bölüm 945, süre Muhammet , aýat 21- 24
bölüm 945, süre Muhammet , aýat 21- 24
برنامه تفسیرنور(945)
Muhammet süresi, 21-nji aýat :
طَاعَةٌ وَقَوْلٌ مَعْرُوفٌ فَإِذَا عَزَمَ الأمْرُ فَلَوْ صَدَقُوا اللَّهَ لَکَانَ خَیْرًا لَهُمْ ﴿٢١﴾
<
Ozalky gepleşikde imanlary sos bolup iki ýüzleý adamlara yşarat boldy olar dilleri bilen jahat permanyny talap etselerde emma bu perman alla tarapyndan olara inen zamany durly bahanalar bilen bu meseleden gaçýardylar.
Bu aýat olara ýüzlenip şeýle diýar : allanyň we onuň resüliniň permanyna boýun bolup eýermeklik imanyň gerekligidir şol sebäpli siz ýersiz ýere bolan bahanalary dile getirmekden saklanmaly çünki siziň sözleriňiz müminleriň rühiýeleriniň pese gaçmagyna we olaryň jahad meýdanynda huzurly bolupda urşyň yzynda bolan duşmanlara garşy durmaklarynyň oňunde selteň döretýändir.
Bu aýatyň dowamynda ýene şeýle gelýär : eger imanlarynda sos we gawşak bolan bu topur öz imanlarynda sadyk we dogyrçy bolsalar olar duşmanlara garşy bolan jahada goşulmalydyrlar çünki bu iş olaryň dünýede abraý gazanmaklaryna we ahyratda hem ylahy paý padaşdan paýly bolmaklaryna sebäp boljakdyr.
Bu aýatyň öwreýän sapaklary :
1- imanyň gerekligi , ylaýyk we ýagşy sözler şeýlede allanyň permanlaryna jewis gelýän amallary ýerine ýetirmekdir biz her hili sözleri dile getiripde öz ýüregmiziň isleýşi ýaly çykyş etmäge hakly däldiris.
2- duşmanlar bilen jahat etmek allanyň buýruklarynyň biridir biz bu işi ýerine ýetirmekde dogryçy bolup bahana getirmekden saklanmalydyrys çünki bu mesele ynsanyň nepinedir.
Muhammet süresi, 22 we 23-nji aýatlar:
فَهَلْ عَسَیْتُمْ إِنْ تَوَلَّیْتُمْ أَنْ تُفْسِدُوا فِی الأرْضِ وَتُقَطِّعُوا أَرْحَامَکُمْ ﴿٢٢﴾ أُولَئِکَ الَّذِینَ لَعَنَهُمُ اللَّهُ فَأَصَمَّهُمْ وَأَعْمَى أَبْصَارَهُمْ ﴿٢٣﴾
<< ýürekleri syrkaw bolan , imanlarynda gawşak bolan eý kişiler : eger siz boýun gaçyrsaňyz , siziň ýer ýüzünde psat edipde öz garyndaşlyk arabaglanşyklaryňyzy kesmekden başga zat garaşylýarmy?// olar allanyň öz rahmatyndan daş edipde gulaklaryny näkär edip gözlerini hem kör edenleriň sanyndandyrlar.>>
Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar imanlary pes bolan adamlara garap şeýle permaýyş etýär : eger siz allanyň jahad baradaky permanyndan ýüz ögürseňiz onda müşrükler size üssün çykypda nadanlyk döwründäki sünnetlere ögrüljedirsiňiz.
Bu sünnetler , köpçilikde , kowum gabylalyk täsipkeşlik esasynda , gan dökişlik , adam öldürmekli we pysatçylygyň ýaýbalaşmagyna şert döredendir. We hatta bu meseläň , gyzlary diri gömmeklige hem baryp çaatmagy hem mçmkindir. Onuň dowamynda gurhan ýene şeýle permaýyş etýär : ýersiz ýere bahanalary ara atyp jahatdan gaçmaklyk , bu iki ýüzli adamlaryň gözleriniň we gulaklarynyň baglanmagyna sebäp bolup olaryň hak we hakykaty görüp eşitmekden mahrum bolmaklaryna sebäp bolýandyr.
Bu aýatlaryň öwretýän sapaklarary:
1- gurhanyň garaýşyndan jahady terk etmek gan döküjilikdir şysadyň ýaýraňlaşmagyna ýerlik döretýändir.
2- ylahy taglymatlardan ýüz ögürmek içeri maşgaladaky we gowum garyndaş arasyndaky arabaglanşyklaryň pese düşmegine şert dörütýändir.
3- köpçilikde pysat dörüdip içeri maşgala düzginde gyşarnygyň dörümegine sebäp bolýan kişiler hemä allanyň rahmatyndan daş bolýandyrlar hemde ylahy lanata sezawar bolýandyrlar.
4- göz we gulakdan paýly bolmagyň ýeke özi ýeterlik däldir isem muhumrak bolup durýan zat göz we gulakdan dogry peýdalanmakdyr. Kä bir adamlar bardyr welin olar gulakdan paýly bolsalarda hak sözleri eşiden däldirler we käleriň gözleri bar bolsada olar hakykaty görüp başarýan däldirler.
Muhammet süresi, 24-nji aýat :
أَفَلا یَتَدَبَّرُونَ الْقُرْآنَ أَمْ عَلَى قُلُوبٍ أَقْفَالُهَا ﴿٢٤﴾
<
Geçen aýatlaryň dowamynda , we imanlary sos bolan adamlaryň ýüritelikleri yşarat bolany soň bu aýatda şeýle gelýär : bu adamlaryň kynçylyklarynyň kökiniň hemmesi şundadyr welin olar ýa , gurhan aýatlaryny düşünmek hakynda pikir edip çuňdan oýlanýan däldirler we ýada olar haý höwüslerine eýerenseňler düşünen zatlaryny kabul etýän däldirler we onuň bilen garşylaşýandyrlar.
Bu aýat imanlary ejiz we gawşak bolan adamlar barada bolsada emma gurhan kerimiň mübärek sad süresiniň 29 nji aýaty , gurhan aýatlarynda oýlanmaklygy bütin müminleriň wezipesi bilip şeýle permaýyş etýändir: bu , mübärek kitapdyr we onuň aýatlaryhakda oýlanar ýaly saňa inderendiris .
Şu esas boýunça kýamatda allanyň resüli gurhaniň ünisden düşürilmegi hakda şikaýat etýändir.
Bu şikäýet we arzaly bolmak bütin yslamy ummaty öz içine alýandyr we ol hem musulmanlaryň şeýle bir uly asmanlyk kitapdan gapyl galmaklarynyň nyşanasydyr . elbet gurhani ünsden düşürmekligiň näçe hili bardyr : bir topur kişiler , gurhany talawat etýän däldirler , bir topur hem gurhany okysalarda onuň aýatlary barda pikir edip oýlanýan däldirler . käler hem gurhany talawat edip onuň hakda oýlaýyp pikir etselerde bu kitabyň öwgredişlerine amal etmekde keýeňlik etýändirler.
Şu esas boýunça gurhan magaryfyny ýagşy düşünşmeklik yslamy ummatyň amal we çykyşyň esasy bolmalydyr. Şeýle bir ýagdaýda mesele köp çilikde ylahy rahmatyň ýaýbaňlaşmagyna sebäp bolup kynçylyklaryň çözülmegine ýene şerit döretjekdir emma bile bolmak ýagdaýynda deslap adamlaryň ýüreklerine goful urlyp soň köpçilik durly kynçylyklara duçar bolup sagadat we halas bolmak ýollary hem baglanjakdyr.
Bu aýatyň öwretýän sapaklary :
1- gurhan diňä talawat etmek üçin däldir ol entişe we oýlanmak kitabydyr şol sebäpli onuň talawat edilmegi , aýatlar hakda oýlanmak ugurda bir başlangyç bolmalydyr . şol sebäpli gurhan hakda pykyr etmeýänler allanyň gaharyna gabat geljekdirler.
2- bütin musulmanlar gurhany ukypda onuň aýatlary hakda oýlanmaklyga borçlydyrlar . we bu iş ýürite topura ýada gatlaga has däldir.
3- gurhan barada oýlanyp entişe etmekligi terk etmek ynsanyň ýüreginiň we ruhynyň guluplanmagyna sebäp bolýandyr we şeýle bir kişiler hem gurhan hakda oýlanmaklykdan mahrum bolup ondan paýý alýan däldirler.
///////////