bölüm,767,süre Ähzap,aýat 43-48
bölüm,767,süre Ähzap,aýat 43-48
برنامه راهی بسوی نور( 767)
Ähzap süresi, 43 we 44-nji aýatlar :
هُوَ الَّذِي يُصَلِّي عَلَيْكُمْ وَمَلَائِكَتُهُ لِيُخْرِجَكُم مِّنَ الظُّلُمَاتِ إِلَى النُّورِ وَكَانَ بِالْمُؤْمِنِينَ رَحِيماً (43) تَحِيَّتُهُمْ يَوْمَ يَلْقَوْنَهُ سَلَامٌ وَأَعَدَّ لَهُمْ أَجْراً كَرِيماً (44)
<< ol size salawat iberýändir we onuň perişdeleri hem ( salawat iberýändirler ) sizi garaňkylykdan ýagtylyga çykarmak üçin we ol (hemişe ) möminler bilen mähribandyr .// olaryň Allanyň didaryna barjak günleri “salam” dilleriniň senasyna öwrüljekdir , we Alla olar üçin gowy serpaý taýýarlap goýandyr.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly gurhan kerim möminlere elmydam Allany ýatlap onuň zykryny aýdyp durmagy tabşyrandyr . gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda ýene möminlere ýüzlenip : “egerde siz Allany ýatlap dursaňyz Alla hem sizi ýatlar we sizi öz rahmetine duş eder” diýip aýdýar . elbetde Taňry tagala gurhan kerim “bakara” süresiniň 152-nji aýatynda hem : “meni ýatlaň tä sizi ýatlaýyn” diýip aýdýar.
Perişdeler hem möminler üçin Alladan rahmet we ýalkaw dileýändirler we bu rahmet we ýalkaw , ynsanyň garaňkylykdan çykyp ýagtylyga tarap gelmegine sebäp bolýandyr aslynda Allanyň adyny ýatlap durmaklyk ynsanyň Allanyň lutfyna we ynaýatyna gabat gelip dogry ýola hedaýat bolmagyna sebäp bolýandyr we bu hedaýatyň netijesinde hem, ynsanyň ýaşaýyşynda gowy hadysa ýüze çykýandyr we ynsan , hatda ýowuz ýagdaýlara gabat gelende hem bu ýagdaýlardan başyny alyp çykyp bilýändir kyýamat gönünde perişdeler hem şu hili ynsanlary salam we salawat bilen garşy aljakdyrlar we bu ynsanlar kyýamatda asudalykda ýaşajakdyrlar .
gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary:
1- garaňkylyklardan halas bolmak üçin ylym we aklyň bir özi ýeterlik däldir eýsem aklyň we ylmyň ýanynda Alla tarapyndan hem goldawyň ýetmegi gereklidir ýöne şeýle bir goldawa duş gelmek üçin ynsan elmydam Allany ýatlap durmalydyr.
2- ynsanlary hedaýat nuruna tarap iterýän ylahy nygmata gabat gelmek üçin ynsanyň içindäki iman hakyky iman bolmalydyr.
3- behişt ähli , bir-birlerini salam bilen garşy alýandyrlar, dünýäde hem möminlere , bir-birlerini garşy almakda bu süýji we gözel ybaratdan haýyrlanmaklary tabşyrlandyr.
Ähzap süresi, 45 we 46 nji aýatlar :
يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ إِنَّا أَرْسَلْنَاكَ شَاهِداً وَمُبَشِّراً وَنَذِيراً (45) وَدَاعِياً إِلَى اللَّهِ بِإِذْنِهِ وَسِرَاجاً مُّنِيراً (46)
<
Bir näçe mundan ozalky aýatda - bu süräniň 40-njy aýatynda – yslam pygamberiniň soňky pygamberliginden we onuň pygamberlik borjy hakynda gürrüň etdik .emma gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberine ýüzlenip : “eý biziň resulumyz! sen halkyň arasynda ýaşap olaryň işlerine şaýatsyň we sen ynsan köpçüligine gowy we kämil ülňisiň, sen halka şeýle bir ülňisiň weli olary terbiýelemek üçin , duýduryş we buşluk bermek şiwesinden peýdalanýansyň” diýip aýdýar.
Yslam pygamberi , halky özüne dälde eýsem Alla bendelik edip Allanyň garşysynda dyza çökmeklige çagyrýandyr, dogrusy bütin pygamberler halky Allanyň bendeligine çagyrandyrlar we olardan, zalymlaryň garşysynda berk durup Allanyň bendeliginde tapylmaklaryny isländirler .
Ylahy pygamberleriň halkyň arasynda ýaşamaklary edil nadanlygyň we garaňkylygyň içinde ýagtylyk seçýän çyra hökmündedir we olar özleriniň çaýýan nurlary bilen halky nadanlykdan we garaňkylykdan nura tarap hedaýat edendirler .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- ylahy pygamberler diňe bir dilde däl eýsem amalda hem ynsanlara gowy we kämil ülňidirler .
2- yslam pygamberi öz ymmatynyň amallaryna şaýatdyr onda öz amallarymyza esewan bolmalydyrys .
3- ynsanlary terbiýeläp hedaýat etmekde Allanyň gazabyndan gorkuzmagyň ýanynda Allanyň rahmeti bilen hem olara umydygärlik bermelidir. Ýene bir ybaratda duýduryş bermegiň ýanynda hökman buşluk hem bermelidir.
Ähzap süresi, 47 we 48 nji aýatlar :
وَبَشِّرِ الْمُؤْمِنِينَ بِأَنَّ لَهُم مِّنَ اللَّهِ فَضْلاً كَبِيراً (47) وَلَا تُطِعِ الْكَافِرِينَ وَالْمُنَافِقِينَ وَدَعْ أَذَاهُمْ وَتَوَكَّلْ عَلَى اللَّهِ وَكَفَى بِاللَّهِ وَكِيلاً (48)
<< we möminlere , Allanyň tarapyndan uly fazlyň ýetişjekdigi barada buşluk ber// we kapyrlara şeýlede munapyklara eýermekden saklan we olaryň ýetirýän yza - ezýetlerini Alla tabşyr we Alla töwekgel et ( çünki ) Alla, töwekgel edýän adama ýeterlikdir.>>
Geçen aýatlarda , Allanyň gazaby barada duýduryş berip onuň rahmeti barada buşlugyň berilmegi pygamberiň ynsanlary terbiýelemekde ulanan şiwesi hökmünde tanatdyk. gurhan kerim şol gürrüňiň dowamynda bu aýatlarda bu mesele barada mysallar getirip ony düşündirýär Allanyň beren buýruklaryny ýerine ýetirýän möminlere Allanyň fazly keremi barada buşluk berilmelidir, şeýdipde olary özleriniň alyp barýan ýagşy işlerinde şawklandyrmalydyr . emma kapyrlary we kapyrlara eýerýän adamlary Allanyň gazaby we azaby bilen duýduryş berip olary gorkuzmalydyr. şonuň üçin hem gurhan kerim bu aýatlarda yslam pygamberine şeýlede bütin möminlere ýüzlenip : olaryň berýän azarlaryny çekip jydap ýöne hergiz olara eýermäň, kynçylyklara gursagyňyzy geriň ýöne kapyrlaryň we munapyklaryň bildirýän isleglerine boýun egmäň eýsem Alla töwekgel edip ýoluňyzy dowam ediň Allanyň bir özi size ýeterlikdir” diýip aýdýar.
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- yslam köpçüliginiň lideri we başlygy mömin we ýagşy ynsanlary Allanyň tarapyndan ýetişjek rahmet we serpaý bilen hoş etmelidir we olary alyp barýan işlerinde şaklandyrmalydyr.
2-munapyklar yslam köpçüliginde ýaşasalar-da we olar görme göze musulmanlaryň biri ýaly il arasynda ýaşasalar-da aslynda olar kapyrlaryň ýoluna eýerip olar bilen ugurdaş we pikirdeşdirler we ellerine pursat düşse musulmanlara zarba urjakdyrlar . onda olaryň döredip biljek howplaryna we hatarlaryna esewan bolmalydyrys.
////////////