bölüm 941, süre Muhammet , aýat 1- 6
bölüm 941, süre Muhammet , aýat 1- 6
راهی بسوی نور(941)
Muhammet süresi
Hezret resul äkrem (s)-iň mübärek ady bilen adlandyrlan bu sürede kapyrlar we müminler topury we olaryň ýüritelikleri hakda gürrüň bolýar . bu 2 topur elmydama taryhda bolupda gelejekde hem boljakdyrlar . elbet iman ähli bolanlaryň , beýlekileri allaga we pygamberlere tarap çagyrmak borja eýe dikleri rüşen we belli zatdyr emma olar özgeleri mejburlykda iman getirmeklige hakly däldirler . kapyrlar elmydam batyla aýak diräp müminleri allanyň ýolundan alyp galmak ugurda talaş etýärler olar hatta öz maksatlaryna ýetmek üçin zordan ýada harby gudratdan hem haýyrlanmak ugurda talaş etýärler . şeýle bir ýagdaýda olaryň we iman ähli bolanlaryň arasynda menjeşik we uruş ýüze çykýar . bu süre köfür we iman arasynda uruş ýüze çykanda perwerdigäriň buýruklaryny açyklap berýär.
Muhammet süresi, 1, 2 we 3-nji aýatlar :
الَّذِینَ کَفَرُوا وَصَدُّوا عَنْ سَبِیلِ اللَّهِ أَضَلَّ أَعْمَالَهُمْ ﴿١﴾
٢﴾ وَالَّذِینَ آمَنُوا وَعَمِلُوا الصَّالِحَاتِ وَآمَنُوا بِمَا نُزِّلَ عَلَى مُحَمَّدٍ وَهُوَ الْحَقُّ مِنْ رَبِّهِمْ کَفَّرَ عَنْهُمْ سَیِّئَاتِهِمْ وَأَصْلَحَ بَالَهُمْ ﴿
﴿٣﴾ ذَلِکَ بِأَنَّ الَّذِینَ کَفَرُوا اتَّبَعُوا الْبَاطِلَ وَأَنَّ الَّذِینَ آمَنُوا اتَّبَعُوا الْحَقَّ مِنْ رَبِّهِمْ کَذَلِکَ یَضْرِبُ اللَّهُ لِلنَّاسِ أَمْثَالَهُمْ
Beýik we bagşanda allanyň ady bilen
<< kofr edip ilaty allanyň ýolundan alyp galan kimseleriň perwerdigär amallaryny ýok aýlandyrandyr// we iman getirip ýagşy işleri ýerine ýetirip perwerdigäriň tarapyndan hak hökminde muhammede nazyl bolan zata imanly bolanlaryň perwerdigär elhenç işlerini basyryp işlerini düzgine salandyr// bu bolsa kofry aýak diräp batyla eýerýän dikleri üçindir we iman getirenler hem perwerdigär tarapyndan gelen haka eýerýändikleri sebäplidir şeýlelik bilen perwerdigär ilata ilatyň öz hal ýagdaýlaryny beýan etýändir.>>
Kofyr we şirkiň başlyklary öz ýagdaýlaryny goryp berkidmek üçin elmydama kufyr we şirkiň jemiýetini köpültmek ugurda talaş etýändirler . olar durly şywalar boýunça beilekileri öz ýollaryna darytmak ugurda tagalla etýärler kä mahallarda mätäçlere ynfak edip haýyr we umumlyk işlere goşulan bolýarlar emma hakykatda olaryň maksady öz topurlaryny goryp özgeleri batyl şerigatlaryna tarap çekmeklikdir. Olar öz şeýle bir işlerinden hiç hili nep gazanjak däldirler. We allatagala olaryň haýyr işlerini kabul etjek däldir . çunki olaryň maksady hiç haçan päk we arassa däldir.
olar hamana bir kişiň susýal ýokary orny ýada şuhraty özüne gazanmak ugurda bir şypahanany dikeldip mätäç kişileriň erkinde goýan kişiler ýalydyrlar . şol ýagdaýda mätäç adamlar olaryň işlerinden peýdalansalarda emma ol ynfak eden kişi öz amalyndan paý padaş aljak däldir.
Emma : onuň garşysynda , haky tanyp oňa iman getiren adam , haky getiren kişä ýagny yslamyň pygamberine hem iman getirse olaryň ýagşy işleri kabul ediljekdir we allatagala öz lotyf we keremi boýunça şeýle bir adamlaryň günälerinden geçip işlerini düzelşdirjekdir.
Gurhan bu aýatlaryň dowamynda , kufyr bilen iman arasyndaky paryh hak we batyl arasyndaky tapawat esasynda bolýan dygyna aýak diräp bu meseläni nygtaýar . bir topur haky tanypda oňa eýermeýändiklerä bärde dursyn hata oňa garşy aýaga galýarlar . dünýede ýaşaýan ilat hem 2 topurdan başga däldirler . ýä haky kabul etýändirler ýada oňa garşy göreşýändirler.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- yslamyň duşmanlary oňa garşy görüşmek üçin bermamaly bolup talaş etýärler emma olaryň talaşlary başa barmaýar we yslam gün günden ösüp ýaýbaňlaşýar.
2- hudaýa iman getirmegiň ýeke özi ýeterlik däldir isem onuň soňky pygamberine hem imanly bolup onuň ýoly bilen allanyň uguryndaky ögredişleri we taglymatlary öwrenmeklik gereklidir.
3- eger biz öz gziç gudratymyz boýunça ýagşy işleri ýerine ýetirmek üçin talaş etsek perwerdigär biziň ýalňyş işlerimizden we ýazyklarmyzdan geçip işlerimizi düzülşdirjrkdir.
4- allaga , pygambere we asmanlyk kitaba omanly bolmak ýeterlik däldir ýagşy we salyhy amal hem gereklidir.
5- her bir ynsanyň oňat ýada erbet ýazgydy onuň pikirlerine we işlerine baglydyr dimek onuň öz pikrinde we amallarynda haka ýada batyla eýerýän digine bagly bolup durýandyr.
Muhammet süresi, 4, 5 we 6-njy aýatlar :
فَإِذا لَقِیتُمُ الَّذِینَ کَفَرُوا فَضَرْبَ الرِّقَابِ حَتَّى إِذَا أَثْخَنْتُمُوهُمْ فَشُدُّوا الْوَثَاقَ فَإِمَّا مَنًّا بَعْدُ وَإِمَّا فِدَاءً حَتَّى تَضَعَ الْحَرْبُ أَوْزَارَهَا ذَلِکَ وَلَوْ یَشَاءُ اللَّهُ لانْتَصَرَ مِنْهُمْ وَلَکِنْ لِیَبْلُوَ بَعْضَکُمْ بِبَعْضٍ وَالَّذِینَ قُتِلُوا فِی سَبِیلِ اللَّهِ فَلَنْ یُضِلَّ أَعْمَالَهُمْ ﴿٤﴾ سَیَهْدِیهِمْ وَیُصْلِحُ بَالَهُمْ ﴿٥﴾ وَیُدْخِلُهُمُ الْجَنَّةَ عَرَّفَهَا لَهُمْ ﴿٦﴾
<< onda her haçan uruş meýdanlarda kapyrlar bilen ýüz be ýüz bolaňyzda olary aýakdan düşürmek üçin boýunlaryny kesiň . we eger siz arkaly esirlige düşseler olar gaçyp başarmaz ýaly mäkäm baglaň . soň olara minnet goýup ýä olary azad ediň ýada fedýe alyp olary göýberiň. uruş öz agyr ýükini ýerde goýan zamanyna çenli. bu hudaýyň permanidyr we eger perwerdigär islese özi beýleki belalar bilen kapyrlardan ar alardy emma siziň kälerňizi , käler bilen synamak üçin uruş permanyny berdi . we allanyň ýolunda ölýänleriň , perwerdigär hergiz olaryň amallaryny nabud etjek däldir.// we çaltlykda olara ýokary orn berip işlerini we hallaryny ýagşy aýlandyrjakdyr.// We olary , olara tandylan behişte tarap saljakdyr.>>
Ozalky aýatlarda aýdyşymyz ýaly . yslamyň duşmanlary durly şywalar boýunça yslama garşy durup musulmanlary ejizlendirmek üçin talaş etýändirler we olaryň ýollarynyň biri hem uruş we çaknaşyk dörütmekdir perwerdigär bu aýatlarda aç açan we kesgitlik bilen şeýle permaýyş etýär : duşmanlar bilen bolan uruşlarda mäkäm we berk boluň . batyrlyk bilen urşyp olary aýakdan duşuryň . emma olaryň her biri size boýun bolsalar olary öldürmäň isem esirlige alyň we uruş gutarany soň lotyf ýüzünden ýada bir mykdar puly fedýe hökminde almakdan soň azad ediň.
Siziň duşman bilen bolan çykyşyňyz bir hili bolmalydyr welin onuň ejiz we natuwan bolup aýakdan düşmegine sebäp bolmalydyr . şeýle bir harby şywa siziň duşmana müsellet bolýan wagtyňyza çenli dowamly bolmalydyr . elbet şeýle uruşlarda we çaknaşyklarda käleriň hem ölşegi mümkindir eger ölen kişiler hak hak ýolunda gurban bolan bolsalar perwerdigäriň özi olaryň janlarynyň haryd edip ahyratda olara paý padaş berjekdir emma egerde ölenler batyl topurdan bolsalar öz janlaryny hedere brip kýamat gün hem jeza görjekdirler .
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary :
1- musulmanlar bilen uruşmak niýetinde bolmadyk kapyrlar bilen parahat çylykly çykyş etmelidir emma uruş yglan etýänler bilen özleri ýaly güýşli çemeleşmeklik zerurdyr.
2- uruş meýdanlarynda duşmanlar garşysynda berklik we kesgitlik gerekli bolşy ýaly uruş esirleri bilen geçimlik esasynda çykyş etmeklik nygtalýandyr.
3- uruş we jahat müminler üçin ylahy synag jaýlaryň biridir . bu synag hemä jahat etýän kişilere hemde uruş meýdanlardan gaçýan adamlara degişlidir.
4- şehitler ýüzleý suratda ölüp dünýeden gaýtýan bolsalarda emma olar alla tagala bilen myamyla girişýän dikleri sebäpli hergiz olaryň zähmetleri ýok boljak däldir we allatagala olaryň maksatlaryny semere we netijä ýetirjekdir . şol sebäpli şehitler uruş meýdanynyň hakyky utujysydyrlar.
///////////