bölüm 768,süre Ähzap, aýat 49-50
bölüm 768,süre Ähzap, aýat 49-50
برنامه راهی بسوی نور( 768)
Ähzap süresi, 49-njy aýat :
يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا إِذَا نَكَحْتُمُ الْمُؤْمِنَاتِ ثُمَّ طَلَّقْتُمُوهُنَّ مِن قَبْلِ أَن تَمَسُّوهُنَّ فَمَا لَكُمْ عَلَيْهِنَّ مِنْ عِدَّةٍ تَعْتَدُّونَهَا فَمَتِّعُوهُنَّ وَسَرِّحُوهُنَّ سَرَاحاً جَمِيلاً (49)
<< eý iman getiren adamlar , haçanda mömin zenanlar bilen toý edip heniz bir düşekde ýatmankaňyz , olary talak berseňiz hasabyny saklar ýaly , siziň üstüňize ydda düşmez, onda olaryň hakyny töläň we abraýly suratda olary boşadyň.>>
Ähzap süresiniň başynda aýdyşymyz ýaly bu süräniň köp aýatlary içeri maşgalanyň ýagdaýy baradadyr . bu aýatda hem gurhan kerim möminlere ýüzlenip bir zenan bilen erkek adamyň baş çatyşmaklary barada gürrüň gozgamak bilen : “nikä gyýlan soň är-aýal heniz bir ýorganda ýatmankalar , olar bir- birinden jyda bolsalar , zenanyň ýene birine durmuşa çykmak üçin ydda saklamagyna hajat ýokdur we ol , ydda saklamazdan ýene biri bilen durmuş gurup biler” diýip aýdýar . bir zenan talak alan soň ýene birine durmuşa çykjak bolsa , deslapky ärinden göwreli bolandygyny bilmek üçin ydda saklamaly bolýar ýagny Üç sapar gan görýänçä ýene bir ybaratda Üç aýlap durmuşa çykmakdan saklanmalydyr . gurhan kerim bu aýatyň dowamynda aýdýar : emma bir är- aýal diňe nikälenipdirler we olaryň arasynda başga hiç bir bolan iş ýok, ýene bir ybaratda olar bir düşekde ýatmandyrlar şondada erkek adam bir mynasyp sowgat bilen ol zenany razy etmelidir. Bakara süresiniň 237-nji aýaty esasynda hem şu hili ýagdaýda erkek adam , şol zenanyň galyňynyň ýarsyny tölemelidir onsoňda är- aýalyň bir-birlerinden jyda bolmaklary garşylykly hormat esasynda bolmalydyr we olaryň bir birlerine bi hormatçylyk etmekleri ýada bir-birleriniň hakynda telek sözleri dile getirmekleri gelşikli däldir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
- yslam dini hemme taraplaýyn dindir we onuň , içeri maşgala we ahlak barada peýdaly teklipleri bardyr .
- talak zenanda ýaramaz täsiri galdyrýandyr yslam dini , bu ýaramaz täsiri azaltmak maksady bilen zenanyň galyňynyň ýarsynyň tölenmegini maslahat berýändir.
- Gurahnyň ileri sürýän taglymatynda , hatda är -aýal bir-birlerinden jyda bolanlarynda-da olaryň bir-birlerine bi hormatçylyk etmekleri dogry däldir.
Ähzap süresiniň 50-nji aýat :
يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ إِنَّا أَحْلَلْنَا لَكَ أَزْوَاجَكَ اللَّاتِي آتَيْتَ أُجُورَهُنَّ وَمَا مَلَكَتْ يَمِينُكَ مِمَّا أَفَاء اللَّهُ عَلَيْكَ وَبَنَاتِ عَمِّكَ وَبَنَاتِ عَمَّاتِكَ وَبَنَاتِ خَالِكَ وَبَنَاتِ خَالَاتِكَ اللَّاتِي هَاجَرْنَ مَعَكَ وَامْرَأَةً مُّؤْمِنَةً إِن وَهَبَتْ نَفْسَهَا لِلنَّبِيِّ إِنْ أَرَادَ النَّبِيُّ أَن يَسْتَنكِحَهَا خَالِصَةً لَّكَ مِن دُونِ الْمُؤْمِنِينَ قَدْ عَلِمْنَا مَا فَرَضْنَا عَلَيْهِمْ فِي أَزْوَاجِهِمْ وَمَا مَلَكَتْ أَيْمَانُهُمْ لِكَيْلَا يَكُونَ عَلَيْكَ حَرَجٌ وَكَانَ اللَّهُ غَفُوراً رَّحِيماً (50)
<< eý pygamber ! biz , mährini ( galyňyny ) tölän başdaşlaryňy saňa halal etdik şeýlede olja üstünli Allanyň saňa bagyş eden we seniň eýeligiňe geçen gyrnaklary ( saňa halal etdik ) hemde seniň bilen hejret eden Ataň doganlarynyň gyzlaryny , ejekeň gyzlaryny , daýyň gyzlaryny we çykanlaryňyzy ( durmuş gurmak üçin saňa halal etdik ) şeýlede öz mährini ( galyňyny ) bagyşlan mömin zenany ( saňa hala etdik ) pygamber islese oňa öýlenip biler . elbetde bu mesele beýleki mömin adamlara dälde eýsem diňe saňa mahsusdyr . biz özümiz, başdaşlary we gyrnaklary barada olar üçin näme hökümi berendigimizi bilýäris , bu mesele bolsa (pygamberlik borjuňy bitirmekde ) saňa kynçylygyň ýüze çykmazlygy üçindir, we Alla ýalkawjy we mähribandyr.>>
Gurhan kerim bu aýatda yslam pygamberine ýüzlenmek bilen musulman adamyň kimler bilen baş çatyşyp bilýändigini aýdýar . gurhan kerimiň bu aýatda sanap geçýän zenanlarnyň diňe birsi pygamber hakyndadyr we galan zenanlar barada pygamber bilen beýleki möminleriň arasynda hiç hili parh ýokdur we edil pygamber ýaly beýleki musulmanlar hem öz çykanlary(daýzalarynyň gyzlary) , dogan oglanlary bilen öýlenip bilýändirler şeýlede olar beýleki mömin zenanlar bilen hem durmuş gurup bilýändirler. bir zenana öýlenmegiň şerti bolsa onuň galyňyny tölemeklikdir . galyň bolsa nikä kylynan mahaly tölenmelidir ýogsada erkek adam ony soň tölejekdigi barada söz bermelidir . emma gyrnaklar hakda ýagdaý başgaçarakdyr. aýtmak ýerli gyrnak tutmaklygy yslam tapan däldir bu mesele şol döwürlerde bolupdyr we yslam hem uruşlaryň kanunlaryndan bolan bu meseläni bir taraplaýyn ýatyrmandyr şondan gelende yslam dini gul- gyrnak meselesini köpçülikden aýyrmak ugurda köp tabşyryklary berendir. şol sanda gul- gyrnagyň azat edilmegini kä gönä işleriň käffarasy edip goýandyr, meselem bir musulman adam haýsydyr bir gönä işi eden bolsa hamana orazasyny döwen bolsa ol gul- gyrnak azat edip şol gönä işiň astyndan çykyp bilýändir , ýene bir ybaratda gul- gyrnak azat edip özüniň göýbern hata işini ýuwup bilýändir, şonuň üçin hem musulmanlar yslamyň bu tabşyryklaryna laýyklykda , şol deslapky ýyllardan başlap gul-gyrnaklary eýelerinden satyn alyp azat etmek işe ulaşypdyrlar , şeýlelik bilen yslam köpçüliginde gul- gyrnaklaryň sany ýyl be ýyl azalyp ugrapdyr.
Gurhan kerim bu aýatda ýene bir meselä yşarat edýär, bu mesele bolsa diňe yslam pygamberine mahsus bolan meseledir, we şol mesele esasynda hem yslam pygamberi razylyk bilen galyňyny bagyşlan zenan bilen öýlenip bilýändir. şu ýerde yslam pygamberiniň köp zenanynyň bolmagy barada bir iki agyz gürrüň berer bolsak , dogrusy duşmanlaryň aýdýan gürrüňleriniň tersine yslam pygamberi şähwet ýüzünden köp zenanly bolan däldir, yslam pygamberi 25 ýaşyndaky, 40 ýaşyndaky hezreti Hatyja bilen durmuş gurýar we 50 ýaşa baranda hem hezreti Hatyjany elden berýär . pygamber (s.w), hezretiHadyja dünýäden gaýtýança başga bir zenan bilen toý etmeýär – şol döwürde araplar deslapky zenanlarynyň üstüne hem öýlenýänmişler egerde yslam pygamberi şähwet üçin köp zenan bilen toý eden bolsa şol ýyllarda ýagny heniz ýaşka bu işi edip hezreti Hadyjaň üstüne öýlenerdi onsoňda pygamberiň toý eden zenanlarynyň ýekejesi olda hezreti Aýşa (rz) gyzmyş we galanlary hemmesi dul bolupdyrlar. Egerde pygamber şähwet üçin köp zenanlary alan bolsa , gyz alardy dul almazdy . dogrusy yslam pygamberiniň alan zenanlarynyň hemmesi , onuň ýaşynyň bir çene ýeten zamanyna degişlidir we yslam pygamberi bolsa ýaňky dul galan zenanlara eýe çykmak üçin olar bilen toý edendir.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- erkek bilen zenanyň toý etmeklerinde olaryň razylygy ýeterlik däldir eýsem olaryň bir birlerine halal bolmaklary üçin olaryň razylygynyň ýanynda , kimiň kim bilen toý edip bilýändigini Alla belli etmelidir.
2- hemmeler durmuş gurmaga haklydyrlar, hiç kimi hata uruşlarda ýesir alynan zenanlary we erkekleri bu hakyndan mahrum edip bolmaz .
//////////////