Apr 13, 2025 10:23 Asia/Ashgabat
  • bölüm 951, süre Fätih, aýat 5- 9

bölüm 951, süre Fätih, aýat 5- 9

951

Fätih süresi, 5-njy aýat:

لِیُدْخِلَ الْمُؤْمِنِینَ وَالْمُؤْمِنَاتِ جَنَّاتٍ تَجْرِی مِنْ تَحْتِهَا الأنْهَارُ خَالِدِینَ فِیهَا وَیُکَفِّرَ عَنْهُمْ سَیِّئَاتِهِمْ وَکَانَ ذَلِکَ عِنْدَ اللَّهِ فَوْزًا عَظِیمًا ﴿٥﴾

<>

geçen gepleşikde Yslam Pygamberi bilen Mekgedäki müşrükleriň arasynda baglanan Hädibiýe pimanyndan gürrüň boldy, Perwerdigar şol zamanda musulmanlaryň gelejekde ýeňiş gazanjakdygyny buşluk berip bu meselelerden narahat bolan musulmanlara asuwdalyk berdi.

Bu aýat şeýle permaýyş edýär: bütin ýagdaýlarda Hezreti Resuly Äkräm(saw) bilen ýar we hemra bolup oňa tabyn bolýanlara dünýede asuwdalykdan paýly bolup ahyretde hem Alla tagala olara sagadatly bolmaklaryny kepil geçýändir we müdymlyk behiştde mesgen tutup gutarnyksyz ylahy nygmatlardan paýly boljakdyrlar.

Bu aýatyň öwredýän sapaklar şulardan ybarat:

1-njiden: zenanlar, uruş we jihad ýaly uly we agyr meýdanlarda göni huzuly bolmasalarda öz başdaşlaryna we sowaşjaň perzentlerine ýar we hemra bolup olaryň jihad meýdanlarda huzuly bolmaklaryna arzaly bolsalar, olar hem bu işiň paýy- padaşynda şärikdirler.

2-njiden; imanyň magnysy, möminden hiç bir ýagdaý-da günä we ýalňyş ýüze çykmaly däl diýmek däldir ,olaryň kä mahallarda ýalňyş işlere baş goşmakalry mümkindir, emma olaryň ýagşy işleri Alla tagalanyň olaryň kä bir günälerinden geçmegine sebäp boljakdyr we perwerdigäriň rahmaty we magfyraty olara degişli boljakdyr.

3-njiden; uly we hakyky sagadat we bagtyýarlyk şudur welin ynsan hem dünýede hemde ahyretde sagadatdan paýly bolsun, ýogsa kapyrlaryň köpüsi dünýede maddy nygmatlardan paýlydyrlar.

Fätih süresi, 6 we 7-nji aýatlar:

وَیُعَذِّبَ الْمُنَافِقِینَ وَالْمُنَافِقَاتِ وَالْمُشْرِکِینَ وَالْمُشْرِکَاتِ الظَّانِّینَ بِاللَّهِ ظَنَّ السَّوْءِ عَلَیْهِمْ دَائِرَةُ السَّوْءِ وَغَضِبَ اللَّهُ عَلَیْهِمْ وَلَعَنَهُمْ وَأَعَدَّ لَهُمْ جَهَنَّمَ وَسَاءَتْ مَصِیرًا ﴿٦﴾ وَلِلَّهِ جُنُودُ السَّمَاوَاتِ وَالأرْضِ وَکَانَ اللَّهُ عَزِیزًا حَکِیمًا ﴿٧﴾

<>

Yslm Pygamberimiz we musulmanlaryň Medineden Mekgä tarap hereket edýän wagtlaryda,Allanyň medet ýetirmek ýene betguman bolan iki ýüzli mynapyklara aýdylýar: musulmanlar sag salamat Medine öwrüljekdäldirler we müşrükler arkaly ýesir bolup ýä-de öldüriljekdirler we Mekgäň müşrükleri hem musulmanlar bilen garşylaşmak niýetdediler,emma Hezreti Resuly Äkräm(saw)-yň paýhasly tutumy we müşrükler bilen ýaraşyk pimana gol çekmekleri sebäpli, bu howp aradan aýryldy.

Bu aýatlar şeýle permaýyş edýär: musulmanlara erbet ýazgyt bar diýip çak edýän Medinäniň munpyklary we Mekgäniň müşrükleri, özleri erbet ýagdaýa duş bolýarlar we dünýede we ahyretde hudaýlykly gahar-gazapa giriftar boljakdyrlar. emma Allanyň hekmetine we gudratyna daýanýan kişiler elmydama ylahy enaýat  we merhemetden peýdalanjakdyrlar we iň soňunda ýeňiş olar bilen boljakdyr. emma gorky üçin öýde galyp beýlekileri duşmanlaryň howpudan we haýbatyndan gorkuzyp, ilatiň ruhyýesiniň peselmegine sebäp bolýan adamlar, iň soňda erbet we ýaramaz ýagdaýa duş boljakdyrlar. hakykatda şeýle bir adamlar, öz dünýe we ahyretini elden berjekdirler. Bu aýatlarda üns bermeli nokat şudur welin mömin zenanlar erkekleriň ýanynda bolup müşrük we munapyk zenanlar hem munapyk we müşrük erkekleriň ýanynda getirlendir we bu mesele zenanlaryň köpçülikleýin we syýasy sahnalardaky rollaryny we olaryň erkeklerde galdyrýan täsirini beýan edýändir.

 Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden; ylahy wadalara betgümän bolmak munapyklaryň we müşrükleriň häsiýetlerindendir. hakyky möminler şeýle bir wadalaryň durmuşa geçjekdigine ynamlydyrlar.

2-njiden; munapyklar we müşrükler, şeýtanlyk we erbet işlerde, birek-birek bilen hemra we pikirdeşdiirler. şol sebäpli bu aýatlard munapyklaryň ýazgytlary müşrükleriň ýanynda getirlendir. hatda eger iki ýüzli munapyklar, möminleriň ýanynda ýaşapda ýüzli suratda musulman hesiplenselerde.

3-njiden; zananlar hlak pazylatlary ýä-de ýaramalyklary gazanmakda erkekleriň ýanyndadyrlar we olar ýaly köpüçligiň we özleriniň ykballarynda täsirlidirler.

4-njiden; ýaradylmyş äleminiň bütin gopgunlary we abzallary Perwerdigaryň permanynyň astyndadyr we her kimse Allanyň garşysynda dursa onuň soňi şekes we ýeňilmekden başga zat bolajakdäldir.

Fätih süresi, 8 we 9-njy aýatlar:

إِنَّا أَرْسَلْنَاکَ شَاهِدًا وَمُبَشِّرًا وَنَذِیرًا ﴿٨﴾ لِتُؤْمِنُوا بِاللَّهِ وَرَسُولِهِ وَتُعَزِّرُوهُ وَتُوَقِّرُوهُ وَتُسَبِّحُوهُ بُکْرَةً وَأَصِیلا ﴿٩﴾

<>

Geçen aýatlaryň dowamunda bu aýat Pygamberiň ilat arasyndaky orun mertebesini nygtap şeýle permaýyş edýär: ol köpçülikde bolup geçýän wakalara şaýatddyr we hiç bir zatlaryny aýtmasyn we olary paş etmesin.

Ol ilaty ýagşylyklara çagyryp ýaman wee erbet işlerden saklanmaklygyny tapşyrandyr,ol ýagşy işleri ýerine ýetirmekde bagtyýarlyk bardyr diýiýp buşlyk berip ýaramaz işlere baş goşmak barada hem düýdüriş berýändir.şol sebäpli hem iman ähli onuň sözlerini kabul edip amalda hem ol bilen ýar we hemra bolmaklyga borçlydyrlar.möminler Pygamber (saw)-iň köpçülikdäki orun mertebesine sarpa goýup ony uly tutmalydyrlar we şeýdip hem içerdäki mynapyklaryň we daşarky duşmanlaryň oňa zyýan ýetirmekleriň öňüni almalydyrlar.

Bu aýatlaryň öwredýän sapaklary şulardan ybaratdyr:

1-njiden;adamlary hedaýat we terbiýe etmekde şowhunlyk we buşluk bermek bilen gorkuzmaklygyň arasynda deňlik berkarar bolmalydyr.

2-njiden;köpçülikde dini ýaýradyş bermäge jogapkär bolan kişiler amallary we çykyşlary bilen beýleki ilata ulgy bolmalydyrlar.şeýlede özleri hem kşpçülikde bolup geçýän wakalarda habarly we ägä bolmalydyrlar.

3-njiden; imanyň gerekligi, din we Hudaý Resulundan hemaýat edip olay goramakdyr. ol Hezretleriň köpçülikdäki orn-mertebesi hem ýokary bolmalydyr.

4-njiden mömin ynsan,sosial işleriniň ýanynda we amal meýdanda huzurly bolmakdan daşgary her gije gündiz Allany ýatlap özüniň Perwerdigar bilen bolan arabaglanşygyny mäkäm saklamalydyr.

/////////////