bölüm 769,süre Ähzap, aýat 51-54
bölüm 769,süre Ähzap, aýat 51-54
برنامه راهی بسوی نور( 769)
Ähzap süresi, 51-nji aýat:
51 nji aýat : تُرْجِي مَن تَشَاء مِنْهُنَّ وَتُؤْوِي إِلَيْكَ مَن تَشَاء وَمَنِ ابْتَغَيْتَ مِمَّنْ عَزَلْتَ فَلَا جُنَاحَ عَلَيْكَ ذَلِكَ أَدْنَى أَن تَقَرَّ أَعْيُنُهُنَّ وَلَا يَحْزَنَّ وَيَرْضَيْنَ بِمَا آتَيْتَهُنَّ كُلُّهُنَّ وَاللَّهُ يَعْلَمُ مَا فِي قُلُوبِكُمْ وَكَانَ اللَّهُ عَلِيماً حَلِيماً (51)
<< ( eý pygamber! ) başdaşlaryň her gaýsynyň nobatyny isleseň yza okla we her gaýsyny isleseň öz ýanyňda ýatyr we olaryň her gaýsyny terk eden bolsaň ony ( ýaňadan ) gaýdyp almagyňda saňa aýyp bolmaz , bu mesele , olaryň gözleriniň ýagtylygy üçin we gam bolmazlyklary üçindir, we olaryň hemmesiniň seniň beren zadyňa razy bolmaklary golaýdyr we Alla syzyň içiňizden habarlydyr we Alla dana we äwmezekdir.>>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly yslam pygamberi hezreti Hatyjaň ölüminden soň (ýaşy 50 golaýlan soň) bir näçe aýal bilen toý etdi . pygamberiň bu zenanlaryň kä biri bilen baş çatyşmaklygy, olaryň islegi boýunça bolupdy . kä birsi hem tire – taýpalaryň yslam pygamberi bilen guda- garyndaş gatnaşygyny açmakçy bolmaklary üçin ýüze çykypdy. Olaryň diňe birisinden başgasy diýmek hezreti Aýşa(rz)dan başgalary ýaşlary bir çene ýeten dul zenandylar. şonuň üçin hem yslam pygamberiň olardan onçakly çagasy bolmady . bu arada kä zenanlar hem yslam pygamberiniň saýasynda ýaşamak bagta ýetmek üçin ol hezretden galyň almazdan pygamber bilen durmuş gurmaga razylyk bildirdiler. Oňa görä Taňry tagala bu aýatda yslam pygamberne başdaşlary bilen nähili ýaşamagy barada we wagtyny olaryň arasynda nähili bölmegi barada we islese her gaýsy bilen köpräk wagtyny geçirip bilmegi barada ygtyýar berýär.we yslam pygamberine , öz salasy bilen öz başdaşlarynyň huşlygyny we razyçylygyny gazanmak ugurda tagalla etmegini isleýär.
Elbetde pygamberiň başdaşlarynyň her gaýsynyň ol hezretden bir zada garaşýan bolmaklary mümkin . ýöne yslam pygamberiniň üstüne agyr jogapkärçiligiň düşmegi babatly ol hezretiň bu islegleriň hemmesini ganahatlandyryp bilmegi gaty kyndy şonuň üçin hem Taňry tagala bu aýatda yslam pygamberne öz başdaşlaryna çemeleşmekde we olar bilen wagtyny geçirmekde her nähili sala bilse şu hili amal etmegi rugsat berýär. Ýöne olaryň razylygyny gazanmagy hem nygtaýar .
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
- Agyr dini we jemgyýetçilikli borçlar biziň içeri maşgaladaky borçlarymyzdan gapyl galmagymyza sebäp bolmalydyr.
- Bir içeri maşgalanyň agzalary ylaýtada zenanlar , öýiň erkeginiň üstüne agyr jemgyýetçilikli borç düşen mahaly onuň ýagdaýny göz öňüne alyp oňa hemralyk etmelidir.
- Öýiň erkeginiň arkaýyn öz burçlaryna ýetişiklik edip bilmegi üçin içeri maşgalada gowy ýagdaý döretmeklik öýiň zenannyň paýna düşýändir.
Ähzap süresi, 52-nji aýat:
لَا يَحِلُّ لَكَ النِّسَاء مِن بَعْدُ وَلَا أَن تَبَدَّلَ بِهِنَّ مِنْ أَزْوَاجٍ وَلَوْ أَعْجَبَكَ حُسْنُهُنَّ إِلَّا مَا مَلَكَتْ يَمِينُكَ وَكَانَ اللَّهُ عَلَى كُلِّ شَيْءٍ رَّقِيباً (52)
<< ( eý pygamber! ) mundan soň hiç bir zenan saňa halal bolmaz we başdaşlaryňy öwez etmäge hakyň ýokdur – her çen olaryň gözelligine haýranlar galsaň – meger eýeligiňe geçen gyrnaklar bolmasa ( olar saňa halaldyr ) we Alla her bir zada gözwçidir.>>
Öňki gürrüňiň dowamunda , gurhan kerim bu aýatda , yslam pygamberi bilen nikäleşmäge isleg bildirýän zenanlaryň bu isleglerini ret etmek barada yslam pygamberne ýüzlenip: eý pygamber! her bir zenan tarapyndan bildirýän bu islegi ret edip “Alla meni täze başdaş almakdan alyp galdy” diýip aýt. egerde “başdaşlaryň birsini talak berip meni al” diýip aýtsalar olaryň bu islegini kabul etme hatda isleg bildirýän zenan şeýle bir gözel bolup sen onuň gözelligine aňky bolup galsaňda onuň bu islegini kabul etme diýip aýtýar .
Rowaýatlarda gelşine görä şondan soň yslam pygamberi zenanlarynyň hiç birisini talak bermän başga hiç bir zenan bilen toý etmedi.
Gurhan kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- yslam pygamberiniň ber haklygyna we gurhanyň asmanlyk kitaplygyna delalat edýän aýatlaryň birside şu aýatdyr, egerde , gurhan kitaby , pygamberiň oýlanmalary esasyndan bolan bolsady şonuň içinde yslam pygamberne şu hili çäklikler goýan aýatlary bolmazdy.
2- başga bir ýaş ýada gözel bir zenan bilen öýlenjek bolup öz aýalyňa bi hormatçylyk etmek ýada ony talak bermeklik dogry däldir Alla mömüileri bu işden saklandyr.
Ähzap süresi, 53 we 54-nji aýatlar :
يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا لَا تَدْخُلُوا بُيُوتَ النَّبِيِّ إِلَّا أَن يُؤْذَنَ لَكُمْ إِلَى طَعَامٍ غَيْرَ نَاظِرِينَ إِنَاهُ وَلَكِنْ إِذَا دُعِيتُمْ فَادْخُلُوا فَإِذَا طَعِمْتُمْ فَانتَشِرُوا وَلَا مُسْتَأْنِسِينَ لِحَدِيثٍ إِنَّ ذَلِكُمْ كَانَ يُؤْذِي النَّبِيَّ فَيَسْتَحْيِي مِنكُمْ وَاللَّهُ لَا يَسْتَحْيِي مِنَ الْحَقِّ وَإِذَا سَأَلْتُمُوهُنَّ مَتَاعاً فَاسْأَلُوهُنَّ مِن وَرَاء حِجَابٍ ذَلِكُمْ أَطْهَرُ لِقُلُوبِكُمْ وَقُلُوبِهِنَّ وَمَا كَانَ لَكُمْ أَن تُؤْذُوا رَسُولَ اللَّهِ وَلَا أَن تَنكِحُوا أَزْوَاجَهُ مِن بَعْدِهِ أَبَداً إِنَّ ذَلِكُمْ كَانَ عِندَ اللَّهِ عَظِيماً (53) إِن تُبْدُوا شَيْئاً أَوْ تُخْفُوهُ فَإِنَّ اللَّهَ كَانَ بِكُلِّ شَيْءٍ عَلِيماً (54)
<< eý iman getiren adamlar! pygamberiň öýne girmäň – meger damak iýmek üçin rugsat berilmese – ( elbetde wagtyndan ozal pygamberiň öýne baryp ) damaga garyşyp oturmagyňyz hem dogry däldir . emma öýe çagyrlan wagtyňyzda giriň we damagyňyzy iýen badyňyza pytraň we oturyp gürrüňe gyzmaň . ( siziň damakdan gürrüň edip oturmagyňyz ) resululla azar berýändir ýöne sizden otanyp (ýüziňize getirýän däldir ) ýöne Alla haky aýtmakdan utanmaz. we haçanda pygamberiň başdaşlaryndan bir zady isleseňiz perdäň aňrysynda durup isläň. bu zat siziň ýüregiňiziň we olaryň ýürekleriniň päkligi üçin gowy we size gelşikli däldir resululla azar bermegiňiz , we hergiz onuň başdaşlary bilen pygamberden soň toý etmäge hakyňyz ýokdur we bi etmiş Allanyň ýanynda oly etmişdir.// eger bir zady äşgär etseňiz ýada ony basyrsaňyz şübhesiz Alla her bir zatdan habarlydyr.>>
Gurhan kerim bu aýatda myhmançylykyň kä bir däplerine yşarat edip möminlere ýüzlenmek bilen : “birinjiden habarsyz biriniň öýne myhman bolmaň , ikinjiden , bir ýere çagyrylmasaňyz wagtyndan ozal baryp öý eýesine azar berip durmaň şeýlede myhmançylyk gutaran badyna şol ýeri terk edip pytraň. üçünjiden egerde bir iş üçin biriniň gapysyndan barmaly bolsaňyz öýüň zenany bilen ýüz be ýüz bolmaň eýsem gapyň yzyndan öz işiňizi ýada islegiňizi aýdyp gaýdyň diýip aýdýar.
Bu däpler her bir öýe barlan mahaly ýerine ýetirilmelidir indi şol öý pygamberiň öýi bolsa ony näçe esse dykgat bilen ýerine ýetirmelidir we bu däpleri ýeňil tutup pygambere we onuň maşgalasyna azar bermek dogry däldir .
Gurhan kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- imanly adam ahlaga we köpçülikdäki däplere üns bermelidir we möhüm adamyň bu zady gözden sowup diňe ybadata kanagatlanmagy ýeterlik däldir .
2- her bir öýiň hormaty bardyr onda aňrydan gelýän adamlar barýan öýleriniň hormatyny saklamalydyrlar we baran öýlerinde her bir işi etmekleri dogry däldir.
3-myhman çagyryp myhmana hormat-sylag etmeklik yslamyň we din başlyklarynyň tabşyran zatlaryndandyr. Ýöne myhman hem öý eýesini ynjydyp biljek işlerden saklanmalydyr .
4-hejap, köpçülikde zenanlar bilen erkekleriň arabaglanşyklarynyň päkligi üçin gereklidir.