bölüm 939, süre Älähkaf, aýat 24- 28
bölüm 939, süre Älähkaf, aýat 24- 28
راهی بسوی نور(939)
Älähkaf süresi, 24 we 25-nji aýat :
فَلَمَّا رَأَوْهُ عَارِضًا مُسْتَقْبِلَ أَوْدِیَتِهِمْ قَالُوا هَذَا عَارِضٌ مُمْطِرُنَا بَلْ هُوَ مَا اسْتَعْجَلْتُمْ بِهِ رِیحٌ فِیهَا عَذَابٌ أَلِیمٌ ﴿٢٤﴾ تُدَمِّرُ کُلَّ شَیْءٍ بِأَمْرِ رَبِّهَا فَأَصْبَحُوا لا یُرَى إِلا مَسَاکِنُهُمْ کَذَلِکَ نَجْزِی الْقَوْمَ الْمُجْرِمِینَ ﴿٢٥﴾
<< olar ülkelerine tarap gelen bir topar bulutlary görenlerinde şeýle diýdiler : bu , bize ýagýan bulutdyr . Hud aýtdy : ýok eýsem bu siziň çaltlykda gelmegini isleýän azabyňyzdyr.// bu azap elhenç tupandyr. “ bu güýçli ýel öz perwerdigäriniň permany bilen bütin zatlary dargatjakdyr. onsuň olar bir hili ýagdaýa gabat geldiler welin öýlerinden başga zat görünmezdi. biz şu hili erbet kişileri jezalandyrýandyrys. >>
Geçen gepleşikde aýdyşymyz ýaly Ad kowumy öz pygamberleri hezret Hud(a.s)-yň çakylygynyň jogabynda jedel edip duşmançylyk ýüzünden “biz öz ýolumyzdan el götermeris sen egerde dogry aýdýan bolsaň gelmegini wada berýän azabyňy bizlere inder” diýip aýtdylar. ilata hüjjet tamam bolup olaryň özleri azabyň inderilmegini talap edenlerinde alla tagala bir tupany bulutlar bilen hemra olara tarap ýollady we Ad kowumy bu gara bulutlary görenlerinde şat we huşhal bolup ýakyn gelejekde , bereketly ýagyn olara ýagar mykam diýip güman etdiler. emma ýagynyň ýagmadyga bärde dursun eýsem sawuk , gyzgyn we dargadyjy bir tupan ösüp ol günäkär kowumyň heläklenmegine sebäp boldy we olardan öýlerinden başga hiç bir zat galmady.
Hakga süresiniň 7-nji aýatynyň esasyna gürä bu güýçli we dargadyjy ýel ýedi gije gündiz dowamly bolup olaryň ýaşaýyşlaryny duýp götär dargadandyr we şeýlelik bilen olardan hiç bir kimse diri galan däldir. Bu bolsa hakykatda bütin täsipkeş we tekepbirlik edýän günäkärlere we kapyrlara bir duýduryşdyr we her kimse öz batyl ýoluna aýak direse şeýle bir ýazgyda duş boljakdyr.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- hak we hakykat bilen duşmançylyk edip tekepbirlik etmegiň agyr jezasy boljakdyr geçen kowumlaryň taryhy gelejekler üçin ybrat hökmündedir.
2- tebigy gopgunlar perwerdigäriň gudratynyň astyndadyrlar . bulut, ýel we beýleki tebigy wakalar , hemä allanyň lutfy rahmatynyň nyşany hemde onuň gahar gazabyny görnüşi bolup biljekdirler. mysal hökmünde aýdar bolsak ýeller kä mahallarda bulutlaryň herekete düşüp ýagynyň ýagmagyna sebäp bolýan bolsalar kä wagytlarda hem dargadyjy täsirleri galdyrýandyrlar.
3- günäkärleriň dünýede heläklenmekleri ylahy sünnetdir ozalky kowumlardan galan eserler hem ybrat almak üçin bolan uly sergi hökmündedir.
Älähkaf süresi, 26-njy aýat :
وَلَقَدْ مَکَّنَّاهُمْ فِیمَا إِنْ مَکَّنَّاکُمْ فِیهِ وَجَعَلْنَا لَهُمْ سَمْعًا وَأَبْصَارًا وَأَفْئِدَةً فَمَا أَغْنَى عَنْهُمْ سَمْعُهُمْ وَلا أَبْصَارُهُمْ وَلا أَفْئِدَتُهُمْ مِنْ شَیْءٍ إِذْ کَانُوا یَجْحَدُونَ بِآیَاتِ اللَّهِ وَحَاقَ بِهِمْ مَا کَانُوا بِهِ یَسْتَهْزِئُونَ ﴿٢٦﴾
<< we biz, siz Mekge ähline ata kylynmadyk mümkinçilikleri Ad kowumyna berendiris. biz olara gulak , göz we ýürek nygmatlaryny berdik emma olaryň gulagy, güzy we ýüregi olar üçin bähbitli bolmady. çünki olar elmydam allanyň aýatlaryny inkär edýärdiler we soňda , olaryň masgaralaýan azaby olary gurşap aldy. >>
Ad kowumy , Mekgäniň golaýynda we arap ýarym adasynda ýaşaýardylar. olardan galan öýleriň harabalygy Mekge ilatynyň saparlarynyň ugrunda ýerleşipdi şol sebäpli gurhan kerim yslam pygamberniň çakylygynyň garşysynda boýun eňgmäni jedel edýän kapyrlara ýüzlenip şeýle diýär: ad kowumunyň ilaty jismi we maly taýdan sizden daýawrak we güýçliräldiler emma şeýle bir gudrat we baýlyk , ylahy azabyň garşysynda olary gorap başarmady we olara peýdaly bolmady . olary şol azapdan gurap başarjak zat olaryň haky kabul etmekleridi. olar beýleki adamlar ýaly göz , gulak we akyl güýjinden paýlydylar welin öz şeýle bir mümkinçiliklerinden hakykaty saýgarmak ugruda peýdalanmadylar. olar gözlerini we gulaklaryny hak we hakykata tarap ýumyp öz gudratlary we baýlyklary we mümkinçilikleri bilen allanyň garşysynda durup başararlar mykam diýip güman etdiler . şol sebäpli hem olar, ylahy azabyň gelmegi barada pygamberleriň berýän duýduryşyny masgaralap oňa üns bermediler.
Gurhany kerimiň bu aýatynyň öwredýän sapaklary :
1- baýlyk we gudratdan paýly bolmak , bütin zamanlarda ynsany gutuldyryp başarmaga ýeterlik däldir. eýsem hakykaty saýgaryp oňa eýermek ugurda gulak , göz we akyldan digerli suratda haýyrlanmaklyk adam ogluny halas edip onuň bagtyýar bolmagyna sebäp bolup biljekdir.
2- hak we hakykaty inkär etmaklik adamyň heläklenmekligine sebäp bolýandyr we onuň maddy mümkinçilikleri we sermaýalary hem onuň ýok olmaklyga tarapa hereket etmegine ýerlik taýýarlaýandyr.
3- ylahy aýatlary we pygamberleriň duýduryşlaryny masgaralamak dünýede ylahy gahar gazabyň sebäplerindendir.
Älähkaf süresi, 27 we 28-nji aýatlar :
وَلَقَدْ أَهْلَکْنَا مَا حَوْلَکُمْ مِنَ الْقُرَى وَصَرَّفْنَا الآیَاتِ لَعَلَّهُمْ یَرْجِعُونَ ﴿٢٧﴾ فَلَوْلا نَصَرَهُمُ الَّذِینَ اتَّخَذُوا مِنْ دُونِ اللَّهِ قُرْبَانًا آلِهَةً بَلْ ضَلُّوا عَنْهُمْ وَذَلِکَ إِفْکُهُمْ وَمَا کَانُوا یَفْتَرُونَ ﴿٢٨﴾
<< we şeksiz siziň töweregiňizde ýerleşen obalary ýok edip dargadandyrys. biz olar belki öwrülsinler diýip öz aýatlarymyzy durly hilde beýan etdik. // onda näme üçin olaryň alladan başga saýlan magbutlary olary goldamadylar? eýsem olaryň ýanyndan ýok olup görünmez boldular? we bu bolsa olaryň ýalançylygynyň we ýalandan ýasan zatlarynyň serenjamydy. >>
Gurhany kerim Ad kowumunyň heläklenmegini beýan eden öňki aýatlaryň dowamynda bu aýat şeýle diýär: diňe Ad kowumy dälde eýsem siz Mekge ähli bolan ilatyň döwereginde ýaşap hakyň garşysynda duran ynsanlary helakçilige uçradandyrys we arap ýarym adasynyň demirgazygynda ýerleşen Sämud kowumyny we bu ýarym adanyň günortasynda ýerleşen Säba kowumyny hem azaba giriftar edendiris, biz ol kowumlaryň her gaýsynyň pähim we düşünjesi boýunça öz aýatlarymyzy we nyşanalarymyzy inderdik we olara hüjjeti tamam etdik şol sebäpli olaryň bahana getirip şirik we küfrüň yzynda bolar ýaly hiç hili delilleri ýokdur, emma olar öz ýasama hudaýlarynyň we magbutlarynyň tarapyna hereket edip bu ýasama butlar olary halas edip sagadatly bolmaklaryna sebäp bolar mykan diýip güman etdiler emma azabyň inen mahaly bu magbutlaryň olary goldar ýaly hiç hili guwaty ýokdy , eýsem olar hatda özlerini hem ylahy jezadan gorap başarmany ýok boldular we olardan hiç hili nyşan galmady.
Gurhany kerimiň bu aýatlarynyň öwredýän sapaklary :
1- gurhany kerimiň terbiýe şiweleriniň birisi ilaty gadymdan we taryhdan galan eserleri barlamak we olardan ybrat almaklygy tabşyrmaklykdyr.
2- alla tagala , adam oglunyň hidaýat bolmagy ugruda bolan sebäpleri we olaryň öz ylahy durklaryna öwrülmekleri üçin gerek bolan şeritleri taýýar edip goýandyr. şu arada möhüm bolup durýan zat , ynsanyň gyşarnyklardan öwrülmegi ugurda bolan öz islegidir.
3- bedgatly we batyl puç pikirler, ilatyň hiç hili peýdaly bolmadyk zatlara ünis berip ol esbaplary özleriniň hudaýa ýakynlamaklarynyň abzaly bilmeklerine sebäp bolýandyr.
///////////