Apr 07, 2025 14:21 Asia/Ashgabat

bölüm 946, süre Muhammet , aýat 25- 28

برنامه تفسیرنور(946)

Muhammet süresi, 25-nji aýat:

إِنَّ الَّذِینَ ارْتَدُّوا عَلَى أَدْبَارِهِمْ مِنْ بَعْدِ مَا تَبَیَّنَ لَهُمُ الْهُدَى الشَّیْطَانُ سَوَّلَ لَهُمْ وَأَمْلَى لَهُمْ ﴿٢٥﴾

<>

Geçen gepleşikde imanlary sos bolup özlerini gurhan aýatlary hakda pikir edip oýlanmakdan mahrum eden munafyklardan gürrüň boldy göýä gurhanyň aýdyşy ýaly olaryň kalyplaryna gulup urlan ýalydyr.

Bu aýat şeýle permaýyş etýär : her kimse gurhan we pygamberiň hidaýatyny gyrakda goýsa ol şeýtanyň ýolundan gitjekdir elbet şeýtanyň deslapda erbet ýaramaz işleri , gözel we ýagşy amal edip görkezmegi onsuň hem ony şol işlere baş goşmaga şuhlandyrmagy tebigydyr . şeýle bir mesele hem ynsanyň öz ýaramaz işlerine aldanmagyna sebäp bolýandyr . şeýle bir kişi ony her gün hak ýolundan daşlaşdyrýan arzular boýunça gelejegine bernama düzmek ugurda hereket etjekdir şeýlelik bilen dogry ýola ögrilmek onuň üçin gün geşdigiçe kyn boljakdyr.

Bu aýatyň öwretýän sapaklary :

1- munafyklar özlerini aýdyň pykyrly we öňde baryjy adamlar hesipleselerde gurhan onuň tersine şeýle bir kişilri yza galyk we hidaýat ýolundan gyşarnyga doş bolupde gömrälige we garaňkylara uçaran adamlar tanytýandyr.

2- şeýtanyň waswasalaryna eýermek adamyň imanyna zýan ýetirýän sebäpkärlerdendir onuň soňy hem ynsanyň hak ýolundan azaşypda erbedliklere uçramagyndan başga zat däldir.

3- hakykata göz ýetirip ägä bolmagyň ýeke özi ýeterlik däldir isem şeýtanyň waswasalaryna garşy çynlakaý görüşmek zerürdir .

4- ýaramazlyklary gözel görkezmek we uzyn uzak arzular şeýtanyň apzallaryndandyr.

Muhammet süresi, 26-njy aýat :

ذَلِکَ بِأَنَّهُمْ قَالُوا لِلَّذِینَ کَرِهُوا مَا نَزَّلَ اللَّهُ سَنُطِیعُکُمْ فِی بَعْضِ الأمْرِ وَاللَّهُ یَعْلَمُ إِسْرَارَهُمْ ﴿٢٦﴾

<< onuň sebäbi şy dyr welin olar dimek ýürekleri syrkaw bolan kişiler , ylahy buýruklardan narza bolanlara şeýle didiler : biz kä bir işler hakda size eýerjekdiris . emma perwerdigär olaryň penhan işlerini bilýändir.>>

Bu aýat munafyklaryň kapyrlar bilen bolan arabaglanşyklaryna yşara edip şeýle permaýyş etýär : medinäň munafyklary , medinede ýaşaýan johytleryň ýanyna barýardylar. Olar bilen arkadaşlyk peýmany baglaşýardylar we nepleri meňzeş bolan kä bir işlerde , musulmanlara garşy amal etýärdiler . elbet olar özleriniň şeýle bir arabaglanşyklaryny hezret resül ekrem (s) dan gizleýin saklajak bolup talaş etýärdiler . emma gurhan kerim şeýle permaýyş etýär:

Perwerdigär olaryň şeýle bir dönükliklerini padaş etýär we olaryň pitneleri äşkär bolup ilat hem olary tanaýandyrlar.

Bu aýatlaryň öwgretýän sapaklary :

1- musulmanlar , yslamy köpçilikde ýaşaýan kä adamlaryň duşmanlar we kapyrlar bilen arabaglanşykda dyklaryny bilip esewan bolmalydyrlar bu topar adamlar , özleriniň we duşmanlarynyň nepleri üçin hata yslamy köpçiligiň neplerini hem pyda etmäge taýýardyrlar we ondan çekýän däldirler .

2- munafyklary , duşmanlar bilen bolan arabaglanşyklary äşkär däldir . isem ýaşryn we gizleýin suratdadyr şu sebäpli köpçiligiň jogapkärleri hüşgär bolup bir penhan aragatnaşyklaryň ustuny açmak ugurda durly ýollardan we munasyp apzallardan hayýrlanmalydyrlar .

3- ynsan , allanyň bütin syrlardan we ýaşrynişlerden habarly dygyna ünis bermelidir . eger ol şeýle bir mesele ynamly bolsa onda özgeler hakda pitne düzmekden saklanjakdyr.

Muhammet süresi, 27 we 28-nji aýatlar:

فَکَیْفَ إِذَا تَوَفَّتْهُمُ الْمَلائِکَةُ یَضْرِبُونَ وُجُوهَهُمْ وَأَدْبَارَهُمْ ﴿٢٧﴾ ذَلِکَ بِأَنَّهُمُ اتَّبَعُوا مَا أَسْخَطَ اللَّهَ وَکَرِهُوا رِضْوَانَهُ فَأَحْبَطَ أَعْمَالَهُمْ ﴿٢٨﴾

<>

Geçen aýatlaryň dowamynda bu aýatlar , munafyklaryň dünýedäki işleriniň soňuna yşara edip şeýle permaýyş etýär : olar kynlykda we agyr ýagdaýlarda jan berjekdirler çünki olaryň janlaryny almaklyga ýumuşly bolan perişdeler deslap olara yza we zejir berjekdirler onsuň janlaryny aljakdyrlar . şeýle bir jan bermeklik olaryň baş goşan işleriniň netijesidir . çünki olar allanyň razylygyna sebäp bolýan işleri ýerine ýetirmäni onuň tersine , perwerdigäriň narza boljak işlerine baş goşandyrlar.

Tebigi suratda biziň barymyz , durmuşda 2 çäräň we 2 ýolyň aralygynda galyp olaryň birini saýlamaklyga mejbur bolýandyrys . ialtyň köpisi hem olaryň nepleri we islegleri bilen ugurdaş bolan ýollary saýlandyrlar .

Emma gurhanyň medeniýeti boýunça şeýle bir ýagdaýlarda mümin ynsan öz neplerini göz öňüne almany isem perwerdigäriň razylygyny yzyna tirkeýän ýoly saýlamalydyr şol sebäpli hatta öz nepleri bilen çapraz gelýän bolsada diňä allanyň nazaryny göz öňüne alypda hudaýlykly ýollara gulluk etmelidir we erbet işlerden saklanmalydyr.

Bu aýatlaryň öwretýän sapaklary:

1- olum ynsanyň işiniň soňy däldir isem onuň dünýedäki işleriniň soňydyr . we perişdeler , ynsanyň ýaradylmyşynyň başynda oňa berilen ruhy , kamil suratda ögriň alýandyrlar .

2- munafyk we iki ýüzli adamlaryň ölümi kyn we agyr we azapdyr harlyk bilen hemra boljakdyr.

3- ynsan öz ýoluny saýlamakda erkin bolsada emma öz her hili saýlamagyň netijesini we izgelimlerini hem kabul etmelidir şeksiz hudaýyň razylygyny saýlamak we oňa eýermeklik ýagşy izgelimlere sebäp boljakdyr emma perwerdigäriň razylygy bilen terisleşmegiň soňy kyn we agyr boljakdyr.

4- ynsanyň işleri her çen ýüzleý suratda ýagşy , gözel we il halar bolsada emma eger hudaýyň razylygy üçin bolmasa degerli boljak däldir we onuň peýdasy bolmany ýok we nabud boljakdyr.

///////////