy bolmasa ony etmeli däldir , möniň üçin bolsa mömin adamyň işlerde elmydam Allany ýatlap durmagy gereklidir . Allany ýatlap durmaklyk , ynsanyň Allanyň beren nygmatlaryna şükür kylmaklygyna we kynçylyklara gabat gelen ýagdaýynda bolsa sabyrly bolmagyna sebäp bolýandyr . howa mömin adam Alladan gorkyp günä işlerden daş durmalydyr bir wagt gönä işe baş goşan ýagdaýynda hem haý diýmäni toba edip Alladan ýalkaw dilemelidir .

Elbetde ýürekde Allany ýatlap durmagyň ýanynda mömin adam dilinde hem Allanyň zykryny aýtmalydyr, yslam pygamberi hem öz gyzy hezreti patma(a.s)-a beren tabşyryklarynyň birsinde ondan her namazdan soň 34 sapar Allhuäkber 33 sapar älhämdulillä we 33 sapar hem süphanalla diýmegi isländir.

Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :

1- Allanyň zykryny diňe dilde aýtmaly däldir eýsem mömin adam her bir ýagdaýda Allanyň razylygyny göz öňüne almalydyr .

2- Allany ýatlap durmaklyk hemişelik bolmalydyr.

3- Allany zykyr etmekde we Allany ýatlap durmakda , onuň täsbihini we senasyny aýtmaklyk tabşyrlandyr.

 

/////////////