Apr 07, 2025 14:08 Asia/Ashgabat

bölüm 944, süre Muhammet , aýat 18- 20

برنامه تفسیرنور(944)

Muhammet süresi, 18-njt aýat :

فَهَلْ یَنْظُرُونَ إِلا السَّاعَةَ أَنْ تَأْتِیَهُمْ بَغْتَةً فَقَدْ جَاءَ أَشْرَاطُهَا فَأَنَّى لَهُمْ إِذَا جَاءَتْهُمْ ذِکْرَاهُمْ ﴿١٨﴾

<<Onda olar kýamatyň birdenikä olara tarap geljek diginden başga zada garaşýan mykalar ? hata şu mahaldan hem onuň nyşanlary gelip başlan zamanynda , onda kýamatyň gopan zamanynda olaryň ýatlaryna berip duýduryş bermegiň olar üçin näme peýdasy bolarka?>>

Ozalky gepleşikde jedelkeşlik , täsiplik we mashara edip harlamak ýüzünden ylahy pygamberler bilen çemeleşýän kişilere yşarat boldy . bu aýat kýamat gününi inkär etýänler hakdadyr olar şeýle diýändirler : biz kýamaty öz gözlermiz bilen görmesek oňa iman getirjek däldiris . hatta şu mahalyň özünde hem kýamatyň ýüze çykjak dygy barada we onuň mümkin digi hakda aýdyň deliller bardyr.

Eger olar haky kabul etmegiň gözleginde bolsalar onda hatta kýamaty görmäkäler hem akly deliller sebäpli oňa iman getrijekdirler . we eger şu mahal iman getirmeseler onda kýamaty görenler soň olaryň iman getrimekliginiň olaryň hal ýagdaýlaryna näme peýdasy boljakdyr.

Göýä tebibiň onuň kesel çilikleriniň alamatlaryny saýgaran adama eläji üçin oňa nusha berende şol syrkawuň men ölümi görýänçäm ony kabul etjek däldirin diýip aýtmagy hökminde ýalydyr emma indi şol ýagdaýda däri dermanyň onuň üçin hiç hili bäfidi boljakdäldir we pyşmanlygyň hiç hili peýdasy boljak däldir.

Bu aýatyň öwretýän sapaklary :

1- kýamat günini inkär etýänler we kapyrlar , tekepbirlik we jedel etmek ýüzünden toba we ögrülmek pursatyndan haýyrlanlan däldirler we hakykatda olar ylahy mületi elden berýändirler.

2- kýamatyň gopmagy ýerlikde bolan deliller we nyşanlar köpdir emma onuň üçin haky gözleýän ýürek we eştgir gulak geregidir.

Muhammet süresi, 19-njy aýat :

فَاعْلَمْ أَنَّهُ لا إِلَهَ إِلا اللَّهُ وَاسْتَغْفِرْ لِذَنْبِکَ وَلِلْمُؤْمِنِینَ وَالْمُؤْمِنَاتِ وَاللَّهُ یَعْلَمُ مُتَقَلَّبَکُمْ وَمَثْوَاکُمْ ﴿١٩﴾

<< biliň hudaýdan başga hiç bir magbud ýokdyr öz günäň we imanly merdanlaryň we zenanlaryň günäsi üçin magfyrat talap ed we alla siziň gelim gidimiňizi siziň dinç almaňyzy bilýändir.>>

Kapyrlaryň jedel etmekleriniň garşysynda bu aýat hezret resül äkrem (s) karap şeýle permaýyş etýär: siz hem öz ýpluňyzda jydamly bolup derk duruň we ýeke täk hudaýyň yradasyndan başga bu dünýede başga hiç bir gudratyň iş başarjak däl digini we hiç bir kimsäň allany ejizledip başarjak däl digini biliň . onda bütin şertlerde hudaýa sygynyp oňa töwükkel ediň we duşmanlaryň köp diginden hiç haçan galagup bolmaň”

Bu aýatyň dowamy hem iman ähli bolanlaryň ylahy takwany göz öňüne alypda egerde bir ýerde kä bir ýalňyşlyklara duş bolab bolsalar perwerdigärden magfyrat talap etmeklerini nygtaýar . hezret resül äkrem ( s) hem , hemä özüne hemde müminlere bagşyş we afywtalap etýär . elbet pygamberleriň günälerden päk digleri rüşendir bu aýatda pygamberiň toba etmeli dimekden maksady onuň perwerdigäriň garşysyndaky pes pälliginden nyşandyr çünki ynsan elmydama özüni ylahy dergahyň garşysynda ýazykly hesipleýändir . şeýlde pygamberçilik wezipesi alla tarapyndan pygamberleriň gerşinde goýlan agyr jogapkärçiligidir we olar talaş tagalladan el çekmez ýaly elmydama öz wezipelerini kämil we usully suratda ýerine ýetirýän mykanlar diýip öz işlerinden razy bolmaly däldirler we şol duýgy olar bilen hemra bolmalydyr . şol esas boýunça gurhan diňä yslam pygamberi dälde isem ozalky pygamberler hakda hem alladan magfyrat talap etmek meselesini ara atandyr.

Bo aýatyň öwretýän sapaklary :

1- biziň bütin sözlermiz we çykyşlarymyz tuhyt we hudaý parazlyk esasynda bolup ynsanlaryň ýasama gudratlaryna daýanmakdan saklanmalydyrys we olardan gurkmaly däldiris.

2- mümin zenanlar we erkekler , hudaý resüliniň magfyratyna sezawardyrlar we ol hezret ilaty hidaýat etmegiň ýany bilen olaryň ruhlarynyň saglygy we päkligi üçin alladan meded sorap magfyrat talap etýändir.

3- pygamberler hem beýleki ilat ýaly ynsan hilinden bolup ynsany şeritler bilen çäklenýändirler şol sebäpli hem öz şeýle bir çäklikleriniň ýerini doldyrmak üçin allanyň lotyf keremine mätäçdirler .

Muhammet süresi, 20-nji aýat :

وَیَقُولُ الَّذِینَ آمَنُوا لَوْلا نُزِّلَتْ سُورَةٌ فَإِذَا أُنْزِلَتْ سُورَةٌ مُحْکَمَةٌ وَذُکِرَ فِیهَا الْقِتَالُ رَأَیْتَ الَّذِینَ فِی قُلُوبِهِمْ مَرَضٌ یَنْظُرُونَ إِلَیْکَ نَظَرَ الْمَغْشِیِّ عَلَیْهِ مِنَ الْمَوْتِ فَأَوْلَى لَهُمْ ﴿٢٠﴾

<< we iman getirenler şeýle diýarlar : näme üçin jahat ugurda bir süre inmeýär ? emma sawaşdan ad çekilende mäkäm we rüşen bir süre inende ýürekleri syrkaw bolanlary görýänsiň welin olar saňa ser etýändirler göýä ölümden gorkyp özünden giden kişi ýaly . onda şol ölüm olara laýykrakdyr.>>

Bu aýat yslamyň başynda musulmanlaryň agyr ýagdaýlaryna yşara edip şeýle permaýyş etýär : duşmanlaryň basyşlary bir hilidi welin müminler pygamber äkrem (s)den sawaş we garşylaşmak üçin urshat soraýardylar we şeýle diýärdiler : näme üçin olara uruşmak ursgatyny berýän aýatlar inmeýär . emma garşylaşmaga perman berýän kä bir süreler nazyl bolanda dil bilen sawaş we jahady toslaýanlar öz sözlerinden yza serpildiler we olaryň gözleri gorkyp hereketden durdy . şahadata we jan köýürlige taýýar bolup allanyň ýolunda jahat ugrynda öz janlarynyň soňky salymlarine çenli durum görkezýän hakyky müminleriň tersine ýürekleri syrkaw bolan iki ýüzli munafyklar häzir uruş ýüze çykmanka bu meseleden gorkyp gaty hawatyrlanandyrlar.

Bu aýatyň öwretýän sapaklary :

1- mümkin köpi adamlar dil bilen kä bir zatlary toslaýan bolsynlar welin olar amala gezek ýetende we uruş meýdanlarynda yza serpilsinler we şonda müminler , munafyklardan belli boljakdyrlar .

2- yslam dini rahmat dini bolsada emma şeýle bir haldada hem zalymlar we sütemkärler garşysynda jahady we sawaşy ara atýandyr we garşylaşmaga perman berýändir.

3- jahaddan gorkyp uruş meýdanlardan gaçmaklyk imanyň soslygynyň we içgin nefagyň nyşanlaryndandyr.

//////////////